Çapak tansy — sagdynlyga we ruhubelentlige çagyryş
«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Tansyň sagdyn hereketler üçin ähmiýeti barada köp işler ýazylypdyr. Taryhy ýazgylar tansyň örän gadymy sungatdygyna güwä geçýär. Çagalygymyzdan türkmen gelin-gyzlarymyzyň toý-baýramlarymyzy bezeýän täsin tansy aňymda galypdyr. Bu täsinlik çapak tansydyr. Türkmenistanyň Gündogar künjegindäki ýaşaýjylarynyň arasynda giňden ýaýran çapak tansy milli toýlarymyzyň bezegidir. Çapak tansy ýaş gelin-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Tansy ýerine ýetirijiler giň tegelegi emele getirip, onuň merkezinde iki ýa-da birnäçe aýal maşgala duran ýerlerinde ýuwaşja bökmek arkaly tansyň ilkinji sazlaşykly hereketini edýärler. Olaryň elleriniň aýalary bilen çapak çalyşlary tansyň ruhuna özboluşly öwüşgin berýär. Bilermenler tans hereketleriniň asman giňişliginde ganat ýaýýan guwlary ýada salýandygyny belleýärler.