"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem goňşy ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Şunda Türkmenistan Hazarýaka sebitiniň döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Şunlukda, sebitde amatly geosyýasy we geoykdysady şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini netijeli çözmek ýurdumyzyň sebit strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýurdumyz Hazarýaka sebitinde Russiýa Federasiýasy hem-de onuň iri sebitleri bilen özara hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şeýle möhüm hyzmatdaş sebitleriň biri hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bolup durýar. Halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Çünki iki halkyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda umumylyklar köpdür.

Türkmen wekiliýeti Russiýada sanly senagat boýunça konferensiýa gatnaşýar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan) Baş konsuly Güýç Garaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet «Senagatlaşan Russiýasynyň sanly industriýasy» atly halkara konferensiýa gatnaşmak hem-de bu ugurda özara gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Nižniý Nowgorod şäherine geldi. Saparyň çäginde Nižniý Nowgorod sebitiniň halkara we sebitara gatnaşyklar ministri Olga Gusewa bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Nižniý Nowgorod sebitiniň häkimliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtady.

Zenan dünýäsi: ýüpek gatnaşyklaryň nusgasy

Maý aýy — gözellige, güllere baý aý. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýy-da ýurt we dünýä ähmiýetli wakalara beslenýär. Tebigatyň iň ajaýyp paslynyň şu günleri göwnüňe mylaýymlygyň, mähremligiň täsin şuglasyny saçýan ýaly duýgy döredýär. Diňe şu aýyň däl, tutuş ýylyň iň ýatda galjak wakalarynyň biri-de golaýda paýtagtymyzda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahatdyr. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilen halkara forumlar hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan çäreler bilen utgaşan bu maslahat iki ýurduň gadymy gatnaşyklarynyň häzirki ajap eýýamdaky mynasyp dowamyny alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahat türkmen we hytaý dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda şanly sahypa öwrüldi.

Maslahatda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi»

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum — hyzmatdaşlygyň täze ugry» atly maslahat geçirildi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň gatnaşmaklarynda 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forumyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp geçirilen bu maslahata «akylly» şäherde zähmet çekýän zenanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Parahatçylyk, ynanyşmak — halklaryň arzuwy

Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, yhlas-aladalary, taýsyz tagallalary bilen gözelligiň göwher gaşyna öwrülen ak şäherimiz Aşgabadyň Halkara howa menzili. Bahar-ýazyň älem-jahany gözellige besleýän günlerinde öýlänçiniň suwuna ýuwlan baglardyr ösümlikler, al-elwan güller menziliň kaşaň, owadan keşbini öňkülerinden hem has görklendirýär. Eziz Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary wagtynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň biri bolmak bagtynyň miýesser edendigi barada buýsanjy serime dolduryp, ajaýyp «Boeing» kysymly uçara münenimde, ata Watanymyza gelýän müňlerçe daşary ýurtly myhmanlaryň mukaddes topragymyza ilkinji gadamlarynyň hut şu Halkara howa menzilinden başlanýandygy baradaky pikirler parahatlygyň we dost-doganlygyň Diýary — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyza söýgi-sarpamy goşalandyrýar. Uçuş zolagynda badyny barha artdyryp, mawy asmana göterilen laçyn kysymly äpet uçaryň aýnasyndan ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi eliň aýasynda ýaly görünýär. Watan buýsanjy

Brýusselde Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri boýunça maslahat geçirildi

Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) “Global Gateway” başlangyjynyň mümkinçilikleri we Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy duşenbe güni habar berdi. Çärä Ýewropa Komissiýasynyň, ÝB-niň ulag meseleleri boýunça baş müdirliginiň, Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň we ÝB-niň beýleki guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ulag we logistika kompaniýalary ulgamyndaky dürli barlag guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek maksady bilen, serhetýaka ýollaryny giňelder

Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek üçin serhetýaka ýollaryny giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin gazagystanly kärdeşi Serik Žumangarin bilen Kazanda geçiren duşuşygyndan soňra aýtdy. “Biz öz tarapymyzdaky ýollary giňeldýäris, olar bolsa öz tarapyndaky ýollary. Netijede ýokary hilli we howpsuz bu ýollar diňe bir biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrman, eýsem beýleki ýurtlara hem geçmäge mümkinçilik berer” diýip, Husnullin özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýzdy.

Russiýanyň we Hytaýyň demir ýollary hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ylalaşdylar

Hytaýa iş saparynyň çäginde «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary Hytaýyň demir ýol ulgamyny utgaşdyrýan edarasynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça şertnama gol çekdiler hem-de ikitaraplaýyn ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýän birnäçe başlangyçlary öňe sürdüler. «Russiýanyň demir ýollarynyň» metbugat gullugynyň habaryna görä, şertnamada beýan edilen meseleleriň arasynda Zabaýkal — Mançžuriýa serhet geçelgesinde 1435 mm ölçeg boýunça ikinji esasy ýoluň gurluşygyny tizleşdirmek we bar bolan demir ýol serhet infrastrukturasy ösdürmek ýaly meseleler bar. Şeýle hem resminama tizlenýän konteýner otlularynyň bir bölegi hökmünde nobatdaky bellenenleri goşmak bilen ýük akymynyň artmagyny üpjün edýär. Çalt zaýalanýan harytlaryň, esasan hem, doňdurylan et önümleriniň iberilişiniň artmagyna aýratyn üns berilýär.

Ruhy gymmatlyklara daýanýan hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk, abadan durmuş, durnukly ösüş, agzybirlik halkymyzyň hemme döwürlerde iň arzyly saýan gymmatlyklarydyr. Ruhy gymmatlyklary hem-de ykdysady gazanylanlary sazlaşykly utgaşdyrmak häzirki zaman dünýäsiniň möhüm ösüş ugruna öwrülýär. Bu ugurda milli tejribeler ähli gyzyklanýan taraplaryň umumy netijäni gazanmaga, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge itergi berýär, täze ugurlary gözlemäge täsir edýär. Köpler üçin bähbitli bolan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemek, täze gymmatlyklary döretmek, ýaşaýan dünýämizi gowulaşdyrmaga hem-de gowy görelde görkezmäge gulluk edýän maksatlara ýetmäge çalyşýan milli tejribeler hemişe gyzyklanma eýe bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap, Türkmenistan dünýä döwletleri bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, oňyn tejribeleri giňden ýaýbaňlandyrmaga, täze mazmunlar bilen baýlaşdyrmaga öz mynasyp goşandyny goşýar. Munuň ajaýyp mysallarynyň biri hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum —2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşan Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň tagallalary bilen BMG üçin parahatçylyk, özara düşü

Türkmen işewürleri Dubaýda tebigy önümleriň halkara sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri şu ýylyň 18 – 20-nji noýabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek tebigy we organiki önümleriň «Organic EXPO Dubai 2024» atly halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. «Organic EXPO Dubai 2024» 22 ýyl bäri Ýakyn Gündogarda lomaý we bölek söwda üçin öňdebaryjy meýdança bolup hyzmat edýär. Ol organiki we tebigy azyk önümlerini hem-de içgileri, kosmetika serişdelerini, saglyk, oba hojalygy, daşky gurşaw we durnukly ösüş maksatly önümleri iň gowy öndürijileri bir ýere jemleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz Tatarystanyň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de ýakynda dostlukly Tatarystana amala aşyrylan saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Milli Liderimiz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi. Hormatly Arkadagymyz Kazan forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, şeýle çäreleriň guralmagynyň Tatarystanyň ösmegine hem-de Russiýa bilen yslam dünýäsini baglanyşdyrýan halka hökmünde ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen we hytaý zenanlarynyň forumy: dostluk köprülerini berkidip

17-nji maýda gözel paýtagtymyz dostlukly ýurtlardan gelen myhmanlary öz goýnunda jemläp, bagtyýar halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde uly toý tutdy. Köpetdagyň eteginde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bina bolan türkmeniň beýik akyldar şahyrynyň ýadygärliginiň, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy taryhy pursatlara öwrülip, her birimiziň kalbymyzda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Şol gün Maslahat köşgünde «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum hem geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň gatnaşmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Halkymyz hemişe goňşy we beýleki halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklapdyr. Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri hytaý halky bilen arkama-arka dowam edip gelýän gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklar köpasyrlyk taryha, baý tejribä eýedir. Ýurtlarymyzy birleşdiren gadymy kerwen ýoly diňe bir netijeli söwda işleri üçin köpri bolman, eýsem, medeni gatnaşyklaryň ilerl

Ähli döwürleriň beýik şahyry

18-19-njy maýda paýtagtymyzda geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan alymlary bir meýdançada jemledi. Onuň çäklerindäki çykyşlarda akyldar şahyryň köptaraply edebi mirasynyň dünýäniň medeni ösüşindäki, adamzat aňyýetiniň galkynyşyndaky orny, döredijilik özboluşlylygy, ömri hakda soňky ýyllarda alnyp barlan köpugurly ylmy işleriň netijeleri boýunça täze pikirler, düşünjeler beýan edildi. Biz hem halkara foruma gatnaşyp, Gündogaryň beýik akyldary we türkmen nusgawy şahyry barada söz sözlän alymlaryň käbiriniň pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Farhat Asif NUR,«Diplomatic Insight Group» guramasynyň direktory, professor (Pakistan):

Magtymguly — özbek şahyrlarynyň mertebeli halypasy

Bahadyr KARIMOW,Daşkendiň Alyşir Nowaýy adyndaky Özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory.

Işewür gatnaşyklar berkidilýär

Mälim bolşy ýaly, «Wozroždeniýe» kompaniýasy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda üstünlikli işläp gelmek bilen, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Halkara hil ülňülerine laýyk gelýän bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bar bolan köpugurly mümkinçilikleri, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny hasaba almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistanda, hususan-da, paýtagtymyzda birnäçe wajyp düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Dostluk. Düşünişmek. Netijelilik

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, 18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etmegi möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň syýasy-durmuş ugurlarynda zenanlaryň tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik döreden «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly foruma ünsi çekdi hem-de şeýle maslahatlaryň geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi.

Zenanlar dialogy işjeň ilerledilýär

Türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuňňur taryhy-medeni köklerden gözbaş alýar. Şoňa görä-de, 17-nji maýda paýtagtymyzda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň geçirilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Forum başlamazyndan ozal, Maslahat köşgünde hormatly myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa garşylady. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy biziň halklarymyzy asyrlaryň dowamynda emele gelen hem-de soňky ýyllarda barha ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk gatnaşyklary esasynda kemala gelen umumy däp-dessurlaryň birleşdirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň Pekine amala aşyran iş saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi we hanym Şen Ýueýue bilen Pekinde geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Magtymgulynyň mirasy adamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir

18-nji maýda paýtagtymyzda beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady meşhur türkmen şahyry Magtymgulynyň edebi-filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden hem-de wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň, edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan halkara maslahatyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, ylym, medeniýet işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Magtymgulynyň mirasy adamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir

Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady meşhur türkmen şahyry Magtymgulynyň edebi-filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden hem-de wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň, edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan halkara maslahatyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, ylym, medeniýet işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi.