"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ykdysady ösüşiň esasy ugry

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şu ýyl üçin Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli ugurda döwlet ähmiýetli birnäçe maksatnamalary tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ugurda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak işi hem üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysady ösüşiň esasy ugry bolan sanly ulgamyň ýurdumyzda önümçilige giňden ornaşdyrylmagy halk hojalygynyň pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda degişli ugurda alnyp barylýan özgertmeler milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýär.

Özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň buý­sanç­ly ga­dam­la­ry

Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­myz ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak aja­ýyp gym­mat­lyk­dyr. Döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne gö­te­ri­len bu be­ýik gym­mat­ly­gy mi­ze­mez­li­giň, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň we bag­ty­ýar­ly­gy­nyň göz­ba­şy­dyr. Hal­ky­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gyn­da ― mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň er­kin, pa­ra­hat, aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­mak ba­ra­da­ky süý­ji ar­zuw­la­ry, be­lent mak­sat­la­ry, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly taryhy, şu gü­ni hem-de be­ýik gel­je­gi jem­le­nen­dir. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň yg­lan edi­le­ni­ne şu ýyl te­ge­lek 30 ýyl bol­ýar. Bu ta­ryh üçin on­çak­ly uzak bol­ma­dyk möh­let bol­sa-da, türk­men hal­ky üçin ägirt uly öz­ge­riş­likle­riň, öz­gert­me­le­riň, röw­şen gel­je­gi gur­ma­ga gö­nük­di­ri­len aja­ýyp baş­lan­gyç­la­ryň, ag­zy­bir hal­kyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň gül­läp ösen döw­rü­dir. Ge­çen bu gys­ga döw­rüň için­de ýur­du­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bol­sa sa­nar­dan kän­dir. Häzirki bagtyýarlyk döwrü­mizde türk­men döw­le­ti­niň şan-şöh­ra­ty dün­ýä ýa­ýy­lyp,

Ar­ka­dag gur­dur­dy kuw­wat­ly des­ga

Şu ýy­lyň 15-nji ýan­wa­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Ma­laý» gaz kä­nin­de bo­lup, bu ýer­de gur­lan gaz gy­sy­jy des­ga­nyň işi­ne ak pa­ta ber­di. Bu ta­ry­hy wa­ka my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra gat­naş­mak ma­ňa-da mi­ýes­ser et­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da tä­ze gu­rul­ýan des­ga­lar­da eko­lo­gik howp­suz­ly­gyň ta­lap­la­ry­nyň berk ber­jaý edil­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Kuw­wat­ly des­ga­nyň bu ba­bat­da­ky ka­da­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da des­ga­da zäh­met çek­ýän­ler üçin amat­ly iş we dur­muş şert­le­ri­niň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ýa­kym­ly­dyr. Kuw­wat­ly des­ga­nyň kä­mil komp­ýu­ter­le­riň we aw­to­ma­ti­ki en­jam­la­ryň üs­ti bi­len do­lan­dy­ryl­ma­gy bol­sa iş­le­mek üçin goş­ma­ça amat­ly­lyk­la­ry dö­red­ýär. Te­bi­gy gaz ýur­du­my­zyň uly baý­ly­gy bo­lup, ol ösüş­le­re, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ila­tyň ýa­şaý­şy­ny aba­dan­çy­ly­ga bes­le­mä­ge hyz­mat ed­ýär. Ma­laý­dan türk­men ga­zy­nyň alys­da­ky Hy­taý döw­le­ti­ne bök­den

Maksadalaýyk işler ýola goýulýar

«Ker­ki-500» — döw­re­bap elekt­rik bekedi

Şu ýy­lyň ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aki­na — And­hoý men­zil­le­ri­niň ara­syn­da­ky 30 ki­lo­metr­lik de­mir ýo­luň, Ker­ki — Şi­bir­gan ug­ry bo­ýun­ça güý­je­nme­si 500 ki­lo­wolt bo­lan 153 ki­lo­metr­lik elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň, şeý­le hem Ymam­na­zar — Aki­na hem-de Ser­heta­bat — Tur­gun­dy op­ti­ki-sü­ýüm­li hal­ka­ra ul­ga­myň açy­ly­şy­na ak pa­ta ber­di. Şeý­le des­ga­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi Ow­ga­nys­ta­nyň se­na­gat we dur­muş-üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gi­ne, ýur­duň yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi be­rer. Ýur­du­myz­da elekt­rik to­gu­ny art­dyr­mak ba­ra­da uly we­zi­pe­ler öň­de go­ýul­ýar we ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ba­bat­da goň­şy Ow­ga­nys­tan döw­le­ti­ne ibe­ril­ýän kö­mek — elekt­rik to­gy uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Öň ow­gan hal­ky­na 110 ki­lo­wolt­lyk ge­çi­ri­ji ar­ka­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy ibe­ril­ýär­di. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze ul­ga­myň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len kuw­wat­ly­ly­gy ba­bat­da se­bit­de ýe­ke-täk ha­sap­la­nyl­ýan «Ker­ki-500» elekt­rik be­ke­di Ow­ga­nys­ta­na 220 ki­lo­wolt­lyk elekt

