"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Lif­tiň için­de nä­me üçin aý­na bar?

Adam­zat ta­ry­hyn­da iň go­wy oý­lap ta­pyş­la­ryň bi­ri bo­lan lift geç­miş bi­len tä­ze döw­rüň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny bir­leş­dir­ýär. Lif­tiň döw­re­bap­ly­gy we bu en­ja­myň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry ýy­lyň-ýy­ly­na ös­dü­ril­ýär, tä­ze­çe gör­nüş­de iş­le­nip dü­zül­ýär. Lift­dä­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bi­ri hem ýo­lag­çy­la­ra ni­ýet­le­nen ýüz gö­rül­ýän aý­na­nyň bol­ma­gy­dyr. Eý­sem, nä­me üçin ýo­kar­ky gat­la­ra adam­la­ry we ýük­le­ri da­şa­ýan bu en­jam­da aý­na go­ýul­ýar­ka? Kö­pi­miz lif­te gi­re­ni­miz­de bu en­ja­myň di­wa­ryn­da­ky aý­na se­red­ýä­ris, sa­çy­my­za ti­mar ber­ýä­ris, üst-ba­şy­my­zy dü­zed­ýä­ris. Ýö­ne lift­dä­ki aý­na bu se­bäp­le­re gö­rä go­ýul­man­dyr.

Ýa­pon möý­leň­ňe­ji

Uzyn­ly­gy 4 met­re ýet­ýän ýa­pon möý­leň­ňe­ji dün­ýä­dä­ki iň uly leň­ňeç ha­sap­lan­ýar. Ýa­pon halk dö­re­di­ji­li­gin­de hy­ýa­ly jan­dar hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýan bu jan­dar­lar Ýa­po­ni­ýa­nyň tö­we­re­gin­dä­ki de­ňiz­ler­de ýa­şa­ýar­lar. Bu leň­ňeç­le­riň göw­re­si ki­çi­jik bo­lup, be­de­ni­niň esa­sy bö­le­gi­ni 10 sa­ny aýa­gy eme­le ge­tir­ýär. Aýak­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 3 metr­den gow­rak bo­lan ýa­pon möý­leň­ňe­ji­niň ag­ra­my 16 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Ýer şa­ry­nyň iň tä­sin jan­dar­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ýa­pon möý­leň­ňe­ji 100 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar. Ýa­pon möý­leň­ňe­ji­niň aşa uzyn aýak­la­ry we göw­re­si­niň açyk gyz­gylt-mä­mi­şi reňk­de bol­ma­gy gö­re­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bu de­ňiz jan­da­ry­nyň uzyn aýak­la­ry howp­ly jan­dar­lar­dan gaç­ma­ga, esa­san hem, su­wuň aşa­gyn­da be­ýik­li-pes­li de­pe­ler­den ýö­re­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Elekt­ron en­jam­la­ry nä­hi­li aras­sa­la­ma­ly?

Komp­ýu­ter­dir beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ry aras­sa­la­mak ow­nuk we üns­li çe­me­leş­me­li iş ha­sap­lan­ýar. Kä­ha­lat­lar­da öý­de ýa-da ofis­de aras­sa­çy­lyk iş­le­ri ge­çi­ri­len­de komp­ýu­ter­le­riň göz­den syp­dy­ryl­ýan ha­lat­la­ry bol­ýar. As­lyn­da, bu elekt­ron en­jam­lar yzy­gi­der­li aras­sa­çy­ly­gy ta­lap ed­ýär. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän­di­gi we için­de ow­nu­jak bö­lek­le­riň bar­dy­gy se­bäp­li bu en­jam­lar aras­sa­la­nan­da has üns­li bol­ma­ly. Ge­liň, bu en­jam­la­ry aras­sa­la­ma­gyň kä­bir usul­la­ry­na se­re­de­liň! Komp­ýu­ter kla­wia­tu­ra­sy­ny aras­sa­la­mak o di­ýen kyn däl. Em­ma is­len­dik elekt­ron en­jam aras­sa­la­nan­da su­wuk se­riş­de­le­ri örän se­re­sap­ly ulan­ma­ly­dy­gy­ny üns­den dü­şür­me­li däl. Se­bä­bi su­wuk aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si aşa köp ula­nyl­sa ýa-da en­ja­myň içi­ne gir­se, zy­ýan ýe­tir­me­gi müm­kin. Aras­sa­çy­ly­ga baş­la­maz­dan ozal, bu en­jam­la­ry tok­dan aýyr­ma­ly. Kla­wia­tu­ra­ny il­ki ba­şa­şak tu­tup, aşa­gyn­dan ça­la­ja ur­ma­ly we silk­me­li. Şeý­le­lik­de, düw­me­le­riň ara­sy­na gi­ren ha­pa we to­zan bö­le­j

Çagalara oýnawaçlaryny ýygnamagy öwrediň!

Dün­ýä­niň iň owa­dan oba­la­ry

Dün­ýä­de ekerançylygyň me­ka­ny bo­lan oba­la­ryň ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şi, bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry taý­dan gö­ren­le­ri haý­ran ed­ýän bir­nä­çe­si bar. 2021-nji ýyl­da­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä ila­ty­nyň 3,42 mil­li­ar­dy oba­da ýa­şa­ýar. Biz hem ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­niň iň owa­dan oba­la­ry ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dykgatyňyza ýetirmegi ma­kul bil­dik. Bur­tan­ž, Ni­der­land­lar. Wes­ter­wald şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän bu oba­da 430 adam ýa­şa­ýar. Ýyl­dy­za meň­zeş bu tä­sin oba 1593-nji ýyl­da har­by gul­luk­çy­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin esas­lan­dy­ry­lyp­dyr. Tut­ýan meý­da­ny 0,21 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan bu oba­da 133 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy bar. Ni­der­land­lar bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ser­he­din­dä­ki ýyl­dy­za meň­zeş oba ni­der­land­la­ryň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ki­çi­jik oba­da mer­ke­zi ba­zar meý­dan­ça­sy, köp san­ly dü­kan­lar, ka­fe­ler we res­to­ran­lar bar.

Hin­dis­tan öň­de­ba­ry­jy ýurt bo­lar

Bi­ler­men­ler Hin­dis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi baş­dan ge­çir­jek­di­gi­ni, ne­ti­je­de, ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösü­şi ba­bat­da 2030-njy ýy­la çen­li dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy ýurt bol­jak­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. «S&P Glo­bal» gu­ra­ma­sy­nyň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, hin­di yk­dy­sa­dy­ýe­ti her ýyl 6,7 gö­te­rim ösüp, onuň möç­be­ri 2030-2031-nji ýy­la çen­li 7 tril­li­on dol­lar­dan ge­çer. Bu dep­gin bol­sa, ýur­da dün­ýä­de üçün­ji uly yk­dy­sa­dy­ýe­te öw­rül­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Elekt­rou­lag ba­za­ry ös­ýär

Şu ýyl gib­rid­le­ri hem öz içi­ne al­ýan dün­ýä­niň elekt­rou­lag ba­za­ry, tak­my­nan, 22 gö­te­rim ýo­kar­la­nar. Gel­jek ýyl­da ýe­ne 23 gö­te­rim ösü­şe ga­ra­şyl­ýar. Bu ba­ra­da «EY Glo­bal Mo­bi­li­ty Con­su­mer In­dex» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bar­lag­la­ryn­da bel­le­nil­ýär. Elektroulag bazary 2022-nji ýyl­da 37 gö­te­rim, 2023-nji ýyl­da 29,7 gö­te­rim ösüş ga­zan­dy. 2024-nji ýyl­da do­ly elekt­rou­lag­la­ryň (BEV) sa­tu­wy­nyň 11,2 mil­li­on bolma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. 2022-nji ýyl­da­ bu gör­ke­zi­ji 7,4 mil­lio­n bo­lup­dy. Şeý­le-de, ge­çi­ri­len bar­lag­lar elektrou­lag sa­tyn al­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Ge­çen ýyl­ky 55 gö­te­rim bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, pi­ki­ri so­ra­lan­la­ryň 58 gö­te­ri­mi şu ýyl BEV ýa-da gib­rid sa­tyn al­ma­gy ma­kul bil­ýär­ler. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, ge­çi­ri­len bar­lag­lar sarp edi­ji­le­riň is­le­gin­de üýt­geş­me­le­riň bo­lan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. ABŞ-da aw­tou­lag sa­tyn al­mak is­le­ýän­le­riň pa­ýy 60 gö­te­rim­den 50 gö­te­ri­me, şol san­da elekt­rou­lag sa­tyn al­mak is­le­ýän­le­riň pa­ýy 48 gö­te­rim­den 34 gö­te

«Er­kin­lik par­ti­ýa­sy» ýe­ňiş ga­zan­dy

29-njy sent­ýabr­da Awst­ri­ýa­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da Gerbert Kikliň ýolbaşçylygyndaky «Awstrýa­nyň er­kin­lik par­ti­ýa­sy» (AEP) ses­le­riň 29,1 gö­te­ri­mi­ni alyp, ýe­ňiş ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de, AEP ta­ry­hy re­kord ga­za­nyp, il­kin­ji ge­zek saý­law­lar­da öň­de­li­gi eýe­le­di. Ikin­ji orun­da ses­le­riň 26,2 gö­te­ri­mi bi­len hä­zir­ki Kans­ler Karl Ne­ham­me­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky kon­ser­wa­tiw «Awst­ri­ýa­nyň halk par­ti­ýa­sy» gel­ýär. Üçün­ji orun­da 20,4 gö­te­rim ses bi­len «Awst­ri­ýa­nyň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy», on­dan soň­ra 8,8 gö­te­rim bi­len «Tä­ze Awst­ri­ýa – Li­be­ral fo­rum» hem-de 8,6 gö­te­rim bi­len «Ýa­şyl­lar» gel­ýär.

Sy­ýa­hat­çy­lyk öň­ki de­re­je­si­ne gaý­dyp gel­di

BMG-niň sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy «UN Tou­rism»-iň soň­ky ha­sa­ba­ty­na gö­rä, dün­ýä­niň hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­syn­dan öň­ki de­re­je­si­ne gaý­dyp ge­lip, do­ly di­ýen ýa­ly di­kel­dil­di. 2024-nji ýy­lyň il­kin­ji 7 aýyn­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy 2019-njy ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ba­ry-ýo­gy 4 gö­te­rim yz­da. «UN Tou­rism»-iň 2024-nji ýy­lyň il­kin­ji 7 aýyn­da dün­ýä sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň ösü­şi ba­ra­da­ky tä­ze ha­sa­ba­tyn­da, şu ýy­lyň ýan­war-iýul aý­la­ryn­da dün­ýä­de 790 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy­nyň da­şa­ry ýur­da sy­ýa­hat eden­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu gör­ke­zi­ji 2023-nji ýyl­da­ky­dan 11 gö­te­rim köp we 2019-njy ýyl­da­ky­dan 4 gö­te­rim az. Hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň ös­me­gi­niň esa­sy fak­tor­la­ry­nyň bi­ri hem da­şa­ry ýurt­la­ryň ho­wa ýol­la­ry­nyň ge­og­ra­fi­ýa­sy­nyň gi­ňel­dil­me­gi we wi­za ta­lap­la­ry­nyň ýö­ne­keý­leş­di­ril­me­gi bol­dy.

Tä­ze dün­ýä re­kor­dy go­ýul­dy

Hy­ta­ýyň Ýanb­ýan-Ko­re­ýa aw­to­nom ok­ru­gyn­da 7 müň 598 sa­ny dro­nyň gat­naş­ma­gyn­da tä­sin şü­we­leň ge­çi­ril­di. Ok­ru­gyň 72 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan bu çä­re­de ho­wa­da şe­kil eme­le ge­tir­ýän dron­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça dün­ýä re­kor­dy go­ýul­dy di­ýip, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň web saý­ty ha­bar ber­ýär. Bu şü­we­leň ýur­duň «Shenz­hen Da­mo­da In­tel­li­gent Cont­rol Techno­lo­gy Co., Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gur­al­dy. Dron­la­ryň sa­ny 2020-nji ýyl­da­ky öň­ki re­kor­da gat­naş­an dron­la­ryň sa­nyn­dan iki es­se köp bol­dy. Şol wagt Hy­ta­ýyň Çžu­haý şä­he­ri­niň üs­tün­de şe­kil eme­le ge­tir­mä­ge 3 müň 51 dron gat­na­şyp­dy.

Tu­ran gap­laň­la­ry kö­pel­di­ler

Amur gap­laň­la­ryn­dan iki­si Ni­der­land­lar­dan Ga­za­gys­tan­da­ky «Ile-Bal­haş» döw­let go­rag­ha­na­sy­na ge­ti­ril­di. Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Eko­lo­gi­ýa we te­bi­gy baý­lyk­lar mi­nistr­li­gi­niň ha­ba­ry­na gö­rä, bu wa­ka ekoul­ga­my we ýi­ti­ri­len bio­dür­lü­li­gi di­kelt­mek üçin mö­hüm ädim bol­dy. Alym­lar, şol san­da, Hal­ka­ra te­bi­ga­ty go­ra­mak bi­le­le­şi­gi amur we tu­ran gap­laň­la­ry­ny aý­ra­tyn gör­nüş­ler däl-de, eý­sem, şol bir gör­nü­şiň eko­lo­gik ýa-da ge­og­ra­fik taý­dan ta­pa­wut­ly ýer­de ýa­şa­ýan gör­nü­şi ha­sap­la­ýar­lar. Olar bu çäk­ler­de dur­nuk­ly ýag­daý­da kö­pe­len­den soň­ra, tu­ran gör­nü­şiň we­kil­le­ri ha­sap­la­nar.

Mol­do­wa­da 11 da­laş­gär ha­sa­ba alyn­dy

20-nji okt­ýabr­da Mol­do­wa­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly 11 da­laş­gär ha­sa­ba alyn­dy. Bu ba­ra­da Mol­do­wa­nyň Mer­ke­zi saý­law ko­mis­si­ýa­sy ha­bar ber­di. Pre­zi­dent­li­ge bel­li­ge al­nan da­laş­gär­le­riň dör­dü­si ze­nan. Bu­lar – Mol­do­wa­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Maý­ýa San­du, Ga­gau­zi­ýa aw­to­nom ter­ri­to­ri­al bö­lü­mi­niň öň­ki baş­ly­gy Iri­na Wlah, žur­na­list Na­tal­ýa Mo­rar, öň­ki pro­ku­ror Wik­to­ri­ýa Fur­tu­ne. Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­le­riň ara­syn­da 2019-2021-nji ýyl­lar­da ýur­duň pro­ku­ro­ry bo­lup iş­län Alek­sandr Sto­ýa­nog­lo, öň­ki hä­kim Re­na­to Usa­tyý, öň­ki Prem­ýer-mi­nistr Wa­si­liý Tar­lew, Ion Ki­ku we beý­le­ki­ler bar. Hä­zir­ki wagt­da pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­le­riň saý­law kam­pa­ni­ýa­sy do­wam ed­ýär. Hiç bir da­laş­gär ses­le­riň 50 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy­ny al­ma­sa, saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler.

Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri

Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­ki go­ran­mak mi­nist­ri, 67 ýaş­ly Si­ge­ru Isi­ba do­lan­dy­ry­jy Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň (LDP) baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nan­dan soň 1-nji okt­ýabr­da ýur­duň par­la­men­tin­de Prem­ýer-mi­nist­r we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. De­pu­tat­la­ryň ag­la­ba köp­lü­gi oňa ses ber­di. Esa­sy aşa­ky pa­la­ta­da ge­çi­ri­len ses be­riş­lik­de Isi­ba 465 ses­den 291 ses al­dy. Kons­ti­tu­si­on-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy Ýo­si­hi­ko No­da 100 ses al­dy. Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to Isi­ba­ny hö­kü­met Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne tas­syk­lan­dan soň, ol ýur­duň ta­ry­hyn­da 102-nji Prem­ýer-mi­nistr bo­lar.

Taryhda şu gün

To­zan de­ňiz jan­dar­la­ry üçin mö­hüm. Flo­ri­da şta­ty­nyň uni­wer­si­te­ti­niň (ABŞ) hü­när­men­le­ri Sa­ha­ra çö­lün­den ho­wa ar­ka­ly gel­ýän to­za­nyň um­man­lar üçin mö­hüm de­mir çeş­me­si­di­gi­ni su­but ed­ýän bar­lag ge­çir­di­ler. Bu mad­da fi­top­lank­ton we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry üçin mö­hüm ha­sap­lan­ýar. Fo­to­bäs­le­şi­giň ne­ti­je­si yg­lan edil­di. «Ocea­nog­rap­hic Ma­ga­zi­ne» žur­na­ly ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan ab­raý­ly «Ocean Pho­tog­rap­her 2024» fo­to­bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri yg­lan edil­di. Bäs­le­şi­giň baş baýragyna ki­tiň ba­lyk­la­ry aw­la­ýan wag­ty dü­şü­ri­len su­raty bi­len is­pa­ni­ýa­ly fo­to­su­rat­çy Ra­fa­el Ka­ba­le­ro mynasyp bol­dy.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

To­zan de­ňiz jan­dar­la­ry üçin mö­hüm. Flo­ri­da şta­ty­nyň uni­wer­si­te­ti­niň (ABŞ) hü­när­men­le­ri Sa­ha­ra çö­lün­den ho­wa ar­ka­ly gel­ýän to­za­nyň um­man­lar üçin mö­hüm de­mir çeş­me­si­di­gi­ni su­but ed­ýän bar­lag ge­çir­di­ler. Bu mad­da fi­top­lank­ton we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry üçin mö­hüm ha­sap­lan­ýar. Fo­to­bäs­le­şi­giň ne­ti­je­si yg­lan edil­di. «Ocea­nog­rap­hic Ma­ga­zi­ne» žur­na­ly ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan ab­raý­ly «Ocean Pho­tog­rap­her 2024» fo­to­bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri yg­lan edil­di. Bäs­le­şi­giň baş baýragyna ki­tiň ba­lyk­la­ry aw­la­ýan wag­ty dü­şü­ri­len su­raty bi­len is­pa­ni­ýa­ly fo­to­su­rat­çy Ra­fa­el Ka­ba­le­ro mynasyp bol­dy.

Sport tä­ze ösüş eý­ýa­myn­da

Ýur­du­myz­da giň ge­ri­me eýe bo­lan köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, şu ýy­lyň 6-njy sent­ýab­ryn­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­ny bi­ra­gyz­dan ka­bul et­di. Bu res­mi­na­ma dün­ýä­niň 87 döw­le­ti­niň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gi onuň tu­tuş adam­zat üçin mö­hüm­di­gi­niň we ägirt uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Bi­lim – be­ýik gel­je­giň bin­ýa­dy

Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz ok­gun­ly ös­ýär we bar­ha öz­ger­ýär. Döw­let­li tu­tum­lar, asyl­ly baş­lan­gyç­lar we aý­dyň mak­sat­lar ro­waç­ly­ga bes­len­ýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty ar­typ, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si ýo­kar­lan­ýar. Bu zat­lar ba­ky bag­ty­ýar­ly­gyň gü­wä­si­dir. Wa­ta­ny­myz bu gün toý keş­bin­de. Be­ýik döw­rüň dö­re­di­ji­lik we gu­ru­jy­lyk ru­hy, toý öwüş­gin­le­ri gö­zel Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de me­se-mä­lim duý­lup, wa­tan­çy­lyk ru­hu­my­zy be­len­de gö­ter­ýär. Mu­kad­des ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk şan­ly ýylynda ýe­ten de­re­je­si­ne na­zar aý­lap, be­ýik ösüş-öz­gert­me­le­re buý­san­jy­myz go­şa­lan­ýar.

Oba ho­ja­ly­gy yl­my esas­da ös­dü­ril­ýär

Ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we ola­ryň to­hum­çy­ly­gy­ny yl­my esas­da ul­gam­la­ýyn alyp bar­mak bo­ýun­ça iş­ler yzygiderli kä­mil­leş­di­ril­ýär. Türk­me­nis­tan azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de be­lent sep­git­le­re ýet­ýär. Ýur­du­myz di­ňe bir azyk­lyk däl, eý­sem, to­hum­lyk bug­daý ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de hem uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar. Bu ugur­da­ky iş­ler hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar­na­ma eýe bo­lup, Türk­me­nis­tan 2015-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (FAO) ýö­ri­te sy­la­gy­na my­na­syp bol­dy. Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­my­zyň 33 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça mö­hüm fo­rum­la­ryň ge­çi­ri­len mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Paý­tag­ty­myz­da «Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň to­hum­çy­ly­gyn­da ýe­ti­len sep­git­ler we öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy – gül­läp ösüş­le­riň ke­pi­li

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwründe dö­red­ýän, gur­ýan, be­dew bat­ly ösüş­ler bi­len ok­gun­ly öňe bar­ýan mäh­ri­ban hal­ky­myz mu­kad­des ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­ny uly da­ba­ra­la­ra bes­läp, my­na­syp gar­şy al­dy. Döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­myz in­di 33 ýyl bä­ri ösüş­dir öz­ge­riş­ler­den do­ly röw­şen ýol­la­ry­my­za, bag­ty­ýar gel­je­gi­mi­ze nur­ly şug­la­sy­ny saç­ýar. Ýurdumyz­da hal­ky­my­zyň ga­dy­my şöh­ra­ty­na my­na­syp iş­ler bi­ti­ri­lip, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­na aja­ýyp sa­hy­pa­lar ýa­zyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz il-ýurt bäh­bit­li, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li, dost-do­gan­ly­ga, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­ge, hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­ga ýug­ru­lan aja­ýyp mak­sat­la­ry­ny be­ýan edip, gel­jek­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li tu­tum­ly iş­le­ri kes­git­le­ýär. Gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň se­na­ga­tyn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da we beý­le­ki ul­gam­la­ryn­da ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler, we­la­ýat­la­ry­myz­da gu­rul­ýan, dün­ýä­niň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan kuw­wat­ly önüm­ç

Gün be­ket­le­ri­niň sa­ny art­ýar

Ang­li­ýa­nyň «Em­ber» mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan tä­ze mag­lu­mat­na­ma­syn­da şu ýy­lyň do­wa­myn­da gu­rul­jak tä­ze Gün be­ket­le­ri­niň umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň 593 GW bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýyl­da­ky­dan 29 gö­te­rim köp diý­me­gi aň­lad­ýar. Mag­lu­mat­da, Gün be­ket­le­ri­ne ma­ýa go­ýum goý­ýan ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň hem dur­nuk­ly ös­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Hy­taý, ABŞ, Hin­dis­tan, Ger­ma­ni­ýa we Bra­zi­li­ýa Gün ener­gi­ýa­sy pu­da­gy­na has köp ma­ýa gö­nük­dir­ýär. Tä­ze gu­rul­jak Gün be­ket­le­ri­niň 75 gö­te­ri­mi bu bäş ýur­da de­giş­li bo­lar. Hy­ta­ýyň şu ýy­lyň do­wa­myn­da işe gi­riz­jek Gün pa­nel­le­ri ener­gi­ýa­nyň bu aras­sa çeş­me­si­niň önüm­çi­li­gi­ni 28 gö­te­rim art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Ýy­lyň ahy­ry­na çen­li dün­ýä­de tä­ze önüm­çi­li­ge goý­be­ril­jek Gün be­ket­le­ri­niň 56 gö­te­ri­mi Hy­ta­ýa de­giş­li bo­lar. Bu bol­sa, ýur­duň Gün be­ket­le­rin­den al­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 334 GW art­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Gün pa­nel­le­ri­niň hal­ka­ra