"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistanda iýul aýynda iki sany ýük gäminiň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) bilen Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.” kompaniýasy şu ýylyň iýul aýynda iki sany gury ýük gäminiň gurluşygyna başlamagy göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ bilen Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.” kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatda degişli şertnamalar baglaşylyp, häzirki wagtda täze gämileriň gurluşygyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Sazlaşykly ösüşler — rowaç menzillere badalga

Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň, bagtyýar geljeginiň bähbidine beýik işler durmuşa geçirilýär, giň möçberli özgertmeler maksatnamalary amala aşyrylýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzyň depginli ykdysady ösüşini gazanmak, milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, Diýarymyzyň sebitleriniň gyradeň ösüşini hem üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly sebitleýin syýasatynyň esasy wezipeleri-de hut şu maksatlara ýetmegi nazarlaýar. Şunda Ahal welaýatynda täze döwrüň ruhuna laýyklykda alnyp barylýan toplumlaýyn işler hem öz mynasyp netijelerini berýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, «Pähim-paýh

Gymmatly çig malyň mesgeni

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligini ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine islegiň ýokarlanmagyny, ýerli çig malyň binýadynda olaryň önümçiliginiň kämilleşdirilmegini talap edýär. Häzirki wagtda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak üçin geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, özümizde we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň möçberini artdyrmaga ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda täze gurulýan desgalaryň ýokary hilli serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigini, ýurdumyzyň baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmäge ýöriteleşen täze zawoddyr kärhanalaryň döredilmegine gönükdirilen işleri alyp

Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwrülýär. Häzirki taryhy döwrümizi şöhratlandyrýan beýik işler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymata eýerilip amala aşyrylýar. Ajaýyp döwrümiziň ruhlandyryjy güýji, belent maksatlary halk bähbitli işlerde aýdyň beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem asylly maksatlar rowaçlanýar, ýurdumyzyň röwşen geljegi üpjün edilýär. Biz bu buýsançly hakykaty ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän desgalarda, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarda aýdyň görýäris. Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, şeýle hem Lebap sement zawodynyň açylyp ulanmaga berilmegi we beýleki taryhy wakalar ýurdumyzyň gurluşyk we binagärliginiň, önümçilik senagatynyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Il-ýurt bähbitli dünýä nusgalyk şeýle ösüşler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän halk bähbitli işler biziň her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar, göwünleri galkyndyrýar. Baky bagtyýarlygy

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýalar toplumy ynamly ösdürilýär

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň geçen dört aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bagtyýar geljegiň hatyrasyna

Ýurdumyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan nebitiň we gazyň möçberlerini durnukly artdyrmak nebitgaz pudagynyň esasy wezipesi bolmagynda galýar. Şonuň üçinem «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak we olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde merdana nebitgaz gözleýjilerimiz ýerasty baýlyklarymyzy tapmakda, ony önümçilige ornaşdyrmakda tutanýerlilik bilen zähmet çekýärler. Şolaryň hatarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkangeofizika» ekspedisiýasyny hem görkezmek bolar. Ekspedisiýanyň geologiýa-barlag işleriniň esasy maksady welaýatymyzyň meýdançalarynyň çuň geologiýa gurluşyny pliosen, miosen, mezozoý çökündileri boýunça dört müň bäş ýüz we alty müň (4500—6000) metr çuňluklara çenli öwrenmekden, geljegi uly bolan nebitgaz gurluşlary ýüze çykarmakdan hem-de gözleg burawlaýşyna taýýarlamakdan hem-de geljegi uly bolan nebitgaz gurluşlary ýüze çykarmakdan, gözleg burawlaýşyna taýýarlamakdan ybaratdyr.

Maksatlar bir bolanda

Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlarynyň birini eýeleýär. Bu bolsa gymmatly önümleriň çykarylyşyny, olaryň içerki we daşarky bazarlara ugradylýan möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Gazanylýan üstünlige «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Lebap meýdançasyndaky önümçilik-tehnologik gullugynyň agzybir we başarjaň hünärmenleri hem mynasyp goşant goşýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda işleriň gidişi, öňde durýan wezipeler barada gürrüň bermegini haýyş edip, gullugyň başlygy Aşyr NURMEDOWA ýüz tutduk. Şonda ol: — Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitdir gaz gorlarynyň üstüni ýetirmek, bu baýlyklaryň gazylyp alnyşyny artdyrmak boýunça pudagymyzyň işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy. Biz hem bu il-ýurt bähbitli işe netijeli gatnaşýarys. Gündelik işimizi burawlaýyş işlerini alyp barýan baýlyk agtaryjylar bilen bilelikde maksada okgunly alyp barýarys. Alnan ýokary depgin bize şanly ýyly üstünliklere beslemäge pugta esas berýär — diýip, gürrüň berdi.

Meniň şäherim — ikinji öýüm

Geljegi röwşen senagat

ýa-da sement önümçiligi barada pikirler Diýarymyzda her günde diýen ýaly durmuş-medeni ýa-da önümçilik maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, saglyk merkezleriniň, köprüleriň, ýollaryň, önümçilik kärhanalarynyň gurulmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyndan habar berýär. Şonuň üçinem ildeşlerimiz her bir binanyň açylyşyny şatlykly dabara besleýär. Ýerli gurluşykçylar tarapyndan bina edilýän desgalaryň gurluşygynda peýdalanylýan serişdeleriň hem ýurdumyzda öndürilmegi buýsanjyňy goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ykdysady özgertmelerini has-da rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda halkymyza hyzmat edýän döwrebap binalaryň, kuwwatly önümçilik toplumlarynyň hatary barha artýar.

2 sany ýel elektrik stansiýasy gurlar

Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan sebitinde umumy bahasy 7,3 milliard amerikan dollaryna deň bolan iki sany ýel elektrik stansiýasy gurlar. Bu babatda Üçünji Daşkent halkara maýa goýum forumynda ylalaşyk gazanyldy. Ýel elektrik stansiýalarynyň birinjisi ýylda 17,5 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply bolup, onuň taslamasy 6,2 milliard amerikan dollary möçberinde bahalanýar. Onuň gurluşygy Saud Arabystanynyň «ACWA Power» kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdiriler. Ikinji ýel elektrik stansiýasynyň taslamasynyň bahasy 1,1 milliard amerikan dollaryna deň bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 3,5 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berer. Ol BAE-niň «Amea Power» kompaniýasy tarapyndan gurlar.

235 sany täze uçar satyn alar

Dünýäniň iň köp nokada uçuşlary amala aşyrýan awiakompaniýalarynyň biri bolan «Turkish Airlines» geljekde uçuşlaryň sanyny artdyrmak we uçuş geografiýasyny giňeltmek üçin uly mukdarda täze uçarlary satyn almagy meýilleşdirýär. Has takygy, kompaniýa «Airbus» we «Boeing» kompaniýalaryndan täze uçarlaryň 235 sanysyny satyn almak boýunça gepleşikleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, «Turkish Airlines» ýakyn on ýyllykda özüne degişli uçarlaryň sanyny 600-e ýetirmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda kompaniýa degişli uçarlaryň sany 440-e deň bolup, olaryň aglaba bölegi «Airbus» we «Boeing» uçarlarydyr.

124 ýurda guradylan miwe eksport etdi

Türkiýe 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäniň 124 ýurduna we sebitine guradylan miweleriň we ir-iýmişleriň 118 müň 738 tonnasyny eksport etdi. Şeýlelikde, Türkiýe agzalan önümleriň eksportyndan 497,64 million amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29,9 göterim artykdyr. Hasabat döwründe Türkiýeden guradylan miweleri we ir-iýmişleri iň köp satyn alan ýurtlar Germaniýa (61,6 million amerikan dollary), ABŞ (48,4 million amerikan dollary) hem-de Beýik Britaniýa (45,6 million amerikan dollary) bolupdyr.

Rekord mukdarda girdeji gazandy

Amerikanyň «Amazon» kompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde rekord mukdarda girdeji gazandy. Has takygy, hasabat döwründe kompaniýanyň girdejisi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim ýokarlanyp, 143,3 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şeýle-de şu ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň arassa peýdasy 10,4 milliard amerikan dollaryna barabar bolup, bu görkeziji geçen ýylyň birinji çärýegindäkiden üç esse köpdür.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 19 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gruziýadan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, awiakerosini, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 18 million 833 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň söwda toplumy boýunça iş maslahaty geçirildi

4-nji maýda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda iş maslahaty geçirildi. Onda 3-nji maýda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de şu ýylyň 4 aýynda söwda toplumyna degişli ministrliklerde we edara-kärhanalarda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahaty söwda toplumynda şu ýylyň 4 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlandy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Minisitrler Kabinetiniň mejlisinde söwda toplumyna degişli önümçilikleri netijeli ulanyp, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini artdyrmak, ilata edilýän hyzmatlaryň döwrebap bolmagyny gazanmak we bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny hem giňden çekmek babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşine mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň, import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini ýokarland

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Fransiýa

Tatarystan Respublikasynyň ykdysadyýeti

Tatarystan Respublikasy — Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri. Golaýda Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanowyň ýurdumyzda saparda bolup, Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmagy hem Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Şulary nazarda tutmak bilen, gazetimiziň şu sanynda Tatarystan Respublikasynyň ykdysadyýeti bilen okyjylary tanyşdyrmagy makul gördük.

Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik desgalary gurulýar

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Mämmethan Çakyýew 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 118 göterime, ulagyň ähli görnüşlerinde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgininiň, degişlilikde, 103,5 hem-de 102,6 göterime deň bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanda öndürilýän uçar kerosinine isleg ýokarlanýar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny,

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, ýorgan-düşek daşlyklary, nah ýüplük, geçiniň ýüňi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.