"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

«Dürdür bu janyň lezzeti...»

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda adam saglygy baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulyp, saglygy goraýyş ulgamy dünýä hil ülňülerine laýyk getirilýär. Şonuň bilen birlikde, döredijiliginde saglyga degişli ebedi ýaşajak eserleri miras galdyran beýik şahsyýetlerimiziň ömri, öz halkyna galdyran gymmatly mirasy içgin öwrenilip, dünýä ýaýylýar. Doglan gününiň 300 ýyllygy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şöhratly ýylda äleme ýaň saljak dabaralar bilen belleniljek akyldar şahyrymyzy hem şol şahsyýetleriň naýbaşysy hökmünde buýsanç bilen görkezip bileris. Akyldar şahyrymyzyň halkyň aňyna müdimilik ornan dürdäne setirlerinde beýan eden saglyk hakyndaky pikir-garaýyşlary hiç haçan gymmatyny ýitirmejek jümlelerdir. «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýip belleýän beýik Pyragynyň döredijiliginde çilimkeşlik, naskeşlik ýaly ýaramaz pişeler ýazgarylyp, sagdynlygyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň waspy belentden ýetirilýär. «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun» diýmek bilen, dana şahyrymyz her bir adamyň öz saglygyny kesellemezden ozal gorap saklamagyny nesihat edipdir. Magtymguly Pyragynyň sagdyn ýaşamak, köpräk hereketde bolmak, az iýip, az ýatmak baradaky öwüt-ündewleri ähli d

Ähli döwürleriň beýik lukmany

Dünýä lukmançylyk ylmynda uly meşhurlyga eýe bolan Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly işiniň türkmen dilinde alty jiltde okyjylara ýetirilmegi bu beýik ynsana goýulýan hormat-sarpadan nyşandyr. Onuň işleri ýüzlerçe ýyllar bäri Ýewropanyň uniwersitetlerinde lukmanlaryň esasy okuw kitaplarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Abu Aly ibn Sina 980-nji ýylda dünýä inip, 1037-nji ýylda aradan çykypdyr. Onuň 980 – 999-njy ýyllarda Buhara şäherinde, 1000 –1012-nji ýyllarda Köneürgenç şäherinde, 1012 – 1015-nji ýyllar aralygynda Etrek, Gürgen, Dehistan sebitlerinde, 1016 – 1037-nji ýyllarda Reý, Yspyhan, Hemedan şäherlerinde ýaşandygy we işländigi barada taryhy maglumatlarda bellenilýär.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

         ŞAHYRYŇ ÖMRI                       Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe.

BAHAR BUŞLUKÇYSY

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, Pyntyklady pisse bilen badamlar. Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör: — Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi, (Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar). Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi: — Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

«Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan

BAHAR IŞDÄAÇARY Hyýary, pomidory we bolgar burçuny tegeläp dogramaly. Gök sogany 6-7 santimetr uzynlykda kesişdirmeli. Pomidor bilen bolgar burçuny bi gaba salyp duzlamaly we gaýmak bilen aralaşdyrmaly. Kesilen ogan işdäaçaryň bir gapdalyna goýulýar.

NOWRUZ DÄPLERI

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Togsan dolup tamam boldy gyşymyz» diýşi ýaly, gyş gutaryp, parahat we asuda Zeminimize ýylylyk aralaşdy. Ülkämize bahar pasly geldi. Şu ajaýyp günlerde toýlanylýan Nowruz baýramy hem ildeşlerimize bagtyýarlygy, ruhubelentligi bagyşlaýar. «Nowruz» sözi «täze gün» diýmegi aňladýar. Ata-babalarymyz Nowruzy täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň, bagtyň, berekediň gözbaşy hasaplapdyr. Halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhynda gadymy döwürlerden bäri giňden bellenilip gelinýän Nowruz baýramy diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, dünýä halklarynyň köpüsinde bellenilýän baýramçylyklaryň biridir. Nowruz baýramçylygy 2016-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Şol günden bäri her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Häzirki döwürde bu baýram biziň ýurdumyzdan başga Eýranda, Owganystanda, Azerbaýjanda, Täjigistanda, Yrakda, Hindistanda, Gyrgyzystanda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan, Başgyrtystan, Dagystan we beýleki sebitlerinde giňden bellenilýär.

FIZIKI IŞJEŇLIK – SAGDYNLYGYŇ KEPILI

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly» bölüminde Diýarymyzyň sport ulgamynda gazanylan beýik üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada buýsanç bilen söz açylýar: «Dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri hakynda eşidenimde, ýakymly duýgulary başdan geçirýärin. Şol şatlykly habarlar ýurdumyzyň her bir raýatyny hem biparh goýýan däldir, guwandyrýandyr, kalbyny buýsanja besleýändir diýip pikir edýärin. Bu üstünlikler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda sporty ösdürmek ugrunda döredýän giň mümkinçiliklerimiziň ajaýyp miwesidir». Fiziki işjeňlik ýaşlaryň saglygyny berkitmäge ýardam berýär, olaryň iş başarjaňlygyny ýokarlandyrýar, sagdyn we ruhubelent, watançy nesilleri terbiýeleýär. Hereket etmek, köp ýöremek, ylgamak, ýüzmek, welosiped sürmek, sport bilen meşgullanmak bedeniň sagdyn ösmegine kömek edýär. Fiziki işjeňlik adama intellektual, ruhy we fiziki kuwwatyny doly ulanmaga ýardam berýär.

ÄLEMI ÝAZLAŞDYRÝAN BAHARYŇ GUDRATY

Bahar, sen geldiň-de, tebigata, tutuş barlyga nowjuwanlyk, ýaşaýyş, täzeleniş bagyşladyň, daş-töwerege gözellik, nepislik eçildiň. Seniň tämizligiňden, terligiňden nepesini durlan howany ýülük ýaly ýuwdan her bir ynsanyň ökjesi ýeňläp, özüni howada gaýýan ýaly duýýar. Seniň bu gudratyň syry nämede?! Seniň gadamyň düşen ýerinde gök maýsalar parç bolup, gülälekler köz ýaly ýaňaklaryny güjeňledi. Geleriňe garaşyp, bütin gyş irkilen daragtlaryň şahalarynda gaýtadan direlişiň alamaty bolan pyntyjaklar peýda boldy. Seniň bu keremiň hikmeti nämede, bahar?!

BAHAR ÝÜREKLI ŞAHYR

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryny, ynsaplylyk ýörelgesini, edebi mirasyny nesillerden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň, halypa şahyrlaryň bize galdyran medeni mirasyny öwrenmek, ony ýaş nesilleriň aňyna ýetirmek arkaly olarda watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, päk ahlaklylyk, janypkeşlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek arkaly türkmen ýaşlarynyň Watana, halka wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri babatda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda türkmen milletiniň taryhynda, edebiýatynda yz galdyran halypa şahyrlara, ussat ýazyjylara uly sarpa goýulýar. Şeýle halypalaryň biri hem Halyl Kulyýewdir. Halyl Kulyýew türkmen edebiýatynda «Bahar şahyry» diýlip hem tanalýar. Halyl Kulyýew 1936-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Şyharyk obasynda doglan. Orta mekdebi tamamlap, iki ýyl mugallym bolup işläninden soň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1960-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Şahyry uniwersitetiň türkmen edebiýaty kafedrasyna mugallym edip işe alyp galýarlar. Halyl Kulyýew ömrüniň ahyryna çenli mugally

NESIL TERBIÝESINDE NAKYLLARYŇ ORNY

«Atany söýen, Watany söýer», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Bir — okana, bir — dokana», «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Akyl — ylmyň hyrydary», «Dil görki — söz, ýüz görki — göz» Pähimdar pederlerimiz asyrlaryň dowamynda ajaýyp söz baýlygyny, nakyllary miras goýupdyrlar.

METHODS OF LESSON PLANNING

We teach new innovative technologies and computer programmes to students in the framework of the engineering graphics course at our Institute. We create 3D models and design projects. This course covers the elements of drawing geometry and technical drawing. The teaching method is based on graphics. The engineering graphics lesson is commonly referred to as “Drawing”. By studying the subject, future engineers learn design techniques and create drawings, and technical product drawings. We design modern machines, mechanisms, as well as houses and facilities in the models. This interconnection poses key challenges for graphics lessons. We solve many geometric problems to design surfaces of complex shapes in automotive, industrial and public buildings. We teach students how to technically formalize products and solve engineering problems using graphical methods.

