"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ýurdumyzyň wekiliýeti «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisine gatnaşýar

Kataryň paýtagty Dohada «EKSPO — 2023» halkara bagbançylyk sergisi açyldy. «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» atly şygary bilen geçirilýän sergide Türkmenistanyň milli pawilýony hem bar. Açylyş dabarasyna Kataryň Emiri Tamim ibn Hamad Al Tani, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ibn Zaid Al Nahaýýan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Jibutiniň Prezidenti Ismail Omar Gelle, Tanzaniýanyň Prezidenti Samiýa Suluhu Hassan, Yragyň hökümet başlygy Muhammed Şia As-Sudani, Ýemeniň hökümet başlygy Main Abdel Malik, Ruandanyň hökümet başlygy Eduar Ngirente we beýleki birnäçe ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden Kataryň hökümet başlygy Muhammed ibn Abdurrahman ibn Jasim Al Sani serginiň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikdigini aýtdy. Ýeri gelende belläp geçsek, bu halkara sergi 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli öz işini dowam eder.

Türkmenistan «Kitap Duşenbe — 2023» atly Halkara kitap sergisine gatnaşdy

3 – 5-nji oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde «Kitap Duşenbe — 2023» atly 11-nji Halkara kitap sergisi geçirildi. Serginiň işine Täjigistanda akkreditirlenen diplomatik korpus bilen Türkmenistanyň Ilçihanasy milli öwüşginde bezelen kitap diwarlygy bilen gatnaşdy. Halkara kitap sergisinde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatyna, şeýle hem döwletiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan kitaplar we neşirler hödürlendi.

Türkmenistan – Azerbaýjan: işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugrunda

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew geçen hepdäniň çarşenbe güni Aşgabatda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan — Azerbaýjan bilelikdäki Hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Batyr Atdaýew we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilelikdäki Hökümetara toparyň ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygynyň guralmagyny we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.

Ählumumy abadançylyga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary bilen bagly wakalar Bitarap Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny beýan etdi. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň köpugurlylygy we çylşyrymlylygy her bir döwletiň bütin adamzadyň durnukly ösüşiniň syýasy-ykdysady esaslaryna çuňňur düşünýän daşary syýasatynyň bolmagyny talap edýär. Ählumumy ösüş diýlende bolsa, ilkinji nobatda, adamy jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hasaplaýan syýasy taglymat deslapky şert bolup durýar. Sebäbi jemi içerki önüminiň mukdaryndaky, geografik ýerleşişindäki, senagatyň düzüm gurluşyndaky, medeniýetlerindäki tapawutlyklara garamazdan, ähli döwletleri birleş

Dostluk ýörelgelerine ygrarlylyk

Türkmenistan dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen dostluk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-5-nji oktýabrdaky kabul edişlikleriniň mysalynda aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar. 4-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan syýasy dialogynyň okgunly ilerledilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça işjeň gatnaşyklaryň saklanylýandygy nygtaldy.

Gören-eşideniňi aýtsaň...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary uly mazmuny özünde jemledi Ýola ugrajak bolsaň, barjak ýeriň, görjek iliň hakda hökman gyzyklanýaň. Tutuş Ýewropanyň ýüregi hasaplanýan Germaniýa 357 müň inedördül kilometrden gowrak meýdana ýaýlyp, ýurtda ýaşaýanlaryň sany 85 milliona golaýlaýar. Kenarlaryny Baltika we Demirgazyk deňizleriniň suwy ýuwýan Germaniýa gämi gatnawlary, port ulgamy babatda hem iň ösen döwletleriň biridir. Konstitusion gurluşy babatda özüne kanunçylyk esasynda 16 subýekti — federal ýer böleklerini birleşdirýär. Parlament respublikasy bolup, döwleti Federal Kansler dolandyrýar.

Parahatçylyk, ynanyşmak, ýagty geljek

Ertirki günümiziň abadançylygyny üpjün etmek häzirki döwürde Ýer ýüzünde ýaşaýan milliardlarça ynsany biparh goýmaýan wezipeleriň biridir. Geljegimiziň röwşen keşbi ony gurujylar bolan ýaşlara baglydyr, abadançylygyň ilkinji şerti bolsa parahatçylykdyr. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzda ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge hem-de dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. 2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy hem dürli medeniýetlere, sebitlere wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, parahatçylygy berkitmek, diplomatik ýollar arkaly dawalaryň öňüni almak we çözmek işinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge bagyşlandy. Döwletimiz ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary, kämilleşmekleri üçin giň şertleri döretmek bilen, ýaş nesliň terbiýesine aýratyn üns berýär. Çünki ýaşlar jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup, täze taryhy eýýamda olaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine itergi berýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenista

Edebi dostluk — ebedi dostluk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Garaşsyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hem dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we deňhukuklylygyň mizemez ýörelgelerine esaslanýar. Bu gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlykdyr. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda medeni we döredijilik saparlaryny guramak, sungat festiwallarynydyr sergileri, Medeniýet günlerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Her ýyl ýurdumyzyň şahyrlaryndan, žurnalistlerinden, medeniýet işgärlerinden ybarat bolan wekilçilikli topar Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Ak tokaý obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we atasy Döwletmämmet Azadynyň kümmetlerine zyýarat edýär. 2014-nji ýylda türkmen halkynyň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna bu ýerde birnäçe çäreler geçirildi.

Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Täjigistanyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar ulag we aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiligine, şeýle hem ýük daşamak bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Çar ýana uzaýan dostluk ýollary

Halkymyzda ýol, köpri gurmak sogap iş hasaplanýar. Ata-babalarymyzyň «Ýol gurduran, köpri gurduran kişiniň alkyş-sogapdan ýüki ýetik bolarmyş» diýen jümlesi hem bu hakykata doly laýyk gelýär. Elbetde, ýol gurmak — mukaddes iş. Biz häzirki wagtda dosta barýan, dünýä ýurtlaryny birleşdirýän ýollary gurmagyň haýyr-sogabynyň näderejede ähmiýetlidigini öz gündelik durmuşymyzda aýdyň görýäris. Şu babatda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol gurmak, dostluk ýollaryny uzaltmak boýunça başlangyçlarynyň bütin dünýäde giňden ykrar edilendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Täze taryhy döwürde şeýle asylly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmegi häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şoňa görä-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bil

Halkara giňişlikde

Türkmenistanyň mümkinçilikleri — «ADIPEC 2023» sergisinde Türkmenistanyň energetika pudagyna degişli wekiliýet Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «ADIPEC 2023» halkara nebitgaz sergisine gatnaşdy. Ýurdumyzyň düýn — 5-nji oktýabrda öz işini tamamlan iri gözden geçirilişdäki diwarlygynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy öz mümkinçiliklerini görkezdi.

«Merkezi Aziýa — Germaniýa» hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Saparyň maksatnamasyna ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň derejesinde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi girizildi. Köptaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli meýdançasy

Kämil başlangyçlara badalga

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-29-njy sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary netijeleri gazanýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Germaniýa» duşuşygynda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BMG-niň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtamak bilen: öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti, ykdysady ösüş meselesinde ählumumy özara baglanyşyk, halkara giňişlikde energiýa serişdelerini ygtybarly üstaşyr geçirmek, täze ulag geçelgelerini döretmek bilen bagly ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti babatda beýan edenleriniň gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldanylmagy we dünýäde oňyn seslenme döretmegi diýseň buýsançly boldy.

Ählumumy abadançylygyň aýdyň menzilleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly başlangyçlary bilen dünýäde parahatçylygy, hoşniýetliligi ýörelge edinýän Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygy barha berkidýär we ösdürýär. Munuň şeýledigine Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny, hususan-da, ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlar babatynda öňe süren başlangyçlarynyň giň seslenme tapmagynyň mysalynda hem muňa ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik.

Beýik işleriň ykrarnamasy

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ösdürmekde, halkara giňişlikde ilerletmekde dünýäde ykrar edilen Lider hökmünde tanalýan Gahryman Arkadagymyzyň şahsy goşandy örän uludyr. 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň Çözgüdiniň kabul edilmegi ähli halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göteren hoş habar boldy. Milli Liderimiz abraýly sylagyň gowşurylyş dabarasynda: «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany meni halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine ähli güýç-gaýratymy we durmuş tejribämi gaýgyrman mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýär» diýip belledi. Magtymguly Pyragynyň sözlerini, doganlyk halklaryň pähimlerini mysal getirip, ata-babalarymyzyň hemişe jebislige çagyrandygy, şoňa görä-de, häzirki günde syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer meselelerde pederlerimiziň ýoluny dowam etdirýändigimiz hakynda çuň manyly çykyş etd

Türkmenistan bilen Germaniýa ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Berlin şäherinde iş saparynda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň işewürlerini ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda beýan etdi.

Ýaşlar dialogy: parahatçylygyň bähbidine

Öňňin Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» ady bilen halkara ýaşlar forumy geçirildi. Forum Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynydyr wekillerini, Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Liwiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan ýaşlary, şeýle hem halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň işgärlerini bir ýere jemledi. Biz halkara foruma gatnaşyjylaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Netijeli gatnaşyklar ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy dünýä giňişliginde özara gatnaşyklaryň täze ýörelgesi hökmünde ykrar edildi. Eziz Watanymyz durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleri durmuşa geçirýär, dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ine, 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşyp, birnäçe başlangyçlary öňe sürmegi hem munuň aýdyň görkezijileriniň biri boldy.

Halkara hyzmatdaşlygynda täze başlangyçlar

Hormatly Prezidentimiziň 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, ählumumy abadançylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm, täze başlangyçlar bilen çykyş etmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Azyk meselesini çözmekde Birleşen Milletler Guramasyna doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň möhüm ugry bolup durýar. Döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende, agzybirligiň, tutanýerliligiň, aýgytlylygyň zerurdygyny bellemek bilen, islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeleriň möhümdigine ünsi çeken hormatly Prezidentimiz bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütleriň, täze çemeleşmeleriň zerurdygyny nygtady. Bu çäräni ylalaşylan möhletlerde Aşgabatda geçirmek üçin şertleri döretmäge Türkmenistanyň taýýardygy hem mälim edildi.

Ýaşlar dialogy pugtalandyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan ýaşlar syýasatyny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzyň ösmegi ugrundaky durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň rowaçlandyrylmagyna, döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýär. Bu günki günde ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär, olaryň ylym-bilim öwrenmeklerine, öz başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine ähli şertler bar. Şonuň üçin hem ýaşlar ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar, röwşen geljege ynamly barýarlar.