"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Waspnama

A-how, halaýyklar, a-how, jemende,Waspy şahyr-bagşylaryň dilinde. Ýurdumyz bar Arkadagly görkana,Ýürekler şat, göwünlermiz erkana.

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi

Gahryman Arkadagyň halkymyza serpaýy:Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi!Alkyşlaýas Arkadagy, Arkadagly Serdary,Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi! Arkadag şäherine bu gün görenler aşyk,Şanyna şygyr ýazýas, köňülde ylham joşup,Bu sungat baýramyna geldi şahyrlar üýşüp,Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi!

Magtymgulynyň mekany

Mynasypdyr magtalmaga,Magtymgulynyň mekany.Myhmansöýer mähribana,Magtymgulynyň mekany. Meňlisi mähir-muhabbet,Magşuklyga mydam medet!Mertebeli milleti mert,Magtymgulynyň mekany.

Synçy tebip

Lukman Hekim Bagdada barýarka, kiçiräk şäheriň çetinde bir adamyň dükan açyp, däri-derman satyp, tebipçilik edip oturanyny görüpdir. Ol tebibiň ýanynda säginip, birsellem onuň hereketlerini synlapdyr. Şol wagt bir zenan hassasyna derman gözläp, tebibiň ýanyna gelipdir. Tebip aýala garap: — Sen syrkawyň hyzmatkärimi? Hojaýynyň öýi şäheriň gündogaryndamy? Ol düýn gatyk içdimi? — diýip, sowal ýagmyrynyň bujagyny çözläpdir. Zenan tebibe baş atmak bilen «Hawa» diýen jogaby beripdir. Lukman Hekim bilen birlikde birnäçe ötegçi hem bu ahwaly synlap, tebibiň üşükliligine haýran galyp seredipdirler. Biraz wagtdan tebibiň ýany boşansoň, Lukman oňa:

Durmuş pelsepeleri

* Duýmak endigi adamzadyň iň uly başarnygydyr. * Ýürek bu gözsüz görýän, dilsiz sözleýän närsedir.

On iki sany... (Hekaýa)

Başga obalarda nähilidigini bilemok welin, biziň obamyzda ýaz gelip, howa maýlansoň, hojalykçy zenanlar kürk towuklaryny basyryp, jüýje çykarmagyň irginsiz aladasy bilen başagaý bolýarlar. Şolaryň arasynda ejemiň halypalyk etmeginde biziňem maşgalamyz bardy. Şeýle günleriň birinde ejem howlymyzyň aýak ujundan alty sany ýer ketek gazdyrdy. Üstüni akbaşdyr ýandak bilen basyryp, içine saman düşedi. Soňundanam doganym Ogulnar bilen ýygnan ýumurtgalarymyzy bir ýere üýşürtdi-de, olaryň daşyna atanak şekilli edip, howludaky meýdan ojagyň üstünde duran kyrk gulak gazanyň garasyny çaldyrdy. Çalnan şol gara bellikler bardy-geldi basyrylýan towuk şol ýumurtgalaryň üstüne täzeden ýumurtgalaýsa, olary tapawutlandyrmak üçin gerek eken.

Erik bişende... (Oýlanma)

Men çagakam howlymyzyň sag ganatynda ösüp oturan üç düýp erik agajy miwesiniň datlylygy bilen beýleki eriklerden tapawutlanýardy. Enemiň atlandyryşy ýaly, bizem ol erikleri «atamyň erigi» diýip atlandyrýardyk. Miwesi ýetişen wagty orta ululykdaky gyzylymtyl sary öwsüp duran erikleriň tagamy örän üýtgeşikdi. Enemiň ol eriklerden yhlas edip ýygyp, kölegede guradyp, taýýarlaýan kişdelerini diýsene! Howluda başga-da erik agaçlary kändi. Ýöne biziň üçin bu üç düýp erik aýratyn ezizdi. Atamyň özi-hä: «Bu howludaky erikleriň hemmesi bir kökden ýaýran, ýöne men bu üç düýbi öz elim bilen oturtdym, öýe has golaý ýerleşensoň, ilki bilen, şulara seredýän. Size üýtgeşik ýaly duýulýany şonuň üçin bolaýmasyn» diýerdi. Enem bolsa: «Ataňyz şol üç düýp erigi öz çagalary ýaly eziz görýär, her gün irden turup, şolaryň ýanyna baryp, esli wagt olaryň daşyndan aýlanyp, olar bilen «gürleşýär». Şonuň üçin ol erikler beýleki eriklerden tapawutly» diýip degşen bolardy. Ýöne enemiň degşip aýdýan bu gürrüňleri gaty bir degişmä-de meňzänokdy. Degişmä görä hakykata has ýakyndy. Özümem kän gezek ir bilen atamyň şol erikleriň ýanyndan aýrylman, öz-özi bilen gürleşýän ýaly bolup ýöreniniň şaýady bolupdym. Iň täsin galdyrýan ýeri-de, atam segsen ýedi

Körpelere okap beriň!

Tomus Yzda galdy ýaz pasly,Tomus – yssy düşüpdir.Ýetişipdir halyly,Eýýäm erik bişipdir.

