"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ýeňillikli karzlar we hyzmatlar

Gyssaga düşeniňde ýa-da haýsydyr bir işiňde maliýe ýagdaýyň sebäpli bökdençlik dörände: «Bankdan karzyna alaýmaly ekeniň! Hormatly Prezidentimiz sag bolsun, puluň hiç hili müşgilligi ýok! Banklaryň gapylary açyk. Toý etjekmi, öý gurjakmy, tehnika satyn aljakmy?! Karz serişdelerini hiç hili bökdençsiz berýärler» diýen ýaly maslahatlary köp eşidýänsiňiz. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän banklaryň hem ählisinde raýatlarymyza ýüztutmalar esasynda karz serişdelerini bölüp bermek sazlaşykly ýola goýulýar. Raýatlara karz serişdeleriniň bölünip berlişine dahylly meseleler barada biz Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň ykdysady seljeriş we jemleýiş bölüminiň başlygy Nowruzbaý BEBIDOW bilen söhbetdeş bolduk: — Nowruzbaý, ilki ilata hödürlenilýän karzlaryň görnüşleri bilen tanyşdyraýsaňyz...

Azyk önümleriniň görnüşleri artdyrylýar

Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Parfiýa — Gurluşyk» hususy kärhanasy döwrüň möhüm talaplaryndan ugur alyp, işlerine döredijilikli çemeleşýän kärhanalaryň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan kärhana ilkibaşda unaş önümleriniň önümçiligini ýola goýdy. Göze gelüwli gaplarda üç görnüşde, ýagny 500 gramlyk, şeýle-de 1 hem-de 5 kilogramlyk agramlarda gaplanylan unaş önümleriniň, umumylykda alanyňda, her günde 1 tonna çenlisini öndürmäge şert döredilip, azyk önümleriniň bu görnüşini öndürmekde gowy tejribe toplandy. Kärhanada konditer önümlerini öndürmekde hem işleriň barha ilerleýändigini bellemek gerek.  

Türkmenistanda Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy üç tapgyrda – Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen – Mary (109 kilometr) we Mary – Türkmenabat (288 kilometr) tapgyrlarda amala aşyrylýar. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry – Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.

Kämil kanunlar — ösüşlere binýat

Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Milli kanunçylygy kämilleşdirmekde geçen ýyllaryň içinde uly işler durmuşa geçirildi. Üstümizdäki ýylyň geçen üç aýynda-da bu babatda Kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Döwleti ösdürmegiň, raýat jemgyýetini gurmagyň häzirki zaman maksady — adamyň mynasyp durmuşynydyr erkin ösüşini kemala getirýän maddy, durmuş we ruhy şertleriň döredilmegini üpjün etmekden ybarat. Bu ýagdaý Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň özara baglanyşygynyň esasyny kesgitleýär.

Ulag ulgamy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary uly ösüşlere eýe bolýar. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň täze taryhyny emele getirip, onuň kämil nusgada dikeldilmegini üpjün etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzda köpugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmeginiň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede halkymyzyň bagtyýar durmuşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendiginiň subutnamasydyr. Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa etmek we innowasiýa ösüş ýoluna geçmek çözgüdi uzak möhletleýin ykdysadyýetiň durnukly ösüşine baglydyr. Ulag we logistika ulgamynyň innowasiýa ösüşini dolandyrmagyň esaslaryny öwrenmek ýurdumyzyň ulag we logistika ulgamynyň ähli derwaýys meselelerini göz öňünde tutup, döredilmeli dolandyryş mehanizminiň kämilleşdirmelidigi barada netijä

«Bagtyýar» paromy Türkmenistandan Russiýa üsti ýükli awtoulaglary eltdi

2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetine degişli bolan «Bagtyýar» Ro-Pax kysymly paromy şu ýylky Türkmenbaşy portundan Olýa portuna ilkinji saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Paroma azyk önümleri bilen doldurylan tirkegli 40 sany ýük awtoulagy ýüklenendir diýlip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, bu gatnaw Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädimdir. «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň gämileri çalt zaýalanýan harytlary barmaly ýerine gysga wagtynyň dowamynda eltip bermek mümkinçiligine eýedir. «Bagtyýar» paromy ýüküň howpsuzlygyny kepillendirýän häzirki zaman howpsuzlyk we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Panama kanaly 2025-nji ýyldan geçirijilik mümkinçiligini dikeltmäge umyt edýär

Panama kanalynyň administrasiýasy (ACP) güýçli ýagyş çaklamalarynyň amala aşan ýagdaýynda onuň 2025-nji ýyla çenli kem-kemden kadaly işine gaýdyp geljekdigini habar berdi. Mart aýynda deňiz geçelgeleriniň mümkinçilikleri günde 24-den 27 gämä çenli ýokarlandy. Eger, ýagyş möwsümi çak edilişi ýaly ýagynly bolsa administrasiýa deňiz geçelgeleriniň geljek ýylyň başyna çenli günde 36 gämini geçirip biljek kadaly ýagdaýa gaýdyp geljekdigine umyt edýär. Muňa garamazdan, ýüzlenmeler çaklamalaryň amala aşmadyk halatynda çäklendirmeleri saklap galmaly boljakdygyny, hatda ony has hem güýçlendirmegiň zerurlygynyň dörejekdigini duýdurýar.

Hususy pudak: okgunly ösüşler, geljegi uly mümkinçilikler

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy pudak ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Bu günki gün Türkmenistanda hususyýetçilige giň ýol açyldy. Uly ösüşleri gazanýan hususy pudak gysga döwrüň içinde azyk bolçulygyny hem-de halkyň gündelik sarp edýän harytlaryny üpjün edýän ulgama öwrüldi. Amala aşyrylan ykdysady özgertmeleriň netijesinde, nebitgaz pudagyny hasaba almanyňda, ýurduň jemi içerki önüminiň möçberinde telekeçiligiň paýy 70 göterimden geçdi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek arkaly, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Tejribeden görnüşi ýaly, ýokary hilli önümler we ösen işewürlik derejesi bilen tapawutlanýan döwletleriň ykdysady üstünlikleri, ilkinji nobatda, milli önüm öndürijilere goldaw bermek syýasaty bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynda-da milli önüm öndürijiler üçin ähli zerur şertler döredilip, içerki bazaryň isleglerini ýerli önümler bilen doly kanagatlandyrmak, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary go

Kuwwatly desga gurulýar

Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Şerepli, Kelleli, Ýylan gaz känlerem täze özleşdirilýän ýataklardyr. Häzir bu gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmekligiň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň meýilnamasy esasynda Kelleli gaz käninde tebigy gazy ilkinji arassalaýan kuwwatly desga gurulýar. Desganyň gurluşygyny «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň 2-nji ýöriteleşdirilen edarasynyň gaz gurluşykçylary baş potrat esasynda alyp barýarlar. Bu gaz desgasynyň gurulmagynyň esasy maksady Şerepli, Kelleli, Ýylan gaz känleriniň ulanyş guýularyndan çykarylýan tebigy gazy harytlyk derejesine ýetirip, Garagum — Üçajy — Malaý ýokary basyşly gaz geçirijisine akdyrmakdan ybaratdyr.

Ulag diplomatiýasy rowaçlanýar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň forumy öz işine başlady Ýollar yklymlary ýakynlaşdyrýar, ýürekler bolsa ykballary. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Ýollar öz maksatlaryňa tarap ynamly gitmek üçin gerek! Ýollar dostluk hem doganlyk üçin gerek! Hyzmatdaşlyk hem ösüş üçin gerek!» diýip belleýär. Dünýä kartasynyň ýüreginde — çäk taýdan örän amatly ýerde ýerleşýän ata Watanymyz adamzadyň gazanan ösüşlerini Ýer ýüzüniň ähli künjegine eltýän «damary» hasaplanan Beýik Ýüpek ýolunyň hereketlendirijisi, dost-doganlyk merkezi bolmagynda galýar. Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr hem-de logistik merkez hökmünde dünýädäki ornuny barha pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisi ulag ulgamynyň ählumumy ösüşine ýardam edýän hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny we usullaryny gözlemek üçin netijeli meýdança bolar.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň geçen hepdedäki söwdalary

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 31 sa­ny­sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Ow­ga­nys­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Uk­rai­na­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Mal­ta­dan we Öz­be­gis­tan­dan ge­len te­le­ke­çi­ler «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­nin­de ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy, awia­ke­ro­si­ni, şeý­le-de «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­nin­de ön­dü­ri­len «B» mar­ka­ly kar­ba­mi­di sa­tyn al­dy­lar. Şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len nah ýüp­lü­gi hem-de «Ýow­şan» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­iň bu­ýan kö­kün­den taý­ýar­la­nan çaý­la­ry sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy 45 mil­li­on 320 müň 800 ame­ri­kan dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Germaniýa Federatiw Respublikasy

Germaniýa Federatiw Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň we «Uly ýedi» (G7) toparynyň agzasy bolup, senagat taýdan ösen, ykdysadyýeti eksporta ugrukdyrylan, ýokary hünärli işçi güýjüne eýe bolan ýurt hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Germaniýa ýapyk dolanyşykly ykdysadyýete geçmekde özüniň aýratyn işjeňligi bilen tapawutlanýar. Tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak, önümleri gaýtadan işlemek, galyndylary azaltmak üçin dolanyşykly önümçilikleri ösdürmek ýaly işler ýurduň durnukly ösüş syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Şunda galyndylara çözülmesi kyn mesele hökmünde seredilmän, eýsem, olara täze önümçilik üçin mümkin bolan serişdeler nukdaýnazaryndan garalýar. Häzirki wagtda Germaniýada kompaniýalaryň köpüsi galyndylardan çig maly öndürmek (recycling) bilen meşgullanýarlar. Ulanylan kagyzlary, aýnalary we plastik çüýşeleri gaýtadan işlemekden täze önümler alynýar. Bu önümçilik çykdajylaryny tygşytlamaga we galyndylaryň mukdaryny azaltmaga mümkinçilik berýär.

Milliarderleriň täze nesli näme bilen meşgul?

«Forbesiň» milliarderler sanawyny emele getirýän täze nesil hususy işewürligi ýola goýýan blogerler ýa-da öz önümlerini millionlarça adamlaryň dykgatyna ýetirmegiň, internet arkaly tiz ýaýradylmaga ýakyn marketingi döretmegiň hötdesinden gelýän kompaniýalaryň hojaýynlary bolup durýar. Meselem, diňe Hytaýyň özünde geçen 2023-nji ýylda blogerler arkaly amala aşyrylan söwda 580 milliard amerikan dollary möçberinde boldy. 2028-nji ýylda bolsa bu görkeziji 2 trillion amerikan dollary möçberinde bolar diýip çaklanylýar. Blogerleriň şeýle mukdarda satuw edip biljekdigi hakda hatda 2020-nji ýylda hem hiç kim güman eden däldir. Diňe Hytaýyň çäginde şeýle söwda bolýan bolsa, onda bütin dünýäde näçeräk söwdanyň bolýandygyny göz öňüne getiriberiň. Anyk mysallara ýüzlensek, energetik içgini döredenine ýaňy iki ýyl bolandygyna garamazdan, Logan Pol özüniň «Prime Energy» atly içgisinden geçen ýyl 1 milliard 200 million amerikan dollaryny gazandy. Bloger Mister Bistiň geçen ýylky gazanjy 1 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Hytaýly Korol Pomad bir strim bilen 1 milliard 700 million amerikan dollary möçberinde söwda etdi. Bloger Matilda Jeffiň egin-eşik söwdasyndan ýyllyk girdejisi 30 million amerikan dollaryna ýetýär. «Stenli» brend bulgurlaryndan hem ýylda 780 million amerik

«Huazeld» kömür öndüriji kompaniýasynyň onlaýn söwdasy ugruna

Hytaýyň kömür senagatynyň esasy öndürijileriniň biri bolan «Huazeld» kompaniýasy ozal müşderiler bilen diňe B2B (ýüzbe-ýüz) görnüşinde gepleşikleri geçirip, söwda edýärdi. Kompaniýa esli wagtlap müşderilerini artdyrmagyň täze ýollaryny gözläpdir. Synag hökmünde kompaniýanyň işgär zenanlarynyň biri «Tik-tokda» göni ýaýlym arkaly satýan kömürlerini mahabat edip görüpdir. Bu synanyşyk şeýle bir ugruna bolupdyr welin, indi «Huazeld» kompaniýasy «Tik-tok» strimi arkaly her günde 400 müşderä lomaý görnüşinde kömür satýar. Diýmek, islendik söwdada hem sosial torlaryň, täze kommunikasiýa akymlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp görmek gerek.

