"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary

Nebitgaz sektory milli ykdysadyýetiň esasy pudagy, ýurduň strategik serişdesi bolmak bilen, esasy infrastrukturanyň wezipesini ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň energetikasyny ösdürmegiň maksady, bir tarapdan, döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýardam etmek, beýleki tarapdan bolsa, onuň dünýä energetikasynda eýeleýän ornuny berkitmek we giňeltmek bolup durýar. Şu ýylda hem ýangyç-energetika toplumy, hemişe bolşy ýaly, Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda kesgitlenen milli maksatlara ýetmekde hem-de strategik wezipeleri çözmekde ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna ýardam etmelidir. Bu Maksatnama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.

Okgunly ösüşleriň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň hem baş maksady halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri barada berlen hasabatlar hem milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak syýasaty bilen utgaşýandygyny tassyklaýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde halk hojalygynyň pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanylýar. Geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň 6,3 göterim, jemi öndürilen önümiň 7,8 göterim ýokarlanandygyny, senagat pudagynda 4,3 göterim, gurluşykda 2 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterim, söwdada 12,8 göterim, oba hojalygynda 4,4 göterim, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygynda 10,9 göterim ösüş gazanylandygyny aýan edýär.

Ählumumy rowaçlygyň bähbidine

Geçen ýylda tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň deň ýarysyna golaýy hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan taýýarlanyldy. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Akgaýa» jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda iş alyp barýan gurluşyk garyndy materiallaryny we gips kartonyny öndürýän kärhanasynyň hem mynasyp paýy bar. Türkmenistan bu gün, sözüň doly manysynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli desgalaryňdyr ymaratlaryň, täze-täze önümçilik düzümleriniň gurluşyklarynyň ýokary depginde alnyp barylýan mekanyna öwrüldi. Bu kärhananyň hünärmenleri hem öz taýýarlaýan serişdeleriniň şol gurluşyklarda giňden ulanylýandygyna çäksiz buýsanýarlar. Ýurdumyzda özleşdirilýän iri maýa goýum taslamalary, baý gorly uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri içerki zerurlyklara hem-de ählumumy rowaçlygyň bähbidine, özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesindäki karbamid zawody hem munuň aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýet

Ulag we kommunikasiýalar ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ilkinji aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,7 göterime barabar boldy.

«Türkmenhowaýollary» agentligi ýanwar aýynda hyzmatlarynyň mukdaryny 62,8 göterim artdyrdy

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň birinji aýynda hyzmatlaryň mukdaryny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 62,8 göterim artdyrdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi diýip, TDH ýazýar. Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ilkinji aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,7 göterime barabar boldy.

“Lebapawtoulag” ýanwar aýynda 226 müň tonnadan gowrak ýük daşady

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň sürüjileri ýylyň ilkinji aýynyň meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýanwar aýynda kärhananyň sürüjileri ýükleriň 226 müň tonnadan gowragyny daşap, meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi habar berýär. Ýolagçylara hyzmat etmegiň meýilnamasy hem ýerine ýetirildi. Şonda ýolagçylaryň 1 million 822 müňsüne hyzmat edildi. Halk hojalyk ýüklerini daşamakda, ýolagçylara hyzmat etmekde we gaýry hyzmatlary amala aşyrmakda kärhanada işler nusga alarlyk derejede guralýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

ürkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 21 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, gidro usulda arassalananan dizel ýangyjyny, awiakerosini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 44 million 563 müň 200 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

HPG-niň ýolbaşçysy: dünýä ykdysadyýeti geosyýasy ýagdaýlara durnukly

Dünýä ykdysadyýeti geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, öz durnuklylygyny saklaýar. Bu barada Halkara pul gaznasynyň (HPG) dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde eden çykyşynda nygtady. «Näbellilikleriň ýokarydygyna seretmezden, biz ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri babatda göwnümizi giň tutup bileris. Sebäbi häzirki dünýä ykdysadyýeti biziň çenimizden durnukly bolup çykdy. 2023-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini garaşylan ýagdaýdan ýokary boldy, 2024-nji ýylda bolsa global hümmetsizlenme peseler diýlip çaklanylýar» diýip, Kristalina Georgiýewa gürrüň berdi.

Bu ýerde ykdysadyýet Günüň dogmagyna garaşmaýar

Eliň aýasy ýaly ýerde ýerleşip, dünýä ykdysadyýetiniň ösen nusgasyny sergä çykarmak diňe Ýaponiýa başartsa gerek. Käbirleri: «Ýaponiýa Günüň dogýan ýurdy ahyry. Türkmençilikde: «Ir turan işinden dynar» diýilmeýärmi näme?» diýip biler. Ol dogry, ýöne onuň başga-da sebäpleri bar. Ine, oňa käbir deliller. Gündogar Aziýanyň modeli hasaplanýan Ýaponiýa ägirt uly, ösen sosial bazar ykdysadyýetli ýurt hökmünde bilinýär. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň ykdysadyýeti jemi içerki önümi boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň dünýäde 4-nji, eksporty, importy boýunça 4-nji, adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça 34-nji orunda durýar. Şeýle-de Ykdysady çylşyrymlylyk indeksine (ECI) görä, dünýäniň 1-nji çylşyrymly ykdysadyýeti hasaplanýar. Resmi hasaplamalara görä, 2023-nji ýylyň ahyrynda satyn alyş güýji boýunça Ýaponiýanyň görkezijisi 5,309 trillion amerikan dollaryna deň boldy. Bu ykdysatçylaryň çaklamalaryndan 10 göterim ýokarydyr. Ýurduň ilaty 123,3 million bolup, jan başyna düşýän jemi içerki önümi 34 müň 550 amerikan dollaryna deňdir.

Suratkeş nädip 200 million amerikan dollaryny gazandy?

«Facebook»-yň ilkinji ofisiniň diwarlaryna surat çeken suratkeş zähmet hakyna derek kompaniýanyň aksiýasyny almaga razy boldy. Ol şeýle edenine-de ökünmedi. 2005-nji ýylda Mark Sukerberg suratkeş Dewid Çou «Facebook» kompaniýasynyň ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Palo-Alto şäherindäki ofisine surat çekip bermegini haýyş edip ýüz tutýar. Ol suratkeşe töleg hökmünde 60 müň amerikan dollaryny ýa-da kompaniýanyň aksiýasynyň 0,02 göterimini almagy teklip edýär. Çou teklip edilen aksiýany saýlaýar. Bäş ýyldan soň, suratkeşiň alan aksiýasynyň bahasy 200 million amerikan dollaryndan hem geçýär.

Ösüşiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, iş üpjünçiliginiň derejesi, durmuş taýdan goraglylygy esasy ölçegleriň hataryna degişlidir. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Mälim bolşy ýaly, her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak ýaly möhüm işler üstünlikli amal edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna iş orunlaryny döretmek ýaly işler hem meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Bularyň hemmesi milli ykdysadyýetiň ösüşini, şeýle hem halk bähbitli işleri aýdyň beýan edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda halkyň abadançylygynyň bähbidine durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ykdysady işi kadalaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda jemgyýetiň we ykdysadyýetiň durnuklylygyna döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Raýatlaryň zähmet işine bolan konstitus

Belent sepgitler — buýsanjymyz

Gahryman Arkadagymyzyň belent sepgitleri nazarlaýan döwlet maksatnamalary bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlaryň bilimli, ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, ynsanperwer şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek we ony durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde beýan edilýän wezipeler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar

Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilikli täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň şu ýyl üstünlikli tamamlanmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň iň kämil tehnikalarynyň 112-si doly güýjünde peýdalanylýar. Bu ýerde birnäçe çalşykda dürli kärdäki hünärmenlerimiziň 650-ä golaýy zähmet çekýärler.

Tram­pyň Ne­wa­da şta­tyn­da­ky ýeň­şi

Ne­wa­da şta­tyn­da ge­çi­ri­len içer­ki par­ti­ýa saý­law­la­ryn­da ABŞ-nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ýe­ňiş oňa 26 şta­tyň we­ki­li­ýe­ti­niň gol­da­wy­ny ber­ýär di­ýip, BBC ha­bar ber­ýär. Do­nald Tram­pyň ýe­ke-täk çyn­la­kaý bäs­de­şi ABŞ-nyň BMG-dä­ki öň­ki he­mi­şe­lik il­çi­si Nik­ki Heý­li özü­niň gu­ber­na­tor bo­lan şta­ty Gü­nor­ta Ka­ro­li­na şta­ty­na bil bag­la­ýar. Bu ştat­da 24-nji few­ral­da pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­ler üçin Res­pub­li­kan par­ti­ýa­nyň içer­ki saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty üstünliklere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň okgunly ösýän halk hojalyk toplumy dünýäniň we ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasiýa ösüşine gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, ozal hereket edýän ugurlarynyň gerimini giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzakmöhletli milli maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa halk hojalyk toplumynyň innowasiýa ösüşi, hususyýetçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artdyrylmagy, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornunyň berkidilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň innowasion ösüşi, hususy pudagyň barha giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň özenini tutýar. Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hem-de multimodal ýollarynyň döredilmeginde işjeň syýasata ygrarlylygyny görkezýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň eşretli günlerinde ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň oňyn daşary syýasaty netijesinde seb

Gyzyl deňizdäki ykdysady çökgünlik howa gatnawlaryna gyzyklanmany artdyrýar

Gyzyl deňiz ykdysady çökgünligi sebäpli, üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi kompaniýalary Aziýadan Ýewropa ozalky ugurlaryň ornuny tutup biljek täze ulag ýollaryny gözlemäge mejbur edýär. Deňiz we howa gatnawlarynyň nyrhlaryny yzarlaýan «Xeneta» platformasynyň maglumatlary ýylyň 2-nji senenama hepdesinde Wýetnamdan Ýewropa ýollanylýan howa ýükleriniň mukdarynyň şondan öňki hepdä garanyňda 62% ýokarlanandygyny görkezýär. Munuň özi 2023-nji ýylyň iň ýokary netije bilen jemlenen hepdesinden (oktýabr aýynda bellige alnan hepde) 6%, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ikinji hepdesinden bolsa 16% ýokarydyr.

Guwandyryjy görkezijiler

Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýyny guwandyryjy görkezijilere beslediler. On barmagyndan dür dökülýän, çeper elli halyçy gelin-gyzlaryň yhlasly zähmeti netijesinde, kärhanada geçen aýda 668 müň manatlyga golaý iş edildi. Munuň özi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 148,6 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär. Şanly ýylyň ilkinji aýynda kärhananyň halyçylary sargytlardyr buýurmalar esasynda nepis halydyr halyçalary, sowgatlyk önümleriň dürli görnüşlerini dokadylar. Milli halyçylyk sungatyny täze many-mazmunda baýlaşdyrmak, gadymy halylaryň ajaýyp görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek babatdaky tagallalara mynasyp goşant goşýan kärhananyň halyçy gelin-gyzlary häzirki günlerde dürli ölçegdäki milli gölli ajaýyp halylary dokamak bilen, iş depginlerini barha batlandyrýarlar.

Ykdysadyýetiň berk binýady

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Giňişleýin mejlisde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şular ýaly oýlanyşykly we ölçegli işlenip düzülen maksatnama islendik başlangyjyň üstünlige beslenmeginde ilkinji şertdir. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi hem dogry işlenip düzülen strategik maksatnamalara baglydyr. Belent maksada uzaýan uly ýol hem menzilleri aşylyp, tapgyrma-tapgyr geçilýär. Ykdysadyýetde hem uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň rowaçlyga beslenmegi üçin gysga möhletli maliýe-ykdysady resminamalar işlenip taýýarlanylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Gal

Tohumlyk çigit taýýarlanylýar

Şu günler welaýatymyzda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigidi taýýarlanylýar. Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda hem bu işler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Beýleki kärhanalardan tapawutlylykda bu ýerde tohumy daşynyň gabygyndan arassalanylan görnüşde taýýarlaýarlar. Bu çigitler takyk ekijiler üçin niýetlenilendirler. Welaýatymyzda «Monosem», «Gaspardo», «Cansa» kysymly kuwwatly ekijileriň 95-si möwsüme doly derejede taýýar edilip goýuldy. Olaryň ep-esli tohumy tygşytlaýandyklaryny, gowaça gögerip çykanyndan soňky el işleriniň zerurlygyny aradan aýyrýandyklaryny geçen ýyllaryň tejribesi görkezdi. Kärhananyň maliýe we ykdysadyýet boýunça baş hünärmeni Tawus Ymamgulyewanyň aýtmagyna görä, etrabyň «Garabekewül», «Ak gala» we «Lamma» daýhan birleşiklerine degişli ekin meýdanlarynda gowaçanyň tohumlyk çigidi ýörite ýetişdirilýär. Şonuň üçin hem bu hojalyklardan gelýän hasyl aýratyn işlenilip, gowaça çigitleri tohumlyk üçin niýetlenilýär. Bu işde çalşyk başlyklary Didar Ýalkapowyň, Mergen Aganyýazowyň ýolbaşçylygynda zähmet çekýän hünärmenler has işjeňlik görkezýärler.