Asylly maksatlaryň aýdyň beýany
Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň toýlary toýa ulaşýar. Şeýle ajaýyp günlerde türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan belent üstünliklere, ýurdumyzyň ösüşlerine buýsanýar. Türkmen halky her bir ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy alýar, çünki her bir ýyl taryhy wakalara, şanly pursatlara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyz dünýäde belent abraýa mynasyp bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, şöhratly taryhyna belent sarpa goýulýar. Täze — 2024-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginde çuňňur manynyň bardygyny belläsimiz gelýär. Munuň özi ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwy, köňül islegi. Çünki Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljek ýyly bolan 2024-nji ýyly akyldar şahyrymyz bilen baglanyşdyrmak, belent waspyny ýetirmek asylly maksatlardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk goşgusyndan ugur alnan bu ajaýyp setirler