"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sportuň ösüşli menzilleri

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilip, ulgamyň okgunly ösüşlerini, täze sepgitlerini şertlendirýär. Watanymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlardyr dünýä hem-de yklym çempionatlary Diýarymyzyň sport ýurdy hökmünde uly abraýdan peýdalanýandygynyň beýanyna öwrülýär. Iň uly ýaryşlary geçirmegiň Türkmenistana ynanylmagy ýurdumyzyň sportdaky mümkinçiliklerine goýulýan belent hormatdan nyşandyr. Çünki ülkämiziň kämil sport düzümi diňe ulgamyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň halkara arenasyndaky mynasyp ornuny has-da pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Hakykatdan hem, bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesini görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Elbetde, gözbaşyny türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryndan alyp, Watanymyzyň iň ajaýyp sport baýramçylyklaryny kabul etmegine mümkinçilik döredýän sport desgalarydyr toplumlaryň birnäçesini özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi ýurdumyzyň myhmanlarynyň, halkara sport jemgyýetçiliginiň, federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Bu bolsa Diýarymyzyň sportdaky mümkinçilikleriniň halkara ykrarnamasyna

Taryhy ýerlere gezelenç

    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli meýilnamasy esasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary 2024-nji ýylyň mart, aprel, maý aýlarynyň degişli senelerinde Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerdir muzeýlere syýahat etdiler. Änew şäherindäki «Ak bugdaý» muzeýinde bolanymyzda ajaýyp duýgulary başdan geçirdik. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda «Änew – müňýyllyklarda gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine sowgat etdi. Kitap üç bölümden ybarat bolup, onuň 1-nji babynda hormatly Prezidentimiz Rafael Pampelliniň adyny hem hormat bilen tutýar.

Welaýatlardan habarlar

Ýa­kyn­da Bal­kan we­la­ýat ki­tap­ha­na­syn­da TKA-nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň hem-de ylym we bi­lim iş­gär­le­ri­niň Kär­deş­ler ara­ka­ly­şyk­la­ry­nyň Bal­ka­na­bat şä­her ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «Türk­me­niň ru­hy çy­ra­gy» at­ly wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Mas­la­hat­da edi­len çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2024-nji ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy akyl­dar şa­hy­ra go­ýul­ýan be­lent sar­pa­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

Täzelikler

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda ýangyn howpsuzlygy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri, jemgyýetiň işjeň agzalary gatnaşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar goraghanada tokaýlyklary we olarda mesgen tutan haýwanlary goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu ýerde gorag işleri bilen birlikde ylmy işler utgaşykly alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde tebigy baýlyklarymyzy ýangyndan goramak meselesi hem gündelik üns merkezinde saklanylýar. Maslahatda şeýle işleriň howanyň gyzmagy bilen has möhüm ähmiýete eýe bolýandygy we degişli düzgünleri berk berjaý etmegiň esasy talap bolup durýandygy bellenildi. Degişli hünärmenler çykyşlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmekde tehniki serişdelerden netijeli peýdalanmak barada hem giňden durup geçdiler.

Aşgabatda beýik taryh ýazylýar

Aşgabadyň gün-günden ösýändigi hiç kim üçin täzelik däl. Paýtagtymyzdaky durmuş-medeni maksatly binalar toplumlary täsin inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen haýran galdyryp, şäheriň döwrebap binagärlik keşbini emele getirýär. Olarda döredilýän şertler halkara ülňülere, bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär. Şonuň üçin-de Aşgabat halkara derejeli syýasy we işewürlik merkezi, ýaşamak üçin amatly şäher hasaplanýar. Öňler agyz dolduryp waspyny ýetiren desgalarymyza häzir şäherliler adaty zat hökmünde garaýarlar. Sebäbi döwrebap gurluşyk-binagärlik taslamalary dowamly durmuşa geçirilip gelinýär. Biri-birinden kaşaň binalardyr desgalar, giň gerimli gurluşyklar bu gün paýtagtyň durmuş kadasyna öwrüldi. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga ukyply desganyň açylyp ulanmaga berilmegi, «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda 136 sany iki gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk hem munuň şeýledigini görkezýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Semente isleg uly

Çitimlere siňdirilen keşp

Türkmen halysy asyrlardan aşyp, heňňamlardan geçip, şu günlerimize gelip ýeten deňsiz-taýsyz gözellikdir. Ol diňe bir senetçilik önümi bolman, eýsem, sungat derejesine ýetirilip, ajaýyp esere öwrülipdir. Nepis halylarymyz türkmen halkynyň taryhyndan, däp-dessurlaryndan dünýägaraýşyndan habar berýär. Ondan gelin-gyzlaryň ýürek mährini, zenan kalbynyň owazyny eşitmek, duýmak bolýar. Haly türkmeniň soňlanmajak aýdymlar çemenidir. Hut şonuň üçin-de bu gün türkmen zenanlary iň gowy zatlary, gözellikleri öz dokaýan halylaryna çitýärler. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bolsa hala çitilýän nagyşlaryň, adam keşpleriniň has-da gözel, gelşikli bolmagy üçin tagalla edýär. Birleşigiň hünärmenleri şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dana şahyryň keşbini hala çitip, onuň her bir türkmeniň öýüni bezemegi üçin zerur bolan işleri amala aşyrmaga girişdiler. Olar akyldar şahyryň keşbi şekillendirilen eserleriň ençemesini gözden geçirdiler. Hatda onuň käbir heýkeline-de nazar aýladylar. Iň soňunda Magtymguly Pyragynyň: Pikir derýasyna aklym gämisin,Batyrmyşam, geçe bilmen, neýläýin?! —

Nepis önümleriň sany artýar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň eli çeper halyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dört aýynda 1 müň 200 inedördül metre golaý haly dokap, meýilnamada göz öňünde tutulan tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etdiler. Haly we haly önümleriniň möçber ölçegi pul hasabynda aňladylanda, bir million manatlykdan gowrak iş edilendigini görkezýär. Bu görkezijileriň geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli ýokarydygyny bellemek gerek. Ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslenýän şanly ýylymyzyň degişli döwründe şeýle üstünligiň gazanylmagyna Akdepe, Boldumsaz, Köneürgenç etraplaryndaky, Gubadag hem Andalyp şäherlerindäki önümhanalar uly goşant goşdular. Häzirki wagtda ýerlerdäki önümhanalaryň aglabasynda edara-kärhanalaryň, guramalaryň buýurmalary esasynda we baýramçylyklar mynasybetli 60, 65, 70 inedördül metr ölçegli halylar dokalýar. Ajaýyp göllerinde türkmen tebigatynyň ähli gözelliklerini şöhlelendirýän, owadan nagyşlary, gül görki bilen tapawutlanýan halylar ýurt derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde ýokary baha mynasyp bolýar. Olaryň birnäçesi haly we haly önümleriniň yzygiderli geçirilýän sergilerini bezeýär.

Beýik döwre beýik işler ýaraşýar

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilmegi göwünlerimizi galkyndyryp, beýik şahyrymyza bolan buýsanjymyzy has hem artdyrýar. Bu gündogar edebiýatynda, filosofiýasynda uly yz goýan Magtymguly atamyzyň sönmez-ýitmez döredijiligine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde beýik akyldar şahyrymyzyň ýadygärliginiň we Köpetdagyň dag eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky şatlykly wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzda goşa toýuň bellenilýän günleriniň şeýle şatlykly wakalar bilen utgaşmagy şahyryň ruhy-edebi mirasyny tutuş dünýäde şöhratlandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstüni ýetirdi. Halkara metbugatynda bellenilişi ýaly, akyldar şahyrymyzyň ajaýyp heýkeli, onuň gurluş aýratynlygy dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni ýene-de güneşli ülkämize gönükdirdi. Hut şonuň üçin hem goňşy döwletleriň wekilleriniň hem köpsanlysy bu şatlykly wakanyň şaýady bolmak üçin ýurdumyzda myhman boldular. Dogrudan hem, dürli öwüşginli yşyklar, çyralar bilen bezelen ýadygärlik baş şäherimizde ýene-de bir ajaýyp binagärlik düzümiň dörändigini äleme buş

Dünýä edebiýatynyň ägirdine belent sarpa

Şanly ýylymyzda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmäge bagyşlanyp geçirilýän çäreler, şatlykly wakalar biri-birine utgaşýar. Şeýle toýly günlerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy beýik akyldara goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Kitapda akyldaryň halkymyzyň edep-terbiýe, ylym-bilim, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa goýmak, gahrymançylyk, watançylyk, döwletlilik garaýyşlaryny wasp edýän şygyrlary ýerleşdirilipdir. Olar ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde aýratyn gymmata eýedir. Biz hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarys. Ýaş nesli beýik söz ussadynyň nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, ilat arasynda maslahatlary, duşuşyklary ýygy-ýygydan guraýarys. Çärelerde edilýän çykyşlarda beýik söz ussadynyň baý we köpugurly döredijiligini öwrenmekde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti aýratyn nygtalýar.

Arassa agyz suwy bilen üpjünçilik — abadan ýaşaýşyň möhüm şerti

Düýn Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan täze «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap desganyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi diňe etrap üçin däl, eýsem, tutuş Aşgabat şäheri üçin hem uly ähmiýete eýedir. Açylyş dabarasyna gatnaşanlaryň käbiriniň täze desga baradaky pikirlerini okyjylara ýetirýäris.

Täzelikler

Halkyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki 2-nji çörek kärhanasynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Kärhanada şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda çörek we çörek önümleriniň 5 müň 704 tonnasy, pul hasabynda bolsa 11 million 449 müň 100 manatlygy öndürilip, ilata ýetirildi. Şeýle-de bu döwürde kärhanada unaş önümleriniň hem 196 tonnasy öndürilip, 229 müň 300 manatlyk iş edildi. Netijede geçen dört aýda jemi öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 11 million 678 müň 420 manatlyga deň boldy. Bu bolsa meýilnamada bellenilenden ep-esli artykdyr. Kärhanada taýýarlanylýan çörek we çörek önümleri, unaş önümleri bilen bir hatarda süýji-köke önümlerine-de islegler barha artýar.

Ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň güýji bilen

«Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk». Bu jümle ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» XV halkara ykdysady forumynyň esasy şygary boldy. Bu foruma ynanyşmagyň we netijeli hyzmatdaşlygyň merkezi bolan Türkmenistandan Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy bolsa onuň halkara derejesindäki ähmiýetini has-da artdyrdy. Milli Liderimiziň dostlukly döwlete iş sapary türkmen-rus we türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň nobatdaky sahypasyna öwrüldi. Iş saparynyň birinji gününde Milli Liderimiziň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren gepleşikleri iňňän netijeli boldy. Gepleşikleriň dowamynda nebitgaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda üstünlikli alnyp barylýan bilelikdäki işlere üns çekildi. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň duşuşykda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýär.

Ruhy dünýämiziň şamçyragy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen okgunly ösüşlere beslenýän Berkarar Diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda mermer paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň gerşinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabaralaryň çawy dünýä doldy. Şol toý günlerinde akyldar şahyrymyzyň täze goşgular ýygyndysynyň neşir edilmegi-de şatlygymyza şatlyk goşdy. Bu dabaralara gatnaşyp, taryhy wakalaryň jümmüşinde bolmak ýüregiňde şygryýete şine bolýan beýik duýgular bilen birlikde akyldar şahyryň döredijiligini äleme nagyş eden Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz buýsanjy hem kalbyňa bagyşlaýar. Hut Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy, yzygiderli aladalary bilen bina bolan, dünýä halklarynyň naýbaşy ýazyjy-şahyrlarynyň başyny jemlän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy hem-de bu ýerde taryhy söz sözlemegi umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen edebi mirasymyza, taryhymyza şan beren beýik şahsyýetlerimize, ruhy dünýämiziň ganaty bolan döredijilige döwletimiz tarapynd

