"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan edip, sabyr-takatlylyk arzuw etdi.

Hoşniýetlilik we hyzmatdaşlyk

Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip düzülen howpsuzlyk düşünjesiniň bölünmesizligi baradaky konsepsiýa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini emele getirýär. Ol bolsa aslyýetinde, harby däl syýasy-diplomatik serişdeler arkaly ählumumy howpsuzlygyň mäkäm hem uzak möhletli ulgamyny döretmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň syýasy we ylmy-teoretik esasy bolup durýar. Onuň ileri tutulýan ugurlary howpsuzlygyň milli, sebit we global derejesine we syýasy, ykdysady, energetika, suw, azyk, ekologiýa boýunça we howpsuzlygyň beýleki ähli ugurlarynyň berk arabaglanyşyklydygyna bir bitewi garaýşy öz içine alýar.

Halklary ýakynlaşdyrýan gymmatlyklar

Düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Daşary işler ministrliginiň, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyşy boldy. Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen medeni miras ulgamynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu dostlukly ýurduň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň çäklerinde 2001-nji ýyldan başlap, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň çäginde medeni miras boýunça jemi 28 taslama üstünlikli amala aşyryldy. Sergide şol taslamalaryň suratlary görkezilýär. Olaryň arasynda Seýit Jemaletdin metjidiniň syrça bezegleriniň, gadymy Nusaýdaky diwar suratlarynyň, Abu Sahyt Abul Haýyryň gubrunyň, Soltan Tekeşiň kümmetiniň gümmeziniň, şeýle hem türkmen halylarynyň seýrek ýygyndysynyň, golýazmalaryň suratlary bar.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Öňňin Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň Sekretariaty tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda bu guramanyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Interaktiw söhbetdeşlikde duşuşyga gatnaşyjylar ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň 29-njy mejlisiniň esasy meselelerini we gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mejlisi şu ýylyň iýul aýynda onlaýn görnüşde geçirmek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiziň başlangyçlary rowaçlanýar

2. Öňüni alyş diplomatiýasy we türkmen Bitaraplygy Ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar etmek üçin ençeme zerurlyk bar. Şol zerurlyklaryň doly derejeli bolmagy adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, dünýä syýasatynda, halkara gatnaşyklarda-da örän möhüm. Olary birin-birin sanap oturmazdan, 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryny ýada salmak ýeterlik. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi biragyzdan 2015-nji ýylyň sentýabrynda ýakyn geljekde halkara hyzmatdaşlygy ilerletmegiň, durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň esasy hökmünde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan ugurlaryň 15-sini öňe çykaryp, olaryň netijeli çözgüdini tapmagy dünýä bileleşiginiň gaýragoýulmasyz wezipesine öwrüpdi. Şol maksatlara ýetmekde Bitarap Türkmenistan özboluşly daşary syýasy derejesinden ugur alyp, täzeçil başlangyçlary öňe sürmek bilen, aýratyn işjeňlik görkezýär.

Türkmenistan — Bahreýn: döwletara gatnaşyklar berkidilýär

30-njy aprelde milli Liderimiz bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi, şu agyr günlerde hormatly Prezidentimize, maşgala agzalaryna güýç-kuwwat we durnuklylyk arzuw etdi.

Türkmen-özbek dostlugy

Geçen hepdäniň anna güni paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde «Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — nesillere görelde» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek dilinde neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurlar ýaşlaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Halkara hyzmatdaşlygynda täze sahypa

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 29-30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, foruma gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gutlag sözlerini hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem kabul edýän tarapa çakylyk we mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Biziň ýurdumyz ÝHG-nyň mejlisine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşýar, bu bolsa uzak möhletli, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, onuň geljegine we mümkinçiliklerine düşünmäge bolan özara gyzyklanmany beýan edýän wakadyr.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşleri

Islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde ulag ulgamynyň örän uly paýy bardyr. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň möhüm şerti hökmünde ýurdumyzda ulag infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň wajypdygyny, sebit we yklym söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň çäginiň gadymy döwürlerde-de Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetli bölegini düzendigini belleýär. Tebigat bilen elmydama aragatnaşykda bolan ynsan guşlary, atlary we beýleki jandarlary synlap, hemişe öz beden tizliginden ýokary tizlige ymtylypdyr. At adamzadyň ilkinji eldekileşdiren jandarlarynyň biridir. Arabanyň oýlanyp tapylmagy hem atyň eldekileşdirilmegi bilen baglydyr.

Ruhy baýlyga sarpa

Golaýda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde «Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — nesillere görelde» atly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek diline neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary netijesinde ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň mähriban kyblasynyň anna agşamy mynasybetli Gypjakda beren agzaçar sadakasyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Dostlukdan nyşan

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, pähim-paýhasyndan döreýän her bir eser diňe bir ýurdumyzyň raýatlarynda däl, eýsem, dünýäniň köp ýurtlarynyň millionlarça okyjylarynda uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiziň ajaýyp eserleriniň köpüsi eýýäm ençeme dillere terjime edildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Asyrlar aşan ýürekdeşlik

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Milli Liderimiziň 29-njy aprelde Gypjakdaky Baş metjitde beren agzaçar sadakasyna özbek doganlarymyzyň hem gatnaşmagy iki halkyň ruhy däplere, gadyrly gatnaşyklara ygrarlydyklaryny nobatdaky gezek açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen paýtagtynda hem «Daşkent» seýilgähini gurmak baradaky karara gelinmegi köpasyrlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has-da pugtalanýandygyny aýdyň görkezýär. Bular barada milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda geçirilýän tanyşdyrylyş dabaralarynda edilýän çykyşlarda hem giňişleýin bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de şu agyr günlerde milli Liderimize, maşgala agzalaryna güýç-kuwwat we durnuklylyk arzuw etdi.

Ýurdumyzyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 29-30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, bu mesele 26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda gozgaldy. Şonda milli Liderimiz RF-niň Prezidentine foruma çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, oňa ýokary wezipeli türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Türkmenistan — Gazagystan: döwletara gatnaşyklara täze itergi

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Goňşy döwletiň Baştutany söhbetdeşligiň başynda milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly özüniň çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi, ähli gazagystanlylaryň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz duýgudaşlyk sözleri üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň halkynyň, onuň Lideriniň şu kyn günlerde çuňňur hasraty paýlaşýandygyna hormat goýýandygyny nygtady.

Türkmenistan — Täjigistan: geljegi uly ugurlar giňeldilýär

28-nji aprelde milli Liderimiz bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi, täjik halkynyň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz şu kyn günlerde aýdan goldaw sözleri üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirip, deňlik, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini nygtady.

Türkmenistan — Türkiýe: dostlukly hyzmatdaşlyk

28-nji aprelde döwlet Baştutanymyzyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogana duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Türkiýäniň agyr ýitgi zerarly ýürek ýarasyny we hasrat-gaýgyny paýlaşmagyna ýokary baha berýändigini, hormat goýýandygyny belledi.

Ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlylyk

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi 28-nji aprelde milli Liderimiz wideomaslahat görnüşinde «ARETI» (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, «King&Spalding» hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, «Rizvi Traverse Management LLC» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, «Legacy» maliýe kompaniýasynyň baş direktory, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

Şu hepdäniň çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Onuň tutanýerli zähmeti we türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary hemişelik hakydamyzda galar.

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Sebitde strategik orny eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelere örän baýdyr. Diýarymyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlary ýurduň yzygiderli öňe hereket etmegini gazanmakdan, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň hemmesini peýdalanmakdan, ähli ulgamlara iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Netijede, zehinli, zähmetsöýer türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini we derejesini durnukly ýokarlandyrmagy gazanmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagyny ösdürmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek üçin maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, saglygy goraýyş, bilim, ylym we işewürlik ulgamlarynyň derejesiniň hil taýdan ösüşini üpjün etmek maksady bilen, täze maglumat tehnologiýalaryna maýa goýmak ýaly strategik ugurlar rowaçlygy gazanmagyň möhüm ýagdaýlary bolup durýar.