"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy

Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy

Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, mähirli arzuwlaryňyz, bu maslahatyň ýokary derejede, örän netijeli geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi, türkmen lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan syýasatyňyzyň, halkyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň, beýik akyldarlarynyň umumadamzat ähmiýetli mirasynyň dünýäde dabaralandyrylmagy ugrunda köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

Ýegor ZAÝSEW,BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy: — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýär. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzalygyna kabul edildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi milli saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilelikdäki möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Biz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurduň jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyndaky oňyn özgertmeleriň şaýady bolduk. Şeýlelikde, ýokanç däl keselleriň derejesini peseltmek we olaryň ösüş töwekgelçiliginiň täsirlerini aradan aýyrmak maksady bilen, Türkmenistanda temmäkä gözegçilik etmek boýunça BSGG-niň maslahatlaryna esaslanýan giň gerimli maksatnama kabul edildi. Munuň özi çilim çekýänleriň sanyny görnetin azaltmaga ýardam berdi.

Tejribe — kämillige ýol

Annaoraz ANNAORAZOW,Arkadag şäheriniň häkimliginiň jemagat hojalygynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň başlygy: — 28-29-njy sentýabrda Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol iş saparynda Germaniýa döwletine gitmek maňa-da miýesser etdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen bu duşuşyk üstünlikli amala aşyryldy. Saparyň birinji güni ady dünýä ýaň salan Arkadag şäheriniň jemagat hojalygynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn pikir alyşmalar geçirildi. Şolaryň hatarynda jemagat hojalygynda ulanylýan tehnikalary öndürýän birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirildi.

Hyzmatdaşlygyň döwrebap nusgasy

Halk hikmetinde aýdylyşy ýaly, agzybirligiň, jebisligiň bar ýerinde abadançylyk, bagtyýarlyk örňeýär we rysgal-berekediň çeşmesi egsilmeýär. Muňa umumy ilaty, takmynan, 75 milliondan gowrak, tutýan meýdany 3,9 million inedördül kilometrden geçýän Merkezi Aziýa sebitindäki döwletleriň mysalynda has aýdyň göz ýetirmek mümkin. Häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, ygtybarly hyzmatdaşlyk we heňňamyň synagyndan geçen köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary sebit döwletlerini has-da ysnyşdyrýar. Halkara bileleşigiň ählumumy goldawyna eýe bolýan bu köpugurly hyzmatdaşlygyň täze nusgasynyň kemala gelmegine hem sebitdäki halklaryň ynsanperwer garaýyşlarynyň, umumy bähbitleriniň birligi öz täsirini ýetirýär.

Aral — döwrüň derwaýys meselesi

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, Aral deňziniň guramagy zerarly daşky gurşawa ýetirýän oňaýsyz täsirini peseltmek, çölleşmä we ýeriň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek, bu sebitiň arassaçylyk-epidemiologik ýagdaýyny gowulandyrmak, durmuş we ynsanperwer häsiýetli birnäçe meseleleri çözmek bilen bagly öz tekliplerini öňe sürdi. Sebit döwletleriniň ählisiniň bähbidini nazarlaýan ol teklipler döwlet Baştutanlary tarapyndan giň goldaw tapdy. Suw diňe bir köp bolanda däl, hatda az bolanda hem daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirip bilýär. Muny biz soňky ýyllarda suwy barha azalýan Aral deňziniň mysalynda görüp ýörüs. Alymlar ýigriminji ýüzýyllygyň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrlarynda suw serişdeleriniň hasabyna suwarymly ýerleriň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilip başlanmagyny, oba hojalygy üçin Amyderýanyň we Syrderýanyň suwunyň aşa köp alynmagyny Aralyň suwunyň azalmagynyň esasy sebäbi hökmünde düşündirýärler. Netijede, Aral deňziniň suwunyň çekilmegi, sebitde käbir ekologiýa meseleleriň ýüze çykmagyna getirdi. Akademik Agajan Babaýewiň Türkmen döwlet n

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Owganystanda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken dostlukly döwletiň halkyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden ybaratdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen başy başlanan we häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri goňşy we doganlyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunda türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga, asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler

Golaýda Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler. Saparyň dowamynda myhmanlar deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Myhmanlar portuň ýolagçy-parom we ýük terminallaryna baryp, her terminalyň aýratynlyklary we ýükleriň görnüşlerine görä göz öňüne tutulan häzirki zaman enjamlarynyň portuň çäginde amallary ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşdylar. Myhmanlar portuň meýdanynda uly gabaraly ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenen ýük göteriji tehniklarynyň işleýşine syn etdiler. Soňra myhmanlara deňiz portuň terminallaryň çäklerindäki açyk we ýapyk ammarlary hem-de gümrük ammarynyň hyzmatlary barada, ýagny deňiz portunyň gümrük ammarynda ýükleri we harytlary gümrük paçlaryny tölemezden 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýändigi barada tanyşdyryldy. Mundan başga-da myhmanlar port tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň nyrhlary we sarp edilýän wagt barada gyzyklanma bildirdiler.

Ygtybarly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti

Nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2019—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» uglewodorod serişdeleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak maksadynda daşary ýurt kompaniýalary bilen önümi paýlaşmak hakynda şertnamalar we ylalaşyklar boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar. Nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2019—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» uglewodorod serişdeleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak maksadynda daşary ýurt kompaniýalary bilen önümi paýlaşmak hakynda şertnamalar we ylalaşyklar boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, hut öz adyndan, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan RF-niň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin beren habarynda, döwlet ministriniň «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy bellenilýär. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Yrak Hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny belledi. Şol gatnaşyklarda energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolar.

Abadan geljek üçin tagallalar Türkmenistan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşýar

Ýaşyl baglar ähli döwürlerde bagtyýar ýaşaýşyň we durmuş dowamatlylygynyň nyşanyna deňelipdir. Daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň bütindünýä derejesinde örboýuna galýan zamanasynda tebigat hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýakynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde işe başlan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisi hem ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge we tejribe alyşmaga özboluşly çagyryşdyr. Düýn — 9-njy oktýabrda halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň milli gününiň aýdym-sazly dabaralara beslenip geçirilmegi ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda amala aşyrylýan işleri Ýer ýüzüne äşgär etdi. «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» şygary astynda guralýan halkara bagbançylyk sergisi Ýakyn Gündogar sebitinde we gurak klimatly ýurtda geçirilen şeýle çäreleriň ilkinjisidir. Oňa 80-den gowrak ýurda wekilçilik edýän köpsanly guramalardyr kompaniýalar gatnaşýar. Serginiň çäklerinde çölleşmä garşy göreşmek we durnukly oba hojalygyny ösdürmek bilen baglanyşykly innowasion çözgütler görkezilýär. Doha şäheriniň «Al-Bidda» seýilgähiniň çäginde halkara sergi üçin niýetlenen 170 gektara barabar meýdan üç bölege bölünýär. Şolaryň birinjisi dürli ýurtl

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Şoňa laýyklykda, ýurtlarymyzyň arasynda ýokary derejedäki özara saparlar amala aşyrylyp, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň bolmagy munuň şeýledigini ýene-de bir gezek tassyklady. Döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, hut öz adyndan, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan RF-niň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Nygtalyşy ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Biziň gatnaşyklarymyz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar.

Energetika hyzmatdaşlygy — ileri tutulýan ugur

Türkmenistanyň we Yragyň döwlet energetika düzümleri türkmen gazyny ibermek hakynda Ähtnama gol çekdiler Mälim bolşy ýaly, döwlet ministriniň — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda bolup, saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani tarapyndan kabul edildi.

Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Täjigistanyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar ulag we aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiligine, şeýle hem ýük daşamak bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, hut öz adyndan, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan RF-niň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň we Yragyň döwlet energetika düzümleri türkmen gazyny ibermek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habarynda, hususan-da, döwlet ministriniň — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy bellenilýär. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Yrak Hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny belledi. Şol gatnaşyklarda energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolar.

Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarynyň duşuşygy

6-njy oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda edaranyň başlygy Mergen Gurdowyň Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe başlandygy bilen bagly gutlag sözleri aýdyldy. Myhman hem öz gezeginde, «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonynyň gurluşyk işleriniň wagtynda tamamlanandygy bilen bagly gutlag sözlerini aýtdy we bu pawilýonyň özboluşly owadanlygy bilen tapawutlanýandygyny belledi.