"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

«Mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün edilýär

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Köneürgenç, Şabat we Görogly etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalaryň ilatyny hem-de Garagum sährasynyň jümmüşinde, Sarygamyş kölüniň boýlarynda we Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlarynda häzirki günlerde ýazlaga çykan, çarwaçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyzy suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Aýratyn hem, medeni zolakdan has alysda ýerleşýän Ataguýy, Ajyguýy, Damla, Kyrkguýy, Gamyşly, Akmolla ýaly ençeme öri meýdanlarynda ýylyň bütin dowamynda maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwa ilaty müdirligiň gazçylarynyň hyzmatyndan diýseň hoşal. Halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşynda duran döwlet Baştutanymyzyň adyna aýdylýan hoşallyk sözleri welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagynda bolan Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk», Köneürgenç etrabyndaky «Maldarçylyk» hem-de Görogly etrabynda bar bolan «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynda bolanyňda-da her pursatda eşitmek bolýar. — Garagum sährasyndaky adamlary suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek biziň jana-jan borjumyz. Biziň gaz dolduryjy bekedimiziň hyzmatyndan Garagum sährasynyň Mürzeçyrla, Akmoll

Nebitçi zenanlarymyzyň göreldeli işleri

Türkmen topragynyň «gara altyndyr» «mawy ýangyç» tebigy baýlyklaryny halkymyzyň rysgal berekedine, bolelin ýaşamaklaryna gönükdirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň zähmet toparlary uly işleri bitirýärler. Tutuş konsern boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen hasabat döwründe çykarylan çig nebitiň möçberi 904 müň tonna golaýlap, meýilnama 102 göterim amal edildi. Şonuň 146,5 müň tonna barabary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň arka atylan üç aýynda önümçiligiň ösüş depginini 102 göterimden hem geçirmegi başaran biziň müdirligimiziň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Nebitçilerimiziň häzirki döwrümiziň ruhuna mynasyp bitirýän işlerinde kärhanamyzyň öz işine ussat gelin-gyzlarynyň hem saldamly goşantlary bar. Çünki müdirligimizde zähmet çekýän bir müň adamyň 252-si gelin-gyzlardyr. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde türkmen zenanlary jemgyýetimiziň iň täsirli güýjüne öwrüldi. Gelin-gyzlarymyz döwür bilen aýakdaş ýöräp, maşgala ojaklarynyň abraý-mertebesini, ahlak däplerini belent saklamaga, Watana mynasyp ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge işjeň gatnaşyp, halal zähmet çekmegi başarýarlar. Biz muny öz zähmet çekýän müdirligimiziň mys

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan hem-de ýurdumyzyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi zerur bolan raýatlarymyz üçin milli puly daşary ýurt puluna çalyşmaga, şol sanda halkara «Visa» we «MasterCard» kartlarynyň hasaplaryny onlaýn görnüşde doldurmaga mümkinçilik berýän fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar. «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmak üçin raýatlarymyz bir gezeklik banka gelip, tölege degişli resminamalarynyň asyl nusgalaryny barlatmaly hem-de daşary ýurt pulunda goýum hasabyny açmak we ulanyjy döretmek barada ýüz tutmaly. Şeýlelik bilen, bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi internet sahypasynyň «Onlaýn töleg geçirmek» bölüminiň üsti bilen sanly hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.

Parallel importyň derejesi peselýär

Önümleriň hakykylygynyň subut edilip bilinmezligi sebäpli, parallel importyň möçberi azalýar, şonuň üçin hem, satyjylar öz söwda markalaryny döredip başlaýarlar. Bu barada «Upgrade Logistika» maslahatynda çykyş eden «e-commerce» pudagynyň geňeşçisi Arkadiý Markarýan belledi: – Gödegrak hem bolsa şeýle mysaly getirip bilerin. Bir «Nike» aýakgabyny satyn alyp, ony böleklere bölüň! Soňra Türkiýedäki, Hytaýdaky, Indoneziýadaky ýa-da Hindistandaky kiçi öndürijileriň ýanyna baryp, şeýle aýakgaby taýýarlap bermegini soraň! Ony göçürerler, ýöne indi hakyky «Nike» aýakgabynyň nusgasy bolmaz. Munuň özi asyl nusgasyndan birneme pes bolup bilýän CTM. Häzirki wagtda köp kompaniýalar şu ugur bilen meşgullanýarlar — diýip, bilermen nygtady.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Germaniýanyň, Maltanyň, Gruziýanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň telekeçileri aşgarlanmadyk nah matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 26 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gruziýadan, Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Germaniýadan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Alyp-satmagyň niderland nusgasy

Niderlandlar Patyşalygy söwdanyň, logistikanyň, önümçiligiň, hyzmatlaryň, innowasion tehnologiýalaryň, şeýle-de durnukly we täzelenip bilýän energiýanyň hasabyna ýokary derejede ösen bazar ykdysadyýetli ýurtdur. Maglumatlara görä, Niderlandlar Patyşalygy nominal jemi içerki önümi boýunça dünýäde 18-nji, satyn alyş güýji boýunça 28-nji, adam başyna düşýän nominal jemi içerki önümi boýunça 11-nji, eksporty we importy boýunça 6-njy ýerde durýar. 2023-nji ýyldaky ýagdaýa görä, adam başyna düşýän satyn alyş güýji babatda 13-nji orny eýeläp, dünýäniň iň ýokary girdejili ýurtlarynyň birine öwrüldi. Şeýle-de Ykdysady çylşyrymlylyk indeksine görä, dünýäniň 20-nji çylşyrymly ykdysadyýetidir. 2022-nji ýylda Niderlandlar Patyşalygy 731,4 milliard ýewrolyk haryt eksport etdi. Şonuň 368,3 milliard ýewrosy re-eksporta degişlidir. Niderlandlar Patyşalygynyň Statistik býurosynyň hasabatyna görä, bu ýagdaý — re-eksportyň içerki eksportdan ýokary bolmagy 2022-nji ýylda ilkinji gezek hasaba alyndy. Ýeri gelende aýtsak, 2022-nji ýylda ýurduň re-eksporty 2019-njy pandemiýa ýyly bilen deňeşdirilende, 58 göterim ýokarlandy. Netijede, eksportyň umumy mukdary 48 göterim ýa-da 236,5 milliard ýewro artdy. Umuman, bu ýerde kompaniýalaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň az bolandyg

Yslam ösüş banky Gyrgyz Respublikasyna 79 million amerikan dollaryny bölüp berer

Yslam ösüş banky Gyrgyz Respublikasyna ýaşaýyş jaýlary gurmak üçin 79 million amerikan dollaryny bölüp berer. «Elýeterli ýaşaýyş jaýlaryny şerigat ülňülerine laýyklykda maliýeleşdirmek» baradaky degişli şertnama Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew bilen Yslam ösüş bankynyň başlygy Muhammet Süleýman Al-Jassiriň arasynda gol çekişildi. Adylbek Kasymaliýewiň sözlerine görä, taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde müňlerçe maşgala ipoteka karzlary esasynda ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün ediler.

«Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara maslahat geçirildi

26-njy aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata halkara maliýe guramalaryň, iri gazna biržalaryň we banklaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň professor-mugallymlary, görnükli alymlary gatnaşdylar. Maslahatyň umumy mejlisinde Bütindünýä Bankynyň Gazagystandaky we Türkmenistandaky hemişelik wekili, Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory, Stambulyň Gazna biržasynyň wise-prezidenti, şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçe abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we ýurduň tejribeli ykdysatçy-hünärmenleri çykyş etdiler.

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegi nazarlaýan türkmen halkymyz bagtyýar zamananyň eşretli durmuşynda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk senagaty pudagyndaky gazanylýan üstünlikler hem guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň senagat önümçiligini, binagärligi mundan beýläk hem ýokary depginler bilen ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegini görkezmek bolar. Ýurdumyzyň ösüşine, gurluşyk-binagärlige uly goşant goşjak bu desga ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyplydygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi gurluşyk-binagärlik ulgamyny mundan buýana hem ösdürmäge mümkinçilik döredýär.

