"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Tüpeň

Ýa­ros­law GA­ŞEK, çeh ýazy­jy­sy Woýsehiň kakalygy janyndan tamasyny üzüp barýardy. Iň bolmanda Zakalýankadakylaryň ählisi şeýle pikirdedi. Ol kiçeňräk külbede ojagyň ýanynda bir gapdalyndan beýleki gapdalyna agdarylyp, dymyp ýatyrdy. Onuň Ýuži hem Markus atly ýegenleri bolsa düýn obanyň aňyrsyndaky hojaýynyň tokaýynda gapanlaryna tokaý sakçysynyň ogullarynyň gulaklary kesilen, iki sany eldeki, ýaşajyk tilkisiniň düşendigi barada gürrüň edip otyrdylar. Ýuži bilen Markusyň ikisem bikanun aw edýärdi. Olar bir-de gülüşseler, bir-de gaharlanýardylar.

Bir müň bir arzuw

Rao Şüe Man, hy­taý ýa­zy­jy­sy —Şu köçeden göni gidersiň, soň sagyňa öwrülersiň, çepiňden üçünji gyzyl gapyly jaý Ji Feňleriň öýleridir — diýip, Ji Feňiň goňşusy salgy berdi.

Wanýa bu ýerlere nädip düşdiň

Wasiliý şukşin, rus ýa­zy­jy­sy N şäherinde Pronka Lagutiniň uýasy okaýardy. Pronka aýda bir gezek oňa iýer-içer ýaly odur-budur getirerdi hemem ýaşaýan otagynyň kireýini tölärdi. Ol uýasynyň bile okaýan joralary bilen gümür-ýamyr etmegi gowy görerdi hem-de gep arasynda olara akyl bererdi:

Kysmat

LI Fu­ýan, hy­taý ýa­zy­jy­sy Çagalygyndan ýetim galan Weý Guň asly Duliňlidi. Ýigit çykandan soň, onuň bar arzuwy öýlenip, maşgalaly bolmakdy. Ýöne aýlar aýlanyp, ýyllar geçenem bolsa, göwün diýen gelinligine duşanokdy.

Ak öý

Boris ŽIT­KOW, rus ýa­zy­jy­sy Biz deňziň ýakasynda ýaşaýardyk. Kakamyň ýelkenli oňat gaýygy bardy. Ony kürekläbem, ýelkenini galdyrybam sürüp bilýärdim. Ýöne eýýäm on iki ýaşan bolsamam, kakam hiç wagt ýeke özümi deňze goýbermezdi...

Üç isleg

LI Je­un, ko­reý ýa­zy­jy­sy Kempir ýadaw göwresini zordan süýräp, oba girdi. Gyşyň çapgyn şemaly ýüzüni kesip gelýärdi.

Dogruçyl oglanjyk

(Ko­reý halk er­te­ki­si) Gadym zamanda bir ýurtda örän paýhasly we bagtyýar patyşa ýaşapdyr. Emma ol dünýeden perzentsiz ötüp barýandygyna gynanar eken. Bir gezek ol: «Men ýurdumdaky iň dogruçyl oglanjygy özüme ogullyk edineýin» diýen netijä gelýär. Ol ähli çaga gül tohumlaryny paýlamagy buýurýar-da, jar çekdirýär:

Ene söýgüsi

WAŇ Si­aň­fu, hy­taý ýa­zy­jy­sy Ýa­şy bir çe­ne ba­ran kä­bä­miň in­di öň­kü­li­gi ýok­dy. Diý­seň gar­rap­dy. Ogul-gyz­la­ry­nyň her­si bir enä­niň, bir ata­nyň or­nun­da dur­dy. Kä­te­ler aýak üs­tün­den di­ýen ýa­ly ge­lip, eje­miň aman-esen­di­gi­ni gö­rer­di­ler-de, ýe­ne-de öý­le­ri­ne do­lan­mak bi­len bo­lar­dy­lar. Ozal­lar ala­goh bo­lup, da­şy­ny gal­lap alan gol do­ly çül­pe-ça­ga­ly mäh­ri­ba­ny­myň hä­zir­ki wagt­da öýi bo­şap ga­lyp­dy. O dö­wür­ler bol­sa düýş ýa­ly bo­lup ge­çip gi­dip­di.

