"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Durmuş kyssasy

Bir döwürler şäheriň golaýynda ýerleşýän kiçiräk obalaryň birinde söweş sungatyndan tälim berýän ýaşuly mugallym bar eken. Günleriň birinde ol okuwçylaryna tälim berýän mahaly, onuň ýanyna öz gödekligi, tertipsizligi bilen tanalýan ýaş oglan gelipdir. Oglan ýaşuly mugallyma daş atyp, ony kemsidip başlapdyr. Mugallym oňa üns bermän, sapagyny dowam edipdir. Soňra bu hereketlerinden halys ýadan ýigit öz ýoly bilen gidipdir. Beýle hereketlere hiç hili jogap bermedik mugallyma onuň okuwçylary gaty geň galypdyrlar we ondan: «Näme üçin oňa hiç zat diýmediňiz?» diýip sorapdyrlar. Parasatly mugallym bolsa şeýle diýipdir: — Eger-de kimdir biri siziň ýanyňyza sowgat bilen gelende, siz ony kabul etmeseňiz, ol sowgat kimde galar? — diýip sorapdyr.

Manyly ömrüňe dönem, Arkadag!

Ýylgyryp gelýän günleriň deňzine akyşy, meňzine bakyşy üýtgeşik. Gujury batly, gujagy datly. Beýik döwrüň özüne kybap özgerişliklerini her bir ädim duýdurýar. Hemişelik ýadyňda galjak wakalaryň, ajaýyp açyşlaryň, täsinlikleriň sakasynda, bagt akarynyň ýakasynda ýaşaýas, ýaýnaýas, gaýnaýas. Döwrüňden-döwranyňdan, günüňden-güzeranyňdan hoş bolup ýaşamakdan, döretmekden, oňa guwanmakdan ýokary durýan baýlyk barmydyr eýsem?! Uly dünýäden soragym şoldy. Gahryman Arkadagymyzyň döreden döwrüniň gujagy aýdyma, mukama, höwese, hyýala öwürdi. Eşretli eýýam görülmedik ösüşleri, özgerişleri, sansyz açyşlary bilen başgaça bolup geldi. Diýara dünýä täzeligini, tämizligini, terligini saldy.

Magtymguly Pyragy

Bu gün Dogdy asmanyň Zöhresi,Çyn aşyga döwran bu gün.Açyldy zemin lälesi,Işbu dünýä reýhan bu gün.

Söz ummanynyň zergäri

Magtymguly Pyragy ýiti parasadyň, ötgür sözüň güýji bilen ady arşa göterilen beýik akyldar şahyrdyr. Şahyryň belent mertebesi, oňa bolan hormat-sylag her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar. Milli Liderimiz: «Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi» diýip belleýär. Magtymguly Pyragy eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň şu günki berkarar döwletini ýürekden arzuw etdi. Akyldaryň köňül telwaslary külli türkmen iliniň kalbyna doga kimin ýazyldy, çylşyrymly syýasy wakalaryň döwründe halkymyzy sussupeslikden gorady, röwşen ertirlere ynam berdi. Köňli paýhasa, sabyr-takada maýyl halkymyzyň agzybirligini berkitdi. Beýik akyldaryň şygyrlary köňüllere parasatly pederlerimiziň ruhubelentlik ýoly bilen galkynmak, gurmak, döretmek, ýaýrap köpelmek ýaly ýagty we mukaddes pendini gowşurdy. Munuň özi beýik söz ussadynyň bize eden hyzmatydyr, çünki akyldar üçin geçmişem, şu günem, geljegem aýan bolupdyr. Magtymgulynyň durmuş wakalaryny dogruçyl beýan etmekde, daşky dünýäniň we çeper keşpleriň aýratynlyklaryny suratlandyrmakda özüne mahsus bolan şahyrlyk ussatlygy bar. Gahr

Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!

Döwri dürlän ýatlamalar diýseň kän,Mümkin däl sanamak ýekänme-ýekän.Ädimleri ägirtlikde Serkerdäň,Arkadagym,                       şöhrat Saňa, şan Saňa! Ýurt başyna gonduň Döwlet Guş bolup,Aýňaldansyň eýýamyňy huş bolup.Dil saýrady döwranyňa duş bolup,Arkadagym,                     şöhrat Saňa, şan Saňa!

Beýik Pyragynyň şygryýet güni

Gül Diýarym toý-baýrama beslendi,Beýik Pyragynyň şygryýet güni.Şahyr, bagşy, ozan — bary seslendi,Beýik Pyragynyň şygryýet güni. Ýaşulular, aksakgallar öň bolup,Toý başlaýas uly-kiçi, deň bolup,Mukamlar ýaňlanýar belent heň bolup,Beýik Pyragynyň şygryýet güni.

