Bitewülik diplomatiýasy — türkmeniň milli ýörelgesi
Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan we halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly milli medeniýetini hem-de bu ugurdaky köpasyrlyk taryhy tejribesini, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen asylly maksatlary, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, Zeminiň halklarynyň bähbitlerinden ugur alýan parahatçylyk söýüjiligiň nusgalyk ýörelgelerini özünde jemleýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp eser häzirki zaman dünýäsinde halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürýär. Şonuň bilen birlikde umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak babatynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň milli tejribesini giň halkara jemgyýetçiligine aýan edýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň kitabyň ilkinji babynda: «Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy parahat söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olaryň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewiligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatyşmazlyk, dinlere hormat goýmak, açyklyk, halkymyzda bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny özünde jemleýän düzgünlerden ug