Köne ýerzeminiň syry

TOMUSKY DYNÇ ALYŞ Ejesi:— Jorj, otur-da, bir zadajyk güýmen, çagam — diýdi. — Birsalym ymyzganaýjakdym welin, Timmi bilen ikibaka gatnap byzbyldabildiň.

Gar

Küräp durşy «Goýnuň gözünden, düýäň dyzyndan» diýilýäne ýetjege meňzeýär. Gazetiň Täze ýyl sany üçin gar hakda ertirden bäri bir ýazga dümtünip oturan Atda Perreň arassa howada kellesini durlamak üçin edaranyň öňündäki meýdança çykanda, gijöýlän tutan gaý gitdigiçe tutaşýardy, boramak boraýardy. Çykjak gyz ýaly, tutuşlygyna aklyga çolanan Asmangözeliň gözüň ýagyny iýip barýan ak lybasynyň etegi häzir hamala, gözýetime çenli tutuş barlygy öz reňkine öwürjek bolýan ýalydy. Bu görnüşi synlap duran Atda Perreň:

Öler janym kitap

Su­ut Ke­mal Ýet­kin,türk ýa­zy­jy­sy «Adam-ga­ra­syz bir ada­da ýal­ňyz ýa­şa­ma­ga mej­bur bol­sa­ňyz, şu ro­man­lar­dan haý­sy bi­ri­ni ýa­ny­ňyz bi­len äki­der­di­ňiz?» di­ýen so­rag bir­ma­hal­lar Fran­si­ýa­da so­wal­na­ma­çy­la­ryň örän ha­la­ýan mow­zuk­la­ry­nyň bi­ri bo­lup­dy. So­wal­na­ma­çy­sy­na gö­rä, ol ro­man­lar fran­suz ýa-da dün­ýä­niň beý­le­ki halk­la­ry­nyň ede­bi­ýa­tyn­dan saý­la­nyp al­nar­dy. So­wal­la­ry­ny ede­bi­ýa­tyň beý­le­ki ede­bi gör­nüş­le­ri­ne çen­li uzald­ýan­lar hem bar­dy. Şeý­le so­wal­na­ma­la­ryň bi­ri­ne And­re Ži­diň be­ren jo­ga­by köp­le­riň ýa­dyn­da­dyr. Ýa­zy­jy jo­ga­by­ny «On fran­suz ro­ma­ny» ma­ka­la­sy ar­ka­ly «Incidences» («Ha­dy­salar») at­ly ki­ta­byn­da oky­jy­la­ra ýe­ti­rip­di. Şeý­le so­wal äh­mi­ýe­ti­ni hä­li-hä­zi­rem ýi­ti­ren­dir öý­de­mok. Çün­ki bu so­wal­lar kä­bir ýa­zy­jy­la­ryň ha­la­ýan eser­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­ýar­dy hem-de ýat­dan çy­kyp bar­ýan kä­bir eser­le­riň ga­dyr-gym­ma­ty gaý­ta­dan di­ke­len ýa­ly bol­ýar­dy. Ýö­ne bu so­wal­lar ar­ka­ly or­ta atyl­ýan esa­sy zat, ede­bi­ýa­tyň adam dur­mu­şy

"Magrypdan maşryga dünýäniň ýüzi"

Dünýä edebiýatyny Gündogaryň — Eýran, Hindistan, Hytaý, Ýaponiýa, Orta Aziýa... halklarynyň edebiýatyny goşmazdan, bitewüligine göz öňüne getirmek kyn. «Bütindünýä edebiýatynyň kitaphanasynyň» 200 jiltligi, onuň ägirt uly ylmy-habar beriş diwanhanasy — düşündirişler, makalalar, şeýle hem meşhur alymlar topary tarapyndan döredilip ajaýyp görnüşde bezelen «Dünýä halklarynyň rowaýatlary» atly iki jiltlik kitap (Moskwa 1982 ý.) we beýleki neşirler bu ugurda işleriň ep-esli öňe gitmegine öz täsirini ýetirdi.

Ynsan erkinliginiň goragçysy

Žan-Pol Sartr Edebiýat boýunça Nobel baýragyna biziň döwrümize ägirt uly täsirini ýetiren, erkinligiň ruhuna ýugrulan baý pikirleri hem-de döredijilik hakykatyny tapmak ugrundaky gözlegleri üçin mynasyp bolýar. Fransuz filosofy we ýazyjysy Žan-Pol Sartr hemişe Ýewropanyň edebi tankydynyň üns merkezinde saklanýar. Ol hakda jedelleşýärler, onuň bilen ylalaşýarlar, oňa haýran galýarlar, ahyrsoňunda hem, onuň syýasy we filosofik garaýyşlary edebi döredijiliginden öňe saýlanýar.

Alhimiýa jahanyň kalbyna barýan ýol

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň ilkinji sanlarynyň birinde häzirki zaman meşhur ýazyjylaryň biri bolan Paulo Koelionyň «Alhimik» eseri O. Çaryýew tarapyndan ussatlyk we ýokary çeperçilik bilen terjime edilip çapdan çykypdy. Bu eser filosofiýa ýykgyn edýän islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Dünýä dillerinde çap edilen eseriň öz ene dilimizde terjime edilip halka gowuşmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. «Alhimik» eseriniň filosofiki pikirlere baý bolmagy, bir tarapdan, Paulo Koelionyň bu ugra ömrüni bagyş edendigini aňlatsa, beýleki tarapdan, terjimeçiniň hem filosofiýadan çetde däldigini ýaňzydýar. Dünýäniň syrlaryndan söhbet açýan bu eseri ene dilimizde halk köpçüligine ýetirendigi üçin, ussat terjimeçä we žurnalyň agzybir döredijilik toparyna hoşallygymyzy bildirýäris.

«Owaz bilen sözlärin» («Heň­ňam he­ka­ýat­la­ry» top­lu­myn­dan)

Pälwansypat, tegelekden gyzyl ýüzli, epeý-epeý basyşly, agrasdan äwmän gürleýän adamyň keşbi gözde galypdyr. Ondan bäri är ömri geçiberipdir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda her gün diýen ýaly gabatlaşylan, salamlaşylan wagtlar indi hakyda depderinde ýatlama bolup galdy. Ýaňy ýokarda «gyzyl ýüzli» diýipdim. Şu wagt oýlanýan weli, aslynda ak ýüzli bolup, türkmen ýurdunyň jöwzasyna garalansoň gözüme şeýle görnen bolmaly. Epeý-epeý basyşam ulumsylykdan däldi, ýasawy salykatly bolany üçindi. Birki agyz gep alşyp-alyşmankaň: «Ýaz ýaly adam eken-ow» diýdiräýýärdi. Bir gezek Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şol wagtlar Ýazyjylar birleşmesiniň Daşoguz welaýaty boýunça edebi maslahatçysy Hangeldi Garabaýewe pete-pet gelnende, el uzadyp:

Günlerde bir gün

Itiň aň­sa­dy  Günlerde bir gün beýik amerikan ýazyjysy Mark Twene okyjylar şeýle sorag beripdir:

Terjimäniň täsin dünýäsi ýa-da "çaý başyndaky söhbet"

Wagta salym ýok, şo-ol akyp barşy. Ynha, «Dünýä edebiýaty» žurnalam ýap-ýaňy döredilen ýalydy, ýöne, görüp otursak, eýýäm 10 ýaşapdyr. Eliňizde bolsa onuň 60-njy sany. Bizem bu şanly sene mynasybetli žurnalyň tejribeli işgärleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň başynda» ýörite söhbetdeşlik gurnadyk. Onda şol geçilen sepgitde çeper terjimede bitirilen işlere seljerme bermäge çalyşdyk.

Degişmeler düwünçeginden

Tüsse dagaýança Iki awçy özara gürleşip dur:

Dünýäniň danalary

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanlaryn­da). MARI FRANSUA WOLTER

Faraon

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanyn­da). ON IKINJI BAP