"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ulag ulgamy kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, ýurduň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan giň möçberli işlere, ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüş-özgerişlere nazar aýlasaň, Watanymyzyň at-abraýynyň älem içre ýaýraýandygyna has aýdyň göz ýetirýärsiň. Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmagyna esaslanýar. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen ikitaraplaýyn deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini işjeň ösdürýär. Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmek bilen, «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ol Ýuwaş ummanyndan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropanyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi öz içine alýar.

Milli nagyşlarymyz sünnäden-sünnä, oňa haýran galyp, syn eder dünýä!

Dünýä ýüzüniň milletlerini biri-birinden tapawutlandyrýan, olaryň ruhy we medeni aýratynlyklaryny aňladýan gymmatlyklaryň biri-de, milli nagyşly milli lybaslardyr. Haýsy halky alsaň, alyp göräýmeli, milli lybasy bolmadyk halk ýok. Islendik halk hem, häzirki wagtda nähili ösen derejä ýetendigine garamazdan, ilki bilen el güýjünde öndürilen lybasyny geýip, dünýä çykypdyr. Iň gyzykly ýeri-de, halklar häli-häzirlerem döwrebap lybaslar bilen däl-de, milli lybaslary bilen tapawutlanýar. Diýmek, milletiň milliligini aňladýan milli nagyşly lybaslary näçe dabaralandyrsaň, halkyň taryhy, şu güni we geçmişi-de şonça belent derejä ýetjek ekeni... Şeýle pikirleri seriňde aýlap oturyşyňa, hormatly Prezidentimiziň bagtyýarlyk döwrümiziň dokma senagatyny ösdürmek, bu pudakda öndürilýän önümlere milli nagyşlarymyz arkaly häzirki zaman öwüşginini çaýmak, özi-de, ony mümkin boldugyndan ýokary hilde öndürip, dünýä bazarlaryna çykarmak baradaky irginsiz tagallalarynyň nähili uly maksatdan gözbaş alýan ekendigine düşünip, öz ýanyňdan örän buýsanýarsyň.

Hususylaşdyrmak — bazar gatnaşyklarynda baş ugur

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň wajyp ugry döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen alnyp barlan işleriň netijesinde, häzirki wagta çenli Türkmenistan boýunça 2010-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli (2021-nji ýylyň 2 aýyny goşmak bilen) döwlet eýeçiligindäki hususylaşdyrylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 557-ä, maýa goýum bäsleşiginde, gazna biržasynda, kärendeçisine we salgyly satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 155-e, bäsleşikli söwdada (auksion) satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 402-ä ýetdi. Türkmenistanda hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Telekeçileriň bähbitlerini goraýan kanunlar kabul edilýär, bu ugry saýlap alan raýatlara ýeňillikli bank karzlary yzygiderli berilýär. Dürli maksatly desgalaryň gurulmagy, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara bazar giňişliginde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda orta we kiçi telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Kiçi we orta telekeçi

Milli ykdysadyýetimizde belent sepgitler

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady-durmuş ösüşleri netijeli häsiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän işleriň ählisi ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejelere ýetmegine ähli amatlyklary döredýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ösüşleriň gazanylmagynda döwlet Maksatnamalarynyň döwrebap, kämil bolmagynyň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» esaslanyp, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şeýle hem bank ulgamynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar.

Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň ygtybarly binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň durmuş hal-ýagdaýyny häsiýetlendirýän esasy görkezijiler durnukly ösýär. Üstümizdäki ýylyň 22-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýetiň okgunly ösýändigini, munuň özi eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanyp, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda sanly ykdysadyýetiň bu giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalar hem tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr. Halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň elmydama ýokary derejede saklanylmagyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, onuň maddy esasyny düzý

Gadam — batly, ýürek — joşly

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň barha ilerlemegi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň depginli ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň, ýokary tehnologiýalaryň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaryň işini üstünlikli ýola goýmaga düýpli itergi berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna mynasyp işleri bitirýän kärhanalaryň birem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Batly gadam» hususy kärhanasydyr. Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Batly gadam» dünýä hil ülňülerine gabat gelýän häzirki zaman hususy kärhanasyna öwrüldi. Ýurdumyzda iri hususy kärhanalaryň hatarynda tanalýan «Batly gadamda» häzirki wagtda ýüplük, boýag we jorap bölümleri hereket edýär. Önümçilik bölümlerindäki pagta süýüminden ýüplük egriji, taýýar ýüplükleri boýamaga niýetlenen hem-de jorap örüji enjamlar Ýewropa döwletleriniň önümleridir.

