"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Hyzmatdaşlygyň wajyp ugry

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlarymyzyň durmuş abadançylygyna gönükdirilen ýurdumyzyň ykdysady özgertmeleriniň tebigy gurşaw bilen sazlaşyklylykda alnyp barylmagy döwletimiziň durnukly ösüşiniň esasy görkezijisidir. Döwlet Baştutanymyz suwdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyz suw diplomatiýasyny daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitledi hem-de oňa köptaraply gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik görnüşi hökmünde garaýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 30-njy aprelinde Lebap welaýatynda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi hem tassyklaýar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi. Maslahatda taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini, şeýle hem oba we suw hojalygy pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, geljekki nesiller üçin onuň baýlyklaryny gorap saklamak, halkymyzyň durmuşynyň oňaýly şertlerini döretmek üçin ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň alyp

Şawkat Mirziýoýew Omanyň ministri bilen Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi boýunça pikir alyşdy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2-nji maýda Oman Soltanlygynyň söwda, senegat we maýa goýumlara ýardam etmek ministri Kaýs bin Muhammad al-Ýusufy kabul etdi. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ulag geçelgesini ösdürmek bilen bagly meseleler hem-de Owganystanyň üstünden geçjek demir ýoluň gurluşygy barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň işewürleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Eýranda geçiriljek ilkinji tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine gatnaşyp biler

Türkmenistanyň telekeçileri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 7-10-njy maýda Tähranda geçiriljek ilkinji tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine gatnaşyp bilerler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär. ECOTEX Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň pudak öňdebaryjylaryny we bilermenlerini bir ýere jemlemek bilen iň täze tehnologiýalary tanyşdyrmak üçin meýdança bolup durýar.

«Türkiýäniň asyry» eksport sammitinde ulag ulgamyň möhüm meselelerine seredildi

Halkara ekspeditorlar birleşiginiň (UND) Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Şerafettin Aras Söwda ministrliginiň howandarlygynda «Albayrak Medya» tarapyndan guralan «Türkiýäniň asyry» eksport sammitine gatnaşdy. Söwda ministri Ömer Bolat, ministriň orunbasary Wolkan Agar, TİM-iň ýolbaşçysy Mustafa Gülle, TOBB-niň başlygy Rıfat Hisarçyklyogly we DEİK-iň prezidenti Nail Olpagyň gatnaşmagynda Stambul Kongres merkezinde geçirilen sammitde Şerafettin Aras halkara ulag pudagyndaky möhüm meseleler we çözgüt teklipleri barada giňişleýin çykyş etdi.

Türkmenistan — BMG: ilat we ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Ol «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen guraldy. Bu çäre bilen bir hatarda, 29-njy aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň (ICPD) 30 ýyllygyna bagyşlanan umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň dowamynda ählumumy derejede «ICPD+30» Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gazanylan netijeler gözden geçirildi we olara baha berildi. Türkmen wekiliýeti mejlisiň dowamynda ilat babatda ählumumy Hereketleriň maksatnamasynda beýan edilen wezipeleri amala aşyrmagyň milli tejribesi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de sebit we dünýä derejesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklipler beýan edildi.

Ählumumy abadançylygyň bähbidine

Häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde parahatçylygy üpjün etmek ählumumy mesele bolup, döwletleriň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynda özara düşünişmek arkaly tagallalaryny birleşdirmeklerini talap edýär. Şunda halklaryň bitewüligini ynsanperwer gatnaşyklar, parahatçylyk söýüjilik medeniýeti hasyl edýär. Zandynda dünýä halklary bilen ylalaşykly ýaşamak, özgelere hoşniýetli garamak ýaly häsiýetler jemlenen halkymyz birek-birege ynanyşmak, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar, ýagny gepleşikler arkaly çözmek ýörelgesine ygrarly bolmagynda galýar. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz parahatçylygy gazanmak medeniýetiniň mazmunyny kämilleşdirip, türkmen Bitaraplygynyň berk binýadyny emele getiripdirler. Islendik çylşyrymly meselede türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk söýüjiligi çelgi edinen maksatlarynyň syýasy jedellerde, düşünişmezliklerde, döwletleriň birek-birege garşy ulanýan hukuk taýdan gadaganlyklaryndan ýa-da ýaragly güýçlerinden rüstemdigi, onuň parasada, adamzadyň abadançylygyna gulluk etmäge daýanýandygy biziň günlerimizde hem nusgalyk mysala öwrüldi.

Döwletli ýörelgelerimiz dünýäniň ýalkymy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Bu syýasat köptaraplaýyn hem-de ulgamlaýyn häsiýete eýedir. Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasy strategiýasy ýurdumyza özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem dünýä döwletleri bilen diplomatik we söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de ösdürmäge uly itergi berýär. Halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda berkarar Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Durnukly ösüş maksatlarynyň energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýanyň we daşky gurşawyň abadançylygyny goramak bilen bagly wajyp meseleleriň oňyn çözülmegine, azyk howpsuzlygy hem-de beýleki ugurlar babatda hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine işjeň gatnaşýar.

Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi

Türkmenabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki goňşy ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi. Toparyň başlyklary duşuşygy açyp, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ýurtlaryň ikisi-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga çalyşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy halkara syýasatyň esasy meselelerine çemeleşmeleriniň meňzeşdigini göz öňünde tutup, diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň, rowaçlygynyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürýärler.

Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygy

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň suw hojalyk düzümleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw hojalyk özgertmelerini seljermek, suw hojalyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, bu işde ulanylýan tehnologiýalary nazara almak esasynda, suw hojalygyndaky sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmak babatdaky meseleler girizildi.

Bakuda 17-nji halkara «Caspian Agro» sergisi geçiriler

15-17-nji maý aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda halkara 17-nji Azerbaýjan «Caspian Agro» sergisi geçiriler. «Caspian Agro» sebitdäki iň uly oba hojalyk sergisidir. Agrosenagat pudagy uly geljegi bolan ykdysadyýetiň çalt ösýän pudagydyr. Sergi ýene Azerbaýjanyň agrosenagat toplumynyň ýurduň we daşary döwletleriň öňdebaryjy gatnaşyjylary bolan importçylary, eksportçylary, oba hojalyk önümlerini paýlaýjylary, lomaý we bölek söwda wekillerini, şeýle hem müňlerçe ýörite hünärmenleri, şol sanda maldarçylyk hojalyklaryny özünde jemlär. Azerbaýjandan başga-da Belarus, Belgiýa, Germaniýa, Gruziýa, Ysraýyl, Italiýa, Hytaý, Latwiýa, Gollandiýa, Russiýa Federasiýasy, Serbiýa, ABŞ, Türkiýe, Finlýandiýa, Fransiýa, Çehiýa, Estoniýa we Günorta Koreýa ýaly ýurtlaryň kompaniýalary sergä gatnaşarlar.

Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär

Şu günler Aşgabatda okuw maslahaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň çäklerinde birnäçe mejlisler geçiriler. Olaryň birinjisi nagt-wauçer kömeginiň maksatnamasy barada umumy düşünjeleriň, beýleki ýurtlaryň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň hereketleriniň meýilnamalary bilen tanyşdyrylmagyna bagyşlanar. 1926-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara hereketine ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýändigini bellemek gerek. Ol ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, döwletimizde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere, hususan-da, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, maşgala institutynyň derejesini berkitmek, ýaş nesli halkymyzyň iň gowy däpleri, ynsanperwerlik we rehim-şepagatlylyk ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işlere işjeň gatnaşýar. Bilelikdäki işler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga, jemgyýetiň işgärleriniň hem-de meýletinçileriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga amatly şertleri

Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi

Türkmenabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki goňşy ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi. Toparyň başlyklary duşuşygy açyp, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ýurtlaryň ikisi-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga çalyşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy halkara syýasatyň esasy meselelerine çemeleşmeleriniň meňzeşdigini göz öňünde tutup, diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň, rowaçlygynyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürýärler.

Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygy

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň suw hojalyk düzümleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw hojalyk özgertmelerini seljermek, suw hojalyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, bu işde ulanylýan tehnologiýalary nazara almak esasynda, suw hojalygyndaky sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmak babatdaky meseleler girizildi.

Aşgabatdan Wolganyň kenaryna

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilýän çäreler dünýäniň çar künjeginde giň gerim alýar. Golaýda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäheri söz ussadynyň ýubileýine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin baran türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli garşylady. Wolga derýasyny etekläp oturan şäherde guralan medeni we bilim maksatly çäreler baý mazmuny bilen tapawutlanyp, türkmen-rus dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkidilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Amanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň garşysyndaky seýilgähde oturdylan Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýup, beýik akyldaryň ruhuna tagzym etmekden başlandy. Soňra Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly adyndaky orta mekdepde baýramçylyk ruhundaky çäreler ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan 2019-njy ýylda ulanmaga berlen döwrebap bilim ojagynda guralan sergide milli gymmatlyklar, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de akyldar şahyrymyzyň eserleri öz beýanyny tapsa, baýramçylyk dabarasynda edilen çykyşlarda türkmen we rus halklarynyň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryndan

Amyderýa — nusgalyk işleriň beýany

Türkmenabat şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň dördünji mejlisi bolup geçdi. Mejlisde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň üçünji mejlisiniň Teswirnamasynyň kabul edilen çözgütleriniň durmuşa geçirilişine seljerme berildi.

Üns merkezinde — ulag logistikasy

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan häzirki döwürde hem howa, awtomobil, demir we deňiz ýollary arkaly aragatnaşygy üpjün edýän iri merkezleriň biri hökmünde tanalýar. Onuň geostrategik ýerleşişi ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamyny ösdürmäge giň ýollary açýar. Ýurdumyz ulag-aragatnaşyk we logistika ugry boýunça halkara çärelere işjeň gatnaşyp, netijeli teklipler bilen çykyş edýär. Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen «Hazar sebitiniň ulag logistikasy — 2024» atly III halkara forumy şeýle çärelere mysal hökmünde görkezmek bolar. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de Ýewraziýanyň beýleki ýurtlaryndan bank, ätiýaçlandyryş we maýa goýum düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Mälim bolşy ýaly, 28-nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip, esasy baýramçylyk çäreleri Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy. Bu dabaralar tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzy iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni-ruhy umumylyklaryna esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň Raisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyna ünsi çekdi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de myhman gatnaşmak bagty miýesser eden baýramçylyk dabaralarynyň giň möçberli häsiýete eýe bolandygyny belledi.

Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy

26-njy aprelde Türkmenabat şäherinde «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän bu çäre Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary we Lebap welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy. Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylaryň, arheologlaryň ünsüni çekmekden, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, medeni diplomatiýany ösdürmekden, ony halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy Parižde görkezildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bilelikde baýram etmeginiň çäklerinde şu ýylyň 22 — 24-nji apreli aralygynda Parižde döredijilik çäresi üstünlikli geçirildi. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, ýurdumyzyň Fransiýadaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Esasy çäreleriň hatarynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergini, Türkmen-fransuz arheologik toparyň işiniň 30 ýyllygyna gabatlanan ylmy maslahaty, şeýle hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertini görkezmek bolar.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Kabulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň, Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň we Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Jumangariniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda bilelikdäki ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Owganystanyň Söwda-senaga ministrligi habar berýär. Ylalaşyk esasynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek maksady bilen, amatly nyrh şertleri dörediler. Netijede, ýük otlularynyň Hytaýdan Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana hem-de ondan aňyrlygyna Pakistana, Hindistana we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna amatly şetlerde gatnamagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, deslapky hasaplamalara görä, Sian we Urumçi şäherlerinden (HHR) Owganystana (Turgunda we Andhoýa çenli) has ýakyn ugur arkaly harytlary eltmegiň wagty 10-12 güne çenli azalar.