Ak ýollar ak paýtagtda birleşýär

Diňe bir ýurdumyzyň ýollary däl, eýsem, halkara gatnaşyklarynda hem möhüm çözgütlere uzaýan ýollar türkmen paýtagtynda birleşýär. Dünýäniň iň möhüm ylalaşdyryjy we parahatçylygy dörediji merkezleriniň biri bolan ak şäherimiz bu goşa güýjüni gözelligine hem siňdirýär. Bu bolsa XIX asyryň segseninji ýyllarynda düýbi tutulan merjen paýtagtymyzyň barha juwanlaşmagyna şert döredýär. Aýdymlarda aýdylyşy ýaly, juwan şäher Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gaýtadan dünýä indi. Ol bu gün dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýär. Bu günki gün Ýer ýüzüniň Nýu-Ýork, Pariž, Dubaý, London, Şanhaý, Er-Riýad, Sankt-Peterburg ýaly has iri we gözel şäherlerinden iş sapary ýa gezelenç maksady bilen paýtagtymyza sary ýola düşen her bir adamyň: «Men Aşgabada barýaryn» diýen sözleri buýsanç bilen aýdýandygyny eşidýäris. Hawa, biziň paýtagtymyz daşary ýurtlularyň ählisiniň gelip görmek isleýän gözelligine, täsinligine öwrülýär.

Aşgabat

Aşyklaryň şäheri, dag goýnunyň düri sen,Gül Zeminiň zynaty, dünýäň tylla-zeri sen,Dost-doganlyk halklaryň toý toýlaýan ýeri sen,Göýä, asmandan inen, sahypjemal peri sen,Arkadagyň yhlasy, ak bagtymyz Aşgabat,Aziýanyň merjeni paýtagtymyz Aşgabat. Göwün deý giň ýollaryň çar tarapa uzaýar,Gyzyl-elwan gülleriň giň gujagyň bezeýär,Depäňden tylla Güneş ýyly nurun gezeýär,Bir keşbiňi synlanlar ýene gelmä dyzaýar.Egsilmejek arzuwlar ak bagtymyz Aşgabat,Aziýanyň merjeni paýtagtymyz Aşgabat.

Göllerinde Gün dogýar

Milletimiziň dünýä mirasynyň sanawyna goşulan gymmatlyklarynyň hersinde kämilligiň çür başyna çykandygyna şaýatlyk edýän sypatlar aýyl-saýyl görünýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň göz we göwün nuruny siňdirip döreden nepis halylary-da dünýähalar gymmatlyk derejesine çykyp bilipdir. Göllerinde Gün dogýan halylar hem döräli bäri dünýäni haýran galdyryp gelýär. Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary hem göllerine şeýle yhlas-zehin siňdirip işleýärler. Haly dokamak her bir oba gyzynyň ilkinji hünäri bolýar diýsegem ýalňyş bolmasa gerek. Onda-da Halaç etrabynda, çeper halyçylyk kärhanasynyň ýetmiş-segsen ýyldan bäri şöhraty dünýä dolan sungaty ýene-de baýlaşdyryp, onuň mertebesini ýokary galdyryp gelýän ýerinde, haly dokamak esasy hünärleriň daşyndan hem hökman öwreniläýmeli, ýörediläýmeli hünär saýylýar. Islendik gyz maşgala ejesinden öwrener, doganyndan öwrener, halyçy obadaşynyňka gatnap öwrener welin, haly dokamak ýaly inçe sungaty hökman ele alar. Hernäçe inçe, çylşyrymly bolsa bolubersin, hökman öwrener. Olaryň hemmesi halyçy bolup işläbem ýörenok. Ýöne «Menem halyçy!» diýip buýsanç bilen aýdyp bilýärler.

Daragymy kakanymda bat bilen

Aknabat BASAROWA, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy, kärhananyň ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy:

Ajaýyp sungatyň waspy

Mähri BERDIÝEWA, Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

Gözelligiň nusgasy ak mermerli Aşgabat

25-nji maý — Aşgabat şäheriniň güni Ata Watanymyzyň paýtagty ak mermere beslenen belent binalary, gür baglyga bürenen seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen dünýä nur saçýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat bu günki gün gözel baglara beslenen täsin seýilgähleriň, ajaýyp gülleriň şäheri hökmünde uly meşhurlyga eýedir» diýip belleýär. Aýna ýaly tämiz, giň köçeler, hoşboý ysly güller, kaşaň ymaratlar, ýadygärlikler, suw çüwdürimleri paýtagtymyza gelýän myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Aziýanyň merjeni bolan paýtagtymyzda halkara duşuşyklaryň, köpugurly sergi-ýarmarkalaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, döredijilik festiwallarynyň geçirilmegi kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär.