"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

«Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly bäsleşige

Şygryýetiň ussady Magtymguly Pyragy Asyr-asyr aşyp gelip, dünýä ýalkymy düşmüş,Şygryýetiň ussady — Magtymguly Pyragy. Döwri hem kalby hakda guş tilinde söýlemiş,Şygryýetiň ussady — Magtymguly Pyragy.

Maddy we ruhy medeniýetiň ajaýyp sazlaşygy

Älemi şygyrlary bilen bendi eden Magtymguly Pyragynyň döredijilik örüsi örän giňligi hem-de çuňlugy bilen hemmäni haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda çawy dünýä dolan eziz Diýarymyzda şu ýyl akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede toýlanylýar. Goşalanyp gelýän toý-dabaralar ýazdan zyýat ülkämiziň çar ýanynda giň gerime eýe bolýar. Gadymy Änewiň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesine eýe bolmagy bilen bagly geçirilýän dabaralar bilen utgaşyp gelen şanly ýylymyz döredijiligiň, ylham-joşgunyň ýyly bolup, köňüllere ebedilik nur saçýar. Döwlet Baştutanymyzyň gadymy şäheriň şöhratly taryhyna bagyşlanan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň köňüllere dolmagynda, älem içre aýdym bolmagynda hem çuňňur many bardyr. Hormatly Prezidentimiziň zyýada zehininden joşup çykan köňül kitabyndaky parasatly pikirler kalbyňda Watanyň baý geçmiş taryhyna, ýurduň beýik ösüşlerine bolan buýsanjyňy artdyrýar. Onda akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasy bilen bagly getirilýän maglumatlar has-da täsirli. Kitapda: «Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan şahyrdyr. Magtymguly Pyra

Söz ussady we dünýä alymlary

Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasy, edebiýaty, medeniýeti we sungaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Her bir ynsany, tutuş adamzady ruhy kämillige çagyrýan ajaýyp eserleri bilen diňe öz halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryň hem belent sarpasyna mynasyp bolan Magtymguly Pyragynyň Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun alan, pähim-paýhasa ýugrulan şahyrana-pelsepewi edebi mirasy her bir türkmeniň dilinde, kalbynda aýdym bolup ýaňlanýar we dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Akyldar şahyryň edebi mirasyny düýpli öwrenen we edebi döredijilikde özüne nusga, halypa saýanlaryň biri hem iňlis ýazyjysy we şahyry Braýan Oldiss hasaplanýar. Dünýä edebiýatynda meşhurlyga eýe bolmagy başaran Braýan Oldiss dünýäniň boluş-gelşinden habarly, jemgyýetiň, durmuşyň, adamlaryň ýagşy-ýamanyna düşünýän, adamzadyň gazanan dünýewi we ylahy ylymlaryny çuňňur özleşdiren, taplanmagyň ruhy basgançaklaryny geçen Magtymgulynyň döredijilik pelsepesine uly hormat goýýandygyny öz makalalarynda we söhbetdeşliklerinde nygtaýar. Onuň «Orta Aziýa çöllerinden aşan aýdymlar» atly kitaby Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň 40-a golaýynyň terjimesini özünde jemleýär. Braýan

«Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy» atly bäsleşige

Ömür saly artar alkyş alanyň Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, agzybirlik, adalatlylyk, erkinlik, ynsap, päklik ýaly umumadamzat bähbitli pelsepewi garaýyşlary Esasy Kanunymyzda — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz mynasyp ornuny tapýar. Akyldar şahyryň arzuw eden berkarar döwletinde ýaşamak, gurmak, döretmek bagtyna eýe bolan nesillerimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar. Akyldar şahyrymyzyň adynyň uludan-kiçä hemmeleriň diliniň senasyna öwrülmegini gazanmak we ony geljek nesillere ýetirmek her birimiz üçin parz işleriň biridir.

Söz manysy

Teşnaw Edebi dilimizde suw içesi gelýän, suwsan, tebsirän ýaly manylary aňladýan «teşne» sözüniň islegi, höwesi bolan, muşdak, maýyl, bir zadyň ýesiri diýen göçme manylarynyň bardygyny sözlükler tassyklaýar. Köne türkmen dilinde teşne, teşnelik manysynda «suwsun» sözi ulanylypdyr, «teşne» diýen pars sözi edebi dilimize soň-soňlar giripdir. XIX asyrda ýaşap geçen Ýazmyrat şahyryň döredijiliginde:

Dürdäneler düwünçeginden

Halk arasynda aýdylýan şeýle dana söz bar: «Imanyň bezegi ylymdyr. Ylmyň bezegi amaldyr. Amalyň bezegi bolsa ýagşy we ýumşak häsiýetlilikdir. Ylymly adamyň ýumşak häsiýetli bolmagy iň ajaýyp zatdyr». * * *

Ruhy hazyna

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň röwşen ýolunda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygy täze taryhymyzyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Milli baýlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan, türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy, görnükli şahrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentden tutulýar. Türkmen halkynyň durmuş pelsepesi, däp-dessurlary, agzybirlik baradaky arzuwlary akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynda öz beýanyny tapýar. Beýik şahyr türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi ugry esaslandyrdy. Magtymguly Pyragynyň şygryýet hazynasy nesiller üçin görelde mekdebi bolup durýar. Beýik şahyryň Watan we watansöýüjilik hakyndaky goşgulary ýaşlaryň edep-terbiýesinde uly orun tutýar. Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde hem uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ata-babalarymyz Pyragynyň goşgularyny köpçülikde, toý-tomaşada gazal, aýdym hökmünde aýdyp, nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyndan, atalaryň päk zähmetinden, eneleriň mähir-mylakatyndan görelde alýan nesiller bu günki gün wa

Jahana ýaň salýar adyň, pyragy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde mähriban halkymyzyň ruhy hazynasy dünýäde giňden dabaralanýar. Biz ata-babalarymyzyň ýaşaýyş derejesini, milli medeniýetimiziň beýik ösüşlerini köp babatda ýazyjy-şahyrlarymyzyň, taryhçylaryň, suratkeşleriň döreden eserleriniň üsti bilen bilýäris, öwrenýäris. Bu bolsa ata-babalarymyza bolan söýgimizi, buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary indi üç asyra golaý wagt bäri halkymyzyň kalbynda ýaşaýar. Özüniň çuňňur pähim-paýhasa eýlenen goşgulary bilen mähriban halkymyzy watansöýüjilige, agzybirlige, jebislige ruhlandyran dana Pyragyny bu gün bütin dünýä tanaýar. Hormatly Prezidentimiz «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýär.

Tymsallar

Ýarganat Has gadymy zamanda haýwanlar bilen guşlaryň arasynda jedel döräpdir. Ýarganat jedelde haýsysynyň üstün çykjagyna garaşyp, olaryň hiç birine goşulmandyr.

Ajap döwür

Galkynyş zamany — ajaýyp döwrüm,Ykballar göterlip, güllän ýyllary.Barha juwanlaşyp gojalan ömrüň,Juwanlar deý söýüp, söýlen ýyllary. Hakykata dönüp hyýal-düýşleriň,Birleşmesi gujur-gaýrat, güýçleriň,Rowaçlanyp il bähbitli işleriň,Bir beýik maksada uýlan ýyllary.

Üýtgeşik dünýä

Heniz orta mekdepde okaýan uçurlarymyz iňlis dilinden «university» (uniwersitet) we «universe» (dünýä) sözlerini öwrenenimizde iki sözüň biri-birine kybapdaşdygy meni kän pikirlendiripdi. Pikirlene-pikirlene, teý-ahyr ýyllar geçensoň, netije çykardym. Ol ynsan ömrüniň iň gözel ýatlamalardan doly talyplyk ýyllaryny özünde jemleýän täsin bir dünýä eken. «Uniwersitet» we «dünýä» diýen sözleriň iňlis dilinde biri-birine çalymdaşdygy-da şu sebäpdendir, belki?! * * *

Gündelikde galan hat

Hemişeki endigime görä, bu gün hem uklamazymdan öň bolup geçen gyzykly wakalary, käbir adamlary göz öňüme getirip, arzuw etdim. Garaz, hyýalymda geljekde etjek işlerimiň «suratyny» çekdim. Kelläme gelen pikiri gündeligime bellemek üçin onuň sahypalaryny açan dessime, içinden reňki biraz saralan, dört eplengi kagyz gaçdy. Haty okap gördüm. Bu hat geçmişimi ýada saldy. «Nähili hat?» diýýärsiňizmi? Hatyň mazmuny şeýleräk: «Salam! Seni şol hyýalymda suratlandyryp ýörşüm meniň! Seniň ýazýan oýlanmalaryňda, goşgularyňda örän giň pikirler we many bar. Her bir sözüňe tylla çaýylan ýaly. Sen ýazýaň! Onda-da nähili ýazýaň?! Käte örän ýönekeý we sada, käteler bolsa, çuňňur we aşa joşgunly ýazýaň! Ýazanlaryňy okap, şolardan ylham alýan. Şu haty ýazmagyma-da sebäpkär sen! Ýagny, seniň ýazan hatlaryň! Oturyp seniň bilen gürleşesim, pikir alşasym gelýär. Emma «çekinjeňlik» duýgusy hemişe menden üstün çykýar. Onsoň maňa, seniň bilen diňe hyýalymda gürleşäýmek galýar. Şoňa-da şükür! Günde ýatmazymdan öň, seniň bilen ýarym sagat töweregi gürleşýärin. Wiý, ýogsa-da, «sagat» diýenimde ýadyma düşdi. Sagadyň jykgyldysynyň hem saňa haýpynyň gelýändigini ýazypdyň bir oýlanmaňda. Dogry aýdýarsyň! Diwardaky sagat hem günüme goýanok «jy

Söýüp geçiriň!

Bu peşgeş berilen çäklije ömri Guwanyp geçiriň,

Bileniň — baýlygyň

Dünýäde ýagynly ýer Hindistanyň Megalaýa (Meghalaýa) ştatynda ýerleşýän Mausinram obajygy, ol “bulutlaryň toplanýan ýeri” diýmek bolup, ygalyň dünýäde iň köp ýagýan ýeridir. Musson ýelleriniň täsiri bilen iýun--sentýabr aýlarynyň aralygynda Bengal aýlagynyň çygly howasy Gündogar Khasi tekiz dagynyň üstünde 1,5 kilometrlik ýerde toplanýar. Şeýlelikde bu ýere ýylyň dowamynda 11 871 millimetr ygal düşýär.

Mirasgäriň hazynasyndan

Pul hakynda Dilim bar, pulum bar.

Rowaýatlar ummanyndan

Täsin ahwalat Ýurt goragyna giden gerçek söweşde agyr ýaralanýar. Özüne bir zat bolaýsa: “Bir dogan ýanar, birem dogran” diýip mähribanlarynyň ýaka ýyrtyp aglajakdygyny aňlan ýigit ejesine habar ugradýar. Uly sadaka edip, aja nan, ýalaňaja don paýlamagy. Ýöne şol sadaka diňe ölüm görmedik öýden, ajal awusyny datmadyk adam gelmelidigini tekrarlaýar. Ene aýdylyşy ýaly, çar tarapa çapar ýollap sadaka taýýarlyk görýär. Emma, sadaka kabul bolsun diýýänler bar-da, sadaka bararys diýýän ýokmuşyn. Ýüregi bir zatlar syzan ene obanyň danasyny çagyryp, syrly sargydy soraýar. Dana: “Ölüm görmedik öý ýok, ajal awusyny datmadyk adam. Şoň üçin seniň sadakaňa adam gelmez... Ýöne ilogly merdanyň ejesem mert bolmaly. Sen goç guzyňy gözle. Kim bilýär, ol bir ýerlerde Garagumy ýassanyp ýatandyr” diýip aýlawly jogap berýär.

Tymsal

Şükürli bol! Şükürli bolmak barada şeýleräk bir tymsal bar. Garga hem-de totuguş ýaradylanda bigörk ýaradylypdyr. Emma, totuguş bu ýagdaýa närazylyk bildiripdir. Ol şeýle bir owadan bolmak, görenleriň gözüni gamaşdyrmak, haýran galdyrmak isläpdir. Allagatala hem onuň raýyny ýykman, oňa gözellik, owadanlyk bagyş edipdir. Soňra garga hem özünden nägiledir öýdüp, ondan hem owadanlyk isleýändigini ýa-da islemeýändigini sorapdyr. Ýöne garga, özünden göwnüniň hoşdugyny, berlen keşbi üçin şükür edýändigini mälim edipdir.

Mukaddes baýramdyr Gurban baýramy

Taryhy yzlasak, gadymdan gelýänMukaddes baýramdyr Gurban baýramy.Bu gün sarpasyny giň dünýä görýänMukaddes baýramdyr Gurban baýramy. Döwrümiz ajaýyp, eşretli zaman,Asylly däp-dessur dowamat-dowam,Toýuny toýlaýan ilimiz aman,Mukaddes baýramdyr Gurban baýramy.

Hy­dyr aga öý­de ýok (Gül­kü­li kys­sa)

Hy­dyr aga ba­zar­dan gel­ýär­di. Aram-aram onuň şeý­dip, keý­pi­ne ba­za­ra git­me­si bar­dy. Et­rap mer­ke­zi bi­len daý­han bir­le­şi­gi­niň ara­syn­da gat­na­ýan aw­to­bu­syň sü­rü­ji­si Hy­dyr aga­nyň öýü­ne bar­ýan ýo­luň de­ňi­ne ge­len­de ula­gy sak­lap: — Hy­dyr aga, öýü­ňe el­tip gaý­dy­ber­se­gem bo­lar­dy we­lin, bu adam­lar ra­zy bol­jak­my, bol­ma­jak­my bi­le­mok — di­ýip, müýn­li äheň­de go­ja ýüz­len­di.

Pyragyň ruhy heýkeli her köňülde perwaz bu gün

Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen medeniýetini, türkmen sungatyny, milli edebiýatymyzy, türkmen ykbalyny täze eýýamyň ruhunda dünýä çykarmakda bahasyna ýetip bolmajak beýik işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri, dabaralary giň gerimde dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen Aşgabat şäheriniň görnükli ýerinde, Köpetdagyň belent gerşinde Magtymguly Pyragynyň mertebesi ýaly belentlikde, depesi arşa ýetip duran heýkeliniň dikeldilmegi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy halkymyzy buýsandyrdy. Dünýä jemgyýetçiliginde joşgun, uly tolgunma döretdi.