"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Gelen — döwlet

koreýaly myhmanlar Arkadag şäherine gezelenç etdiler Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän, ýurdumyzyň täze ylym-bilim, medeni hem halkara merkezi bolan Arkadag şäheri bu gün şöhratly geçmişimiz bilen beýik geljegimizi birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň kartasynda şeýle halkara merkeziň peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döretdi.

Ösüşleriň nurana menzilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň şöhratly ösüşlere beslenýän zamanasy hökmünde ähli halkymyzyň ýüreklerini egsilmez buýsanç duýgularyna besleýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şol belent ösüşleri üstünlikli dowam etdirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ýakynda, has takygy, 21-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň möhüm görkezijileri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hyzmatdaşlygyň täze derejesi

Ata-babalarymyzyň bize miras galdyran baý ruhy hazynasyna bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Şu ýylyň 15-nji maýynda ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huriniň «Türkmen keşdeçilik sungatynyň», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky degişli güwänamalary hormatly Prezidentimize gowşurmagy, onuň yzysüre bolsa ýurdumyzyň alty sany orta mekdebiniň ÝUNESKO-nyň halkara assosirlenen mekdepleriniň sanawyna goşulmagy bilen bir hatarda, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem-de «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy» baradaky şanly senäniň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen belleniljek ýubileý seneleriň sanawyna goşulmagy munuň nobatdaky subutnamalary boldy. Her bir halkyň öz ýüzüni, milli häsiýetini, aýratynlygyny görkezýän medeni gymmatlyklary bolýar. Bu babatda biziň buýsanmaga doly hakymyz bar. Asyrlaryň jümmüşinden habar berýän taryhy ýadygärliklerimiz, halk döredijilik eserlerimiz, aýdym-sazymyz, milli tanslarymyz, şekillendiriş, halyçylyk, keşdeçilik, zergärçilik, senetçil

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ygrarlylyk

Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli synynda öz beýanyny tapdy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyz 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça tagallalara mynasyp goşant goşýar. Şunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek hem ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli synyny hödürlemek maksady bilen, golaýda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Täze taryhymyz — bagtyýar döwrüň keşbinde

Iri jemgyýetçilik-syýasy wakalarda döwrüň bedew bady, synmaz ruhy jemlenýär. Olaryň mysalynda döwletiň kuwwaty, syýasy ugry, ilatyň hal-ýagdaýy hem-de halkyň medeni babatda ýeten derejesi aýdyň ýüze çykýar. Aýlar aýlanyp, ýyllar dolanansoň hem şu günüň beýikligine şol taryhy wakalaryň derejesine laýyklykda baha berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ösüşli menzilleri üstünliklere beslenýär. Ol üstünlikler diňe bir ýurdumyzyň içindäki durmuş abadançylygynda däl, eýsem, döwletimiziň halkara giňişligindäki ornunyň barha berkemeginde hem äşgär şöhlelenýär. Munuň şeýledigine biz ýaňy-ýakynda paýtagtymyzdaky Maslahat merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirdik.

Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, pudagara toparyň 2023-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, halkara ynsanperwer hukugynyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň ynsanperwer ugurda abraýly halkara guramalar bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pakistan, Owganystan we Özbegistan Merkezi Aziýa uzaýan demirýol şahasyny gurarlar

Pakistan, Owganystan we Özbegistan sişenbe güni Pakistany Özbegistanyň günortasyndaky Termez şäheriniň üsti bilen Merkezi Aziýa we Russiýa bilen birleşdirjek demirýol şahasyny döretmek barada bilelikdäki teswirnama gol çekdiler. Bu barada “Arabnews” gazeti çarşenbe güni habar berdi. Demir ýol ugry Termez şäherinden we Owganystandaky Mazari-Şarif bilen Logar şäherlerinden geçer hem-de Pakistandaky Harlaçi serhet geçelgesine barar. Resmiler bu şahanyň ýolagçy we ýük hyzmatlaryna goldaw berjekdigini we sebitdäki söwda hem-de ykdysady ösüşe goşant goşjakdygyny aýdýarlar.

Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, pudagara toparyň 2023-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, halkara ynsanperwer hukugynyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň ynsanperwer ugurda abraýly halkara guramalar bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarlar halkara giňişlikde

Gün tertibinde — ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi Golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynda iş saparynda boldy. Wekiliýetiň düzüminde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary bar.

Türkmenistan «EKSPO» sergilerine taýýarlanýar

21-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň daşary ýurtlarda boljak halkara forumlara gatnaşmagy, hususan-da, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine hem-de «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz bu iri sergileriň ähmiýetini göz öňünde tutup, olara gatnaşmaga guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak we öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, Türkmenistan indi birnäçe ýyl bäri «EKSPO» sergilerine işjeň gatnaşyp gelýär. Anyk aýtsak, ilkinji gezek 2010-njy ýylda Hytaýyň Şanhaý şäherinde, 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde, 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde, 2017-nji ýylda Gazagystanyň Astana şäherinde, 2021-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «EKSPO» gözden geçirilişlerinde ýurdumyzyň mümkinçilikleri giňden açylyp görkezildi. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde guraljak «EKSPO — 2025», Kataryň paýtagtyndaky «EKSPO — 2023 Doha» Bütindünýä we halkara sergilerine-de Bitarap Türkmenistan garaşsyz ösüş ýyllarynda bedew batly gadamlar bilen öňe barýan

ÝUNESKO: ýurdumyzyň milli toparynyň maslahaty

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen özara gatnaşyklaryň giň meselelerine garaldy. Milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şu ýylyň alty aýynda topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri, 2023-nji ýyl üçin meýilnamada kesgitlenen wezipeler, 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk barada maglumat berildi.

Hünärmenleriň ylmy seljermeleri

Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy. urdumyz parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine saldamly goşant goşýar. Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň düzümine girýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklar bu ugurdaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, alty ýurt — Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman Soltanlygy we Saud Arabystany Patyşalygy 1981-nji ýylda döredilen bu sebit guramasynyň agzalary bolup durýar.

Döwletara gatnaşyklar netijeli ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi 21-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen özara gatnaşyklaryň giň meselelerine garaldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şol sanda milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmelerine we tabşyryklaryna laýyklykda şu ýylyň alty aýynda topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri, 2023-nji ýyl üçin meýilnamada kesgitlenen wezipeler, 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk barada maglumat berildi.

Türk­me­n-katar: söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

17— 21-nji iýul ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Mer­gen Gur­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň Ka­tar Döw­le­ti­niň Do­ha şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry ama­la aşy­ryl­dy. Iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da 2023-nji ýy­lyň 2-nji okt­ýab­ryndan 2024-nji ýy­lyň 28-nji mar­tyna çenli Ka­tar Döw­le­ti­niň Do­ha şä­he­rin­de «Daş­ky gur­şa­wyň ha­ty­ra­sy­na ýa­şyl te­bi­gat» şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­jek «Eks­po – 2023 Do­ha» at­ly hal­ka­ra bagbançylyk ser­gi­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň gat­naş­ma­gy bi­len bag­ly gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Rifat Hisarjyklyogluna täze wezipe berildi

Tür­ki­ýä­niň Pa­la­ta­lar we bir­ža­lar bir­le­şi­gi­niň baş­ly­gy Ri­fat Hi­sar­jyk­lyog­lu 170 ýurt­dan 45 mil­lion­dan gow­rak kom­pa­ni­ýa­ny özün­de jem­le­ýän Hal­ka­ra söw­da pa­la­ta­sy­nyň Do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­ly­gy­na saý­lan­dy. Hal­ka­ra söw­da pa­la­ta­sy­nyň Že­ne­wa­da ge­çi­ri­len Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­li­sin­de bu gu­ra­ma­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­ly­gy­na saý­la­nan Tür­ki­ýä­niň Pa­la­ta­lar we bir­ža­lar bir­le­şi­gi­niň baş­ly­gy Ri­fat Hi­sar­jyk­lyog­lu be­ren be­ýa­na­tyn­da öz ýur­du­nyň işe­wür­ler jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň adyn­dan bu ýer­de 3 ýyl iş alyp bar­jak­dy­gy­ny bel­läp, Tür­ki­ýä­niň işe­wür­ler jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň tek­lip­le­ri­ni we mak­sat­la­ry­ny gu­ra­ma­nyň mej­lis­le­ri­niň çäk­le­rin­de ara alyp mas­la­hat­laş­jak­dy­gy­ny aýt­dy.

Ko­re­ýa­ Respublikasynyň «Dae­woo E&C» kom­pa­ni­ýa­sy Türk­me­nis­tan­da şa­ham­ça açar

Ko­re­ýa­ Respublikasynyň «Dae­woo E&C» kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň sent­ýabr-oktýabr aý­la­ry­nyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da şa­ham­ça aç­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da «Dae­woo E&C» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Ba­ek Jeong-wa­nyň aý­dan­la­ry­na sal­gy­la­nyp, «Bu­si­ness­Ko­rea» žur­na­ly pen­şen­be gü­ni ha­bar ber­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň pre­zi­den­ti­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, tä­ze şa­ham­ça­nyň açyl­ma­gy kom­pa­ni­ýa­nyň türk­men Hö­kü­me­ti bi­len has ýa­kyn gat­na­şyk­da bol­ma­gy­na we tas­la­ma­lar bo­ýun­ça tiz hyz­mat­daş­lyk et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­re­der.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen özara gatnaşyklaryň giň meselelerine garaldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şol sanda milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmelerine we tabşyryklaryna laýyklykda şu ýylyň alty aýynda topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri, 2023-nji ýyl üçin meýilnamada kesgitlenen wezipeler, 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk barada maglumat berildi.

Türkmenistan Nýu-Ýorkda durnukly şäher ulagy boýunça çäräni geçirdi

BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçýän durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy «Durnukly şäher ulagy: BMG-nyň Baş assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli Mejlisine taýýarlyk we DÖM-nyň 11-njisini ýerine ýetirmek üçin Arkadag şäheriniň modeli» temasyndan çäräni gurnady. Gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň halkara arenasynda degişli başlangyçlary öňe sürmek arkaly ulag durnuklylygy babatynda köptaraply dialogyň esasyny goýandygyny belledi. 2016-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen durnukly ulag boýunça birinji Bütindünýä Maslahaty, 2022-nji ýylda bolup geçen deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Ministrler ulag maslahaty  munuň aýdyň mysallary bolup hyzmat edýär.

GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi

19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada sapar bilen gelen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy.  Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem sebitdäki halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.