"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugry

Ylym-bilimiň ösýän häzirki döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň iň täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrylýar we sanly ulgam ösdürilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilmegi bilen bir hatarda, dürli pudaklarda sanly ulgam ornaşdyrylýar. Umumylykda alanyňda, sanly ulgamyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň has-da ösmegine we kuwwatlanmagyna ýardam berýär. Sebäbi sanly ulgamda ähli işler tiz ýerine ýetirilýär, maksatnamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Şunuň özi hem ösüşe tizlik berýär, üstünligiň täze ugry bolup durýar. Bularyň hemmesi bolsa öz gezeginde milli ykdysadyýetiň has-da ösdürilmegini üpjün edýär.

Täzelikler

«Saglyk» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, lebaply hususyýetçi Zerhal Narmämmedowa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň telekeçisi ― 2020» bäsleşiginiň «Ýylyň telekeçi zenany» ugry boýunça ýeňiji boldy. Ol bu ugruň baýragyny Daşoguz welaýatyndan Baýramgül Ýagmyrowa, Marydan Oguloraz Hudaýgulyýewa, Balkan welaýatyndan Baýramgül Aşyrowa we Ahal welaýatyndan Aýgözel Toýçyýewa bilen paýlaşdy. Bäsleşigiň ýeňijileri birleşmäniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanan köpugurly serginiň jemleýji gününde yglan edildi. * * *«Türkmenawtoulag» agentliginiň kärhanalarynyň arasynda geçen ýylda gazanan netijeleri boýunça «Ýylyň göreldeli kärhanasy» adyna eýe bolan «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem ýokary zähmet görkezijilerine besleýärler.

Milli ykdysadyýetiň kuwwaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda düýpli bazar özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bazar özgertmeleri diňe jemgyýetçilik önümçiligini senagatlaşdyrmaga gönükdirilmän, eýsem, milli ykdysadyýetiň ösüş ugurlarynyň sazlaşdyrylmagynyň wajyp guralyny hem esaslandyrýar. Ýurdumyzda maýa goýum çekmek mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmeklik işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda maliýe edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň, maliýe usullarynyň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna ykdysadyýetimizde maliýe serişdelerini amatly paýlamak, şeýle hem durnukly esasda uzakmöhletli maýa goýumlaryny çekmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Milli Lidermiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmek babatynda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy wezipeleriniň biri hem bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek maksady bilen paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gymmatly kagyzlar bazaryny, gazna biržasynyň işini kämilleşdirmek babatynda anyk çäreleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Gymmatly kagyzlar bazarynyň ösmegi üçin

Döwrebap usullar — önümçilige

«Bir penjiräniň» döwletli gapysy

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025 –nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek işlerini alyp barýar. Bu möhüm işiň gözbaşynda bolsa 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Halkara serginiň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üçtaraplaýyn taslama resminamasynyň baglanyşylmagy durýar.

Bagtyýarlygyň lälezar ýaýlasy

Mukaddes Garaşsyzlyk ösüşli menzillerimiziň täze belentligini kesgitläp, halky öňe sary batly gadamlar bilen alyp gitmek üçin zerur özgertmeleri amala aşyrmagyň berk daýanjy bolup, ykbalymyzyň nurly sahypasyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynyň uly-uly işler bilen başlanyp, şol depgin bilenem jemlenmegi indi adaty ýagdaýa öwrüldi. Ine, şu ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylmagy hem ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde täze üstünliklere badalga boldy. Şeýle desganyň işe girizilmeginiň ähmiýeti, onuň ykdysadyýetimiziň depginini artdyrmakdaky orny barada biz öz ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan, geljekde energetika pudagynda zähmet çekmeli ýaşlara giňden düşündirýäris. Şol gaz gysyjy desga «Malaý», «Üçajy», «Galkynyş» we «Döwletabat» gaz känlerinden alynýan tebigy gazy sorup almaga we 100 kilometr uzaklyga çenli güýçli basyş bilen akdyrmaga mümkinçilik berer. Ýylyň başynyň şeýle uly ähmiýetli waka — akyma bat berýän desganyň işe girizilmegi bilen başlanmagynyň özi geljekki ädimlerimiziň badynyň ýylsaýyn artjakdygy baradaky ynamy kalbyňa guýýar.

Belent üstünlikleriň şuglasy

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasatynyň çäklerinde halk hojalygynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Maliýe-ykdysady we beýleki maglumatlar ulgamyny döretmezden, ony netijeli işletmezden innowasion işi kämilleşdirmek mümkin däl. Düýpli ylmy işläp taýýarlamalar tapgyryndan başlap, önümleriň, hyzmatlaryň we tehnologiýalaryň önümçilik yzygiderliliginiň senagatlaşmagy netijesinde innowasion taslamalary, maglumat we seljeriş üpjünçiligini durmuşa geçirmek meseleleri aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hojalyk seljerişiň ylmy esaslaryny kämilleşdirmek we onuň gazananlaryny innowasion işi dolandyrmakda ulanmak tejribesi möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda hojalyk seljeriş usulyýetini kämilleşdirmek, iş görnüşleriniň işjeň hereket etmeginiň häzirki zaman şertlerini üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hojalyk seljeriş pudagynda nazary we amaly işläp taýýarlamalaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurlygy işjeň ykdysady işleri alyp barýan işewürleriň ösen talaplary bilen şertlendirilýär. Hojalyk seljerişi beýleki ylymlar ýaly, ilkinji nobatda, mazmun, usul, düşünjeleýin tilsimat hem-de onuň düýp esasyny, maksadyny we wezipesini kesgitleýän gurallar ýaly aýratynlykla

Rowaçlyklardan ruhlanýar il-gün

Welaýatymyzda tutumly işleriň durmuşa geçirilýän kärhanalarynyň biri hem Türkmenabadyň «Demirbetonkonstruksiýasy» kärhanasydyr. Bu ýerde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Kärhanada demirbeton önümlerini öndürmek üçin 1-nji we 2-nji gaplaýjy sehler, beton garyjy, armatura, ýeňil dolduryjy, keramiki kerpiç öndüriji sehleri, merkezleşdirilen laboratoriýa, awtoulag we mehaniki abatlaýyş hem-de elektrik sehleri, inžener-tehniki gözegçilik bölümleri hereket etmek bilen, ýygyndy demirbeton önümleri, haryt betony, keramzit we keramiki kerpiç öndürilýär. Şonuň ýaly-da häzirki wagtda bu ýerde öýjükli plitalar, binýatlar, ýol jähekleri, sütünler, guýy gapaklary, diwar panelleri, turbalar we şuňa meňzeş gurluşyk önümleri öndürilýär. Kuwwatly kärhanada diňe bir demirbeton önümleri öndürilmän, eýsem, kärhana tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işleri hem alnyp barylýar. Kärhananyň işgärleri tarapyndan häzirki wagtda Türkmenabat, Magdanly we Baýramaly şäherlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň we täze edara binasynyň hem-de hojalyk bölüminiň gurluşyk-gurnama işleri dowam etdirilýär.

Deňiz ýakasy we iri taslamalar

Mähriban Watanymyz ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Görlüp-eşidilmedik özgerişlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Halkara abraýy barha belende göterilýär. Bularyň bary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp peşgeşidir. Ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna barýan halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny-da öňegidişliklere besleýär. Ýylyň ilkinji iki aýynyň depginleri, ähli babatlardaky ýokary görkezijiler şeýle diýmäge doly esas berýär. Biziň islendik ugurda gazananlarymyz ýurt Garaşsyzlygymyz bilen baglanyşyklydyr. Gojaman Hazaryň ýakasyny bütinleý özgertmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy bilen amala aşyryldy. Deňiz kenarynyň özgermegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan başlandy. Uzak bolmadyk döwür içinde ozal tozap ýatan meýdanda häzirki zaman dynç alyş, şypahana merkezi kemala geldi. Belent-belent ymaratlar: myhmanhanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, boý alýan tokaý zolaklary, gyrasy jäheklenen, iki tarapy gök öwsüp oturan bagly giň, göni köçeler gözelligi bilen göreni haýran edýär. Kottej toplumlary, medeni-durmuş ojaklary, «Awaza» şypahanasy, akwapark, sport desgalary... ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Syýahatçylyk zolagynyň ortasyndan geçýän Awaza derýasy

Goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalanýar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen mähriban Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar. Dünýä döwletleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagy, halklaryň dostana gatnaşyklarynyň berkemegi ugrunda ýurdumyzda köp işler bitirilýär. Şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň welaýatymyzda iş saparynda bolup, Akina ― Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle hem Ymamnazar ― Akina hem-de Serhetabat ― Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamlarynyň işe girizilmegine ak pata bermegi munuň aýdyň güwäsi boldy. Bu taryhy ähmiýetli wakalar türkmen we owgan halklarynyň gatnaşyklaryna täze bir sahypany ýazdy. Şol bir wagtyň özünde-de döwletimiziň halkara mertebesini has-da ýokarlandyrdy. Goňşusyna hemaýat etmek, goldamak halkymyzyň beýik ynsanperwerligini äşgär edýär. Halkymyz goňşusynda öz ýüzüni görýär. Dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň ilhalar başlangyçlary bilen amala aşyrylýan iri taslamalaryň birnäçesi owgan topragynda parahatçylygyň berkarar bolmagyna, ösüşleriň ýoluna düşmegine gönükdirilýär. Ählumumy howpsuzlyk, birek-birek bilen ylalaşykly ýaşap, ösüşlere getirýän hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän gatnaşykla

Maýa goýumlar — ösüşiň möhüm şerti

Milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryň işjeň çekilmegi we maýa goýumlaryň höweslendirilmegi hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagyna, daşary söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, senagatlaşmanyň depgininiň güýçlenmegine, durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşmegini nazarlaýan bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegine hem-de ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, köpugurly özgertmeleri amala aşyrmagyň ykdysadyýetiň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyryşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçilmeginiň barşynda maýa goýumlaryna möhüm orun degişli edildi. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasaty erkin bazar ykdysady gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ileri tutmak, halk hojalyk toplumyny düzümleýin özgertmek, halkara söwda, ylmy-tehniki we durmuş-ykdysady aragatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan innowasion usullar toplumyny berkitmek üçin milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny çekmek işiniň barha artmag

Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň binýadynda ýurdumyzda kuwwatly bazar ykdysadyýeti kemala getirilýär, uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikler berýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryny uly ruhubelentlikde toýlar. Milli Liderimiz golaýda Aşgabat şäher häkimliginde ýurdumyzyň gözel paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri babatynda maslahat geçirdi. Onda şäheri gurmagyň degişli inženerçilik, ýol-gurluşyk, täze binalardyr desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny hem-de olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyny öz içine alýan täze döwrebap taslamalar bilen tanyşdy. Täze görkezilen taslamalaryň arasynda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde peýda boljak «Aşgabat-siti» şähergurluşyk taslamasy has-da özüneçekijidir. Ýurdumyzyň paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplu

Önümçiligiň batly gadamlary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda, uly tutumlaryň, dabaraly toýlaryň ýyly hökmünde 2021-nji ýyl täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Çünki bu ajaýyp ýylda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy uludan tutular. Şeýle hem, bu ýylda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Prezidentimiziň sungat eseri bolan ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýy toýlanar. Toýlary toýa ulaşýan ülkämizde halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, bedew batly ösüşlere beslenýän dokma pudagy hem bagtyýarlyk döwrümizde uludan tutulýan toýdur baýramlara sowgatly barýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlan we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan dokma toplumlarynda öndürilýän nah-mata we taýýar önümler diňe ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde iň islegli harytlara öwrüldi. Gysga döwürde ýokary hili, amatly bahasy hem-de gözegelüwli biçüwi bilen müşderileriň islegli harytlaryna öwrülen «Gala», «Nusaý», «Bedew» ýaly ýerli brendler döredi. Indi «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlara dünýäniň çar künjeginde isleg örän ýokary. Ekologik taýdan arassa türkmen pagtasyndan öndürilen taýýar önümleriň ýorgan-düşek daşlyklarynyň, dürli çalgyçlaryň, çagalar, ulula

Sanly ulgam — sansyz mümkinçiliklere ýol

Ösüşleriň ak ýoluny nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz ýurdumyzda, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna durmuşymyzda gündelik zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza sanly özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Sanly durmuşa gadam goýanymyzdan soň, kän zatlar babatda gymmatly wagtymyz tygşytlanyldy. Şunuň bilen birlikde, maglumat alyş-çalşygynyň tizligi artdy, zähmet öndürijiligi ýokarlandy. Sanly ulgama geçmek işleri Ýaragly Güýçlerimizde-de giň gerime eýe boldy. Ýurdumyzyň harby ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy uly göwrümli maglumatlar bilen işlemegiň aňsatlaşmagyna, işleriň awtomatlaşdyrylmagyna, wezipeleriň tiz ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda elektron resminamalaryna alyş-çalşy girizmek we Türkmenistanyň Goranmak ministrl

Bank hyzmatlarynyň giň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirilýär, ilata hödürlenýän bank hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bank ulgamynda ilat üçin ýokary amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy raýatlar üçin bähbitlidir. Çünki nagt däl hasaplaşyklar raýatlaryň pulunyň goraglylygyny, wagtynyň tygşytlanmagyny üpjün edip, ýeňillikli töleg geçirimlerini, karz almak we goýum goýmak bilen baglanyşykly amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda satyn alnan harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde geçirmek giň gerime eýe boldy. Karz edaralary tarapyndan hasaplaşyk töleglerini amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Muňa mysal edip gaz, elektrik togy, suw, zir-zibilleri ýygnamak ýaly durmuş hyzmatlary, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy üçin tölegleri, awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak, orta we ýokary okuw mekdepleriniň tölegini tölemek ýaly tölegleri görkezmek bolar. R

Sanly dolandyryş — ösüşiň täze ugry

19-njy martda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny çalt depginde sanly ulgama geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, «Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň işini kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimliklerinde «Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy» bölümi döredildi. Döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, «Elektron hökümet» ulgamyny işjeň ornaşdyrmak döwleti we jemgyýeti ösdürmäge gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy şertidir.

Eziz Watanymyz ösüşlere beslenýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda gazanylýan üstünlikler, ösüşler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan beýik işler eziz Diýarymyzyň abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýar. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugry bolmak bilen, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň dünýäde deňhukukly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary üçin açykdygyny, ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Munuň özi halklary dostlaşdyrýar, dünýäde parahatçylygyň has-da pugtalanmagyna ýardam edýär. Şunda baky Bitaraplygymyzyň aýratyn ornunyň bardygyny hem bellemelidiris. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly üstünliklere beslendi. Türkmenistan öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessuryna hormat bilen garamak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, özara düşünişmek ýaly binýatlyk ölçeglerine turuwbaşdan ygrarly bolup gelýär. Elbetde, baky Bitaraplygymyzyň bu ýör

Pudak ösüş ýolunda

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär we durnukly ösüş üpjün edilýär. Berkarar döwletimiziň ähli pudaklary, şonuň bilen bir hatarda, deňiz we derýa ulgamy hem gülläp ösýär. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti  ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimiziň we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen, 4-6 sany gämini gurmaga niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýerde ýylda 2 müň tonna polat işlemek arkaly ortaça 20-30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, firmalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlar we mehanizmler, zerur bolan awtomobil ulaglary we ýük ýükleýji enjamlar ornaşdyrylan zawodyň dolandyrma ulgamynda gämi dizaýny, taslama dol

Sanly ykdysadyýet: ösüşiň möhüm innowasion ugry

Pul hakda täsin maglumatlar

■ Banknotlar bilen jinsiniň arasynda nähili umumy tapawudyň bardygyny bilýärsiňizmi? «Kagyz pul» diýilse-de, ol kagyzdan däl-de, edil jinsi ýaly pagtadan ýasalýar. Munuň üçin pagtadan uzak wagtlyk ulanyşa durnukly ýörite material taýýarlanylýar. ■ Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň şaýy puluna «kopeýka» diýilýär. «Kopeýka» sözi Iwan IV Groznynyň döwründe döreýär. Şol wagtlar knýazyň eli naýzaly keşbi şekillendirilen kümüş şaýylyklar zikgelenýän eken. Şondan bäri hem halkyň arasynda «kopeýka» sözi ýörgünli bolup galypdyr.