"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Täze desga açyldy

Şu gün — 13-nji martda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açyldy. Açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy bütin halkymyzy buýsandyrdy. Kuwwatlylygy 1 million tonnadan gowrak sement öndürmäge ukyply bolan zawodyň täze desgasy Germaniýanyň, Türkiýäniň we Ýewropanyň döwrebap kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Bu ýerde ilatymyzyň zähmet çekmegi üçin 250-den gowrak täze iş orunlary açyldy.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17% artdy

Ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr ýükleriň geçirilmegi üçin döwrebap şertleriň döredilmegi netijesinde, soňky ýyllarda üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberi yzygiderli artýar. Ýagny, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17% artdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ösüş depgini şu ýylyň ilkinji 2 aýynda hem saklanýar. Ýagny, 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% ýokarlandy.

Russiýanyň ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasy halkara ulaglaryna islegiň iki esse artýandygy barada habar berdi

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 40 %-den gowrak ösüş gazanan Hytaý we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary ýük daşamakda esasy ugurlar hasaplanypdy. Toparlaýyn we umumy daşan konteýnerleriniň sanyny iki esseden gowrak artdyran Türkiýe ozalky ornuny elden bermeýär. Aýry-aýrylykdaky howa gatnawlaryny hem bellemek gerek — Hytaýdan bir ýylda edilen sargytlaryň sany 2,5 esse artsa, Türkiýeden 2 esse ýokarlandy. Çünki ýükleri mümkin boldugyndan çalt eltmeli ýagdaý ýüze çykanda howa arkaly daşamak saýlanyp alynýar. Eltip bermegiň wagtynyň tapawudy görnetin göze ilýär: Hytaýdan konteýner daşamak ortaça 45 güne uzaýan bolsa, bu iş howa ulagynda — 7-10 günde amala aşyrylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik kuwwaty barha pugtalanýar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletlerine mahsus ýokary derejelere çykmagyny ugur edinýän oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bazar gatnaşyklaryny yzygiderli ornaşdyrmak arkaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti ýokary derejä çykarmagyň usullary hem ösdürilýär. Türkmen döwletiniň innowasion ýörelgelere hem-de usullara daýanýan ykdysady strategiýasy ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýä bazarynda hem görnükli orun eýeleýän ýurda öwrüldi. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyryny ulanmaga bermegi hem bu ugurda täze ädimdir. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen

Hytaý intermodal ýük gatnawlaryny ösdürmek üçin maýa goýýar

Hytaýda port infrastrukturasyny ösdürmek we birnäçe täze demir ýol köprülerini gurmak ýaly 187 taslama üçin serişdeler bölünip berildi. HHR-iň Ulag ministrliginiň bellemegine görä, bu Dalýanyň konteýner dolanyşygyny 12% ýokarlandyrar.  “Dalýan, Amerikanyň, Ýakyn Gündogaryň, Hindistanyň we Päkistana umman ugurlaryny işjeň ýagdaýda açar, bir ýylyň içinde bäş sany täze konteýner ýoluny goşar, şeýle hem deňiz we gury ýollary ulanyp, Hytaýyň-Ýewropanyň täze ugurlaryny döreder. Bu bolsa deňiz we demir ýol intermodal ýük daşamagy 3 göterim ýokarlandyrar, şeýle hem port ýygymlaryny gowulandyrar” – diýlip, Hytaýyň ulag ministrliginde bellenilip geçildi.

JICA Türkmenistana Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde gümrük hyzmatdaşlygyny hödürledi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda 2024-nji ýylyň 7-nji martynda Ýaponiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Gündogar we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary boýunça bölüminiň müdiri Kenji Ogasahara bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Kenji Ogasahara türkmen tarapyna Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi üçin gümrük işlerinde hyzmatdaşlygy teklip etdi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň şenbe güni habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenbaşy deňiz portunyň çäginde ýükleri gümrük taýdan resmileşdirme işleri bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Azerbaýjan bilen Gazagystanyň arasynda ýük daşamak üçin «rugsat resminamalarynyň» sany köpeldi

Soňky 3 ýylda Azerbaýjan bilen Gazagystanyň arasynda halkara ýük daşamak üçin «rugsat blankalarynyň» sany bäş esse artdy. «Trend» tarapyndan hödürlenýän habarda aýdylyşy ýaly, 6-njy martda geçirilen iki ýurduň arasyndaky Awtoulaglarda ýük daşamagyň halkara garyşyk komissiýasynyň nobatdaky mejlisinde ýurtlar 2023-nji ýylda ulagyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin goşmaça «rugsat blankalarynyň» we 2024-nji ýylda «rugsat blankalary» üçin deslapky ýeňillikleriň berilmegi boýunça ylalaşdylar.

Milli ulag kompaniýasynyň terminallary fewral aýynda 2,8 million tonna işledi

Russiýanyň Milli ulag kompaniýasy (MUK) deňiz portlarynyň üsti bilen Murmansk, Wanino, Tuapse we Nahodka şäherlerinde 3,9 million tonnadan gowrak ýük eksport etdi. MUK portlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2,8 million tonna boldy. Fewral aýynda jemi 130 müň wagonlar iberildi. Milli ulag kompaniýasy 2024-nji ýylyň fewral aýynda demir ýol üsti bilen 9,37 million tonna ýük daşaldy. Bulardan 56 göterimden gowragy (5,3 million tonna) içerki bazara degişli bolup, mineral-gurluşyk ýükleri, koks, gara metallar, magdan ýaly ýükleri öz içine alýar.

Gaz akdyryjylaryň gadamlary batly

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar. Müdirligiň gaz akdyryjylary şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň iri uglewodorod serişdelerine baý bolan Döwletabat gaz käninden gelýän tebigy gazy gaýry himiki düzümlerden arassalap, halkara hil derejesinde daşary bazara çykarmakda-da öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar. Munuň şeýledigini müdirligiň bir çeti Mary welaýatyndan başlanyp, Garagum sährasynyň üsti bilen tä Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde, taryhy Bötendag belentliginde ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasyna çenli uzaýan «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrundaky edara-kärhanalaryň islendiginde bolanyňda-da, has aýdyň duýmak bolýar. Häzirki döwürde bu zähmet köpçüliklerinde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde gaz gysyjy, gaz akdyryjy we hil gözegçiligini amala aşyrýan döwrebap desgalarda ruhubelent

Geologlaryň netijeli işleri

Täze nebitli we gazly ýataklary artdyrmagyň we olary özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini ýokarlandyrmak «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde durýan möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, gözleg işine täze tehnologiýalary we ylmy barlaglary ornaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy geologiýa-geofizika we buraw işlerini talabalaýyk geçirýär. Korporasiýanyň alyp barýan işleriniň netijesinde Türkmenistanda nebite, gaza baý bolan ýataklaryň ençemesi ýüze çykaryldy, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň, ýerasty suwlaryň ägirt uly gorlarynyň bardygy subut edildi.

Daşdan döreýän baýlyk ýa-da sement önümçiligi hakynda

Dagyň alkymyndaky kände ýaýrap ýatan iri daşlary «demir eline» dolduryp, onlarça tonna ýüki daşamaga ukyply awtoulagyň nowasyna guýýan ekskawatoryň işini synlanyňda, ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň ynsan durmuşyny näderejede ýeňilleşdirýändigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Köpetdagyň alkymyndaky dag-magdan känindäki hek daşyndan ýüküni tutan kuwwatly ulaglar depeleriň arasyndan geçýän egrem-bugram ýoly külterläp, birnäçe kilometr gaýradaky önümçilik toplumyna — Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Bäherden» sement zawodyna barýar. Şol ýerde millionlarça ýyl dagyň jümmüşinde ýatan çig mal gaýtadan işlenilip, dünýäde iň köp peýdalanylýan gurluşyk serişdesi — sement öndürilýär. Hut şeýle känler we olardaky magdanlardan sement öndürýän zawodlar ýurdumyzyň günbatarynda Uly Balkan dagynyň, gündogarynda bolsa Köýtendagyň alkymynda hereket edip, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Belent depeden ileriňdäki Köpetdagyň gerişlerini we gaýraňdaky uç-gyraksyz sährany synlap durşuňa, üsti hem, asty hem baýlyk-bereketden doly mekanda gurýan we döredýän halkymyzyň bagtyna guwanýarsyň. Taryha nazar salsaň...

Aşgabatda guralan owgan harytlarynyň sergisiniň çäginde göçme birža söwdasy geçirildi

5-nji martda paýtagtymyzda geçirilen owgan harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň göçme birža söwdasy guraldy. Birža söwdalaryna Türkmenistanyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleri, şeýle hem Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Wirjin adalarynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Şotlandiýanyň işewürleri gatnaşdylar. Söwdalara gatnaşan wekiller özleriniň gyzyklanma bildiren dürli önümlerini satyn almak ýa-da satmak barada degişli söwda geleşiklerini baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 75 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Özbegistandan, Wirjin adalaryndan, Beýik Britaniýadan, Gyrgyz Respublikasyndan, Azerbaýjandan hem-de Serbiýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, awiakerosini, yşyklandyryjy kerosini, awtobenzini, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen gurluşyk önümleri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen guradylan buýan köküniň ekstrakty satyn alyndy. Bulardan başga-da, el halylary we dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 109 million 641 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Günbatarda gymmat kakaonyň deregine önüm gözleýärler

Dünýä bazarynda kakaonyň bahasynyň rekord derejä ýetmegi sebäpli, konditer önümlerini öndürijiler ony juda az ýa-da asla ulanmazlyga çalyşýarlar. Geçen ýyl «Mars» kompaniýasynyň «Galaxy» şokoladynyň bahasyny arzanlatmazdan, agramyny 10 gram azaltmagy britaniýaly alyjylary gaty geňirgendiripdi. Emma kakao satýan telekeçiler uly möçberde şokolad öndürýän kompaniýalaryň mejbury ýagdaýda şeýle ädim ätjekdigine garaşypdylar.

Altyn gymmatyny artdyrýar

«Comex» gazna biržasynda altynyň bir unsiýasynyň bahasy 2161 amerikan dollaryna çenli gymmatlady. Degişli hünärmenler gymmatbahaly metalyň bahasynyň ýokarlanmagyny häzirki wagtda dowam edýän geosyýasy wakalar, hümmetsizlenme hem-de global gämi gatnawyndaky bökdençlikler bilen baglanyşdyrýarlar. Geosyýasy wakalar sebäpli ýüze çykýan dünýädäki durnuksyzlyk ilatyň altyna bolan islegini güýçlendirýär. ABŞ-da hem-de Ýewropa Bileleşiginde bahalaryň gymmatlamagy maýadarlaryň altyna bolan islegini has-da artdyrýar.

Bitkoin rekord derejede gymmatlady

8-nji martda bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 70 müň amerikan dollaryna golaýlady. Has dorgusy, «Binance» biržasynda bitkoiniň bahasy 0,94 göterim gymmatlap, 67 874 amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Söwdalaryň dowamynda bolsa elektron puluň nyrhy rekord derejä — 69,9 müň amerikan dollaryna ýetdi. Belläp geçsek, mundan ozalky rekord gymmatlama 2021-nji ýylyň 10-njy noýabrynda hasaba alyndy. Şonda bitkoiniň bahasy 69 müň amerikan dollary möçberinde bahalanypdy.

«Tesla» onlukdan çykdy

6-njy martda «Tesla» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 2,32 göterim pese gaçdy. Şeýlelikde, amerikaly işewür Ilon Maskyň «Teslasy» ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýalarynyň ilkinji onlugyndan çykdy. «Nasdaq» gazna biržasynyň maglumatlaryna görä, «Teslanyň» paýnamalarynyň bahasy yzygiderli 3 gün pese gaçdy. Has dogrusy, 6-njy martda kompaniýanyň her bir paýnamasynyň bahasy 176,54 amerikan dollaryna çenli arzanlady.

Ýewropa Bileleşiginiň ulag pudagynyň görkezijileri peselýär

2023-nji ýylda Ýewropanyň ýük ulaglarynyň gatnawlarynyň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, hakyky bahalarda 0,4 %, nominal bahalarda 4,1 % kemelip, 448,65 milliard ýewro ýetdi. Ýewropanyň ulag bazarynyň iň uly bölegi içerki ulaglardan ybaratdyr. Mahlasy, olaryň gymmaty 310,1 milliard ýewro ýetdi. Bu bolsa hakykat ýüzünde 0,3%, nominal taýdan 4% pesdir.

Aziýa — Ýewropa söwdasynda bileleşiklere girmeýän taraplaryň konteýner dolanyşygyndaky paýy iki esse artdy

«Alphaliner» tarapyndan hödürlenýän hasabata salgylanýan «Splash» Aziýa-Ýewropa söwdasynda işlemek bilen, bileleşikleriň hiç birine goşulmaýan konteýner kompaniýalarynyň paýynyň soňky bir ýylda iki esse artandygyny habar berdi.  «Hasabatda global kompaniýalaryň Russiýa bazaryndan çykmagy bilen boşlugy doldurmak üçin peýda bolan has kiçi konteýner daşaýjylar barada gürrüň edilýär» — diýlip, habarda beýan edilýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dürli kysymly awtobenzini, yşyklandyryş kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, el halylary, jins we boýalan tüýjümek önümler, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, buýan köküniň gury ekstrakty, arassalanan nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 109 million 641 müň dollaryndan gowrak boldy.