Sanly ulgam: zerurlyk, talap, öňegidişlik

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýan sanly özgertmeler barada Sanly ykdysadyýet — häzirki zaman dünýäsinde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri. Bu ugruň ösdürilmegi ähli pudaklarda ýokary netijeleri we uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda alnyp barylýan işlerde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ministrlik degişli ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri maksatnamalaýyn esasda amala aşyrmaga mynasyp goşant goşýar. Ine, şular dogrusynda pikir alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň kompýuter tehnologiýalary bölüminiň başlygy Guwanç ŞAMUHAMMEDOWA ýüz tutduk.

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň maliýe sowatlylygyny artdyrmak babatda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bazar ykdysadyýetiniň döwrebap şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna uly ýardam edýär. Bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň esasy maksatlarynyň biri hem ilatyň pul-karz we durmuş-ykdysady goraglylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanylmagyny höweslendirmekden ybaratdyr. «Altyn asyr» bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak «Internet bank» hyzmatyna birikdirip bilýär. Bu bolsa, bir tarapdan, halkymyzyň gymmatly wagtyny, beýleki bi

Pudagyň rowaç menzilleri

Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda köpugurly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde belent sepgitlere ýetilip, uly ösüşler gazanylýar. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem sanlyja ýylyň içinde ägirt uly işler üstünlikli amala aşyryldy. Taryh üçin örän gysga döwürde senagat kuwwatlyklarynyň, önümçiligiň ýokarlandyrylmagynyň netijesinde ykdysady ösüşiň ýokary görkezijileri gazanylyp, ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik binýady hem has pugtalandyryldy. Bitirilýän beýik işleriň hatarynda Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän hem-de Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Owadandepedäki gazdan ýokary hilli benzin öndürýän senagat düzümlerini mysal getirmek bolar. Bu senagat düzümleri önüm bolçulygynyň gazanylmagyny üpjün etmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem oňyn täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 15-nji ýanwarynda Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylmagy hem bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemeginde möhüm ähmiýete eýedir. Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan indi köp ýyllardan, ýagny 1986-njy

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we awtobenzini satyn aldylar, Binýatlyk ýag BAE-niň, Gazagystanyň hem-de Owganystanyň işewürleriniň söwdalaşyklarynyň esasyny düzdi.

Ykdysadyýetiň sarsmaz binýady

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda zamanabap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek işi, ozaly bilen, ýurdumyzda dürli ulgamlarda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň binýady bolan kompýuter, multimedia we beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan binalardyr desgalary gurmakdan, şeýle hem öňden bar bolanlaryny bu enjamlaryň täze görnüşleri bilen enjamlaşdyrmakdan başlanýar. Bilşimiz ýaly, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda, paýtagtymyzda, etraplarda, obadyr şäherlerde täze guruljak binalardyr desgalaryň gurluşyk taslamalarynda zamanabap kompýuter, multimedia we beýleki aragatnaşyk tehnologiýalary bilen üpjünçilik tarapy hökmany göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy dabaralanýar

Abraýly halkara we sebit guramalary bilen giň hem-de köpugurly gatnaşyklar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işinde bu düzümleriň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi bolsa, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary halkara bileleşiginiň uly goldawyna mynasyp bolýar. Öňňin milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri — “ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm ugry

Elektrik energetikasy ulgamy milli ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudagy bolmak bilen, ýurduň beýleki düzümleriniň hem hereket etmegini üpjün edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, energetika ulgamynyň uly artykmaçlyga eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda bu ulgam diňe içerki sarp edijileriň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, şertnamalaýyn esasda, bellenilen tertipde goňşy döwletlere elektrik energiýasy hem eksport edilýär. Elbetde, halkara jemgyýetçiligiň öňünde duran esasy meseleleriň arasynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň ulanylmagyny ýaýbaňlandyrmak bilen bagly wezipeler bolup, ol howanyň üýtgemeginiň hem-de daşky gurşawa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak ýaly meseleler bilen özara berk baglanyşyklydyr. Bu wezipeleri netijeli çözmek we durmuşa ornaşdyrmak babatynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Döwür bilen sazlaşyk

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek uzak möhletli ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga şert döredýär. Jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we kämil görnüşlerini ýola goýmaga, durmuş şertlerini gowulandyrmaga hemaýat edýär. Tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň azalmagyna, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň Mejlisiň deputatlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda eden çykyşynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtap geçdi. Mundan başga-da, häzirki döwürde ýurdumyz sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrüldi. Gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň we çig mal serişdeleriniň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek we gaýtadan işlemek, şeýle hem ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi maýa goýumlaryny çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi höweslendirmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek zerurlygyny şertl

«Şöh­lat öýü­niň» geç­gin­li önüm­le­ri

We­la­ýat mer­ke­zin­de go­laý­da şeý­le at bilen söw­da dü­kan­ly tä­ze önüm­çi­lik peý­da bol­dy. Adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, bu ýer­de ila­ta dür­li gör­nüş­li, go­wy hil­li şöh­lat­lar hö­dür­le­ni­lip baş­lan­dy. Täze önüm­çi­li­giň iş­gär­le­ri ba­zar bäs­le­şi­gi şert­le­rin­de ön­dür­ýän önüm­le­ri­niň is­leg­li we geç­gin­li bol­ma­gy­ny ga­zan­mak ug­runda yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň 3-nji kwar­ta­ly­nyň gü­nor­ta­syn­da söw­da dü­kan­la­ryn­dan, ila­ta dür­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän no­kat­lar­dan, jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti kär­ha­na­la­ryn­dan yba­rat bo­lan kö­çe peý­da bol­dy. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň, ze­rur hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň giň gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Bi­ziň gür­rü­ňi­ni ed­ýän «Şöh­lat öýü­miz» hem şu çäk­de ýer­leş­ýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

9. Nebitgaz toplumy Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda kabul eden maksatnamalarynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyna uly orun berilýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň möhüm talaby

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bähbidine, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, gözel Diýarymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilýär. Rowaçlygyň, ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ylym we tehnika, tehnologiýa babatdaky ösüşleri bilen deň gadam basýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ornaşdyrylýan häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalar muňa doly güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda hem nusga alarlyk işler durmuşa geçirilýär. Bu babatdaky zerur çäreler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň» Maksatnamasyna laýyklykda, tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap sanly we innowasion tehnologiýalary, halkara tejribesi giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy sazlaşykly işleýän sanly ykdysadyýeti ösdürmäge şert döredýär. Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, maglumat-arag

Haýyrly işleriň başynda

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, telekeçilik pudagyny ösdürmäge-de aýratyn uly üns berilýär. Güneşli Diýarymyzyň bedew batly gülläp ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan hususy işewürler welaýatymyzda hem barha köpelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda» Kararyna laýyklykda, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň çäginde hem ösen senagat zolagy kemala gelýär. Arkadag Prezidentimiziň hususy işewürlere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bu senagat zolagynda öz işini döwrebap ýola goýanlaryň biri-de «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kärhananyň köp ugurly elektrik enjamlaryny öndürýän we hyzmat merkezi bir gektardan gowrak meýdany tutup, onda jemi 40 adam zähmet çekýär. Bu ýerde edara binasy, önümçilik sehi, elektrik enjamlaryny abatlaýyş-sazlaýyş sehi, ammar jaýy we işgärler üçin niýetlenen jaý bar.

Energetika pudagy üns merkezinde

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan möhüm wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onuň dowamynda milli Liderimiz: «Biz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalaryny gurduk, bar bolanlarynyň durkuny täzeledik» diýip bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan energetika ulgamyna çekdi. Munuň özi häzirki wagtda ýurdumyzyň milli energetika ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny doly tassyklady. Bu günki gün Türkmenistan tutuş dünýäde iri energetika döwleti hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyzda degişli ugurda häzirki döwre çenli giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirildi we dünýä jemgyýetçiligine nusgalyk tejribe toplanyldy. Bu bolsa döwletimiziň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmeklige we energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistany elektrik energiýasyny eksport edýän kuwwatly ýurda öwürmäge mümkinçilik berdi.

Gazhimiýa zawodynyň döwrebap önümleri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda gazhimiýa senagaty hem güýçli depginler bilen ösýär. Bagtyýar eýýamda Türkmenistanyň ýerasty we ýerüsti tebigy serişdelerine dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen bu baýlyklar halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilýär.