"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sanly ykdysadyýetiň şowly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda ýola goýlan sazlaşykly işleriň netijesinde karz edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimi günsaýyn giňelýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda döwrebap usullar işjeň ulanylýar. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy bolsa, diňe bir müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň sanyny köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga, wagtyny we harajatlaryny tygşytlamaga hem giň mümkinçilikleri döredýär. Bank ulgamynda «Menzilara bank» («Internet bank») we «Mobil bank» hyzmatlarynyň ýola goýulmagy bilen galtaşyksyz sanly töleg hyzmaty arkaly hasaplaşyklary ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi. «Menzilara bank» hyzmaty web brauzerler, «Mobil bank» hyzmaty ulgamyna bolsa banklar tarapyndan taýýarlanylan ýörite mobil programma üpjünçiligi arkaly ulgama birikdirilýär. «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini tizleşdirmäge, netijede ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda «Altyn asyr» bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalary arkaly bank kartlaryny «Menzilara bank» hyzmatyna özbaşdak bir

Ykballynyň başlan işi oň bolar

Mundan bir hepde ozal türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi, sözüň doly manysynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ösüşli gadamlarymyzyň täze ädimine öwrüldi. Ajaýyp döwrümizi esaslandyryjy Gahryman Arkadagymyz mejlisde il-günümiziň abadan we bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen oňyn başlangyçlaryň birnäçesini orta atdy. Mejlisiň esasy aýratynlygy «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşylmagydyr.

Maksatlar aýdyň, ösüşler batly

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamy häzirki wagtda dünýä derejesine çykaryldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara derejeli bilim ojaklarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi bilen pugta baglydyr.

Durmuş ulgamynyň sazlaşygy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen eziz Diýarymyz häzirki döwürde ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň yklymüsti köprüsi hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap ulag-kommunikasiýa toplumyny döretmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gündogar−— Günbatar we Demirgazyk−— Günorta ugurlarynda esasy ýollar boýunça milli düzümi mundan beýläk-de giňeltmegi bu ugurdaky möhüm wezipeleriň hatarynda goýýar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda mähriban Diýarymyzda ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm halkasyna öwrüljek ulag ýollarynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle-de sebit hem-de sebitara ýollary döretmegiň we olary netijeli ulanmagyň ýolunda möhüm ädimler ädilýär. Eziz Diýarymyzyň çägi gadymy döwürlerde çekilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, hemişe goňşy döwletlerden söwdagärleri, syýahatçylary özüne çekipdir. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda bu gadymy ýol döwrebap transmilli awtomobil we demir ýollary hem-de gaz geçirijiler görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Munuň özi daşary ykdysady gatnaşykla

Azyklyk önümler bol bolar

welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen möhüm Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda welaýatlar boýunça 2024-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

2024-nji ýyl üçin ykdysady Maksatnama: giň gerimli işler halkyň bähbidine

Eziz Diýarymyz üstünliklere beslenýär

Häzirki ajaýyp döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly öz üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri bilen biziň her birimizi guwandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn işler has-da rowaçlydyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen Maksatnamanyň amala aşyrylmagy pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hem-de beýleki ösüş maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berer. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýokary netijeli durmuş ugruna gönükdirilen ykdysady syýasat türkmen döwletiniň ösüşlerini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu döwletli Maksatnama şu ýylda döwlet dolandyryş ulgamynyň kämil gurallary arkaly durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, milli, halkara we sebitara maýa goýum

«Demirýollary» AGPJ halkara ugurlary boýunça ýükleme we düşürme hyzmatlaryny hödürleýär

«Demirýollary» AGPJ-niň 20-nji şahamçasyna degişli bolan ýük howlulary halkara ulaglar boýunça ýurdumyzdan geçýän gatnawlardaky import, eksport hem-de üstaşyr ýükleri ýükleme we düşürme işlerini amala aşyryp, öz hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Änew ýük howlusy demirýol ulagy arkaly import edilýän ýükleri ýagny, gurluşyk harytlary bolan armatur, kafel, şpaklýowka önümlerini, iýmit ýüklerinden bolsa un, ösümlik ýagy ýaly önümleri düşürmek hyzmatlaryny ýerine ýetirip, müşderiler üçin dürli amatlyklary döredýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Türkmenabat ýükleýiş-düşüriş ýük howlusynda häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasyndan demirýol ulagy arkaly armatur hem-de sement getirilip, şol ýükler wagondan awtoulaglara geçirilýär we Owganystan döwletine üstaşyr ugratmak işleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda 20 wagona barabar bolan 1 müň 360 tonnalyk armatur ýüki wagondan awtoulaglara geçirilip, takmynan her aýda 5-10 müň tonna aralygyndaky önümleri ugratmak meýilleşdirilýär.

Haýraton – Mazari-Şerif özbek-owgan halkara demir ýolunyň durky täzelener

Özbegistanda demir ýollary ulgamynyň operatory «Uzbekiston temir ýullari» Owganystandaky Haýraton – Mazari-Şerif demir ýolunyň durkuny täzelemäge girişdi diýip, döwlet kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär. Özbegistan durnuky täzeleýiş işleriniň birinji tapgyryny ýerine ýetirmek üçin 120 işçi iberdi. Naibabad stansiýasyna ýük gatnawyny iň tiz wagtda gaýtadan dikeltmegiň esasy wezipe bolup durýandygy habarda bellenilýär. Şu maksat bilen birbada Haýraton stansiýasynyň «B» parkynda we demir ýol şahamçasynyň 57-nji kilometrinde toplumlaýyn işler alnyp barlar.

