Mukaddes borç
Ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende göterip, olary giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmaga ruhlandyrýar. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilmegi bolsa, ýurdumyzyň merdana harby gullukçylarynyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gazanýan üstünliklerine harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylary özleriniň uly goşandyny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Eziz Watanymyz — elýetmez baýlygymyz. Biz Watanymyzy başymyza täç edýäris» diýen pähimi Watan mukaddesliginiň her türkmen üçin iň ýokary orunda durýandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň, hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy üpjünçilik ýagdaýyny gowulandyrmak, Watan goragçylarynyň beden we ruhy taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň harby tehnikalara we ýaraglara erk ediş başarjaňlygyny ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.