"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

TOPH: energetika howpsuzlygynda möhüm çözgüt

Geografik ýerleşişine, ykdysady kuwwatyna, demografiýasyna, syýasy täsirine we harby güýjüne garamazdan, döwletleriň ählisi üçin energetika howpsuzlygynyň milli, sebit we ählumumy derejede üpjün edilmegi derwaýys häsiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň howpsuzlygy we durnuklylygy köp babatda dünýä ösüşiniň uzak möhletleýin geljeginiň umumy ugruny kesgitleýär. «British Petroleum Corporation» kompaniýasynyň 2040-njy ýyla çenli dünýä energetikasynyň ösüşi babatdaky çaklamasyna görä, dünýäde tebigy gaza bolan islegiň yzygiderli artmagyna garaşylýar. Halkara hyzmatdaşlykda energetika ulgamy Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol ýurdumyzyň ählumumy meseleleri çözmekdäki ornunyň ýokary ähmiýetini hem kesgitleýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ätiýaçlyk gaz gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. OPEC halkara guramasynyň her ýylda çap edýän statistiki maglumatlaryna görä, ýurdumyz tebigy gazy çykarmagyň möçberi boýunça Ýewropada we GDA-da 3-nji orny eýeleýär.

Maslahat geçirildi

Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap medeniýet bölümi tarapyndan bilelikde guralan dabaraly maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy. Dabaraly maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň arşa galýan şan-şöhraty, milli Liderimiziň Ýer ýüzünde gyzgyn goldaw tapýan halkara başlangyçlary barada uly buýsanç we guwanç bilen gürrüň berdiler.

Arkadagly, ajap çagly Watanym!

Çuňňur hormatlanylýan Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýyldaky ählihalk saýlawlarynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine biragyzdan saýlanylmagy bilen döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny täze ruhy galkynyşlar, bedew batly ösüşler gurşap aldy. Şondan bäri geçen ýyllaryň dowamynda, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen oýlanyşykly taglymatynyň netijesinde, eziz Diýarymyzda düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar, milli demokratik ýörelgelerimiz ösdürilýär, ýylsaýyn kämilleşýän kanunçylyk binýadymyz berkeýär, halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy barha belende galýar. «EZIZ WATANYMYZ BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAR»(Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyndan)

Arkadagyň yhlasyndan alyp bat, günbe-günden görke gelýär

Irki döwürlerde ýat ýurda düşen adam şol ýurduň umumy ýagdaýyny bilmek üçin, ilki bilen, bazaryna barar eken. Şoňa görä-de gadym wagtlarda jahankeşdeleriň arasynda: «Haýsy ýurduň ykdysady ýagdaýyny, halkynyň ýaşaýyş derejesini biljek bolsaň, bazaryna baryp gör» diýen aýtgy döräpdir. Hawa, bu aýtgy gadym wagtda döräpdir. Häzirki döwürde welin, islendik adamda ilki barýan ýurduna bolan garaýyş heniz uçaryň üstündekä şineleýär. Mende şeýle pikir birki ýyllykda Stambuldan gelýän uçaryň Aşgabada ýetip, pessaýlan mahaly gapdalymda oturan iki sany türkiýeli ýolagçynyň uçaryň äpişgejiginden biri-birine ak mermer binalary görkezip: «Bak-da, bak, çoh, güzel-de, çoh güzel!» boluşlaryny gören pursadym peýda boldy. Çünki men türkmen paýtagty baradaky ýakymly duýgularyň olarda heniz uçaryň üstündekä dörändigine gözli şaýat boldum. Şol pursat özümem biygtyýar olara goşulyp, äpişgejige örklendim. Bäh, ýurdumyzyň ýüreginiň gözelligini görsene! Gün ýaňy dogup, bütin barlygy süýt reňkine boýan çagy ol has-da owadan görünýär. Göýä diýersiň, türkmen paýtagtyna bir Gün däl-de, ýüzläp Gün gonup, çarýana nuruny saçýan ýaly bu wagt. Çünki ak mermer binalaryň hersiniň ýüzünde bir Gün peýda bolup, täze başlanýan güni has-da nurlandyrýardy.

Anyk wezipeler kesgitlenildi

Medeniýet, sungat we çeper döredijilik halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, milli miraslaryny aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda, şeýle hem adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyryp, dünýägaraýşyny giňeltmekde, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, tutuş halky beýik işlere galkyndyrmakda uly güýje eýedir. Şoňa görä-de, islendik halkyň islendik ulgamda gazanýan üstünlikleri, eýeleýän sepgitleri şol halkyň medeniýetiniň ösüş derejesi bilen baglydyr. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi gorap saklamak, halkymyza wagyz etmek, dünýä ýaýmak, döwrüň ruhuna laýyk täzeçe kämilleşdirmek işine aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigini milli Liderimiziň bu ulgamyň işini ýeke pursat hem ünsden düşürmän, medeniýet we sungat wekilleri, ýazyjy-şahyrlar bilen häli-şindi duşuşyp, olaryň işi bilen gyzyklanyp durýandygy-da, özüniň gyzyldan gymmatly maslahatlarydyr tabşyryklaryny berip, medeniýet ulgamynyň işiniň ilerlemegi üçin edýän anyk ýardamlary-da, döwletimiziň her ýyl bu ulgama köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýändigi-de aňryýany bilen subut edýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlap, geçen ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiren iş maslaha

Aşgabat — gözelligiň we ösüşiň şäheri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen netijeli işler amala aşyrylýar. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän, günsaýyn gözelleşýän Aşgabat dünýäniň iň gözel paýtagtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň baş şäheri bolan Aşgabady döwrebap ösdürmek we abadanlaşdyrmak, ösüş depgini durnukly ýokarlanýan şähere öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu babatda, ýokary we orta okuw mekdepleriniň edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlarynyň, söwda merkezleriniň we bazarlaryň, häzirki zaman ulag ýollarynyň we beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalarynyň guruljakdygy döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň baş ugrudygynyň tassyknamasy bolup durýar. Paýtagtyň giň möçberli mümkinçilikleriniň bardygyny gö

Milli Liderimiziň döredijilikli syýasaty — Watanymyzyň ösüşiniň binýady

Ýurdumyzyň syýasy durmuşynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginleri gün-günden ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyz geçen hepdäniň dowamynda dürli pudaklary ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatlarynda giň möçberli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ösüşiň täzeçil usullaryna we ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan ägirt uly hem-de sazlaşykly işleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi. Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny artdyrmak we ykdysady mümkinçilikleri has-da ýokarlandyrmak milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň esasy maksady bolup durýar. Bu Watanymyzy gülläp ösüşe, ählumumy bolçulyga we abadançylyga alyp barýar.

Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen tutumly işler durmuşa geçirilýär. «Biziň ähli işlerimiz mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň hatyrasynadyr» diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli ajaýyp özgertmeler ýol-ulag düzümini hem gurşap alýar. Bu ulgamy ösdürmegiň çäklerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze awtomobil ýollaryny gurmak hem-de ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Sebäbi munuň özi halkymyzyň eşretli hem abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar. «Awtoulag logistikasynyň ösmeginde Garaşsyz döwletimizde gurlan we gurulýan häzirki zaman awtomobil ýollary, şol sanda Aşgabat — Garagum — Daşoguz, Türkmenbaşy — Aşgabat — Farap ýollary has-da ähmiýetlidir» diýip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde hem aýratyn nygtap aýtdy.

Halal bolsun

«Ýagşy niýet — ýarym döwlet»,Ham-hyýalym halal bolsun.Göwnaçyga bolmaz böwet,Niýet-pälim halal bolsun. Sygyndygym Alla birdir,Kanagatla döwlet ýardyr,Her işde bir haýyr bardyr,Artan külüm halal bolsun.

Medeniýet — halkyň kalby

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň aýratyn möhüm ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamy hemişe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar, çünki türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda täze döwlet we jemgyýetçilik ideologiýasyny kemala getirmek hut medeniýet bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Medeniýet döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet ulgamynda gazanylýan her bir üstünlik dürli durmuş maksatlarynyň tutuş toplumyny özünde jemleýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy häzirki zaman jemgyýetiniň isleglerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitmegi üçin ägirt uly kuwwata eýe bolmalydyr. Hut şoňa görä-de, milli Liderimiziň gozgaýan meseleleri türkmen jemgyýetiniň medeni derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän gündelik medeni-köpçülikleýin işlerden başlap, medeniýet ulgamynda ylmy işiň usullaryny döretmäge, milletiň täsin taryhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, türkmen ýaşlaryny döredijilik bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmäge, milli mirasy öwrenmäge çenli möhüm meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Dostlukly ýollar dowamat

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Geçen ýylda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, döwlet Baştutanymyz bu ugruň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Beýik işleriň aýy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», milli derejede bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hökmünde başlanan 2021-nji ýylyň birinji aýy iri jemgyýetçilik-syýasy wakalaryna baý boldy. 1-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy çap edildi. Onda geçen ýylyň gysgaça jemleri jemlenildi hem-de şu ýyl üçin esasy wezipeler kesgitlenildi.

Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan

Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji gününden özüniň parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer syýasaty bilen halkara derejesinde belent abraý-mertebä eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna we umumadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilendir. Mähriban Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi hem Türkmenistanyň abraý-mertebesiniň belent derejededigini tassyklaýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde: «Türkmen halky Garaşsyzlyk ýyllarynda özüniň asyl häsiýetlerini hem-de parahatçylygy hemmeleriň deň tagalla etmegi bilen saklap bolýandygyna bolan berk ynamyny täzeden dikeltdi» diýip belleýär. Taryhyň ähli döwürlerinde halkymyz dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklara uly hormat goýupdyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda bu günki gün Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär we dost-doganlyk ýollary dünýä uzaýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi»

Nurly geljegiň röwşen taglymaty

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren eşretli zamanasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli giň gerimli halkara dabaralaryna beslenen 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz döwlet tarapyndan üns-aladalar, hemaýat-goldawlar bilen gurşalýar. Ýaşlarymyzyň okamagy, döretmegi, halal zähmet çekip, eziz Watanymyza hyzmat etmegi üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçinem, eziz Watanymyz şadyýan çagalygyň, bagtyýar ýaşlygyň mekanyna öwrüldi. Munuň özi, ilkinji nobatda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň bagtyýar halkymyza eçilýän miweleridir. Bitaraplyk biziň parahatçylygymyzyň, asudalygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň özenini özünde jemleýär.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ýerleşýän geografik obýektiň çäklerinde aýratyn häsiýetleri şol obýekt üçin mahsus bolan tebigy we (ýa-da) etnografik şertleri bilen kesgitlenilýän harydy haýyşnamaçynyň öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralarynyň sanawy tassyklanyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenilýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy. «Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 10347-nji Kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2009-njy ýyldaky 3-4-nji ýygyndysynyň 209-njy maddasy) birinji böleginiň Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparynyň düzümini tassyklamak baradaky bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýykl

Buýsandyryjy taryhy wakalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ata Watanymyzda gazanylýan nusgalyk ösüş-özgerişlikler, ýetilýän beýik sepgitler her bir şanly ýylyň buýsançly şygarynda özüniň beýanyny tapýar. Mähriban Watanymyzda her bir ýylyň özboluşly atlandyrylyşy ýaly, 2021-nji ýylymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyna gabat gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dost-doganlyk, hoşmeýilli, uzak möhletleýin, ösüş-özgerişe, asudalyga ýugrulan gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan üçin pederlerimiziň gadymdan gelýän parahatçylyk we bir-birege ynanyşmak ýörelgeleriniň dabaralanmasy bolup öňe çykýar.

Aşgabat — halkymyzyň ak bagty

Bedew batly ösüşlere beslenýän zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň keşbi gün-günden özgerýär. Esasan hem, paýtagtymyz Aşgabat binagärlik we ekologik aýratynlyklary boýunça dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülýär. Ak mermere beslenen paýtagtymyzda dürli öwüşginli binalaryň, ymaratlaryň, desgalaryň milli ruhda gurulmagy türkmen halkynyň binagärlik ýörelgeleriniň asyrlara ýalkym saçýan gadymy kökleri bilen sazlaşmasydyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilip, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi. Paýtagtymyz diňe bir ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde uly abraýa eýedir. BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hökmünde Aşgabadyň saýlanylyp alynmagy bolsa baş şäherimiziň şan-şöhratyny has-da belende göterdi. Galyberse-de, gözelligiň taýsyz nusgasy bolan paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabynda hem orun alan şäherleriň biridir. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat iň ýokary derejede ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bu derejä eýe boldy. Şeýle-de paýtagtymyz bu abraýly kitapda ý

Dünýäniň sowulmaz ýazy Aşgabat

Okgunly ösüşleri nazarlap

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady.

Gatnaşyklar berkidilýär

Öňňin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, daşary işler ministriniň BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler, hususan-da, onuň energetika, statistika, söwda we ulag, migrasiýanyň dolandyrylmagy, tebigy heläkçilikleriň peseldilmegi hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlar bilen täze mazmuna eýe bolýandygyny bellediler.