"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen duşuşdy. Duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň we ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndaky saldamly şahsy goşandy nygtaldy.

Zehin we ruhy joşgun türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýä ýaýýan kuwwatly güýçdür

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň — Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine

Hormatly bäsleşigiň ýeňijileri!Gadyrly ýaşlar! Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, pähim-paýhasa ýugrulan eserlerini wasp etmek, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Zehin we ruhy joşgun türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýä ýaýýan kuwwatly güýçdür

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

Hormatly dabara gatnaşyjуlar!Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri! Biz şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň döwrebap binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Bu şatlykly waka Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaralary bilen utgaşyp geldi. Bu merkez geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Abdulla bin Tuk Al-Marriniň belleýşi ýaly, dostlukly döwletiň Hökümeti oňyn syýasaty durmuşa geçirýän hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen duşuşdy. Duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň we ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndaky saldamly şahsy goşandy nygtaldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly, her bir güni şöhratly ýeňişlere, şanly wakalara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günlerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Medeniýet — ruhubelentlik çeşmesi

Mälim bolşy ýaly, 22-nji iýunda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Medeniýet hepdeligi açyldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2013-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýän bu möhüm ähmiýetli çäre milli medeniýetiň köpöwüşginliligini, onuň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyny görkezýär. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabat gelen bu giň gerimli Hepdelik özboluşly medeniýet baýramydyr. Düýn Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasynyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagyndaky: «Döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin olary mundan beýläk-de ähli zerur şertler bilen üpjün ederis» diýen sözleriniň iş ýüzündäki dabaralanmasydyr.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine

Hormatly bäsleşigiň ýeňijileri!Gadyrly ýaşlar! Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, pähim-paýhasa ýugrulan eserlerini wasp etmek, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Oba hojalygy: möwsümleýin işler möhüm ähmiýete eýe

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Sazlaşykly ösüşler — bagtyýarlyga badalga

22-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Mukaddes saçaklaryň berekedi

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Bellenilişi ýaly, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Durmuş-ykdysady ösüşiň aýdyň ýoly

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň, ösüşiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ýaly möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. 21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Möwsümleýin işler alnyp barylýar

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine

Hormatly bäsleşigiň ýeňijileri!Gadyrly ýaşlar! Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, pähim-paýhasa ýugrulan eserlerini wasp etmek, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmen topragynyň berekedi

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde toplumyň işi bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna geldi. Häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Bellenilişi ýaly, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.