Parižde türkmen forumy

Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan energetika mümkinçiliklerini ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Ýurdumyzda tebigy gazyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyryp, täze bazarlara çykmak, ýurdumyzyň uglewodorod gorlaryny özleşdirmäge iri maýa goýumlary çekmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. 24-25-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň geçirilmegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen meşhur bolan Pariž şäheri Ýewropanyň iň iri işewürlik merkezleriniň biridir. Bu ýerde fransuz we halkara kompaniýalarynyň köp sanlysynyň edaralary ýerleşýär. Birnäçe aýdan Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary hem guralar. Şu ýagdaýlary nazar alsaň, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumyň hut fransuz paýtagtynda geçirilmeginiň ähmiýeti äşgär bolýar. Diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly görkezilmegi bolsa «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan forumyň gerimini has-da giňeltdi. Foruma daşary

Energetika hyzmatdaşlygy — ileri tutulýan ugur

Ýurdumyzyň energiýa mümkinçilikleri dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär Türkmenistan tebigy gazy çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi uly ugur edinmek bilen, energiýa serişdelerini iberiji iri ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny barha berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetlidigini bellemek gerek.

«RDÝ» Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň gündogar şahasyna arzanladyş yglan etdi

«Russiýanyň demir ýollary» (РЖД) Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçýän halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça gara metallary daşamakda 50% arzanladyş yglan etdi. Bu barada «nCa» habar berdi. Russiýanyň demirýol geňeşi rus-gazak serhet stansiýalaryndan, soňra bolsa Türkmenistanyň çägindäki Sarahs ýa-da Akaýla stansiýalaryndan geçseler, gara metallary wagonlarda daşamak üçin 0,5 koeffisiýentiniň döredilmegini tassyklady.

Suw bilen üpjünçiligi ýokarlandyryp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň arassa agyz suwuna, edara-kärhanalaryň tehniki hajatlary üçin suwa bolan isleglerini kanagatlandyrmakda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýerlerdäki ekspedisiýalarynda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Olar hormatly Prezidentimiziň ilatyň agyz suwuna bolan islegini öwrenmek we ony doly kanagatlandyrmak babatda öňde goýýan wezipelerini berjaý etmekde egin-egne berip, gözlegli hem-de döredijilikli zähmet çekýärler. Geologlaryň işi, onda-da ýerasty suw gözleýji ekspedisiýa barada gürrüň gozgalsa, ilki bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Baýramaly şäherindäki Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy göz öňüňe gelýär. Çünki ekspedisiýanyň gaýratly geologlary indi onlarça ýyl bäri suw gözleg-barlag işlerini amala aşyrmak bilen, ilatly ýerleri täze gurlan we ozaldan bar bolan kärhanalary, uzak örülerdäki çopan goşlaryny tehniki hem-de içimlik suw bilen üpjün edip gelýärler.

 Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy: hyzmatdaşlygyň ygtybarly ugurlary

Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde sebitleýin we ählumumy ähmiýete eýe bolan iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty BMG tarapyndan giň goldawa eýe bolup, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär. Halkara gatnaşyklarynyň häzirki ählumumy ösüşi netijesinde Ýer ýüzünde ykdysadyýetiň, önümçiligiň, ilat sanynyň we sarp ediliş möçberiniň yzygiderli artmagy ulagyň magistral turba geçiriji görnüşiniň zerurlygyny hem ähmiýetini barha ýokarlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara ulag geçelgelerini döretmegi nazarlaýan başlangyçlarynyň wajyp düzüm bölegi bolan magistral turba geçiriji ulgamy — bu harytlyk önümleri ýörite turba geçirijileriň üsti bilen akdyrmak üçin niýetlenilen ulagyň görnüşi bolup, ol tehnologiýa, guramaçylyk we ykdysady toplumy emele getirýär.

Ösüşleriň täze belentliklerine badalga

Il-ulus bolup, hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşip, ýurt abadançylygynyň, halk bähbidiniň hatyrasyna badalga berilýän işlere goşant goşmak halkymyzyň adatyna öwrülen ýörelge. Gahryman Arkadagymyzyň 22-nji fewralda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi halkymyzyň demokratik däpleriniň zamanabap dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda çykaran Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meýilleşdirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Durmuş-ykdysady taýdan ösüş we maýa goýum maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek, hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işleriniň möhüm ugurlary milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyny şertlendirýär. Elbetde, milli kanunçylygy umumy ykrar edilen düzgünlere laýyk getirmek ugrundaky wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ylmy-hukuk seljermelerini geçirmek hem-de taslamalaryň wagtynda işlenilmegini üpjün etmek wajypdyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky

Täze desgalar — ösüşlerden nyşan

Hormatly Prezidentimiz üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda durmuşy ugry ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Her bir işde halkyň bähbidiniň nazarda tutulýandygyna bolsa eziz Diýarymyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan gurluşyk-gurnama işleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu babatda welaýatymyzda üstümizdäki ýylyň tamamlanan birinji çärýeginde önjeýli işler bitirildi. Geçen hasabat döwründe gazanylan netijeler hem-de ýetilen belent sepgitler, hakykatdan-da, guwandyryjy. Has takygy, şu ýylyň geçen üç aýynda welaýatymyz boýunça döwletimiziň özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 255,1 million manada barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6 göterim artykdyr. Şonça serişdäniň 55,4 million manady (maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 21,7 göterimi) önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk-gurnama işlerine gönükdirildi. Bu görkeziji hem geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden 40 göterime golaý artdy.

Dünýä bilen sazlaşykly

Dünýä tejribesinde ýokary tehnologiýalaryň ösüşi ykdysady ösüşiň esasy çeşmeleriniň biridir. Täze tehnologiýalar önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bank ulgamynyň işi has kämilleşdi. Bank ulgamyny maglumatlar bilen üpjün etmek ep-esli gowulandy. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Altyn Asyr», «Milli kart» we halkara derejede dünýäniň çar künjünde hereket edýän dürli görnüşli «VISA» we «Master Card» halkara bank kartlary işjeň hereket edýär. Bank kartlarynyň ulanylmagy zähmet haklarynyň onuň üsti bilen tölenilmegine, ygtybarly pul geçirimleriniň gysga wagtda nagt däl görnüşde amala aşyrylmagyna, karz almak we goýum goýmak işleriniň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Kartlar arkaly çäklendirilmedik möçberde töleg geçirmek hyzmaty-da ýola goýuldy. Mundan başga-da, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, ýangyç guýujy beketlerde, uçar we demirýol ulagy üçin petekleriň satylýan ýerlerinde, poçta bölümlerinde, dermanhanalarda we beýleki nokatlarda bank kartlary bilen ýygymsyz töleg geçirip bolýar. Nagt däl görnüşli tölegler baradaky ähli maglumatlar bolsa töleg geçirijiniň ykjam telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar. «Internet-bank» ýa-da «Mobil-bank» hyzmaty bile

Gazy saýlaýjy desga önümçiligiň ilerlemegine ýardam edýär

Nebitgaz senagaty: wezipeler we sepgitler Geçen asyryň ellinji ýyllarynda esaslandyrylan «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň baýry hem-de öňdebaryjy kärhanalarynyň hatarynda tanalýar. Müdirligiň işçi-hünärmenleri Gumdag, Guýjuk, Gögerendag, Ekizak, Ördekli hem-de Uzynada ýaly nebitgaz känlerinde ýangyç çig mal serişdelerini çykarmak işlerini ýerine ýetirýärler. Olar häzirki wagtda 369 guýudan nebit, 42 guýudan bolsa tebigy gaz we gaz kondensatyny çykarmaklygy üstünlikli alyp barýarlar. Sazlaşykly işler kärhana boýunça her gije-gündizde ortaça 2 müň 100 tonna «gara altyny» hem-de 350 müň kub metr tebigy gazy çykaryp, döwlet ammaryna akdyrmaga mümkinçilik berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy

Milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly möçberli işleriň alnyp barylmagy, bu ugurda geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň, meýilleşdirilen täze taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär. Pudaga täze usullaryň, tehnologiýalaryň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynda iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr. «Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de olary gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň netijeli zähmet çekmegi, nebitgaz ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!