"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Milli ykdysadyýetiň möhüm ugry

Energiýa-ýangyç serişdelerine, esasan hem, tebigy gaza baý bolan Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini täze bazarlara çykarmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Bu ulgamda işleri ilerletmek we durnukly ösüşi gazanmak möhüm wezipeleriň biridir. Ýurdumyz öz «mawy ýangyjynyň» gorlaryny agtarmak, olary senagat taýdan özleşdirmek, dürli harytlary öndürmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen tebigy gazy dürli ugurlar boýunça ugratmak meselesine aýratyn üns berýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginlerini has-da ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýäniň gaz bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzyň tutuş çägi, şol sanda Hazaryň deňiz ýalpaklygy häzirki wagtda ýangyç serişdeleriniň täze ýataklaryny gözlemek nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma eýe bolýar. Ýer astynyň çuň geologiýa gurluşyny geofiziki taýdan barlamagyň möçberlerini artdyrmak, geljegi uly nebit we gaz düzümlerini ýüze çykarmak, olary çuňňur gözleg-barlag burawlamak işine taýýarlamak we soňra nebiti

Sanly elektron tölegler ulgamy

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizi köpugurly ýol bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap ösen bazar ykdysady şertlerinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň önümi bolan sanly bank hyzmatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy her bir raýatyň maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagyna itergi berýär. Bu ugurda ýaşlara aýratyn ünsüň berilmegi, ilki bilen, dünýä bazarynyň döwrebap talaplaryna laýyklykda, olara ykdysady bilimleriniň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli ýetirmek mümkinçiliginiň bardygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şonda, ýaşlaryň ykdysady bilimleri öwrenmäge we maglumatlary çalt kabul etmäge bolan ukybynyň öňe çykýandygy guwandyryjy ýagdaý bolup, olaryň alan bilimlerini geljekde uzak möhletli tejribede peýdalanmaga mümkinçiligi artdyrýar.

Netijeli ulgamyň giň mümkinçilikleri

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Sebäbi munuň özi döwrebap ösüşleri, tizligi üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary netijelere eýediginden habar berýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ösüşiň täze mümkinçiliklerini döredýär. Bu ilkinji nobatda döwrebaplyk bolup, işleriň tiz durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda dürli pudaklar sanly ulgama geçirilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda elektron senagaty, elektron tehnikalaryň önümçiligi ýola goýulýar. Bu hem sanly ulgamy döwrebap ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek: ýylyň gazananlary hem-de geljek ýyl üçin wezipeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek üçin sanly ulgama geçirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Ösüşleriň aýdyň ýolunda

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýän kuwwatly senagat döwleti hökmünde dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we halk hojalygynyň pudaklaryna döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn esasda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Öz nobatynda döwrüň talabyndan ugur alnyp Diýarymyzda şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge we häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» esasynda halk hojalygyny sanlylaşdyrmak işi tapgyrlaýyn üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda degişli ugurlarda ýetilen sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär.