"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Arkadagyň ak ýoly: Döwlet adam üçindir!

4-nji fewralda döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýokary ösüş depginini saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, umuman, ýubileý ýylynda döwletiň maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmaga degişli meselelere garaldy.

Ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Diýarymyzda geçirilýän giň gerimli ykdysady özgertmeler halk hojalygyny doly sanlylaşdyrmaga we ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilýär. Munuň özi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga we ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek babatda kadalaşdyryjy hukuk namalar kabul edilýär we maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Diýarymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli täze senagat kärhanalaryny gurmak, telekeçiligi we ätiýaçlandyryşy ösdürmek ýaly düýpli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ykdysadyýeti ösdürmek işiniň halkara ülňülerine laýyklykda alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Belent binalaryň artýar hatary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň diňe bir başyny başlaman, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň — geljekki desgalaryň inžener-tehniki taýdan üpjünçiliginden we bezeginden başlap, ulanylmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlaryny hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Milli Liderimiz paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça iş saparlarynyň barşynda esasy gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşýar. Hut şonuň üçin-de, döwlet Baştutanymyz hiç bir zady ünsden düşürmän, gurluşyk işleriniň ähli meselelerine berk üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň desgalaryň aýratynlygyna, ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli oýlanyşykly teklipleri taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ugur görkeziji çelgä öwrülýär.

Gurluşyk we senagat toplumynyň işini kämilleşdirmek möhüm döwlet wezipesidir

4-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatda ýokary ösüş depginini saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, umuman, ýubileý ýylynda döwletiň maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmaga degişli meselelere serediljekdigini belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, bu toplumyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Bu ugurda gazanylýan netijeler we pudaklaryň sazlaşykly ösüşi halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň kepilini üpjün edýär. Döwletimiz bu pudaklaryň ösüşine möhüm üns berýär we oňa ägirt uly maliýe serişdelerini gönükdirýär. Şeýle hem döwrebap kärhanalar gurulýar we öňdebaryjy tehnikalar satyn alynýar. Milli Liderimiz amala aşyrylýan giň möçberli çärelere garamazdan, bu ulgamda käbir kemçiliklere ýol berilýändigini we onuň ähli mümkinçilikleriniň doly herekete girizilmeýändigini belledi.

Elektron neşirleri wagtyňyzy tygşytlar

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek, onuň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak boýunça beren görkezmelerine laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «türkmenmetbugat.gov.tm» saýty açyldy. Açylmagyna köp wagt geçmändigine garamazdan, bu saýta onlaýn-abuna ýazylýan ildeşlerimiziň sany gün-günden artýar. Elbetde, bu ýagdaý halkymyzyň internet sowatlylygynyň, habardyr maglumata bolan isleginiň, okamak endiginiň kämilleşýändiginiň nyşanydyr. «Türkmenmetbugat» internet neşiri bilen gysgaça tanyşdyrsak, «türkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy, ýagny, elektron neşiri üç dilde hereket edýär. «Türkmenmetbugat» internet neşirinde birbada 30-a golaý gazet-žurnaly onlaýn usulynda okap bolýar. Gazet-žurnallaryň elektron abunaçysy bolmak isleýänler kompýuteriň üsti bilen ýa-da «Play Market» we «App Store» internet dükanlaryndan «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyny telefonlaryna, planşetlerine ýüklemek bilen ýazylyp bilerler.

Energetika diplomatiýasynyň ösüş ugurlary

Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde sebit we bütindünýä ähmiýetli energetika ulgamyndaky taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Bitarap Watanymyz dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. Döwrüň derwaýys meseleleri boýunça döwlet Baştutanymyzyň oňyn başlangyçlary we teklipleri sebitleýin hem-de ählumumy derejede özara bähbitli gatnaşyklaryň amatly mehanizmleriniň işlenip taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çemeleşmegi aýratyn bellärliklidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nebitgaz toplumynda gaýragoýulmasyz wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen ulgamlaýyn çäreleriň hatarynda ýurdumyz üstaşyr magistral turba geçirijilerini döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi we oňa gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Tebigy gazyň eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagy döwletiň ykdysady kuwwatynyň esasy düzüm bölekleriniň biri bolup durýar. Mälim b

Nebitgaz toplumynyň netijeliligi ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyny üpjün eder

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ilki bilen Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa söz berildi. Konserniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak boýunça özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Işleri talabalaýyk ýola goýmak möhümdir

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi 2-nji fewralda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Dost-doganlyga daýanýan beýik başlangyçlar

­Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty esasynda dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary arkaly goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy. Iň ýakyn goňşymyz bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklarymyza esaslanýan täze desgalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bir günüň dowamynda birbada dört sany desganyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwary türkmen-owgan dostlugynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ýene bir sene boldy. Şol gün Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanandygy mynasybetli dabara mähriban Arkadagymyz bilen goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşyp, onlaýn arkaly bu şanly gün mynasybetli birek-biregi gadyrly gutla

Nebitgaz pudagynyň möhüm wezipeleri

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanylmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar döredilip, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwrüň talabyna eýerip

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrmak, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň hasabyna obasenagat toplumyny ilerletmek, içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere, gazanylan üstünliklere mynasyp goşant goşdy. Bankyň ulgamyndaky şahamçalaryň 50-sinde bank gulluklarynyň 10-sy hereket edip, müşderiler üçin dürli görnüşli bank hyzmatlary ýerine ýetirildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze oba hojalyk tehnikalaryny, şol sanda däne ýygyjy kombaýnlaryny yzygiderli satyn alyp bermegi bilen bugdaý meýdanlarynda olar bökdençsiz işledilip, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak işleri guramaçylykly ýola goýuldy. Şeýle hem bereketli türkmen topragynyň altyn öwüsýän bugdaý atyzlarynda guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly öndürilip, döwlet harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Bank tarapyndan bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda doly geçirildi.

Nebitgaz toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm wezipedir

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Işler sazlaşykly guralýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan oba hojalygyny düýpli galkynyşa eýe edýän Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda güýzlük bugdaýa ideg etmek, öňde duran ýaz-meýdan işlerine ykjam taýýarlyk görmek barada beren anyk görkezmelerinden ugur alnyp, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň baharynda geçiriljek gowaça ekişi üçin ýerleri taýýarlamak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylýar. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar we Bereket etraplaryndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda gowaça ekişi üçin ýerleri taýýarlamagyň häzirki depgini welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlarynyň şu ýyl hem öz öňlerinde goýan asylly maksatlaryna ýetjekdiklerine ynam döredýär. Tehnikanyň daýhanyň daýanjydygyna göz ýetirýän mehanizatorlar şu ýylyň ýazynda welaýat boýunça gowaça ekiljek 10 müň gektar meýdanda sürüm geçirmek işlerini üstünlikli tamamladylar. Häzir topragy owratmak we ýerleri tekizlemek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işde hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren kuwwatly traktorlarynyň 220-si iki çalşykda bökdençsiz işledilýär. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleriniň we ätiýaçlyk şaýla

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir pudagynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän beýik sepgitler Garaşsyzlygymyzyň datly miweleridir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Ösüş arkaly Parahatçylyk!» şygary has-da giň gerim alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dünýä tejribeleri bilen sazlaşýar. Çünki dünýä jemgyýetçiliginde ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary giňden ulanylyşa girizilýär. Bu sanly ulgam babatda-da şeýledir.

Ösüşli menziller

Her bir ösüşli menziliň, ýetilen belent sepgidiň özenini agzybirlikde, jebislikde, bir başa bakmakda görýän türkmen halky bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişlikleriň mekanynda agzybir ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan baky Bitarap Diýarymyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler diňe bir ýurdumyzyň zähmetsöýer halkynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, dünýä ýurtlarynyň ykbalyna täsir ediji häsiýete eýe boldy. Türkmenistanda senagat toplumlaryny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, şol sanda gaýtadan işleýän düzümi ösdürmek boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we sarp edijileriň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, harytlaryň ýokary hil derejesini şertlendirmek hem-de eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetlidigini görkezýär. Ýangyç-energetika toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Pudagyň kärhanalarynyň eksport mümkinçilikleri yzygiderli artdyrylýar. 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod işe girizildi. «Mawy ýangyçdan»

Ykdysadyýet

Täze hususy kärhana gurlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Daşoguz şäherinde hereket edýän «Hilal» hususy kärhanasynyň öndürýän önümleri mahabatlandyrmaga mätäç däl. Kärhana plastik aýnalary, demir we agaçdan ýasalan gapylary, ýaşaýyş hem-de ofis jaýlaryna niýetlenen mebelleri ýasamaga, myhmanhana we aşhana otaglary üçin niýetlenen beýleki önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Olar öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda taýýarlanylýar.

Ykdysady işiň döwrebap ösüşi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylýan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar.

Hormatly okyjylylar!

2021-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin goşmaça abuna ýazylyşyk möwsüminiň başlanandygyny habar berýäris.