"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşigine

Arkadagly Gahryman Serdarym bar Dowam edýän pederiniň ýoluny,Güneş kibi çoýýan eziz ilini,Dünýä ýaýýan parahatlyk sazyny,Arkadagly Gahryman Serdarym bar.

Zenan edebiniň, gözelliginiň waspy

Ynsan köňlünde öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden öwrenilýär. Akyldar şahyryň asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten goşgulary ynsan köňlüniň nagşydyr. Söz ussady öz döredijiliginde türkmen gelin-gyzlarynyň waspyny ýetirmäge-de uly orun beripdir. ªahyr «Durasyň geler», «Ýör biläni», «Il ýagşy», «Zor bolar» ýaly goşgularynda gelin-gyzlaryň asylly, edep-terbiýeli bolmaklaryny nesihat etmek bilen, olaryň mertebesini ýokary tutupdyr. Pyragy: Gözel bardyr günde-günde görmeli,Şol gözeliň syýa zülpün örmeli —

Döwürlere şugla saçýan şygyrlar

Magtymguly Pyragynyň ýazan ajaýyp şygyrlary edebi mirasymyzyň gymmatly hazynasy bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne şuglasyny saçýar. Türkmen halkynyň paýhas hazynasynyň dür-merjenlerini öz döredijiliginde jemlemegi başaran söz ussady ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamyndaky köňül küýsegini şygryýetiň üsti bilen dünýä ýaýmagy başaran beýik şahsyýetdir. Dana şahyryň edebi mirasy özünden soňky nesillere durmuş mekdebi bolup durýar, ajaýyp şygyrlary ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, agzybirligi, jebisligi wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Beýik akyldaryň:

Ylhamly ýaşlaryň bäsleşigi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny we türkmen halkynyň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, bagtyýar ýaşlaryň kalbynda söz ussadynyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize bolan söýgini artdyrmak, ýaş zehinli şahyrlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Ylhamly ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly döredijilik bäsleşigi ýokary ruhubelentlige beslenip geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan welaýatymyzyň ýaş şahyrlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny we akyldar şahyry wasp edip ýazan goşgularyny labyzly okadylar, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijiliginde beýik şahyryň tutýan ornuny öz goşgularynyň üsti bilen beýan etdiler, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna nezire ýazdylar, şeýle-de çäkli wagtyň dowamynda halypalaryň biriniň ýazan goşgusyny dowam etdirdiler.

Türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirilýär. Golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy taryhy waka öwrüldi. «Berkarar döwlet istärin» diýip, şu günki döwrümizi arzuwlan akyldaryň sarpasy ýurdumyzda we bütin dünýäde belent tutulýar. Pyragynyň döredijiligi ruhy gymmatlyk hökmünde ynsanlaryň kalbyna çuňňur ornaşýar. Şahyryň edebi mirasy ýaş nesillerimiz üçin hem ylham çeşmesidir, kämil watançylyk kelamydyr.

Gymmatly ruhy baýlyk

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyraga bu gün uly sarpa goýulýar. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede toý-dabaralara beslenýän günlerinde her birimiz üçin ajaýyp sowgat bolup, göwünlerimizi galkyndyrdy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen täze kitabyň ilkinji sanynyň Gahryman Arkadagymyza iberilmegi bolsa örän buýsandyryjydyr.  

Beýik söz ussady

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Magtymguly Pyragy beýik söz ussadydyr. Onuň agzybirlik, jebislik, özbaşdak döwletli bolmak, şeýle hem iň ajaýyp häsiýetleriň ynsany bezemelidigi hakyndaky şahyrana pikirlerden ybarat bolan şygyrlary asyrlar geçse-de, gymmatyny gaçyrman gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň sarpasy has-da belent tutulýar. Halkymyz Magtymguly Pyragynyň ündewlerine uýup, özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Bu gün biz Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanynda ýaşaýarys.

Sahawatly durmuş syýasaty

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar, şol sanda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» hem hut şuňa gönükdirilendir. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ugurlarynyň durnukly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Golaýda Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň suw arassalaýjy, paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgalarynyň ulanmaga berilmegi, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi, «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 136-synyň açylmagy-da şeýle mümkinçilikl

Guwandyryjy görkeziji

Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri iş depginlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk ýola goýmagy başarýarlar. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda 384,2 million kilowat sagada golaý elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar. Hormatly Prezidentimiziň energetika ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatdaky tagallalaryndan göwünleri galkynýan kärhananyň hünärmenleriniň, geçen ýylyň ilkinji dört aýy bilen deňeşdirilende, 99 million kilowat sagat elektrik energiýasyny artyk öndürip, önümçiligiň ösüş depginini 135 göterime barabar ýokarlandyrmagy başarandyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Häzirki zaman binagärliginiň merjeni

Ýakynda ak şäherimiz Aşgabadyň güni dabaraly bellenildi. Bu baýramçylyk berkarar döwletimiziň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dünýäde wagyz etmekde, ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni we işewürlik merkezi hökmünde Aşgabadyň eýeleýän ornuny has-da ýokarlandyrmakda, halkara abraýyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzir Aşgabat okgunly ösüşiň özboluşly nyşany bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli durmuşa geçiren şähergurluşyk syýasaty netijesinde, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi ýokary derejede özgerdi, çäkleri ep-esli giňeldildi, aşgabatlylaryň durmuş derejesi halkara ölçeglere doly kybap getirildi. Bu gün Aşgabat gülläp ösýär. Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyzda halkyň beýik watansöýüjilik ruhy we ählumumy söýgüsi jemlenýär. Gür bagly seýilgähleri, ýaşyl zolaklary, altynsow gümmezli köşkleri, köp sanly döwrebap suw çüwdürimleri, özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan beýik binalary we desgalary bilen Aşgabat Watanymyzyň şu günki ajaýyp döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň alamatlandyrýar.

“Daglaryň üstünden daglar görünýär”

Gahryman Arkadagymyzyň milli şahyrymyzyň hormatyna sözden diken heýkeli bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygrynyň ady bilen atlandyrylan 2024-nji ýyl ýurdumyzda uly toý-baýrama beslenýär. Bu ýyl diňe türkmen halky däl, asyl-ha, tutuş adamzat beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden baýram edýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şahyryň Köpetdagyň eteginde bina edilen ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy bolsa Gündogaryň meşhur akyldarynyň mertebesini ýene bir gez belende göteren şanly waka bolup taryha ýazyldy.

Sarpaly hünärden döwlet tapanlar

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ussat halyçylara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen çeper elli, tejribeli halyçylarymyzyň birnäçesine şeýle adyň dakylmagy olar üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Annabegi NURÝAGDYÝEWA, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy:

“Kak daragyň, batly ýaňlansyn sesi!”

Haly — türkmeniň kalby, milli buýsanjymyz hem guwanjymyz. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Asyrlardan gözbaş alýan haly dokamak sungaty hem biziň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar» diýip, juda jaýdar nygtaýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu gadymy we müdimi sungatyň gadyr-gymmaty has-da artdy. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen milli halyçylyk sungatymyzyň halkara derejedäki sarpasy barha ýokarlanýar. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan toýlanan Türkmen halysynyň baýramynda hem aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Şol gün paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi toý dabarasyna beslendi. Bir tarapda, «Eý, daragym batlan,//Eý, ýüregim şatlan!» diýip, darak kakýan halyçy zenanlaryň sesi ýaňlanýar. Beýleki bir tarapda, sungat ussatlary gazal aýdyp, küşt depip, baýramçylyk şowhunyny barha artdyrýarlar. Dürli reňkli we dürli görnüşli — peýzaž, portret, sowgatlyk halylar sergilenen diwarlyklaryň bezegi biri-birinden owadan. Olaryň arasynda mermer paýtagtymyzyň gözel keşbini, türkmen tebigatyny, behişdi bedewlerimizi, bereketli türkmen saçagyny, gadymy Beýik Ýüpek ýoluny şekillendir

Türkmenistan — bagtyýar nesliň Watany

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni Eziz Diýarymyzda her ýylyň 1-nji iýunynda çagalary goramagyň halkara güni döwlet derejesinde bellenilip geçilýär. Çagalaryň saglygyny goramak işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda, olara berilýän bilim-terbiýäni dünýä ülňülerine laýyk getirmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri

26-njy maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada ýaýbaňlandyrylan obanyň her bir künjeginde halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi.

Sport — dost­luk we pa­ra­hat­çy­lyk

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Sport — dost­lu­gyň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yn­san­per­wer­li­giň be­lent ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýar, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Bu bol­sa sport ar­ka­ly hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky ýö­rel­ge­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aýdyň nyşanydyr. 2024-nji ýylyň 24-ni maýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüde gol çekilmegi bolsa türkmen paýtagtynyň sporty wagyz etmekde nusgalyk şähere öwrülendigini görkezdi.

Peýdaly en­dik­ler­i hemra edineliň!

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi­niň, ra­ýat­la­ra edil­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň dün­ýä de­re­je­si­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň, ýaş ne­sil­le­riň mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­me­gi­niň, sag­ly­ga zy­ýan ýe­tir­ýän ýa­ra­maz en­dik­le­re gar­şy gö­re­şil­me­gi­niň, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­nyň ga­za­nyl­ma­gy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­lup dur­ýar.

«Akylly» şäher — kämilligiň nusgasy

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň tä­ze be­lent­lik­le­re gö­te­ri­li­şi, şan­ly ýyl­la­ry­my­zyň ta­ry­hy wa­ka­la­ry we döw­rü­mi­ziň gym­mat­lyk­la­ry Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bar­ha da­ba­ra­lan­ýar. Mu­ňa Ar­ka­dag şä­he­ri­niň dur­ky we aja­ýyp keş­bi hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Ga­dy­my Oguz top­ra­gyn­da ke­ma­la ge­len kä­mil şä­he­riň keş­bin­de za­ma­na­my­zyň al­tyn ru­hy, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne bo­lan kö­ňül al­kyş­la­ry aý­dyň du­ýul­ýar. Öz tä­ze­çil­li­gi, aja­ýyp tas­la­ma­la­ry, eko­lo­gi­ýa aras­sa­ly­gy we in­no­wa­si­ýa­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça hal­ka­ra yk­rar­na­ma­la­ry­nyň we bü­tin dün­ýä­niň yk­ra­ry­nyň eýe­si bo­lan yk­ly­myň tä­ze bir tä­sin ga­şy bo­lup dö­rän Ar­ka­dag şä­he­ri, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, be­ýik paý­ha­syň we ýi­ti aň-aky­lyň mer­ke­zi­dir.

Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri

Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde geçirilýän bu baýram çeper elli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Ussat halyçylar yhlasly zähmeti bilen ajaýyp halylary döredýärler. Şoňa görä, bu baýram amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleriniň, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän medeni-ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada ýaýbaňlandyrylan obanyň her bir künjeginde halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi.

Täze binalar — şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany

Paýtagtymyzda iri kottej ýaşaýyş jaý toplumy ulanmaga berildi Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.