Depginli ösüşler we döwrebap çözgütler

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategik wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşi üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralandyrylyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän ýylynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ygtybarly maliýe-bank ulgamyny döretmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi netijesinde Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem öz işjeňligini «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiý

Milli ykdysadyýetde täze strategiýa

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň jemlerine hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa» hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de innowasion ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen çäreler häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän maliýe çökgünliginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almakda oňyn netijeleri berdi. Şu ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine görä, jemi içerki önümiň 5,9 göterim artandygy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. BAE-den, Şotlandiýadan, Owganystandan, Singapurdan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 belgili awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy hem-de tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümlerini, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 110 million 672 müň dollaryndan gowrak boldy.

Toýa ýaraýan ak pagta

«Pylanam toýuny çaltlaşdyrypdyr, pagtasyn-a geçirip gaýdypdyrlar» diýen süýji habar köplere tanyşdyr. Iki tarap ylalaşyp, sähet bellenensoň, Lebap sebitlerindäki toý hysyrdylary gyz tarapyndan tikiljek ýorgandyr düşekçeler üçin bir top pamyk eltip gaýtmakdan başlanýar. Ony guda ýere öýlenjek ýigidiň dostlarynyň ýa jigileriniň biri eltip gaýdar. Baý, özem ýeňil gopýandyr-ow şol ýigdekçe. Ýakynda dosty (ýa agasy) öýlenjek ýigit-dä! Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki pagta arassalaýjy kärhanada bolanymda, şol süýji duýgular ýene bir ýola serime doldy. Asyl, biz obamyzda atlandyrylyşy ýaly, «toý pagtalarynyň» taýýarlanylýan ýerine gelen ekenig-ä! Kärhananyň, takmynan, 100 metre dagy uzaýan iş zynjyrynyň bir çetinden girýän pagtalar beýleki çetine «toý pagtasy» bolup çykyp dur. Aňyrsy 10 — 15 minutdan hem bir top (200 — 225 kilogram çemesi) pagta taýýar.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzyň ýataklaryndan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri netijeli zähmet çekýärler. Olar burawlanan hem-de burawlaýyş işleri dowam edýän guýularda Ýeriň geofiziki gatlaklaryny anyk öwrenmek, takyklanan önümli çuňluklarda zerur bolan halatynda partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly möhüm işleri ýerine ýetirýärler. Her biri anyk kesgitlemeleri talap edýän bu derwaýys işlerde müdirligiň Balkanabatdaky barlamhanalaryndan, Arkadag Prezidentimiziň hemaýat-goldawy esasynda daşary ýurtlardan satyn alnyp, iň kämil awtoulaglarda ýerleşdirilen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Nebitgaz toplumynyň häzirki zaman enjamlarydyr tehnologiýalary bilen ýeterlik derejede üpjün edilen müdirligiň ekspedisiýalarynda we ýörite gulluklarynda bitirilýän işler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Kärhanada oňat görkezijilere eýe bolunýar. Şu ýylyň geçen döwründe kärhananyň önümçilik düzümleri boýunça jemi 7 million manatlyga golaý işler özleşdirilip, meýilnama 122 göterim ýerine ýetirildi.

Nagt däl hasaplaşyklaryň döwrebap mümkinçilikleri

Bank ulgamyny döwrebap ösdürmekde aýratyn orunlaryň biri nagt däl hasaplaşyklara degişlidir. Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boyunça ençeme işler geçirilýär. Ýurdumyzyň karz edaralary ylmyň iň soňky gazanan üstünliklerini we döwrebap usullaryny peýdalanyp, raýatlarymyza bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan nagt däl hasaplaşyklaryň giň mimkinçiliklerini hödürleýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň köpeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär.

Ilatyň saçagyna — ter önümler

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere ýol salýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barha rowaçlanýar. Ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ýerli çig malyň esasynda işleýän önümçilikleri köpeltmek ýaly ugurlaryň ösüşi döwrüň talaplary bilen sazlaşýar. Etrabymyzyň obasenagat düzümi has kämilleşdi, döwrebap önüm öndürýän kärhanalaryň hasabyna olaryň üsti ýetirilýär. Şolaryň birisi «Parahat» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ýokary hilli guş etiniň 500 tonnasyny we 2,5 million sany ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumydyr. Häzirki wagtda onuň önümleri tutuş welaýatymyzyň ilatyna ýetirilýär. Häzirki wagtda etrabymyzyň çäginde hususy daýhan we ýyladyşhana hojalyklarynyň onlarçasynda gök, bag-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär. «Azatlyk», «Parahat», «Jeýhun», «Dostluk» daýhan birleşiklerinden telekeçilere bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde döredilen 60 tonnadan başlap 2000 tonna çenli önüm ýetişdirmäge niýetlenilen ýyladyşhanalar görenleri guwandyrýar. Olaryň pomidordyr hyýar ýaly önümleri ilatyň saçaklaryna gyşyn-ýazyn

Sanly ulgamyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ýakyn geljegiň bu ugurdaky anyk wezipelerini kesgitledi. Ýeri gelende bellesek, ilatyň sanly aragatnaşyk ulgamynyň Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanylan «Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda» Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralar hem-de degişli beýleki döwlet edaralary tarapyndan möhüm işler durmuşa geçirilýär.

Bedew batly beýik işler

2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Kämil kanunçylyk esasy — dogry netije

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şeýle resminamalaryň biri hem «Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky» Karardyr. Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnama üç ýyl möhlete berilýär. Bu möhlet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda azaldylyp bilner, ýöne ol bir ýyldan az bolmaly däldir.

Ykdysadyýetiň rowaç ugry

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde iň täze we döwrebap tehnologiýalara esaslanylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Şeýle hem şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyny aýratyn bellemegimiz gerek. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamy kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle döwrebap işleriň netijesinde türkmen halky gündelik durmuşda, okuwda we işde, her ädimde häzirki zaman tehnologiýalarynyň giň mümkinçiliklerinden hem-de artykmaçlyklaryndan doly peýdalanýarlar. Bu ugurda alnyp barylýan tapgyrlaýyn özgertmeler ýurdumyzda uzak möhletleýin we köptaraplaýyn ykdysady ösüşi gazanmaga, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artdyrylmagyna, düýp

Önüm­ler­de iş­çi yh­la­sy bar

Dok­ma se­na­ga­ty ýur­du­my­zyň se­na­gat top­lu­my­nyň wa­jyp pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da döw­re­bap en­jam­laş­dy­ry­lan, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry özün­de jem­le­ýän kär­ha­na­la­ryň birnäçesi we­la­ýat­la­ryň çäk­le­rin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şo­la­ryň bi­ri hem Türk­me­na­bat­da ýer­leş­ýän pa­myk eg­ri­ji fab­rik­dir. Dok­ma se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­nyň gi­den bir ha­ta­ry bu gün­ki gün we­la­ýa­tyň yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri­ne uly go­şant goş­ýar. Pu­dak­da­ky hä­zir­ki ösüş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da we­la­ýat­la­ryň äh­li­si­ni gy­ra­deň ös­dür­mek ba­ba­tyn­da ama­la aşy­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň ro­waç­ly­gy bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bo­lup dur­ýar. Bäs­le­şi­ge ukyp­ly döw­re­bap önüm­çi­lik dü­zü­mi­niň eme­le gel­me­giniň ne­ti­je­sin­de dok­ma önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi soň­ky ýyl­lar­da on­lar­ça es­se art­dy. Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­re dün­ýä ba­zar­la­ryn­da hem uly is­leg bil­dir­ýär­ler.

Sanly ulgamyň kanuny esaslary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek we ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň martyndan elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly amal edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýändigi görkezilýär. Şeýle hem elektron söwda, satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklary

Telekeçiligiň bähbitli ýoly

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat we Mary etrap komitetleriniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Meniň telekeçilikdäki ilkinji ädimlerim” atly bu duşuşyk “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň “Datly şerbeti” hususy kärhanasynyň mejlisler jaýynda guraldy. Bu çärä TSTP-niň welaýat we Mary etrap komitetleriniň işgärleri, işjeň agzalary, telekeçiler gatnaşdylar. Bu wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Myratgeldi Annaöwezow, TSTP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Röwşen Geldimyradow, “Datly şerbet” hususy kärhanasynyň işçisi Şatäç Nurberdiýewa çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde badalga berilýän işler barada durup geçdiler. Telekeçileriň haryt bolçulygyny döretmekde bitirýän işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem bu duşuşykda çykyş edenler ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde alnyp barylýan işler dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, giňişleýin gürrüň etdiler. Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda alyp barýan bähbitli işleri üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

Hasabatlylyk — sanly bilimiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň we gazanylýan durmuş-ykdysady görkezijileriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet kadalaşdyrylyşynyň we döwlet dolandyrylyşynyň ýörelgeleri durandyr. Jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň paýynyň barha artmagy ýurdumyzyň innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt ösýän döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bu ösüş-özgertmeler bolsa, ykdysady bilimleriň kämilleşdirilmegi baradaky wezipeleri öňe çykarýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda beýan edişi ýaly, ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, onda ylym-bilimiň döwrebap ösüşi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir. Barha ösýän şertler ykdysadyýeti döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek wezipelerini öňde goýýar. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeler ähli pudaklara, ulgamlara işjeň ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyk