"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

“Saňa at diýmerin, gardaş diýerin...”

Pederlerimizden galan bir pähim bar: «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy». Bu pentde juda tereň many bar. Behişdi bedew — halkyň buýsanjy. Türkmeni şonsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Taryhy köküni heňňamlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, ähli babatda milliligi bilen tapawutlanýan halkyň geçmişem, şu günem, ertirem bedew at bilen baglydyr. Bedewler — türkmeniň ganaty, toýda şöhraty, durmuşda wepadar hemdemi. Gözbaşyny Jygalybeg atamyzdan alyp gaýdýan seýisçilik sungaty tanymal atşynaslaryň kemala gelmegine badalga bolupdyr. Ady ile dolup, hormat-sarpa eýe bolan seýisler Balkan welaýatynda-da az däl. Gyzylarbat, Bereket etraplaryndan bedewleri seýislemegi sungat derejesine çykaryp bilen Meret maýury, Armyk agany, Aman gülegi, Şyhberdi agany, Hoja agany... il-gün häzirem hormat bilen ýatlaýar. Olaryň seýisçilikdäki inçe tilsimlerem öz mynasyp dowamatyny tapýar. Şyhberdi Gurdowyň aty 1937-nji ýylda Aşgabatda döwlet derejesinde geçirilen ýaryşda baş baýragy eýeläpdir.

Nalçylar maşgalasy

Bu günler nalçy ussa Batyr Durdymedowyň iş-aladasy ep-esli artdy. Ýaňy Gün dogup, daň saz bererine mähetdel, ol öňünden tertiplän iş rejesine laýyk şaý-esbabyny ykjamlap, ýola düşýär. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň toýlanýan günlerinde ussat senetkär wagtynyň artyk bölegini welaýatyň atçylyk sport toplumynda geçirýär. Toplumyň töründäki athanalarda uly aýlawlara goşuljak ýyndam bedewler saklanýar. Batyr ussa olaryň toýnaklaryny nallaýar. Ol hepde ýarymyň içinde gamyşgulak bedewleriň baryny nallap ýetişdi. «At toýnagyndan belli» diýilýär. Ula goýberilýän bu bedewler ýelden ýyndam bady bilen çapuwa şowhun goşup, aýlawy bezeýärler. Welaýatda geçiriljek at çapyşygyna görülýän taýýarlygyň çäginde Batyr Durdymedow etraplaryň obalaryna hem baryp, hojalyk atlarynyň toýnaklaryny nallady. Onuň bu işi şu günlerem dowam edýär. Diňe bir welaýatda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem tanalýan nalçy ussanyň Boldumsaz şäheriniň Görogly köçesiniň orta gürpünde ýerleşýän öýüne at eýeleri, seýisler häli-şindi gelip, atlaryny nallap bermegini haýyş edýärler. Indi on bäş ýyldan gowrak wagt bäri bu käri inçelik bilen ýöredip gelýän halypa ussa olaryň haýyşyny salymyny bermän bitirmäge çalyşýar. Nalçy üç-dört günüň içinde uly a

Türkmeniň gurmak sungatynyň nusgasy

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar. Awtobanyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň

Arkadagyň haýyr-sahawat ýoly

Bedew atyň ýüwrük bolsun!

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyz aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk barada hasabat berdi.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» türk dilinde

Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türk diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde guralan çäre Ankarada işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny, dostlukly ýurduň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkiýede kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini, talyp ýaşlary bir ýere jemledi. Dabaranyň başynda gatnaşyjylara ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.

Durmuş ugurly syýasatyň dabaralanmasy

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanyşa girizilen gününde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň gatnaşmaklary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisi boldy. Bagtyýar çagalar we olaryň ene-atalary öz çykyşlarynda saglyklaryny dikeltmekleri, şadyýan durmuşda doly derejeli ýaşamaklary babatda döredilen mümkinçilikler, döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine durmuşa geçirilýän beýik işler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu çagalara döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesi — Türkmen bedewiniň milli baýramy

Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasydyr. Hut şonuň üçinem biz bedewlerimizi ösüşiň hem-de bagtyň alamaty hasap edýäris. Çünki taryhyň gatlarynda bolup geçen ähli wakalara bedewlerimiz gönüden-göni dahylly bolmasa-da, olary bedewsiz göz öňüne getirmek kyndyr. Bedew baradaky düşünje biziň durmuşymyzda düýpli orun alandyr. Bedew — ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç. * * *

Dünýä we Magtymguly

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tbiliside iş saparynda boldy. Onuň çäklerinde türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat, hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy we Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan maslahat dostlukly ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini, Tbiliside akkreditirlenen diplomatlary, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, beýik söz ussadynyň eserlerinde Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyga çagyryş ýaly umumadamzat gymmatlyklary öz beýanyny tapýar.

Berkararlyk buýsanjy

Taryhy wakalar we şanly seneler bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň arzuwlan berkararlygynyň baýramy bolan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününe mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýän her bir günümiz ýokary watansöýüjilik duýgusyna beslenýär. Sebäbi bu baýramyň şanyna her ýyl geçirilýän dabaralar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary hem-de çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmeniň baýlygy we guwanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda, ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri, ýokary netijeleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda geçen ýyl işlenip taýýarlanylan strategik hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” ähmiýetini belledi. Ol energetikada, himiýa senagatynda, obasenagat toplumynda, Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky ulag geçelgesinde, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmekde, suw hojalygyny döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ugurlar boýunça taslamalary özünde jemleýär. Söhbetdeşler German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti arkaly nemes kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmakda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de türkmen bazaryna täze maýa goýumlary çekmek üçin geljekde-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.

At — myrat

Amanmyrat MUHAMMEDOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýsi, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy:

Türkmen atşynaslyk mekdebi: milli ýörelgeler we dünýä tejribesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — bedew batly ösüşleriň, beýik işleriň zamanasy. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň tomsunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ilkinji tapgyrynyň açylmagy täze taryhymyzyň şöhratly wakalarynyň birine öwrüldi. Köp sanly durmuş-medeni maksatly binalary özünde jemleýän «akylly» şäherde ylym-bilim ulgamyna degişli binalaryň hem mynasyp orny bar. Şöhratly ahalteke bedewleriniň ýetişdirilen gadymy topragynda binýat tutan bu şäherde atçylyga degişli desgalaryň birnäçesiniň bolmagy özboluşly mana eýedir. Bu ýerdäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bolsa sebitde hut şu ugra ýöriteleşdirilen ilkinji ýokary okuw mekdebidir. Biz Türkmen bedewiniň milli baýramyna döwlet derejesinde taýýarlyk görülýän günlerde bu ýokary okuw mekdebinde myhmançylykda bolup, baýramçylyk aladalary bilen ýerinde tanyşmagy makul bildik. Bu ajaýyp baýramçylyga görlen taýýarlyk hem-de ýokary okuw mekdebinde döredilen döwrebap şertler, alnyp barylýam işler barada akademiýanyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy BAÝRAMDURDYÝEW şeýle gürrüň berdi: — Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahrym

Ýyndamlygyň we gözelligiň çeper keşbi

Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak keşbi, häsiýeti, duýgurlygy döredijilik we sungat işgärlerini ajaýyp eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan ahalteke atlary ynsanyň döredijilik paýhasynyň tebigaty bilen utgaşyklykda döredilýän gözelligiň hem-de sazlaşygyň iň ýokary derejesini alamatlandyrýar. Hut şoňa görä-de, ynsan gylykly bedewler Türkmenistanyň häzirki döwrüniň nyşany, belent maksatlaryň dabaralanmagynyň, joşgunly zähmetiň hem-de ösüşlere tarap maksada okgunlylygyň nusgasy bolup durýar.

Heňňamlaryň jümmüşine syýahat

Taryhy şahsyýetlerimiziň tirsegine galdyrylyp, däp-dessurlarymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylýan zamanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby her birimiziň ylham çeşmämize öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda ata Watanymyza arşy-agladan nuruň ýagandygy, dünýäni ýagtyltjak pikir-taglymatlaryň beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýändigi bellenilýär. Şeýle hem müňýyllyklary öz içine alýan gadymy Änewiň birnäçe dünýä medeniýetleriniň emele gelmegine ýetiren täsiri baradaky taryhy maglumatlar getirilýär.

Şöhratly geçmişden şanly geljege

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Her bir halk özüniň taryhy bilen şöhratlanýar, türkmen halkynyň baý taryhy bolsa häzirki döwrümizde döwletimize şan-şöhrat, halkymyza uly abraý getirýär. Türkmeniň taryhyny anyk maglumatlar esasynda çeper dilde beýan edýän bu täze kitapda diňe bir Änew medeniýeti barada söz açylmak bilen çäklenilmän, halkymyzyň durmuşy, asyrlaryň dowamynda gazananlary, zähmetsöýerligi, paýhaslylygy, sungaty hem öz beýanyny tapýar. Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň geçmişimize bolan sarpasynyň, söýgi-buýsanjynyň alamaty bolmak bilen, ol her bir okyjy üçin halkymyzyň, ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Änew medeniýeti ylmy esasda öwrenilmäge juda mynasypdyr. Sebäbi orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew galasy gülläp ösen şäherçä öwrülip, ol häzirki döwürde-de meşhur, täsinlige baý künjek hasaplanýar. Täze kitap hem Änew ýaly gadymy ojagy goýnunda jemleýän Türkmenistan döwletiniň müňýyllyklaryň dowamynda geçen menzillerinden, döwlet gurmagyň nusgasyny görkezen ata-babalarymyzyň agzybirlik taglymatyndan söz açýar.

Nusgalyk ynsanperwerlik ýörelgesi

Häzirki wagtda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk dünýäde halklaryň özara düşünişmegini goldamakda, syýasy we ykdysady gatnaşyklar üçin amatly ýagdaýy döretmekde möhüm gural bolup durýar. Bu ugurda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde eýeleýän orny nusga alarlykdyr. Halkymyzyň taryhyň dowamynda barha kämilleşdirip gelen we dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerine hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna eýerip, goňşy ýurtlara ugradylýan ynsanperwerlik kömekleri muňa şaýatlyk edýär. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatymyzyň binýady bolup durýar. Ynsanperwerlik adamyň durmuşyny we saglygyny goramaga gönükdirilýär, adam mertebesiniň hormatlanmagyny üpjün edýär. Beýik ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine üýtgewsiz eýerip, ýagşylyk etmek, rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky taglymatlaryny goldanyp, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmaga çalşyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek bilen, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny

Eşretli ýaşaýşyň kepili

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Berkarar döwletimizde gazanylýan ösüşler bagtyýar raýatlaryň agzybirlikde çekýän döredijilikli zähmetiniň miwesidir hem-de halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň ygtybarly kepilidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine götermek boýunça asylly başlangyçlar, halk bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Mähriban halkymyzyň joşgunly, tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde hem-de ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär» diýip nygtap geçmegi il-ýurt bähbitli işleriň rowaçlyga beslenýändigini subut edýär.

Gadymyýete gaýybana syýahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýylymyz şöhratly ösüşi we gazanylýan uly üstünlikleri, rowaçlyklary, şanly wakalary bilen taryhyň altyn sahypalaryny bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat bermegi hem taryhy bezän wakalaryň biri boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitaby bu gün ady dünýä ýaň salan Änew şäheriniň taryhy, medeniýetiniň aýratynlyklary, Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup ykrar etdiren ägirtler hakyndaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýär.