"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Tertip-düzgün ündeldi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly uly ýeňişlere, şanly wakalara beslenip tamamlanyp barýar. Şu günler Täze ýyl baýramçylygyny taýýarlykly garşylap, şatlyk-şowhunly geçirmek bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Golaýda şu maksat bilen TMÝG-niň Garagum etrap geňeşiniň etrap prokuraturasy, etrabyň polisiýa we bilim bölümleri bilen bilelikde guramagynda Garagum etrabyndaky 20-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan edaralaryň we jemgyýetçilik guramasynyň işgärleri, etrapdaky 3,4, 20-nji orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Çärede Garagum etrap prokurorynyň uly kömekçisi Didar Elýasow, etrabyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň işgäri, polisiýanyň maýory Juma Apbakow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Ýazmyrat Annagurbanow, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Baýram Agajanow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar okuwçylara baýramçylyk günleri tertip-düzgüni berk berjaý etmelidigini, Täze ýyl baýramyny maşgala agzalary bilen şatlykly belläp geçmelidigini nygtadylar. Partlaýjy jisimleri ulanmakdan daşda durmalydygyny aýratyn belläp geçdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Ynha, taryhy wakalara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem tamamlanyp barýar.

Türkmen ýaşlary hakdaky aladanyň beýany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň çapdan çykandygy hakdaky habar biz — bagtyýar ýaşlaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ilkinji kitabyny geçen ýylyň ahyrynda halkymyza sowgat edipdi. Geçen döwrüň içinde döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby dünýäniň halklarynyň birnäçesiniň dilinde neşir edildi. Bu gün ajaýyp eseriň ýapon dilinde neşir edilmegi bolsa iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlukly we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge itergi berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen çuň manyly setirler bar. Bu jümlede ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrundaky alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar barada edilýän alada, olara bildirilýän belent ynam öz beýanyny tapýar. Gymmatly eseriň ýapon dilinde neşir edilmegi dostlukly ýurduň okyjylaryna biziň ata Watanymyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty ba

Şatlyga beslenýän dabaralar

Şu günler Tejen etrabynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna täsirli çäreler geçirilýär. Baýramçylyk çärelerine çagalar baglarynyň körpeleri höwesli gatnaşýarlar. Surat çekmek, goşgy okamak boýunça bäsleşiklere ýaş nesliň gyzyklanmasy has ýokary. Şeýle çärelerde ruhubelent körpeler zehin-başarnygyny açyp görkezýärler. Olar aýdym-sazly dabaralary özleriniň şadyýan çykyşlary bilen bezeg goşýarlar.

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki “Bagt ýoly” toý mekanynda geçirilen şatlyk-şowhunly dabara Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlandy. Etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň guramagynda bolan dabara dürli kärde işleýän zähmetkeşler, ýaşlar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy. Toý zalyna ýygnanan ildeşlerimiz baýramçylyk gutlaglarynda il-günümizi baky bagtyýarlyga ýetiren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini, hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň çuň many-mazmunly bu eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseri terjime edildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby şu ýylyň ýanwarynda ýapon dilinde çapdan çykdy.

Bazarlarda haryt bolçulygy

Täze ýyl baýramçylygy golaýlaşdygyça, ak bazarlaryň we söwda nokatlarynyň gelim-gidimi artyp, söwdalar barha gyzyşýar. Şu günler Ahal welaýatynyň çägindäki bazarlara we söwda nokatlaryna baranyňda hem muňa göz ýetirmek bolýar. Welaýatyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Änew şäherindäki «Ak bugdaý» bazarynda hem halka edilýän söwda hyzmatlarynyň derejesi göwnüňi göterýär. Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Änew alyjylar jemgyýetine degişli bolan bu bazarda ilata ekologik taýdan arassa önümler hödürlenýär. Olaryň arasynda azyk önümleriniň örän köp görnüşleri, Täze ýyl arçalary we olara niýetlenen jäjeklerdir zerler, yşyklandyryjy çyrajyklar, beýleki harytlar bar. Ildeşlerimize elýeterli nyrhlardan hödürlenýän şol önümlerdir harytlara islegiň örän ýokary bolmagy olaryň hiliniň gowudygy bilen hem baglanyşyklydyr.

Eneler alkyşly, Arkadagymyz!

Altyn ANNAMYRADOWA, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýaşaýjysy:

Şirinjemal WELMUHAMMEDOWA, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň ýaşaýjysy:

