"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Özbegistan we Mongoliýa ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlygy we reýtingler müdirliginiň ýolbaşçysy Awazbek Sultanow Mongoliýanyň Ulag we ýollaryň ösüşi ministrliginiň Syýasat hem meýilleşdiriş müdirliginiň başlygy Bolor Erden bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Trend» habar berdi. Çeşmede duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky awtoulag ýollary boýunça halkara ýük daşalmagynyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berildi. Hususan-da, taraplar ulaglaryň gatnawy bilen bagly meselede hökümetara şertnamalary baglaşmak mümkinçiligine garadylar.

Bakuwda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 6-7-nji maýynda Bakuwda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – S.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – A.Jahangiri), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – Z.Amanjolowa), Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýetiň başlygy – M.Petrakow) hem-de Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M.Atajanow) wekiliýetleri gatnaşdylar.

Gündogaryň beýik şahyryny hormatlap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur öwrenmekde we dünýä ýaýmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň aprel aýynda Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynda «Magtymguly Pyragy — türki dünýäsiniň beýik şamçyragy we akyldary» atly şygar astynda geçirilen halkara «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem beýik söz ussadynyň döredijiligi dogrusynda boldy. Duşuşyga Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Prezidenti Rifkat Minnihanow, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçi Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň ýolbaşçysy we işgärleri, türkmen we tatar ylmy işgärleri, ýazyjylar, şahyrlar, edebiýatçylar, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Wengriýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Kazan şäherindäki Baş konsullary gatnaşdylar.

Ýyly mähriň duýýas alysdan, Watan!

«Towşana dogduk depe» diýleni. Magtymguly atamyzyň goşgy setirlerinde: «Eşit adam, dogan ilden, //Gaýry mähriban ýurt bolmaz» diýlişi ýaly, her bir ynsan üçin göbek gany daman topragyndan mähriban ýurt ýokdur. Watan başymyzyň täji, gözümiziň nury. Watan mukaddesligi, ene topragyň mähri ondan alysda bolanyňda has ýakymly duýulýan ekeni. Ýüregiň eziz topragyňy küýsäp durandyr, kalbyň dogduk obaňa telwas urýandyr. Ösümlik hem haýwanat dünýäsine baý türkmen sährasy, bugdaýly meýdanlar, miweli baglar göz öňüňde hatarlanyp, mele-myssyk tamdyr çöreginiň ysyny, datly miweleriň, ir-iýmişleriň tagamyny alarsyň. Bu pursat ýokary bilim alyp, ene topragymyza dolanjak günlerimiziň arzuwy kalbymyza ganat beklär. Watan baradaky aýdyma hiňleneniňi duýman galarsyň. Kähalat okuwdan boş wagtlarymyzda, milli lybaslarymyzy geýnip, şaý-seplerimizi dakynyp, Kazanyň köçeleri bilen ýöränimizde, daş-töweregiň bize haýran galyjylyk bilen seredýändigini duýýarys. Buýsandyrýan ýeri, olar türkmen gyzlaryny milli lybaslaryndan tanaýarlar. Käbiri ýörite ýanymyza gelip, «Siziň owadan milli lybaslaryňyz bar. Siziň bilen surata düşsek bolarmy?» diýip, ýadygärlik surata hem düşýärler. Şeýle pursatlar ata Watanymyza, milliligimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

TULM CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalara ýeňillikli nyrhlary hödürleýär

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) CASCA+, Türkmenistan – Ýewropa we yzyna ugurlary boýunça Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň üsti bilen gatnawlar üçin aýratyn ýeňillikli nyrhlary hödürleýär. TULM-yň habar bermegine görä, bahanyň möçberine eksport/import boýunça gümrük amallary, howpsuzlyk, ätiýaçlandyryş, birinji mil girmeýär.

Türkmenistan we Ermenistan ulag-logistika meseleleri boýunça maslahatlaşýar

3-nji maýda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, medeni-gumanitar, ulag-logistika ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtda halkara we sebitleýin guramalarynyň, hususan-da GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň üstünde durlup geçildi.

Türkmenistan bilen Owganystan 10 şertnama gol çekişdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky hususy pudagyň wekilleri Owganystanyň Hyrat welaýatynda saparda boldular. Owgan metbugatynyň habaryna görä, bu saparyň çäklerinde 10 şertnama we 2 sany özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Gol çekişmek dabarasyna Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nuriddin Azizi hem gatnaşdy.

Beýik akyldaryň gadam goýan ýerlerinde

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylmy-edebi jemgyýetçilik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny giňden toýlaýar. Şu mynasybetli milli we halkara derejede dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri-de golaýda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň ýubileýine bagyşlanan halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin türkmen wekiliýeti dostlukly ýurtda saparda boldy. Saparyň ilkinji gününde wekiliýetiň agzalary bilen bilelikde, Hywa şäherinde ýerleşýän Şirgazy han medresesine baryp görüp, onuň degişli ýadygärlikler toplumyna, talyplaryň okadylan hüjrelerine, Magtymgulynyň otagyna syn etdik. Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabyndaky Özbek-türkmen dostluk öýündäki iki ýurduň şu günki ykdysady, medeni ösüşlerini beýan edýän suratlar, türkmen, özbek dillerindäki kitaplary özünde jemleýän kitaphana bilen tanyşdyk. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazly çykyşlardan soňra, «Uly howly» ýadygärlikler toplumy bilen tanyşdyk. Toplumyň çäginde özbegistanly türkmenleriň taryhy, medeniýeti, senetçiligi bilen baglanyşykly gymmatlyklaryň saklanýandygyny görmek ö

Parahatçylygyň belent ykrarnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär, halkara derejesindäki şan-şöhraty arşa galýar. Şeýle taryhy döwürde Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalar joşgunly ýüreklere ylham berýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, bu guramada Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda resmi taýdan tassyklanan Kararnamalaryň sany 26-a ýetdi. Şolaryň aglabasy Bitaraplyk we parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy bilen bagly bolup, dünýä halklaryny parahatçylykly we ynanyşykly ýaşamaga çagyrýan syýasy üstünlikdir.

Ulag-üstaşyr geçelgesi — dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler, umumadamzat ähmiýetli taryhy başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem halkara we sebitara guramalarynyň çäginde özüniň ulag-kommunikasiýa babatdaky halkara başlangyçlaryny öňe sürüp gelýär. Beýleki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek wajyp meseleleriň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalary amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň çäginde halkara ähmiýetli demir hem-de awtoulag ýollary, deňiz-derýa, şeýle-de howa ýollary boýunça döwrebap üstaşyr ulag geçelgeleri emele gelýär. Türkmenistan Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu taslamalar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny has-da artdyrýar.

9 мая Президент Туркменистана будет присутствовать на военном параде в Москве

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň rus tarapynyň çakylygy boýunça 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Dabaralara hormatly myhman hökmünde, şeýle-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Dias-Kanel Bermudes, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulit we Gwineýa-Bisau Respublikasynyň Prezidenti Umaru Sissoku Embalo gatnaşarlar.

Türkmenistan — BMG: maslahat beriş toparynyň agzalarynyň duşuşygy

3-nji maýda Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi

Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

3 ýurduň energiýa ulgamy birleşdiriler

Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň arasynda bitewi energiýa ulgamy dörediler. Agzalan ýurtlaryň arasynda energiýa ulgamlaryny birleşdirmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň aýtmagyna görä, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjy üç ýurda hem «ýaşyl» energiýa önümçiliginde özara hyzmatdaşlyk etmäge şert döreder. Mundan başga-da, bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Gazagystanda we Özbegistanda öndürilen elektrik energiýasyny Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin mümkinçilik dörär.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri

29-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda Daşary işler ministrliginiň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Atageldi Haljanow, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Ylham Ýaraşow, Mejlisiň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiň agzasy Gurbangeldi Aşyrow dagy çykyş etdiler. Şeýle-de Bütindünýä Söwda Guramasynyň birikdirmeler bölüminiň hünärmeni Anna Warýanikiň sanly ulgam arkaly çykyşy diňlenildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyny belende galdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çe

«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi

3-nji maýda Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara Sergiler Býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň binasynda Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýeti, şol sanda Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň  wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan Halkara Sergiler Býurosynyň agzasy bolmak bilen, bu guramanyň geçirýän mejlislerine we beýleki çärelerine, şeýle hem ýöriteleşdirilen sergilere işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Gümrük Guramasynyň baş binasynda geçirilen maslahata gatnaşdy

29-njy aprelde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň baş binasynda bu guramanyň Ýewropa sebitindäki agza döwletleriň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 2024-nji ýyldaky maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Belgiýa patyşalygynyň Brýussel şäherinde iş saparynda boldular. Maslahatyň işine Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Ýewropa sebitindäki 53 sany agza döwletleriň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde wekiliýetler gatnaşdylar.

Hindistan rus nebitiniň importuny 20 göterim artdyrdy

Hindistan 2024-nji ýylyň aprel aýynda Russiýadan nebit importyny mart aýyndakydan 20 göterim artdyrdy. Şeýlelikde, aprel aýynda Hindistanyň umumy nebit importunyň 40,3 göterimi rus nebitiniň paýyna düşdi. Deňeşdirmek üçin, Russiýa mart aýynda her gije-gündizde 1,96 million barel nebiti hindi bazaryna eksport edipdi.

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda döredilen «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşyjy taraplarynyň hem-de gümrük dellallarynyň wekilleri gatnaşdylar. Pudagara iş toparynyň mejlisinde, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada deslapky maglumaty bermek we ulanmak boýunça gümrük maglumat ulgamynda döredilen täze mümkinçilikler barada tanyşdyryldy.