Tüýdügiň owazy (Hekaýa)

Dutaryň sesi (Durmuş pursatlary)

Käýarym şeýle bir obany küýseýärin. Ol meniň üçin alyslarda galan ýaşlygym, üznüksiz şatlygym bolup görünýär. Ine, ýene-de dogan didaryna teşnelik, oba bolan küýsegim meni aýal doganymyň öýüne tarap alyp gitdi. Agşamyň şapagynda uýam häsiýetime belet bolany üçin, daşardaky sekiniň üstüne täzeje keçeleri düşäp, gök çaý demläp, basyrypdyr. Ol meni mähribanlyk bilen garşylady. Her gezek oba gelenimde öýe girmezden öň giň howlymyzy synlap oturmagy halaýanlygym aýal doganym üçin täzelik däldi. Haý diýmän hem garaňky gatlyşyp, ýyldyzlar ýere dökülen akja patrak ýaly bolup göründi. Biz uýam bilen aramyzdan ir giden iň uly aýal doganymy ýatlap gürrüňe başladyk. Ol hemişe asmanyň dury wagty, ýyldyzlary synlap, şu aýdyma hiňlenerdi: —Wada wagty bolynça,Aý asmana galynça.Garaşaryn gelinçäň,Ýyldyzlaryň astynda.

Akyldar şahyryň döredijiliginde Watan waspy

Mertlik we gaýduwsyzlyk pederlerimiziň durmuş pelsepesinde esasy orny eýeläp, halkymyzyň milli döredijilik mirasynda ör-boýuna galýan taglymatdyr. Ata-babalarymyzyň bu durmuş hakykaty asyrlarboýy halkymyzyň aň-düşünjesine, ynam-ygtykadyna siňdirilip, bize miras galdyrylan gymmatly düşünjelerdir. Erkinligi, parahatçylygy söýýän halkyň olary gorap saklamagy üçin merdi-merdanalyk ýörelgesiniň has öňe çykýandygy düşnüklidir. Türkmeniň mertlik mekdebi has irki zamana daýanýar. Oguz hanyň döwründen Erkil Hoja, Gorkut ata, orta asyrlarda Möwlana Jelaleddin Rumy, Beýik Seljuklarda Abul Haýr Mäne baba, Nyzam al Mülk ýaly mertlik düşünjesini wagyz eden şahsyýetler bilen birlikde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ornuny hem aýratyn bellemelidiris. Onuň döredijiliginde ahlak gözellikleri, durmuş pelsepesi bilen bir hatarda watansöýüjiligiň özenini emele getirýän merdi-merdanalyk, är ýigitlik, gahrymançylyk has aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Şahyr şygyrlarynyň üsti bilen tutuş adamzada ýüzlenip, wepalylyk, rehim-şepagat, sabyr-kanagat, mertlik, ygtybarlylyk, mertebe we jogapkärçilik, kiçigöwünlilik, bähbide çapmazlyk, duýgurlyk ýaly gymmatly düşünjeleri wagyz edipdir. Magtymguly Pyragy «Türkmeniň» atly ajaýyp goşgusynda türkmen dünýäsini – tebigatyny, däp-dessurlaryn

Türkmen halkynyň beýik danasy

Dünýäde her bir halk öz milli gymmatlyklary, mirasy, medeniýeti, sungaty, edebiýaty bilen tanalýar. Ynsan aňyýetini ösdürmekde, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde edebiýat we sungat eserleriniň ähmiýeti örän uludyr. Medeniýetiň we sungatyň kämilleşmegi dünýäde agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmaga ýardam berýär. Medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, gadymy gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösen ýerinde milletiň döredijilik ukyby artýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi guruldy we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bina edildi. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirildi. Ýadygärlik hem-de medeni-seýilgäh toplumy bedew batly ösüşlerimiziň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň özboluşly alamatydyr. Bu taryhy wakalar Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuny has-da şöhratlandyrýar. Munuň özi şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň adamzat

Milli mirasymyzyň terbiýeçilik ähmiýeti

Şöhratly taryhymyza buýsanmak we wagyz etmek bilim işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilik döredilýär. Bu günki günde bilim işgärleri hem milli mirasymyzy, gadymdan gelýän medeniýetimizi ýaş nesillere öwredýärler. Şunda nusgawy kitaplaryň, muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti uludyr. Çünki nusgawy edebiýatdaky ajaýyp goşgular, pähimler, şeýle hem muzeý gymmatlyklary şöhratly taryhymyzyň şöhlelenmesi hökmünde ýaşlara oňat täsir edýär. Ösüp gelýän ýaş nesle dürli ugurly terbiýe bermekde mekdep muzeýleriniň ornuny gündelik durmuşymyzda aýdyň görýäris. Biziň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebimizde hem ýörite muzeý bolup, nusgawy edebiýatymyzy wagyz etmäge ýardam berýär. Ol orta hünär okuw mekdebine degişli bolan halk döredijilik, taryhy-etnografik we okuw-usulyýet häsiýetli muzeýdir. Muzeý häzirki günde köp sanly muzeý gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Muzeý gorlaryny emele getirmek, muzeý gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak işine mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyplarynyň, şeýle hem ata-eneleriň, beýleki raýatlaryň işjeň gatnaşýandyklaryny aýtmak gerek.

“Magtymguly - söz ummanynyň ägirdi” atly bäsleşige

Gözüm düşüp belent daga meňzäp duran heýkele,«Magtymguly atam!» diýip, pyşyrdanym duýmadym.Golda kitap, serde owaz, şygyr bilen beýgelip,Bu ajaýyp gözellikden asyl-asyl doýmadym.

Pyragy we ruhy ahwalatlar

(«Kalbymyň sedasy we Pyragy» atly goşgular toplumyndan) Aşyk bolmuşam

Sülgün sesi (Hekaýa)

Nury aga boz meýdanyň gyrasyndan girende, özüni başga bir dünýä düşendirin öýtdi. Pah, gözüňe söweýin, mele meýdanyň gaýrasy ho-ol Garagumuň saryýag ýaly zire çägeli depeleri bilen ýanaşyp ýatyr. Ileriňe seret, çal bulutlaryň arasyndan Köpetdagyň geriş-geriş gaýalary seleňläp görünýär. Dur-la, bu gulaga gelýän owaz öň eşidilmedik nagma ýaly-la. «Hany, bile diňläli!» diýýän ýaly, dik depede mollatorgaýam pelpelledi. Käkilikdir diýseň, ol janawar gaýa-daşa gonmaly guş, bezbeltegiň sesem muňa meňzeş bolmaly däl. Huşum gursun, sülgün! Onda-da erkegi «jok-jok» urýar-a. Anha, taýy hem inçemik ses bilen höwrüne goşuldy. Uzynakdan dolmuş, ullakan ala gözleri höwesli-heserli lowurdaýan, altmyşa aýak atanam bolsa, göwresi ýeňil gopýan adam jam ýaly gulaklaryny hasam gerdi.

Nusgalyk ömür

«Aý dogsa, älem görer» diýipdirler. Bu hakykatdan hem şeýle. Türkmeniň dana şahyry Magtymguly, göräýmäge, hat-petegiň seýregräk ýyllarynda, mundan üç asyr töweregi öňräk ýaşanlygyna garamazdan, tanymallyk gazanmagy başarýar. Şahyryň dürdäne eserleri şol bir wagtyň özünde Arminiý Wamberi, Aleksandr Hodzko ýaly günbatar gündogarşynaslarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Olar dana şahyryň eserlerini bölekleýin nemes we iňlis dillerine terjime edip, günbatarly okyjylary tanyşdyrýarlar. Şeýlelikde, şahyryň «Bilmeýen soranlara, aýdyň bu garyp adymyz» diýen pendi hasyl bolup, Magtymgulynyň ynsanperwer filosofik eserleri dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynyň goruna goşulyp başlaýar. Häzirki wagtda bolsa şahyryň eserleri dünýäniň iň giň ýaýran, ýörgünli dilleriniň ählisine diýen ýaly terjime edildi. Başgaça aýdanyňda, dünýä halklary türkmeniň milli gymmatlyklary bilen Magtymguly Pyragynyň gyzyla gaplaýmaly setirleriniň terjimeleriniň üsti bilen tanyşýar, öz ruhy, medeni dünýäsini baýlaşdyrýar. Şeýlelikde, bu gün Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman, eýsem, Ýer ýüzüniň ähli halklarynyň sarpa goýýan şahyryna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi türkmen halkynyň durmuşyny hem-de ruhy gymmatlyklaryny goşgy setirler

Sungat — bakylyk aýdymy

Ak arzuwda gezen iller şu Watany bina bildi,Parasata barýan iller Pyragydan sena bildi,Maksady belent ykballar her aýdymy sena bildi,Bossanda açylan güller täze döwri pena bildi,Arşda-kürsde ruhy hümmet, sejde-kerem, keramatym,Arkadagly milli sungat — ak geljege dowamatym. Didaryn kaýda görmüşem, ýa gaýypdan sedamydyr,«Hüw-Hak» diýen bir derwüşe müň kysmat, müň jepamydyr,Ylhama erkim bermişem, jismim jana gedamydyr,Asmana golum sermişem, Ýa Ýaradan Hudamydyr,Arşda-kürsde ruhy hümmet, müň mertebe ybadatym,Ata-baba milli sungat — bakylyga dowamatym.

Köňül kelamy

Dabarasy dünýä dolan,Dana şahyr Magtymguly! Arzuwlary hasyl bolan,Dana şahyr Magtymguly! Baky beýik ýol gözlediň,Hakykat sözüň sözlediň,Bir beýik paýhas yzladyň,Dana şahyr Magtymguly!

Akyldar şahyra buýsanç

Paýhas ummanyny döredip duran,Geljegi nazarlap seredip duran.Sarpasy ýürekleň törüne dolan,Ýüreklerde baky ýer eden şahyr. Ýüregi Watana söýgüden doly,Ýagşy işe besläp niýeti-päli.Agzybirlik bilen uzaldyp ýoly,Kalplaryň töründe ýer eden şahyr.