— Häzirki döwürdäki ýokumly çaga ertirlikleri durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi diýen ýaly. Biri-birinden ýokumly şüleler, hemenekler çagany etikdirip, elinden çekilen ýaly edäýýär. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän dürli görnüşli çaga şüleler-ä has-da ýokumly. Söwda nokatlaryndan yzygiderli alýaryn. Bahalaram amatly. 2 ýaşly oglum Mülkä şol gury ertirliklerden berip başlalym bäri, posalajyk çaga öwrüläýdi. Özem has işdämen ýapyşýar. Şokolad tagamly, ary bally, banan tagamly gury ertirliklerden beýleki çagalaram ýüz sowjak däller. Dadyp görenleri ýene iýjekden. Olaryň gaplanyşy hem özüne çekiji, owadan suratlar bilen bezelen. Iýmitler çaganyň bedenine gerekli ýokumly maddalara örän baý eken. Tebigy arassa önümlerden — ýokary hilli bugdaý, mekgejöwen unundan, mekgejöwen petinden we hemenek ýarmasy esasynda öndürilýär diýýärler. Gyzyklanyp görsem, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda öndürilýän ol önümleri köp eneler peýdalanýan ekenler. Olaryňam aýdyşy boýunça, şol iýmitler çagalaryň iň halaýanlary borly. Şeýle ýokary hilli önümleriň öndürilýändigi üçin döwrümize guwanýarys, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Arkadagly illerde toýlar toýa ulaşdy

Täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy Her bir gününi goşa-goşa toýly garşylaýan ata Watanymyz giň jahanda parahatçylyk söýüji, ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän ýurt hökmünde tanalmak bilen çäklenmän, bagtyýar durmuşyň, bagtly ýaşaýşyň mekany hökmünde hem äleme belli. Arkadag şäherinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy aýdanlarymyza aýdyň mysal. «Toýdan topukça» diýlişi ýaly, täze jaýa göçüp gelen ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

«Şatlykdan-şowhundan dol sen, Täze ýyl!»

«Arkadag Binasynyň» meýdançasynda guralan Baş arça «akylly» şäheriň gözelligine gözellik goşýar. 15-nji dekabrda Täze ýyl baýramynyň iň hormatly myhmanlary — Aýazbabadyr Garpamygy Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Polatly» aýlawynda türkmen halk ertekisiniň gahrymany bolan Akpamyk bilen Japbaklar garşyladylar. Uzak-uzak ýollary söküp, ala garly daglardan aşyp gelen Aýazbaba bilen Garpamyk bu ýerde paýtunlaryna mündüler. «Arkadag Binasynyň» ýanyndaky meýdançada gurnalyp, oýnawaçlaryň we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşleri bilen bezelen «akylly» şäheriň Baş arçasy uzaklardan görünýär. Ol şowhunly baýram bolan Täze ýylyň ýetip gelýändigini ýatladyp, uly-kiçiniň kalbyna şatlyk eçilýär. Onuň ýerleşýän ýeri Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň özüne çekiji, gözel künjekleriň biridir. Bu ýerde hem ertekileriň gahrymanlary we şadyýan çagalar Aýazbabadyr Garpamygy uly şatlyk bilen garşyladylar. Täze ýyl gahrymany Aýazbaba: «Çür başynda altyn täç, // Hany, arçam ýalkym saç!» diýip, «jadyly sözi» bilen «akylly» şäheriň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakdy. Bu bolsa dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Çagalaryň Täze ýyl gahrymanlary bilen bilelikde el-ele berip, arçanyň daşyndan aýlanmaklary çärä has-da ýaraşyk be

Baş arçamyz nur saçdy

15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy Täze ýyla bagyşlanan ajaýyp aýdymdyr sazlaryň owazy astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsow garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň. Şol gün Baş arçanyň töwereginde ýaş aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi, halk döredijilik we tans toparlary, toý lybaslaryny geýnen sirk we teatr artistleri, söýgüli ertekileriň gahrymanlary ýygnanyp, haýran galdyryjy çykyşlaryň başlanmagyna şadyýan garaşdylar.

Toý şowhunly paýtagtym

Häzirki günlerde toý lybasyna beslenen ak mermerli binalar, aýna ýaly giň we ýagty şaýollar, älemgoşar reňkli suw çüwdürimleri şäher ýaşaýjylarynyň, şeýle-de paýtagtymyza gelýän myhmanlaryň göwnüni galkyndyryp, olara ruhy lezzet eçilýär. «Biz paýtagtymyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine buýsanýarys» diýip belleýän ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda, baş şäherimiz Aşgabat bu gün Aziýanyň merjeni hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň özeni il-günümiziň bolelin ýaşamagyna, ýaş nesilleriň belent ruhly kemala gelmegine, ata Watanymyzyň ähli ugurlar babatda kuwwatlanmagyna, has-da berkemegine gönükdirilendir. Eşretli ýaşaýyş üçin döredilen şeýle binalar bilen bir hatarda, medeni-dynç alyş merkezleriniň hem onlarçasy toý lybasyna beslenip, dynç almaga gelýän raýatlaryň buýsanjyny goşalandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünliklere beslenýän ajaýyp günlerinde açylyp ulanylmaga berlen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi hem Täze ýyl baýramynyň barha golaýlaýan günlerinde depesinde müň dürli öwüşginde şöhle saçýan ajaýyp arçasy, dürli bezegleri bilen göreni haýrana goýýar. Bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar

Zer öwüşginli Aşgabat

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, merjen şäherimiz Aşgabadyň ösüşleri, gazanýan üstünlikleri hem aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat günsaýyn gözel görke gelip, dünýäniň nusgalyk şäherleriniň hatarynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelmegi bilen, şu günler Aşgabadymyz has-da gözel görke eýe bolýar. Ýol-ýodalaryň gyralarynda ösüp oturan ýaşyl arçalar, bag-bakjaly seýilgähler al-ýaşyl yşyklar bilen örtülip, töwerege ýalkym saçýar. Barha golaýlaýan Täze ýyl baýramçylygy bilen utgaşyp, toý lybasyny geýen ak mermerli gözel paýtagtymyzyň ajaýyp gözelliklerini synlap, gezelenje çykmak kalba diýseň täsir galdyryjy pursatlary bagyşlaýar. Owadan keşbi bilen ynsanlara ruhy lezzet paýlaýan Aşgabadyň bu günki gün gije-gündiz öwşün atyp duran lowurdyly bezegleri Täze ýylyň waspyny ýetirýär. Gözel paýtagtymyzda ýerleşýän, şatlyk-şowhuna beslenýän baýramçylygyň ýüzüniň tuwagyna öwrülen «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, göýä jenneti mekany ýatladyp, ýalkym saçyp dur. Bu ýeriň gözel görki, al-elwan açylyp oturan

Berjaý edilmeli düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy Täze ýyl baýramçylygyny asuda hem parahat geçirmegiňizi arzuw edip, käbir pugta berjaý edilmeli düzgünleri ýatladyp, öz maslahatlary bilen ýüzlenýär. Köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän ýerlerinde mugallymlar, synp ýolbaşçylary, terbiýeçiler tarapyndan nobatçylyk çekmek ýola goýlup, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly üpjün edilmelidir. Nobatçylygy geçirýän ähli işgärler bilen ýangyn howpsuzlyk çäreleri we ýangyn dörände çagalarydyr adamlary guramaçylykly halas ediş işleri barada gönükdirme geçirip, degişli howpsuzlyk kitabyna bellenmelidir. Köpçülikleýin dabaranyň geçirilmegine jogapkär işgärleri çäre başlanmazyndan öň, ähli otaglary, ätiýaçlyk çykalgalary barlap, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talabalaýykdygyna we ähli otaglaryň ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilendigine doly göz ýetirmeli. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine jogapkär işgärler Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän senesi we wagty barada ýerli Ýangyn howpsuzlyk bölümine habar bermeli.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21. 03-20. 04) Öňümizdäki hepde hamallar adaty iş endiklerine gümra bolarlar. Iş ýeriňizde günleriňiziň hysyrdyly geçmegi sizde biraz argynlyk döreder. Hepdäniň soňunda bolsa size birnäçe oňat täzelikler garaşýar. Goşmaça girdejiler üçin täze güýmenjeleri tapmak size bu meselede ýardam edip biler.

Baýramçylyk şadyýanlyga beslensin!

Ýene birnäçe günden bagtyýar ilimizde Täze ýyl giňden baýram ediler. Hut häzirki günlerde bolsa hemmeleriň söýgüli baýramyny garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär. Eýýäm Täze ýyl arçalarynyň köp öwüşginli çyralary ýakyldy. Her bir öýde hem bu baýrama sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Şonda maşgala ojaklarynyň törüni ajaýyp Täze ýyl arçalary bezeýär. Baýramçylyk dabaralary edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda hem geçirilýär. Bu baýramyň şadyýanlykda geçmegini gazanmak üçin bolsa ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmegiň möhümdigine ildeşlerimiziň ünsüni çekmekçi bolýarys. Mälim bolşy ýaly, edara-kärhanalarda, ýokary, orta okuw mekdeplerinde we çagalar baglarynda Täze ýyl arçalary oturdylyp, olaryň ýanynda medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär. Baýramçylyk çäreleri geçirilýän wagtynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýän jogapkär adamlar bellenilmelidir. Olar bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini we ýangyna garşy gaýragoýulmasyz çäreleri öwrediji gözükdiriş geçirilmelidir.

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak boýunça Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegleri nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallary we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Beýik işler bilen galkynan Watan

Gün nurunyň äleme şugla salşy deýin, halkymyzyň alnyndan dogan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik işleriň rowaçlanýan, döwletli tutumlaryň äleme ýaýylýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam edýär. Her bir gelýän günler, gadam basýan ýyllar ýurdumyza şan-şöhrat, abraý-mertebe getirýär. Tamamlanyp barýan ýylyň taryhy wakalaryna ser salanyňda, bu hakykata magat göz ýetirýärsiň. Edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenip geçilen 2024-nji ýyl hem ata Watanymyzyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende galdyran şanly ýyllaryň biri boldy. Söze sarpa goýup bilýän ýürekleriň teşneligini gandyran bu ýylda Ýer ýüzünde şygyrlary mukaddeslige deňelýän Magtymguly Pyragynyň ýubileý toýy toýlandy, goşgy okaldy, aýdym aýdyldy. Ynsan ömri hemişe ajaýyplyklara teşne. Şol teşneligi söz bilen gandyryp bilýän şygyr sungatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn uly ähmiýet berildi. Munuň esasy sebäbi hem ýylymyzyň şygarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahy

Tanyşdyrylyş dabarasy

Şöhratly taryhyň buýsançly söhbedi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabara geçirildi.