"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Ir säher bilen hormatly Arkadagymyz täze şäheriň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň athanasynda idedilýän Hanbeg atly mele bedew bilen didarlaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi.

RESMI HABAR

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şäher gurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli edara-kärhanalara binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Il-ýurt bähbitli beýik işler

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyk

27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi. Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň hut öz ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şan-şöhratly bedewler

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Işewürler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Köňülleri buýsandyran şanly waka

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän işler halkymyzda buýsanç döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar. Bu beýik ösüşler halkymyzda buýsanç döredip, dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Arkadag şäheriniň ajaýyp keşbi, iň döwrebap şertleri dünýäniň ünsüni jemleýär. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşynyň taryhy ähmiýetini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli ünsi we goldawy netijesinde, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher ýaşamak, zähmet çekmek, dynç almak üçin iň amatly şertleri bolan kämil şäherleriň biri boldy. Şeýle hem baýramçylyk maslahatynda Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine

Arkadag şäheri — baky bagtyň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, il-ýurt bähbitli işler rowaçlanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl boldy. Bu taryhy sene Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda möhüm sahypa bolup, halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde nusgalyk şäherdigini aýratyn belläsimiz gelýär. Munuň özi ajaýyp şäherdäki binalaryň döwrebaplygyny, sanly ulgamyň iň ýokary derejede üpjün edilendigini aýdyň beýan edýär. «Akylly» öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Şunda öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamy ýokary derejede durmuşa ornaşdyrylandyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy hem-de gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Şunda saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna hem möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly, şeýle-de başga birnäçe kanunlary döwrebaplaşdyrmak babatda işler dowam etdirilýär. Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça merkezi saýlaw topary bilen bilelikde amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler halkara kadalara, milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy hem-de gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Şunda saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna hem möhüm ähmiýet berilýär.

Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda we sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaranyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrjakdygyna, gazanýan ajaýyp üstünliklerimize buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Arkadag şäherinde bagtyýar, döredijilikli durmuş joş alýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOWYŇ «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan: — Kakam her gezek döwlet, halk bilen bagly ýerine ýetirilmeli işleri düşündirende: «Döwletiň, halkyň ykbalyna dahylly zatlarda ownuk mesele diýen zat bolmaýar. Her bir işe juda jogapkärçilikli çemeleşmelidir. Halkyň bähbidine bolan her bir mesele möhüm meseledir» diýip, pugta aňymyza guýdy.

«Ojaklaryň berki halal duzdadyr...»

Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek we özgertmek, iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça gazanylan üstünlikleriň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy esasly özgertmeleridir başlangyçlary durandyr. Milli ykdysady nusgamyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi ileri tutýan Gahryman Arkadagymyz: «Biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakdan, ýerden we suwdan netijeli peýdalanmakdan, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyryp, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmakdan, eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýär.

Hyzmatdaşlyk gülleýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri, Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain, Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler, şeýle-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. 25-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

Hormatly dabara gatnaşyjуlar! Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!