Özbegistan we Litwa awtoulagda ýük daşamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Golaýda Halkara ýük daşamak işi boýunça bilelikdäki özbek-litwa komissiýasynyň maslahatynyň geçirilendigini «Trend» habar berýär. Berlen maglumatlar bu ýerde halkara ýol ulaglary üçin şertleri gowulandyrmak, ýükleriň üznüksiz gelip gowuşmagyny üpjün etmek we milli ýük daşaýjylar üçin has amatly şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny tassyklaýar.

Sues kanalyndan tranzit ýük gatnawy 42% azaldy

Sues kanaly arkaly ýük tranziti 2023-nji ýylyň maý aýyndaky iň ýokary derejesi bilen deňeşdirilende, häzir 42% azaldy. 2021-nji ýylyň dekabryndaky bilen deňeşdirilende, Panama kanaly boýunça bu görkeziji 49 göterim kemeldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň hasabatynda bellenilýär. Hünärmenleriň pikiriçe, Sues kanalynyň üsti bilen konteýner gämileriniň hepdelik gatnawy 67% azaldy. Şol bir wagtyň özünde konteýner ýükleriniň gatnawy üçin ortaça nyrhlar hem ep-esli ýokarlandy.  

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, buýan köki, dikeldilen süýüm we nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 16 million dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 20 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, gidro usulda arassalananan dizel ýangyjyny, awiakerosini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 16 million 8 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

«Türkmenhowaýollary» 4 sany halkara gatnawlaryna arzanlaşyk yglan etdi

Türkmenistan» awiakompaniýasy täze açylan we hereket edýän Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça awiabiletlere arzanlaşyklaryň girizilendigini habar berdi. Arzanlaşyklar 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli hereket eder diýlip, gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

50 million paýnama — 8,5 milliard dollar

«Amazon»-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos şu aýda yglan eden kompaniýanyň 50 million paýnamasyny satmak baradaky meýilnamasyny tamamlady. «Bloomberg»-iň habar bermegine görä, umumy girdeji 8,5 milliard dollara ýetdi. Soňky günlerde, takmynan, 2,4 milliard dollarlyk 14 milliondan gowrak paýnama satdy. Deslapdan telekeçi gymmatly kagyzlaryň satuwynyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam etjekdigini çaklapdy.

Ýük daşamagy yzarlamak boýunça tertipler tassyklandy

Ýakynda geçirilen Ýewraziýanyň Ykdysady komitetiniň Geňeşiniň mejlisinde ýük daşamagy yzarlamak boýunça nawigasiýa möhürlerini ulanmak bilen baglanyşykly Tertipleriň ikisi tassyklandy. Ýewraziýanyň Ykdysady komitetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, munuň özi degişli mehanizmi işe girizmek üçin zerur resminamalaryň iň soňkusydyr. Resminamalaryň birinjisinde — milli operatorlaryň, ygtyýarly operatorlaryň (edaralaryň) we gözegçilik ediji edaralaryň hereketlerini amala aşyrmagyň Tertibinde yzarlaýyş obýektine we onuň soňky ulanylyşyna, şeýle hem nawigasiýa möhrüniň ugrunda (ulagda ýük daşamakda) Ýewraziýanyň Ykdysady komitetine agza ýurtlaryň çägindäki ugurlar boýunça nawigasiýa möhürleriniň aradan aýrylan ýagdaýynda hem gözegçiligi dowam etdirmek utgaşdyrylýar.

Milli ykdysadyýetimiz durnukly ösüş ýolunda

16-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy. Mejlisde ýurdumyzyň parlamenti, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklary, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlary, daşary syýasat edarasy tarapyndan 2024-nji ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işler barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önüm

“Türkmendemirýollary” Türkmenbaşy portundan uzaýan ugurlar boýunça ýeňillikleri hödürleýär

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen demirýol pudagy üstaşyr, import hem-de eksport ýük daşamalaryny ösdürmek, şeýle hem gelýän gämilerden demirýol wagonlaryny ýüklemek we düşürmek boýunça giň mümkinçilikleriň hödürleýär diýip, “Demirýollary” AGPJ-niň wekili sanly ulgam arkaly geçirilen “Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň eksportynyň üstaşyr merkezi hökmünde” atly tegelek stol duşuşygynda aýtdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň çarşenbe güni habar bermegine görä, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan 2024-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen uzaýan ugurlar boýunça hödürlenýän ýeňillikler şulardan ybarat:

Türkmenistan bilen Gazagystan Azerbaýjanyň üsti arkaly nebit eksportyny artdyrdy

Türkmenistan bilen Gazagystandan şu ýylyň ýanwar aýynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy mukdary 17,3 göterim artdy. Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfaks-Azerbaýjan” agentliginiň geçen hepdäniň çarşenbe güni beren habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 430,8 million tonna ýetdi.

Geçen ýyl Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $563 milliondan geçdi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 563,06 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 28 göterim ýokarydyr. Bu barada Gazagystanyň Milli statistika býurosy penşenbe güni habar berdi.  Hasabat döwründe Gazagystan 165,88 million ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen önümlerini import etdi we bu görkeziji 2022-nji ýylyň bilen deňeşdirilende 68 göterim köpdir (98,33 million ABŞ dollary).