ÜÇÜNJI ÝOL

Durmuşda her kimiň özboluşly ösüş ýoly bar. Kim okap öwrenýär, kim görüp öwrenýär. Dowamly ösüş barha kämillige eltýär. Adamzadyň maksady hem kämillige ymtylmak. Onuň sakasynda bolsa ylym, bilim, tejribe ýatyr. Diňe bazarda özüňi oýnatmazlyk üçin däl-de, durmuşdaky ownuk-uşak zatlaryň öňünde ejizlemezlik üçinem, her zadyň çäresini, çykalgasyny salgy berýän üşük, zehin, akyl gerek. Pikirlenmeli, oýlanmaly, gözlemeli, gat-gat kitaplaryň sahypasyny agdarmaly, gerekli zadyňy agtarmaly. Tapmaly, täzesini döretmeli. Kelle beýnisi pikir bilen gurşalan adam nämedir bir zat başarmaga, döretmäge ukyplydyr. Akylyňy baýlaşdyrýan zatlaryň biri tejribe. Durmuş meýdanynda taplanmadyk adam ýa-da özüni taplamaýan adam, öňe ýöredigi saýy büdräp başlar. Depäňdäki buludam ýük bolup görner, ýogsam ol öz suwuny özi göterýär, senden ýol soranok, ýeliň süren ugry bilen ýöreýär. Güneş diňe seni ýakýan ýalydyr, ýogsam ol ähli kişä şol bir belentlikden bakýar. Dem alýan howaňdaky kislorodlar azalyp, saňa gezek gelende bugaryp gidýän ýalydyr. Birhili, jynlar-arwahlaram köpelen ýaly, ýakymsyz düýşlere gatylyp, ne ýataňda rahatlyk berer, ne turaňda ynjalyk. Hawa, şeýle «... ýalylar» soňabaka köpeler gider. Täze zatlary dörmeseň, enaýy zatlary görmeseň, durmuşyň reň

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE

Ýaş alym 577 kilometr uzaklykdan ekinlere gözegçilik etdi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby, ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginiň geçen ýylky ýeňijisi Atajan Şamyradow ekerançylyk meýdanlaryna uzak aralykdan gözegçilik etmegiň özboluşly ýoluny teklip edýär. Onuň ylmy barlaglary güýzlük bugdaýyň mysalynda alnyp baryldy.

ŞÖHRATLY GEÇMIŞI BARDYR TÜRKMENIŇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Müňýyllyklardan gözbaşyny alyp gaýdýan medeni mirasymyzy ösdürmek, olary gorap saklamak hem-de geljekki nesillere miras goýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratly geçmişi, bagtyýar şu güni, aýdyň ertiri hakynda söhbet açmak hemişe ýakymly. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Türkmenistanyň täsin galdyrýan we seýrek duş gelýän medeni-taryhy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklary taryhyň anyk subutnamalarydyr hem-de nesilleri watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr» diýip, aýratyn nygtalyp geçilýär.

ÖŇDEBARYJY TEHNOLOGIÝALARY ORNAŞDYRMAK BILEN TÄZE ÜSTÜNLIKLERE TARAP

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzyň sanly giňişliginde  alnyp barylýan işleri bir ýere toplamak arkaly häzirki wagtda ykdysadyýetiň ösüşine täsir edýän iň gymmatly serişde hasaplanylýan maglumaty jemlemäge mümkinçilik berer. Bu maglumatlar ýurdumyzyň ykdysady ösüşini çaklamakda we ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalary işläp düzmekde bahasyna ýetip bolmaýan serişdedir. Internetiň peýda bolmagy bilen ykdysadyýet üçin hem täze döwür başlandy. Elektron ykdysadyýetiň konsepsiýasy bolsa geçen asyryň soňky on ýyllygynda döredi. Wagtyň geçmegi bilen maglumat tehnologiýasynda gazanylan ösüş sanly ykdysadyýetiň ähmiýetini barha artdyrdy. Bank, saglygy goraýyş, ylym-bilim, mahabat, onlaýn, bölek söwda we marketing ýaly ugurlara sanly ykdysadyýetiň täsiri has-da uly boldy. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalara esaslanýan elektron telekeçilik, elektron söwda arkaly ýerleşdirilýän önümçilik harytlar we hyzmatlar bilen bagly ykdysady işjeňlige öwrülen sanly ykdysadyýet dünýä ýüzünde giňden ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalara, bäsdeşlige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmünde ornuny barha pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, elektron senagatynyň ösmegi tä

ŞANLY ÝYLYŇ DABARASY DÜNÝÄ DOLÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň binýatlaryny berkitmek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatynyň ýörelgeleri esasynda döwletara gatnaşyklary ilerletmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Parahatçylyga, abadançylyga esaslanýan türkmen diplomatiýasy döwletleriň, halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklarda hoşniýetliligi, dostanalygy ileri tutýar. Täze taryhy döwürde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz dost-doganlyk ýurtlar bilen medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Berkarar döwletiň bu ugurda öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli garaýyşlary, durmuşa geçirýän ägirt uly tagallalary dünýä jemgyýetçiliginiň belent ykraryna eýe bolýar. Bu hakykata diňe bir Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäherini «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip ge

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLILIK WE AHLAK GYMMATLYKLARY

Döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserler döreden akyldarlarymyzyň atlaryny ebedi şöhratlandyrýar. Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy we edebiýatymyzy bilmeklik, adamyň bilim sowatlylygynyň, watansöýüjilik, halka wepalylyk ýaly ahlak çeşmeleriniň kämilleşmegine ýardam edýär. Gündogar nusgawy edebiýatynda çeper eserleri bilen türkmeniň adyny belende galdyran şahyrlaryň, alymlaryň we akyldarlaryň atlary sanardan köp. Şolaryň biri-de, dünýä medeni mirasynyň genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragydyr. Beýik şahyryň edebi mirasynyň biziň üçin özboluşly terbiýe mekdebidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz beýik akyldaryň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda birnäçe asyrlaryň dowamynda nesilleriň terbiýelenip gelnendigini yzygiderli nygtaýar. Magtymguly Pyragy türkmen topragynyň sähralyklaryndan we çöllerinden, daglaryndan we düzlüklerinden, deňzinden we derýalaryndan, hoşgylaw adamlaryndan, şirin aýdym-sazlaryndan, ynsanperwer ýörelgelerinden ylham alan hem-de durmuş gözelliklerini bütin durky bilen kabul eden beýik akyldardyr. Bu bolsa dünýäniň gadymdan gelýän ylym we bilim taglymatlaryny, medeniýetlerini hem-de sungatlaryny özünde jemleýän Müsür, Mesopotamiýa,

NESILLERE MERTEBE

Halkymyz perzent terbiýesine, olaryň sowatly, peder ýoluna ygrarly nesiller bolup ýetişmeklerine hemişe aýratyn üns berýär. Garaşsyz ýurdumyzyň nesilleri ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam edip, mertebeli milletiň wekilleri hökmünde batly gadamlar bilen öňe barýarlar. Munuň özi şöhratly taryhymyzyň, baý geçmiş mirasymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň, geçen şanly ýollarymyzyň ähli döwürlere ýetirýän mizemez täsiridir. Çünki türkmen taryhy, medeniýeti we sungaty nesilleri hemişe özara baglanyşdyrýar. Ol ýaşlaryň terbiýesine, kemally önüp ösmegine, öz düýni, şu güni bilen tanyşmagyna, ertirine nazar aýlamagyna itergi berýär. Şoňa görä-de ýaşlar ýurduň taryhy, onuň dünýä medeniýetiniň ojagy hökmünde umumadamzat gymmatlyklaryna goşan saldamly goşandy bilen yzygiderli tanyşýarlar, okaýarlar, ürç edip öwrenýärler we wagyz edýärler.

DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ NETIJELI UGRY

Parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dürli görnüşlerde netijeli sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, iri düzümleýin taslamalary amala aşyrýar. Ýurdumyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge gönükdirilendir. Aziýa sebitiniň döwletleri bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dostluk we özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär.

Welaýatlardan habarlar

Ho­jam­baz et­ra­by­nyň 3-nji sport mek­de­bin­de okuw­çy­la­ryň ara­syn­da «Sag­dyn jem­gy­ýet ýö­rel­ge­si – gel­je­gi­mi­ziň göz­ba­şy» ady bi­len fut­bol ýa­ryşy ge­çi­ril­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen ýa­ryş­da Döw­let­gel­di Ro­zy­ýew, Eziz Ga­da­mow, Ser­dar Ju­ma­ýew ýa­ly tür­gen­ler has-da ta­pa­wut­lan­dy­lar. Çe­ke­le­şik­li ge­çen bäsleşikde ýe­ňi­ji­le­re we ta­pa­wut­la­nan tür­gen­le­re Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ho­jam­baz et­rap ge­ňe­şi­niň ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry­dyr Hor­mat hat­la­ry gow­şu­ryl­dy. Gun­ça HA­TA­MO­WA,