Paýhas ummanynyň ägirdi
Magtymguly Pyragy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen dünýägaraýşyny ajaýyp şygyrlaryna siňdiren, ata-babalarymyzyň oý-hyýallaryny, ahlak we edep ýörelgelerini jahana ýaýan beýik söz ussadydyr. Köňülleriň we döwürleriň şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragy adamzadyň iň tämiz duýgularynyň waspçysydyr, dünýä edebiýatynyň taryhynda watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyryjydyr. Akyldaryň şahsyýetine, mirasyna dünýä derejesinde örän uly hormat hem sarpa goýulýar. Akyldaryň özboluşly köpöwüşginli edebi mirasy külli adamzat üçin gymmatly hazynadyr. Şahyryň öňe süren ruhy ýörelgesi, adalatlylyk, erkinlik, halallyk bilen bagly durmuşy garaýyşlary şu gün hem juda gymmatly bolmagynda galýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar diňe bir ýurdumyzda däl-de, dünýäniň çar künjeginde bir-birine ulaşdy. Şanly senede Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa has-da buýsandyryjy waka bolup, bu ägirt ýadygärlik halkymyzyň öz beýik ogluna buýsanjynyň çäksizdigini ýene bir ýola görkezdi. Bu seýilgäh toplumy