"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen özara gatnaşyklaryň giň meselelerine garaldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şol sanda milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmelerine we tabşyryklaryna laýyklykda şu ýylyň alty aýynda topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri, 2023-nji ýyl üçin meýilnamada kesgitlenen wezipeler, 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk barada maglumat berildi.

Türkmen-özbek serhedinde söwda merkezi gurlar

Bu barada 21-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, gurluşyk işleri şu ýylyň iýul aýynda başlanar we Söwda merkezi 2025-nji ýylyň iýulynda ulanmaga doly taýýar ediler. Munuň özi özara haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna, işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, iki ýurduň sebitlerinde täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berjek möhüm başlangyçdyr. Merkezi Aziýanyň ýüreginde, Amyderýanyň we Syrderýanyň aralygynda ýerleşen, gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň dynuwsyz kerwenlerini goýnundan geçiren Özbegistan biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşusy, ýakyn dosty, ygtybarly hyzmatdaşydyr. Türkmen we özbek halklarynyň taryhy umumylyklara, köpasyrlyk ruhy-medeni däplere, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gadyrly gatnaşyklarynyň döwletleriň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösdürilmegi bu günki gün pugta binýady emele getirmek bilen, uzak geljek üçin bilelikdäki hereketleri kesgitlemekde daýanç nokady bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy-diplomatik gatnaşyklary özara ynanyşmagyň hem düşünişmegiň iň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Biziň döwletlerimiz birek-

Türkmenistan — Koreýa: parlamentara gatnaşyklar giňeldilýär

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, milli parlamentimiz daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň 46-sy bilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär. Şolaryň hatarynda Türkmen-koreý parlamentara dostluk topary hem bar. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýlup, 2023-nji ýylyň aprel aýyna çenli iki döwletiň arasynda 100-e golaý halkara resminama gol çekildi. Häzirki wagtda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklar ýaly ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Şol sanda maglumat tehnologiýalary, ýangyç-energetika, dokma senagaty, oba hojalygy ýaly ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy iki ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna öz täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr.

Jidda sammiti: sebitara hyzmatdaşlyga täze itergi

18-19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy. Jiddada geçirilen sammit häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara bähbitli sebitara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR PUGTALANDYRYLÝAR

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy

(Jidda şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy iýuly) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmenistan — Koreýa: hoşniýetlilik, dostluk, ynanyşmak

20-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň «Deňiz han» otagynda Gahryman Arkadagymyz bilen dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň ikiçäk duşuşygy boldy. Bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini belläp, hormatly Arkadagymyz ýokary derejedäki gepleşikleriň gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar üçin oňyn mümkinçilikdigini aýtdy.

Saýlawlara taýýarlykly barylýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň, ýagny Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanylan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga bolan hukuklarynyň demokratik esaslary ösdürilýär. 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda boljak Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynda raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Saýlawçylaryň saýlaw uçastogynda ses bermekleri üçin ähli şertler üpjün edilýär.

Türkmenistan Jidde şäherinde ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ilkinji nobatda biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze ulag-üstaşyr geçelgeleri, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmegi wajyp hasaplaýarys.

Hoşallyk haty gelip gowuşdy

Iýul aýynyň 19-na türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde dabara geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Arkadag şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdy. Şu ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Ukrainanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegini iberdi. Munuň özi halkymyzyň mätäçlik çekýänlere doganlyk goluny uzatmak ýaly asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hoşallyk hatynda Ukraina Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden degişli derman we lukmançylyk serişdeleriniň, Dokma senagaty ministrliginden harytlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden azyk önümleriniň ugradylandygy bellenilýär.

Türkmenistan koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine gyzyklanma bildirýär

Ozal habar berşimiz ýaly, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo bilen şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen gepleşikleriň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe tekliplerini beýan etdi. Söwda-ykdysady, energetika, ulag we logistika, sanlylaşdyrma we ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda bitiren ýokary hilli işleri bilen özlerini gowy tarapdan görkezýändiklerini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistan — Koreýa: parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär

Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Paýtagtymyzyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary mähirli garşylanyldy.

Jidda sammiti: Merkezi Aziýa we Aýlag sebiti — mümkinçilikleriň giňişligi

Wagtyň bir ýerde durmaýşy ýaly, dünýädäki syýasy ýagdaýlar-da, halkara gatnaşyklar ulgamy-da düýpgöter öwrülişiklere, täze wehimdir howplara sezewar bolýar. Şeýle durnuksyz ýagdaýlar bolsa döwletlerdir halklardan dessin hem oýlanyşykly çözgütleri, netijeli, çeýe ädimleri talap edýär. Taryhyň sapaklaryndan görnüşi ýaly, şunda ählumumy derejede pugta parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmek köp babatda milli, sebit we yklym derejesindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna bagly bolýar. Şoňa görä-de, soňky ýyllarda «sebitler bolup dostlaşmak», ýagny sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meýli barha güýçlenip başlady. Öňňin, 19-njy iýulda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ilkinji gezek geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti hem munuň anyk mysalyna öwrüldi. Jidda sammiti Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hem-de Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň — Bahreýn Patyşalygynyň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwletiniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Oman Soltanlygynyň, Saud Arabystany Patyşal

Jidda sammiti: sebitara hyzmatdaşlygy ilerletmekde täze ädim

Türkmenistan arap ýurtlary bilen ulag, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Jidda şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki sammitde eden çykyşynda ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze üstaşyr ulag geçelgelerini, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmegi wajyp hasaplaýandygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň halkara ynsanperwerlik çäreleriniň maksady howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermekdir

Arkadag şäheri, 19-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Arkadag şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdylar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, şu ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Ukrainanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegini iberdi. Munuň özi halkymyzyň mätäçlik çekýänlere doganlyk goluny uzatmak ýaly asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy Jidda — Aşgabat, 19-njy iýul (TDH). Şu gün Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň halkara ynsanperwerlik çäreleriniň maksady howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermekdir

Arkadag şäheri, 19-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Arkadag şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdylar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, şu ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Ukrainanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegini iberdi. Munuň özi halkymyzyň mätäçlik çekýänlere doganlyk goluny uzatmak ýaly asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Şäher — dünýä derejesinde

Robert FRANSEW,Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysy: — Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen halkara habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň we internet-portallarynyň wekilleri bilen bilelikde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen «akylly» şäher baradaky habarlardyr maglumatlary halk köpçüligine ýetirmek bagtynyň miýesser edendigine diýseň buýsanýaryn. Açylyş dabarasyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň hem-de Ýaponiýanyň žurnalistleri gatnaşyp, täzelikleri gyzgyny bilen okyjylar hem-de tomaşaçylar köpçüligine ýetirmegi, has dogrusy, dünýä ýaýmagy başardylar. Dünýäniň 30-a golaý döwletinden gelen žurnalistler dabaranyň yzysüre Arkadag şäherinde Türkmenistanda ilkinji «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň açylmagyna bagyşlanyp geçirilen halkara mediaforuma hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi sebitara durnukly ulag meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Belgiýa Patyşalygynda Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag gatnaşyklaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen birlikde Türkmenistanyň ilçisi, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissiýasynyň Baş müdiriýetiniň sebitleýin direktory Peteris Ustubus gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag gatnaşyklaryny ýola goýmakda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň geçiren barlaglarynyň netijelerini we ondan gelip çykýan teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.