"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Milli miras — milletiň mertebesi

Eziz Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenip, ýagty geljege sary batly gadamlar bilen barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny mynasyp dowam etdirmek, öwrenmek hem-de Ýer ýüzünde giňden wagyz etmek ugrunda netijeli işler yzygiderli amal edilýär. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli we ynsanperwer gatnaşyklary has giň gerime eýe bolýar. Bu gün milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy diňe bir döwlet däl, eýsem, halkara derejesinde öwrenmekde, täze derejä götermekde ýetilen sepgitleriň we üstünlikli alnyp barylýan işleriň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkara derejeli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň netijeli görkezijisidigini buýsanç bilen bellemek bolar. Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň baý mirasynyň umumadamzat medeniýetiniň irki we kämil nusgalarydygyny dürli ýyllaryň dowamynda alnyp barlan ylmy-barlag gözlegleri hem tassyklaýar. Bu hakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň «Türkmen medeniýeti» atly gymmatly eserinde: «Älemiň dörän döwründen gözbaş alýan we dünýäniň medeni ösüşiniň sallançagy

Müňýyllyklaryň mirasy

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda özüniň medeniýetini, däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini döredip, adamzat siwilizasiýasynyň ösüş taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň köpüsi nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki döwürde türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmäge, olary geljekki nesillere ýetirmäge döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Şeýle oňyn aladalaryň netijesinde milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Amul galasy hem halkymyzyň şöhratly geçmişine şaýat bolan gadymy desgalaryň biridir. Ýadygärligi ylmy taýdan içgin öwrenmek, onuň dünyäde meşhurlygyny artdyrmak maksady bilen şu ýylyň aprel aýynda welaýatymyzda «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň maksady dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, olary halkara giňişligine ýaýmakdan ybaratdyr.

Medeniýet — dostluk köprüsi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary artýar, mazmuny baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ulgamy hem yzygiderli ösdürilip, bu ugurda alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar. Halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy medeniýet we sungat, ylym we bilim, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, neşirýat, muzeý, kitaphana we arhiw işi, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary öz içine alýar. Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde Türkmenistanyň Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek barada çözgüt kabul edildi. Munuň özi häzirki wagtda ýurdumyzyň baý ruhy, medeni we döredijilik mirasy bolan döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem, bu mejlisde 2024-nji ýyl Türki döwletleriň halkara guramasy tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini wasp eden türkmen we dünýä edebiýatyn

Änew: Joşgunly dabaralaryň ýalkymy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Häzirki wagtda ýurdumyzyň Änew şäheri barha pajarlap ösýär, bu ýerde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. 26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Baýramçylyk öwüşginlerine beslenen «Nowruz ýaýlasynda» guralan köpöwüşginli dabaralara Hökümet agzalary, «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata, «Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat maslahatyna, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin eziz Watanymyza gelen daşary ýurtly myhmanlar, pudaklaýyn dolandyryş ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Sungat — gözellik täji

Türkmenistanda pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gurulýan ajaýyp teatrlaryň, medeni merkezleriň, muzeýleriň, kinokonsert merkezleriniň bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemeginde ähmiýeti örän ýokarydyr. Gözel paýtagtymyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, 2008-nji ýylyň 20-nji iýunynda paýtagtymyzyň adyny göterýän Aşgabat şäher häkimliginiň tans, orkestr we aýdymçylar toparyndan ybarat bolan «Aşgabat» döredijilik topary döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň 28-nji dekabrynda durky täzelenen, döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan «Watan» kinokonsert merkezi açyldy. Bu binanyň içinde orkestr, tans toparlary üçin işlemäge we täze tanslary, eserleri döretmäge ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Tans toparynyň artistleri türgenleşik işlerini geçirmek üçin ýörite otaglar bilen üpjün edildi.

Sungata söýgi döredýäris

Bagtyýarlyga beslenýän ajaýyp günlerimizde medeniýetimiz, sungatymyz gülläp ösýär. Ýaşlaryň sungatyň islendik ugrundan kämil bilim almaklary, ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ajaýyp şertler döredilýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary özünde jemleýän medeni merkezleriň, çagalar sungat we ýörite sungat mekdepleriniň hereket edýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Olarda ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak, ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, hünär ussatlyklaryny artdyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellärliklidir. Mekdebimizde ussat halypalaryň tagallasy bilen çagalara milli hem-de nusgawy sungat eserleriniň özboluşly aýratynlyklaryndan sapak berilýär. Bu bolsa milli sungatymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilim we hünär derejesiniň kämil bolmagyna ýardam berýär. Mukaddes ene hüwdüsi bilen terbiýelenip, bagtly günleriň gujagynda ösüp-ulalýan nesillerimiziň sungatyň dürli ugurlaryna bolan söýgüsi, yhlasy bizi hasam buýsandyrýar.

El hünäri — il gezer

Gözelligi döredýän gözeller Millilik. Bu sözde türkmen zenanyna mahsus däp-dessurlar, edim-gylymlar, gylyk-häsiýetler jemlenendir. Gyz-gelinleriň milli geýinmek medeniýeti, el işleri bilen bejeren milli lybaslary nesilden-nesle geçip gelýän ýol-ýörelgedir. Mährem enelerden görelde alýan gyzjagazlaryň hem milli lybaslara bolan höwesi örän uludyr.

Syýahatçylyk pudagy ösüşleriň ak ýolunda

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde şu gün, ýagny 27-nji martda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady.

Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

26-njy martda Ak bug­daý et­ra­bynyň «Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky» «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Şol gün «Now­ruz ýaý­la­syn­da» giň ge­rim­li baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di. Da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin bu ýe­re Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, Halk Mas­la­ha­ty­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, da­şa­ry döw­let­le­riň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da «Ga­dy­my Änew me­de­ni­ýe­ti» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta, «Türk­men top­ra­gy — ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň mer­ke­zi» at­ly met­bu­gat mas­la­ha­ty­na, «Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri» at­l

Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

Türk­me­nis­tan­da şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­di 26-njy martda Ak bug­daý et­ra­bynyň «Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky» «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Türkmenistanda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi

26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda-da baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar we türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýet ulgamynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Änew — türki dünýäsiniň medeni paýtagty

Türk­me­nis­tan­da şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­di Ahal we­la­ýa­ty, 26-njy mart (TDH). Şu gün Ak bug­daý et­ra­bynyň “Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky” “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda Magtymguly Pragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

25-nji martda BMG-nyň hyzmatdaşlygy bilen Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy tarapyndan BMG-nyň Nýu-Yorkdaky baş edarasynda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýörite çäre geçirildi. Bilim, ylmy we medeni gurama (UNESKO) we halkara türk medeniýeti guramasy (TURKSOY). Dabaraly çärä BMG-nyň baş edarasyndaky ESUNESKO-nyň wekilhanasynyň ýolbaşçylary, Halkara türk medeniýeti guramasy, ECOSOC-nyň başlygy, BMG-a agza ýurtlaryň hemişelik wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň işgärleri we BMG ulgamynyň edaralary gatnaşdy.

Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

Türk­me­nis­tan­da şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­di Ahal we­la­ýa­ty, 26-njy mart (TDH). Şu gün Ak bug­daý et­ra­bynyň “Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky” “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Ajaýyp toý sowgady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýany bolan şanly wakalar, hoş habarlar göwünlere ganat baglap, uly ruhubelentlik döredýär. 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygy barada habar bermegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly täze kitaby şöhratly taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen, netijede, gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýäde ykrar edilen Änew medeniýetine bagyşlanýar. Geçmişe bolan sarpany, taryhymyza bolan buýsanjy artdyrýan bu kitap 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gadymy Oguz ýaýlasynda badalga alan toý dabaralaryna ajaýyp sowgat boldy.

Dost-doganlygyň mekany

Düýn Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyny şatlyk-şowhun gurşap aldy. Ýaşyl begrese beslenen bu gözel künjekde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek bilen bagly dabara ýaýbaňlandyryldy. Dabara gatnaşyjy türki dilli döwletleriň wekilleri we beýleki hormatly myhmanlar toý keşpli ýaýlada giň gerim berlen baý many-mazmunly tomaşalary synladylar. Umumadamzat medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen halkymyzyň baý medeni mirasyny, daýhançylyk däplerini, oba zähmetkeşleriniň ýaz aladalaryny we çarwa durmuşyny açyp görkezýän tomaşalar, belent watançylyk duýgusyna beslenen milli aýdymlardyr sazlar, beýleki milli öwüşginli tomaşalar hemmelerde göwün göteriji duýgyny döretdi.

Myhmanlaryň ýürek buýsanjy

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çärelere badalga bermek dabarasyna doganlyk ýurtlaryň aýdym-saz, halk döredijilik toparlarynyň wekilleri gatnaşyp, özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen dabara özboluşly şowhun goşdular. Ýörite habarçymyz şol şatlykly pursatlarda myhmanlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi.

Änew — gadymy medeniýetiň mekany

Türkmen topragynda togsan dolup, ýere ýyly girmegi bilen, tebigat gaýtadan janlandy. Bahar bagtly pursatlary goýnuna dolduryp, älem gözellikleriniň dürüni ykbalymyza bagyş edip, bosagamyzdan ätledi. Al-elwan güllere, lälezarlyga beslenen baharyň nurana günleri bagtly seneleri we wakalary bagyş edip, duýgy dünýämize tükeniksiz ylham berýär. Paýtagtymyz Aşgabatdan sekiz kilometr gündogarda, Ahal ýaýlasyna ýaýylyp gidýän gadymy Änew şäheri bu bahar günleri çar ýandan gelýän myhmanlary garşy aldy. Her bir halkyň özüniň öçmejek şöhratly taryhy, belende göterilen milli medeniýeti bolýar. Türkmen halkymyzyň hem hiç bir halkyňka meňzemeýän beýik taryhy, gaýtalanmajak medeniýeti bar. Üstünden Beýik ýüpek ýoly geçen gadymy Diýarymyzda taryhy-medeni ýadygärlikleriň ýüzlerçesiniň bolmagy-da bu topragyň şöhratly taryhyndan habar berýär. Änew medeniýetiniň açylmagy diňe bir Günorta Türkmenistanyň taryhy üçin däl, eýsem gadymy Gündogaryň oba hojalygynyň taryhy üçin hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Änew medeniýetini öwrenmek XIX asyryň 80-nji ýyllarynda başlandy we birnäçe gezek täsin tapyndylary bilen haýran galdyrdy.

Beýik Ýüpek ýolunyň altyn halkasy

Adamzadyň medeniýet sallançagynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe türkmen taryhynyň şöhratly geçmişini goýnunda saklaman, eýsem, külli türki dünýäsi üçin aýratyn ähmiýetlidir. Taryhy alyslara uzap gidýän bu şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüdiň 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilmegi, soňra hormatly Prezidentimiziň bu mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekmegi taryhy waka boldy. 2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda doganlyk Azerbaýjanda geçirilen «Şuşa — Türki dünýäniň medeni paýtagty — 2023»-iň ýapylyş dabarasynyň çäginde TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň utgaşdyryjysy diýen wezipe hem-de «Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň» nyşany Türkmenistanyň wekiliýetine gowşuryldy. Şol wakanyň yzysüre onuň hormatyna Änew şäherinde şatlyga beslenen dabara geçirilipdi. Änew medeniýeti türkmen halkynyň geçmişinden habar berýän taryhy wakalaryň şaýady bolup, açyk asmanyň astyndaky muzeý hökmünde seleňläp duran taryhy ýadygärlikleriň

Beýik ussadyň sarpasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu ajaýyp sene mynasybetli berkarar Watanymyzda we daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrylýan baý many-mazmunly çäreler beýik söz ussadymyzyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde hem-de bütin dünýäde wagyz etmekde örän ähmiýetli bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi üstümizdäki şanly ýylda geçirilýän çäreleriň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.