Forbes: «OpenAI» kompaniýasynyň baş müdiri Sem Altman milliarder boldy

«Forbes» žurnalynyň hasaby boýunça «OpenAI» kompaniýasynyň baş müdiri Sem Altman milliarder boldy. Ol sanawda 2692-nji orny eýeledi. Žurnalyň maglumatlaryna görä, Altmanyň baýlygy onuň Reddit startapyna hem-de 65 milliard amerikan dollar bilen bahalandyrylýan «Stripe» töleg kompaniýasyna goýan maýa goýumlary bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de milliarder ýadro energiýasyny öndüriji «Helion» kompaniýasy we «Retro Biosciences» ýaly kompaniýalara-da maýa goýdy.

OPEK 2024-2025-nji ýyllarda nebite islegiň artjakdygyny çaklaýar

OPEK halkara guramasy 2024-2025-nji ýyllarda nebite islegiň ösüşiniň saklanjakdygyny habar berdi diýip, «Report.az» neşiri ýazýar. 2024-nji ýylda isleg bir gije-gündiz boýunça 2,25 million barrel artyp, 104,46 million barrele çenli ýeter, 2025-nji ýylda bu görkeziji ýene 1,85 million barrel ýokarlanyp, 106,31 million barrele deň bolar. Gurama agza däl döwletler babatda aýdylanda, görkeziji o diýen ýokary däl, ýagny 2024-nji ýylda olar boýunça görkezijiniň ösüşiniň 1,07 mln barrel artyp, 70,44 million barrele deň boljakdygy çaklanýar. 2025-nji ýylda OPEK guramasyna girmeýän ýurtlar boýunça nebitiň satuwynyň çaklamasy 1,4 million barrel artyp, 71,75 million barrele deň boldy.

Üçünjiligi nazarlaýan ykdysadyýet

Halkara Pul Gaznasynyň deslapky maglumatlaryna görä, Hindistan satyn alyş güýji boýunça dünýäde 3-nji, nominal jemi içerki önümi boýunça 5-nji, importyň umumy mukdary boýunça 8-nji, eksportynyň umumy mukdary boýunça 10-njy, adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça 125-nji orunda durýar. Şeýle-de Ykdysady çylşyrymlylyk indeksine (ECI) görä, dünýäniň 41-nji çylşyrymly ykdysadyýeti hasaplanýar. Soňky ýyllarda maglumat tehnologiýasy, hyzmatlar, oba hojalygy we önümçilik pudaklaryna goýulýan maýa goýumlaryň hasabyna ýurduň ykdysady görkezijisi ep-esli ýokarlanýar. Has dogrusy, bu görkeziji 2021-22-nji maliýe ýylynda 8,7 göterim, 2022-23-nji maliýe ýylynda 7,2 göterim boldy. Ýurduň Maliýe ministrliginiň deslapky hasabatyna laýyklykda, 2023-24-nji maliýe ýylynda hindi ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň, takmynan, 7,3 göterim bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa Hindistanyň iň çalt ösýän ykdysadyýet hökmünde öňe saýlanmagyna itergi berer. Bu oňyn görkezijini degişli hünärmenler soňky 3 ýylda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine itergi beren içerki isleg bilen baglanyşdyrýarlar.

TDHÇMB-da anna güni eksport geleşikleri $10 milliona golaýlady

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 9 million 947 müň 950 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Şotlandiýanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen TS-1 kysymly awiakerosini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Aşgabat demir ýol ulaglarynyň ýolbaşçylaryny kabul etmäge taýynlanýar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maslahatyň gün tertibine laýyklykda, guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljek ýyllar üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygy, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Dünýäde gecen geçen ýylyň konteýner portlarynyň öňdebaryjy 15-ligi

2023-nji ýylyň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy konteýner portlarynyň 15-si tarapyndan 350 mln TEU-lyk netije görkezildi. Geçen ýylda olaryň umumy dolanyşygy 1,2% ýa-da 4 million TEU artdy. Däp bolşy ýaly, Hytaý ýene-de öňdebaryjy portlaryň 15-liginiň ýarysyndan gowragyny — 8-sini düzýär. Öňdebaryjy 15-lige Ýewropa portlarynyň ikisi — Rotterdam we Antwerpen girip, olar degişlilikde 13-nji hem-de 15-nji ýere düşdiler. ABŞ-nyň reýtingdäki ýeke-täk porty Los-Anjeles/Long Biç toplumy bolup, dolanyşygynyň 13% peselendigine garamazdan, ol dokuzynjy orunda galdy.