"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýylda Size we Siziň ýurduňyza parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin. Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Kuba Respublikasynyň Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Migel Mario Dias-Kanel Bermudese berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Kuba Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy! Hormatly jenap Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy! Sizi täze — 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň raýatlary öz hatlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň medeni syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belleýärler. Bu syýasatyň netijesinde beýik şahyryň döredijiligi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenilýär. Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny, türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň eserlerini dünýä ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şunda beýik akyldar, söz ussady, döredijiligine tutuş dünýäde uly hormat goýulýan Magtymguly Pyragynyň eserlerine aýratyn orun degişlidir. Beýik şahyryň şygryýetinde türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, däp-dessurlary, ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary, berkarar döwlet baradaky arzuwlary öz beýanyny tapýar. Bu arzuwlar häzirki döwürde hasyl boldy, Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer taglymlary bolsa Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda mynasyp orun aldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl gutlaglary

Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň raýatlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary bilen geçjek täze — 2024-nji ýyl bilen gutlaýarlar. Gutlag hatlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň barha artýandygy, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň has-da belende galýandygy bellenilýär. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge we kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen köpugurly işinde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyzy Täze ýyl bilen Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan biz täze — 2024-nji ýyly garşylarys.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan biz täze — 2024-nji ýyly garşylarys.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz 2024-nji ýyla hem uly ruhubelentlik bilen gadam basýar.

Şanly wakalara buýsanç

Täze — 2024-nji ýyly şatlyk-şowhun, dabara bilen garşyladyk. Täze ýylymyz halkymyza uly üstünlikleri bagyş etsin! Şeýle buýsançly pursatlarda 2023-nji ýylyň şanly wakalary hakynda beýan etmek örän ýakymlydyr. 2023-nji ýyl syýasy we ykdysady ugurlarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine tarap döredijilik ýoly bilen öňe barýan halkymyzyň medeni we ruhy durmuşynda gazanylan uly üstünlikler bilen ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna ýazyldy. Geçen ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler tutuş döwrüň ruhuna, zamananyň ynamly gadamlaryna göz ýetirmäge hem mümkinçilik berýär. 2023-nji ýyl ösüşiň ozalky tapgyrlarynda başy başlanan asylly işleriň mynasyp dowam etdirilen hem-de köpugurly täze belentlikleri nazarlanan, giň mümkinçilikleriň açylan döwri bolup taryhymyza girdi.

Asylly maksatlaryň aýdyň beýany

Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň toýlary toýa ulaşýar. Şeýle ajaýyp günlerde türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan belent üstünliklere, ýurdumyzyň ösüşlerine buýsanýar. Türkmen halky her bir ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy alýar, çünki her bir ýyl taryhy wakalara, şanly pursatlara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyz dünýäde belent abraýa mynasyp bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, şöhratly taryhyna belent sarpa goýulýar. Täze — 2024-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginde çuňňur manynyň bardygyny belläsimiz gelýär. Munuň özi ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwy, köňül islegi. Çünki Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljek ýyly bolan 2024-nji ýyly akyldar şahyrymyz bilen baglanyşdyrmak, belent waspyny ýetirmek asylly maksatlardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk goşgusyndan ugur alnan bu ajaýyp setirler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz!

Siziň döwletimiziň has-da gülläp ösmegi, Watanymyzyň halkara giňişlikde at-abraýynyň belende göterilmegi ugrunda alyp barýan taryhy ähmiýetli işleriňize ýaşlarymyzyň hem uly hyjuw bilen gatnaşyp, öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Milli Liderimiz!

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çärä gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Aşgabat şäheriniň häkimi mähirli mübäreklediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmek hakynda KARARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz 2024-nji ýyla hem uly ruhubelentlik bilen gadam basýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzy uly buýsanç bilen kabul etdim. Bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek bu eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Ýaşlar biziň aýdyň geljegimizdir. Ösüşlerimiziň batly gadamlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlara uly orun berilýär. Olar üçin ähli döwrebap şertler döredilýär. Uly üstünliklere beslenen bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşandyklaryny aýratyn belläsim gelýär. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň beýik üstünliklere beslenip, Täze ýylyň uly ruhubelentlik bilen garşylanýan günlerinde geljek, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde mundan beýläk hem üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz 2024-nji ýyla hem uly ruhubelentlik bilen gadam basýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň beýik üstünliklere beslenip, Täze ýylyň uly ruhubelentlik bilen garşylanýan günlerinde geljek, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde mundan beýläk hem üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.