"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Durnukly ösüşiň ygtybarly esaslary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatly binýadynyň döredilen döwrüdir. Şu ýyllarda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmak babatda düýpli işler alnyp baryldy. Innowasion ösüş diňe bir senagaty däl, eýsem, agrosenagat toplumyny, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny, gurluşygy, söwda we beýleki hyzmat pudaklaryny gurşap aldy. Häzirki wagtda innowasion ösüşiň täze tapgyry — sanly ykdysadyýete geçmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Nebitgaz toplumynda uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, tebigy gazyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda düýpli işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyklary hem bu ugurda ýola goýlan tutumly işleriň dowamydyr.

Önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda

Ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün edýän esasy pudaklaryň arasynda nebitgaz pudagy aýratyn orun eýeleýär. «Garaşsyz Türkmenistan nebitiň, gazyň ummasyz gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt hökmünde bellidir. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň abadan, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirýäris. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda güneşli ülkämiziň ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işi üstünlikli amala aşyrylýar. Mähriban Prezidentimiz nebitgazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini ýaýbaňlandyrmagy, ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmagy, täze meýdançalary açmagy bu ulgamyň öňünde wezipe edip goýýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» esasy ýol görkeziji bolup durýar. Gözleg we ulanyş guýularyny burawlamak, nebiti, tebigy gazy we gaz kondensatyny çykarmak, nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen meşgullanýan önümçilik kärhanalarynyň birnäçesini özünde

Belent sepgitlere ýetilýär

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilip geçiljek şu ýylda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary netijeli işlemegini dowam edýärler. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda hem guwandyryjy netijeler gazanyldy. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem jikme-jik gürrüň edildi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3, söwdada 15,1, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Durnukly depgin rowaçlanýar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri üstünlikli amala aşyrylýan düýpli ykdysady özgertmeleriň zamanasy boldy. Arkadag Prezidentimiziň badalga beren düýpli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün edip, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Halk hojalygygymyzyň dürli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige uly üns berilýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 110-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awtobenzini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Sanly ykdysadyýetiň esasy

Häzirki wagtda bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaýyn binýat pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem sanly bilimi ösdürmekde tutumly işler amala aşyrylýar.

Ösüşiň batly gadamlary

Işler talabalaýyk ýola goýulmalydyr

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi 10-njy fewralda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzlary hödürleýär. * Karzyň möçberi — 30 000 (otuz müň) manada çenli.

Milli ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň anyk wezipeleri

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Belent sepgitlere ruhlandyrýar

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 8-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garamak we olaryň işini kämilleşdirmek bilen bagly iş maslahatyny geçirdi. Onda syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna işlerini döwrüň talabyna görä, yzygiderli kämilleşdirip durmak hem-de öz jemgyýetdäki ornuny yzygiderli ýokarlandyrmak tabşyryldy. Şu maksatlar bilen täze tehnologiýalary, maglumatlary ýaýratmagyň ulgamlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini giňden peýdalanyp, düşündiriş-wagyz işlerini güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy senagat taýdan ösen ýurda öwürmek ugrunda alyp barýan parasatly syýasaty özüniň oňyn netijelerini dünýä äşgär edýär. Tutuş ýurdumyz bilen birlikde bedew batly ösüş-özgerişlere eýe bolýan Balkan welaýaty howa we tebigy aýratynlyklary, ulag-geografik ýerleşişi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baý we köpugurly ýataklary, olary senagat taýdan özleşdirmäge bolan amatlyklary, şypahana dynç alşyny ösdürmegiň giň mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, welaýaty

Ösen ykdysadyýet — kuwwatly döwletiň binýady

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynda maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylabow, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýew, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedow, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy J.Jumagylyjow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Arabow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Täçmuhammedow, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Belent sepgitleri nazarlaýan pudak

Dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna we goldawyna eýe bolýan döwletli tutumlaryň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde, geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän berkarar Watanymyz sebitiň örän möhüm ulag merkezine, iri halkara logistika çatrygyna öwrülýär. Arkadag Prezidentimiz milli ulag-aragatnaşyk düzüminiň gerimini giňeltmegi, dünýäniň kämil, döwrebap tehnikalarynyň we tehnologiýalarynyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagy möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi.Ş

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Parasatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we olary yzygiderli ösdürmek hem-de kämilleşdirmek arkaly giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bu ugurda kabul edilen Konsepsiýalarda we maksatnamada hem milli ykdysadyýetimize sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň, maksady, wezipeleri we olary amala aşyrmagyň ugurlary, şeýle-de ösen maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň häzirki ýagdaýy aýdyň beýan edilýär. Döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, edara-kärhanalaryny we guramalaryny sanlylaşdyrmagyň baş maksady täze döwrebap sanly innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly sanlylaşdyrylmagy gazanmakdan, obalary we şäherleri sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binýadynda hem sanly ulgamy ösdürmek babatynda täze döwrebap ugurlaryň birnäçesi açyldy. Olar «Sanly ykdysadyýet», «Sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy», «Ykdysady kibernetika» hem-de «Söwda we logistikada sanly tehnologiýalar» ýaly ugurlardyr. Ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy hem-de geljekde öz işlerine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Institutymyzyň çäginde sanly bilim

Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Şeýle-de bu Maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ulag ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklarynda ulag boýunça hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Öňde aýdyň wezipeler

Türkmenistan ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar, tebigy baýlyklaryny diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda nebitgaz toplumyny döwrebap ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde onuň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak bilen bagly giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Elbetde, bu işleriň rowaçlanmagy pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine-de baglydyr. Hormatly Prezidentimiz 2-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek bilen bagly birnäçe wezipeleri öňde goýdy. Nebitgaz toplumyna önümçiligi dolandyrmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy pudagy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem topluma degişli kärhanalar gurlanda, işgärleri tejribe we okuw-usulyýet taýdan taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti uludyr.

Bank ulgamyndaky ösüşler

Durnukly ösüşiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda guwandyryjy işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy babatda bimöçber aladalar edilip, bu wezipeler döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça strategik başlangyçlary Türkmenistanyň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmaga, olary taýýar önüme öwürmek boýunça sazlaşykly senagat ulgamyny kemala getirmäge esaslanýar. Şol maksat bilen ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň işine iri maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, hususy telekeçiler we daşary ýurtly maýadarlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine ýetilýär.