"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Älemde näler görner

Äpet deňiz jandarynyň galyndysy tapyldy ABŞ. Paleontolog alymlar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Newada ştatynda ýerleşýän Ogasta dagynyň gerişlerinde äpet deňiz ýyrtyjy jandarynyň galyndylaryny gazyp aldylar. Klermont şäheriniň Skripps kollejiniň biolog-alymlarynyň çaklamalaryna görä, ol 247 million ýyl mundan ozal, häzirki Demirgazyk Amerika materiginiň günbatarynda ýerleşen ummanda ýaşap geçipdir. Dinozawrlar eýýamynda ýaşan ýyrtyjy jandar bu nesliň ihtiozawrlar görnüşine degişlidir. Alymlar bu tapyndynyň üstünden geçen asyryň ahyrlarynda barýarlar, ýöne ony gazyp almak birnäçe ýyllara çekýär. Häzirki wagta çenli alymlara bu gadymy jandaryň daşa öwrülen kelle böleginiň we göwresiniň käbir böleklerini gazyp almak başardypdyr.

Asuda asmany nazarlap

Buýsandyryjy bina Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde ýerleşýän Halkara howa menzili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 23-üne açyldy. Bu halkara howa menzilini «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda «Gündogdy» hususy kärhanasy bina etdi. Onuň ýolagçy terminaly iki gatdan ybarat bolup, bu ýerde ähli amatly şertler döredilendir. Binanyň beýikligi 31,7 metre, umumy tutýan meýdany 2 müň 221 inedördül metre barabar. Terminalyň zallarynyň beýikligi 6 metrden 9 metre çenli bolup, aýnalary tutuşlygyna ultramelewşe şöhlelerinden goraglylyga eýedir. Binada baş girelge göz öňünde tutulyp, onda ýük we el goşlary tabşyrylýan ýer, ikinji gözden geçiriliş ýeri, petek kassalary, maglumat nokady, garbanyşhana, sowgatlyk önümler we gazet-žurnallar satylýan nokatlar, dermanhana, lukmançylyk otagy, ýolagçylaryň we olary ugradýan adamlaryň garaşýan ýeri ýerleşdirilipdir.

Dünýäniň meşhur adalary

Ýer ýüzünde tebigy aýratynlygy bilen haýran galdyrýan adalaryň müňlerçesi bar. Olaryň köpüsi iri şähere ýakyndygy, gämi gatnaw ýollarynyň kesişýän ýerinde ýerleşýändigi, ýaşamak üçin amatlydygy sebäpli oturymlylaşypdyr. Bu adalaryň käbiri barada gysgaça maglumaty siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Wenesiýa Kanallary bilen dünýä belli Wenesiýada ululy- kiçili 117 adalary birleşdirýän 455 köpri bar. Adanyň köne merkezinde kanallar edil şäherlerdäki ýollar ýaly ulanylýar. Güýçli tolkunlaryň emele gelýän güýz we gyş pasyllarynda adanyň iň pes ýeri bolan Pýazza San Markony suw basýar. Maglumatlara görä, sebit soňky müň ýylda 7 santimetr çöküpdir. Geçen asyryň dowamynda Wenesiýa şäheriniň 24 santimetr peselendigi aýdylýar. Alymlar Adriatik deňzinde suwuň derejesiniň ýokarlanmagynyň Wenesiýanyň çökmegine sebäp bolandygyny çaklaýarlar. Flores Flores adasy Peten Itza kölünde ýerleşip, bir tarapy gury ýere birikdirilen, beýleki tarapynda bolsa Santa Elena we San Benito şäherleri ýerleşýär. Bu ýerde Maýa medeniýetiniň taryhy galyndylary saklanyp galypdyr. Bu taryhy ýadygärlikler her ýylda müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär. Mundan başga- da ada şäherindäki gyzyl üçekli binalar, daş düşelen dar köçeler, taryhy ybadathanalar, myhmanhanalar we restoranlar d

Dünýäniň şäherlerinde

Aýazly gyş höküm sürýär Kanada. Täze ýylyň garşylanýan günlerinde gyşa mahsus ak gar we biraz hem sowuk howa bolsa baýramçylygyň öwüşgini has-da başgaça bolaýjak ýaly. Baýramçylyk günlerinde bu ýagdaý kanadalylara artygy bilen nesip etdi. Ýagny, Kanada döwletiniň demirgazyk we günbatar sebitlerindäki şäherleri Täze ýylyň bosagasynda rekord derejedäki aýazly sowugy başdan geçirdi. Bu sebitdäki Wankuwer şäherinde soňky 50 ýylyň içinde iň sowuk dereje hasaba alyndy. Has takygy, bu sebitde howanyň temperaturasy minus 55 gradusdan geçdi. Howa maglumaty boýunça gulluklaryň berýän maglumatyna görä, adatdan daşary sowuga Arktikadan öwüsýän sowuk şemal akymy täsir edýär.

Iň beýik bina

Dünýädäki iň beýik, adatça «gök dirän» diýlip atlandyrylýan bina Burj-Halifa binasy hasaplanylýar. Ol dünýädäki iň beýik bina adyna eýe bolup, häzirki güne çenli bu derejesini saklap gelýär. Birleşen Arap Emirliklerindäki iri şäher bolan Dubaýda ýerleşýän bu binanyň beýikligi 828 metr bolup, ol 163 gatdan ybaratdyr. Onuň gurluşygyna 2004-nji ýylda başlanypdyr. Gurluşygy 6 ýyllap dowam eden bina 2010-njy ýylda ulanmaga berlipdir. Arapça «Burj» diýmek — «diň» diýmegi aňladýar. Ilkibaşda gök dirän bina Burj Dubaý diýlip atlandyrylypdyr. Iň soňky pursatda bolsa, bina BAE-niň Prezidentiniň, Abu-Dabiniň emiriniň adyny bermek kararyna gelnipdir. «Halifa» bu taryhy şahsyýetiň derejesi däl-de, öz hakyky adydyr.

Baýramçylyk täsinlikleri

Täze ýyl baýramy hemmeleriň iň halaýan baýramçylygy. Bu baýramda her kim bir-birine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýörite taýýarlan ajaýyp sowgatlaryny berýär. Her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Täze ýyl baýramy özüniň täsin wakalara baýdygy bilen tapawutlanýar. Olaryň käbiri Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna hem girizilip, halklar arasynda uly gyzyklanma döredýär. IŇ ULY KÖKE BINASY

Täze ýyl öwüşginli meşhur ýerler

Ajaýyp görnüşler Ýurdumyzda toý-baýramlar uly şatlyk-şowhun bilen, ruhubelentlikde garşylanylýar. Täze ýyl baýramyna halkymyz uly joşgun bilen taýýarlanýar. Eýýäm, dekabr aýynyň ortalarynda paýtagtymyzda bezelen Täze ýyl arçalaryny, gijelerine dürli reňkde öwşün atýan çyrajyklar bilen bezelen seýilgähleri görmek bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň Täze ýyl keşbi edil ertekilerdäki ýaly ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Paýtagtymyzdaky edara-kärhanalaryň, ak mermere beslenen binalaryň öňünde ajaýyp bezelen Täze ýyl arçalary, dürli reňkli bezeg çyrajyklaryna beslenen aýdyň ýollar we ýanýodalar ildeşlerimiziň bu baýramy uly ruhubelentlikde garşylaýandygyndan habar berýär. Ak mermerli şäherimizde ýerleşen «Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki meýdançada ýurdumyzyň Baş Täze ýyl arçasy bezelip, bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.

Keşt et­seň dün­ýä­ni uça­ra mü­nüp...

Her bir adamyň ýüreginde täsin arzuwlar ýaşaýar. Ýer ýüzüne syýahat etmek, onuň ajaýyp ülkelerini diňe bir çeper eserleriň ýa-da teleýaýlymlarda görkezilýän gepleşikleriň üsti bilen däl-de, ýakyndan gözüm bilen görmegi, duýmagy arzuw edýärdim. Käteler arzuwlaryň wysal bolmagyna birneme wagt gerek bolýar. Özge ýurtlardan ozal, ilki öz eziz ata Watanyňy öwrenmek, onda bar bolan ajaýyp ýerlere syýahat etmek hem dünýägaraýşyňy giňeltmäge, öňden bar bolan maglumat goruň üstüni ýetirmäge köp mümkinçilikleri berýän ekeni. Gadymy Jeýhun bilen gojaman Hazaryň arasynda, ümmülmez hazynany öz goýnunda saklaýan Garagum sähralygynda bar bolan tebigy baýlyklardyr täsinlikler, maddy we medeni gymmatlyklar hakynda agzaman geçmek asla mümkin däl. «Garagum sährasy» diýip, at alan bu ýerleriň her bir sebite uzaýan golunda tapylgysyz, gaýtalanmajak üýtgeşiklik bar.

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat

ýa-da ýüz­ýän ada­da­ky baş­dan­ge­çir­me­ler (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Gyzykly seýilgähler

Çagalaryň iň gowy görýän ýerleriniň biri hem seýilgählerdir. Olarda çagalar wagtyny gyzykly we şadyýan geçirýärler. Dünýäde owadanlygy, kaşaňlygy, täsinligi bilen bir-birinden tapawutlanýan müňlerçe seýilgähler bar. Olaryň käbiri ululygy, käsi bolsa, içindäki oýunjaklarynyň täsinligi we üýtgeşik şekilleri bilen haýran galdyrýar. Şeýle bolansoň gazetimiziň şu sanynda olaryň käbiri baradaky gyzykly maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Cedar Point

Gezsem, dünýäni görsem

Köpetdagyň gözelliklerini synlap «Aşgabat» asma ýolunyň gurluşygyna 2005-nji ýylda başlanýar. Ol 2006-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda açylýar. Meşhur «Bouygues» fransuz kompaniýasy tarapyndan gurulýar. Asma ýolunyň gatnadyjysy birwagtyň özünde 300 ýolagçyny daşamaga ukyplydyr. Onuň her kabinasyna 8-den gowrak adam ýerleşýär. Syýahatyň dowamynda Türkmenistanyň ajaýyp dag tebigatyny, täsin jandarlaryny synlamaga mümkinçilik döreýär. Deňiz derejesinden 1270 metr belentlikdäki kabinalary goýberýän merkez paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň günortasynda ýerleşýär. Bu merkezde garaşylýan otag, petek kassasy, tehniki hyzmatlar we enjamlar üçin desgalar, 100 sany awtomobil, 5 sany awtobus üçin niýetlenilen, tutýan meýdany 6500 inedördül metre barabar bolan awtoduralga bar. Şeýle hem, 2 sany restoran we kafe bar.

Iň uly futbol meýdançalary

Futbol tomaşaçylaryň aýratyn köpçüligini özüne çekýän oýun görnüşidir. Häzirki wagtda Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýandaky Birinji Maý stadiony dünýäde iň uly futbol toplumy hasap edilýär. Ol özüne 150 müň adamy jemläp bilýär. Hindistanyň Kalkutta şäherinde 1984-nji ýylda gurlan Hindi ýaşlarynyň stadionyna 120 müň adam sygýar.

Dünýäniň täsin arçalary

«Älemiň» nury Paýtagtymyzda gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilen «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň baş arçasyny ýerleşdirmek indi däbe öwrüldi. Depesinde «2022» ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 38,5 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr. Dürli reňklerde öwşün atýan şarlardyr oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça bu ýere gelýänlerde ýakymly duýgulary döredýär. Şeýle-de, bu ýerde körpeleriň köňül küýsegine öwrülen multfilm gahrymanlarynyň şekilleriniň oturdylmagy bagtyýar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Meýdança gijelerine has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Onda kaşaň binanyň we köpöwüşginli arçanyň älemgoşar deý yşyklary ak şäherimiz Aşgabadyň nurly gijelerine has-da gözellik goşýar.

Biler bolsaňyz

Hytaýda ananas täze ýylyň miwesi hasaplanýar. Hytaýlylar ananasyň üstünlik we bolçulyk getirýändigine ynanýarlar. * * *

Täze ýylyň dünýä döwletlerinde garşylanyşy

Täze ýyly her halk özüçe garşylaýar. Türkmenlerde bu baýram öýüň, töweregiň, iň esasan hem, arçalaryň aýratyn owadan edip bezelmegi, Täze ýyl gijesinde dürli naz-nygmatlaryň taýýarlanmagy bilen bereketli saçagyň başynda garşylamak ýörgünli bolup durýar. Ýöne dünýä halklarynyň Täze ýyly garşylamak boýunça özboluşly däp-dessurlary hem bar.  DANIÝADA Täze ýyl gijesi goňşularyň gapysynyň öňünde köpsanly gap-gaçlaryň döwülmegi bilen garşylanýar. Daniýalylar bu däbi goňşularyň arasyndaky öýke-kineleri gap-gaçlaryň döwlüşi ýaly ýok edip, Täze ýyla täze ýakymly garaýyş bilen garşylamak niýeti bilen edýärler. Şeýlelikde, goňşular gapylarynyň öňleriniň gap-gaç döwükleri bilen hapalanandygy üçin gaty görmeýärler. Gaýtam, gapyň agzyna näçe köp döwük gap üýşse, şol adamyň goňşular bilen ýygjam hem-de içgin gatnaşygynyň bardygyny alamatlandyrýar. Olaryň pikiriçe, Täze ýyl gijesinde gapyň öňüne näçe köp döwük gap-gaç üýşse, geljek ýylda şonça hem üstünlik gelermiş.

Gezsem, dünýäni görsem

Konstitusiýa binasy Paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasy 2011-nji ýylyň maý aýynyň 18-ine açyldy. Onuň gurluşygy 3 ýylda tamamlandy. Binanyň beýikligi 185 metr bolup, 91 metrlik dörtgyraňly sütün desganyň merkezi bolup durýar. Ol ähli tarapdan haly gölleriniň şekilleri bilen bezelip, onuň depesinde bäş ýyldyzly altyn ýarym aý şekillendirilendir. Binanyň binýady 10 metre barabar bolup, onuň çar tarapyny suw çüwdürimler toplumy we basgançaklar gurşap alýar. Binanyň içinde 6 zaldan ybarat bolan muzeý, 200 orunlyk maslahatlar zaly we 50 orunlyk ýygnak geçirilýän jaý, okalga we kompýuter zaly bolan kitaphana, sowgat dükany we kafeler bar. Desganyň täsin binagärligi köpleri haýran galdyrýar.

Jahanyň meşhur binalary

Asudalygyň nyşany Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Bitaraplyk binasy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanyna gurlandyr. Desganyň beýikligi 83 metre, depesindäki heýkeliň beýikligi 12 metre barabar bolup, jemi 95 metrdir. Bu sanlar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan senesini, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryny aňladýar. Bitaraplyk binasy ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän erkanalyk, agzybirlik ýörelgelerine wepalydygynyň binagärlik sungatyndaky aýdyň şöhlelenmesidir.

Dünýäniň meşhur myhmanhanalary

Altynsow reňkleriň öwüşgini «Garagum» myhmanhanasy Aşgabadyň A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynda, «Aşgabat» halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýär. Adyndan belli bolşy ýaly, bu myhmanhananyň binagärlik keşbi Garagum sährasynyň täsin tebigatyny ýadyňa salýar. Binanyň daşynyň altynsow reňki ümmülmez sähranyň ürgün çägesini, Garagumuň alaňlaryny göz öňüňde janlandyrýar. Myhmanhananyň ýanyndaky türkmen halkynyň millilige goýýan sarpasynyň nyşany bolan ak öý binasy Garagum sährasyndaky hatar-hatar oturan agzybir obalaryň keşbini suratlandyrýar. Bu desganyň umumy tutýan meýdany 6,9 gektara barabar bolup, ol 87 sany standart we lýuks otaglardan ybarat.

«Kebelekler jülgesi»

Türkiýe özüniň gözel tebigaty, özboluşly binagärlik hem-de şähergurluşyk keşbi bilen haýrana goýýar. Şonuň üçin hem Türkiýe dünýä boýunça syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň iň gelim-gidimli ýurtlarynyň biridir. Ýurtda syýahatçylygyň ösmegi, şeýle-de öz halkynyň hem lezzetli dynç almagy üçin ýüzlerçe desgalar guruldy. Şolaryň biri-de Konýada ýerleşýän «Kebelekler jülgesidir». Ol Türkiýede gurlan ilkinji «kebelekler seýilgähidir». Bu ýerde 12 müň kebelek ýaşaýar. Ýylyň dowamynda bu seýilgähe ajaýyp keşpli kebelekleriň dünýäsi, ýaşaýşy, olaryň aýratynlyklary barada gyzyklanýan tomaşaçylaryň ýüz müňlerçesi gelip, gözelligiň jadylaýjy älemine seýil edýärler. Bu ýerde kebelekleriň görnüşlerine, ýaşaýyş aýratynlyklaryna görä ähli şertler döredilipdir. Olar üçin seýilgähde ýörite agaçlardyr güller ekilipdir, emeli köller döredilipdir. Ösümlik dünýäsiniň-de aýry-aýry kebelek görnüşleriniň ýaşaýyş şertine laýyk getirilendigini bolsa aýratyn bellemeli.

Dünýäniň täsin desgalary

Aşgabadyň nury «Oguz hanyň ýyldyzy» ýa-da sekizburçly ýyldyz şekili paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik gözelliginde aýratyn orun tutýar. Sekizburçluk şekilinde bina edilen desgalar paýtagtymyzyň bezegi bolup, ol gadymyýetden gaýdýan milli mirasymyza bolan hormatyň nyşanydyr. «Bagt köşgi», şeýle hem geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen «Mahabat» binasy paýtagtymyzyň özboluşly binagärlik aýratynlygynyň nyşany bolup, ýalkym saçýar. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy dag belentliginde gurlan sekizburçluk şekilindäki täsin desgalaryň biridir. 2011-nji ýylda açylan bu bina ägirt uly ýyldyz şekilinde bina edilen desga hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna hem girizildi.