Hoja Ahmet Ýasawy we Magtymguly

Milli medeniýetimiziň ösüşlere beslenýän döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde möhüm işler alnyp barylýar. Bu işler şahyryň özünden öň ýaşap geçen dünýä akyldarlarynyň edebi däplerini ösdürişi hakda söz açyp, ony dürli deňeşdirmeler arkaly ýüze çykarmagyň möhümdigini kesgitleýär. Umumadamzat bähbitli ynsanperwer ýörelgeleri ösdüren beýik şahsyýetleriň biri özüniň gymmatly mirasyny geljekki nesillere goýan Hoja Ahmet Ýasawydyr. Professor Ý.E.Bertels «Türkmen halkynyň edebi geçmişi» atly ylmy işinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine Hoja Ahmediň hikmetleriniň ägirt uly täsir edendigini belläpdir. Magtymgulyşynas alym Ahmet Bekmyradow bolsa «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçillik gözlegleri» atly kitabynda Pyragynyň Ýasawynyň ömür ýoluna ýakyndan belet bolandygyny:

Şygryýetiň dürdänesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasydyr. Magtymguly Pyragy ýurt abadançylygyny, parahatçylygyny, asudalygyny arzuwlap, olary özüniň ajaýyp şygyrlaryna siňdirip, çeper dilde halka ýetirip bilen beýik şahsyýetdir. Şahyryň şygyrlaryna ser salanyňda, onuň watançylyk we terbiýeçilik äheňindäki goşgularyna has köp duşmak bolýar. Magtymguly özüniň şygyrlarynda Watana bolan söýginiň üsti bilen okyja uly täsir edýär. Bu bolsa haýsy döwürde, haýsy ýurtda ýaşaýandygyňa garamazdan, şahyr bilen okyjynyň arasynda ruhy baglanyşyga öwrülýär. Onuň goşgularyny okadygyňsaýyn, her gezek söýgi we wepalylyk, sabyr-kanagat, kiçigöwünlilik we adamkärçilik ýaly düşünjeleriň täze çäkleri açylýar. Şahyr özüniň şygyrlarynda türkmen halkynyň beýikligini, sabyr-kanagatlydygyny we tutanýerlidigini çuň mazmunly beýan edýär. Magtymgulynyň şygyrlaryny islendik ýaşdaky okyjy okasa hem, onda uly täsir galdyrýar. Okyjy şahyryň şygyrlaryny okap, uly many çykaryp hem-de durmuşa düşünip bilýär. Okyjyda edebiýata we döredijilige bolan söýgini oýarýar. Akyldar şahyr döredijilik bilen meşgullanýan adamlara ruhy halypa bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň şygyrlaryny okap, ondan täsirlenip, bu günki günde birnäçe ýaş we

Ömrüň uzak bolsun, eziz Arkadag!

Getirdiň ilime baky bahary,Ömrüň uzak bolsun, eziz Arkadag!Bedew batly ösýär oba-şäherim,Ömrüň uzak bolsun, eziz Arkadag! Asudalyk höküm sürýär Watanda,Dünýäm nura dönýär her daň atanda,Buýsanýan topragňa derim gatamda,Ömrüň uzak bolsun, eziz Arkadag!

Arkadagyň eserleri

Ýaş nesilleň göreldesi —Arkadagyň eserleri.Ulus-iliň ýörelgesi —Arkadagyň eserleri. Ylhamly döwrüň zynaty,Ynamly göwnüň ganaty,Ykbalyň Hakdan halaty —Arkadagyň eserleri.

Tymsallar

Açgözüň takdyry Üç söwdagär ymgyr çölde, kerwenleriň baryp bilmeýän alysdaky sebitinde ýerleşýän hem-de adamzadyň hiç haçan görmedik-eşitmedik beýik hazynasyny edinmegiň ugruna çykypdyr. Olar jöwzadan, ýadawlykdan ejir baryny çekip, kyrk günläp ýol ýöräpdirler. Şonda düýeleriň köpüsi heläk bolup, olaryň hersinde diňe bir düýe galypdyr. Şol arada olaryň alnynda kümüş böleklerinden durýan beýik dag peýda bolupdyr. Söwdagärler munuň üçin Ýaradana alkyş baryny aýdypdyrlar. Olaryň biri horjunyny kümüşden dolduryp yzyna dolanypdyr.

Danalardan dürdäneler

Men hemişe işeňňirligiň zerurdygyna ynanýaryn we heran-haçan ylhamyň gelerine garaşmaýaryn. Jek London.

Ol merdiň ogludyr

Türkmen halkynda irki döwürlerden bäri mertlik, gaýduwsyzlyk, batyrlyk ýaly häsiýetlere türkmen ýigidine mahsus häsiýetleriň iň esasylary hökmünde garalypdyr. Maşgalada oglan perzendi ýaşlykdan şeýle häsiýetlere uýgunlaşdyrypdyrlar, olara pent-nesihatlaryň üsti bilen arly-namysly, merdana bolmagy sargyt edipdirler. Şeýle asylzada häsiýetler ХVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem aýratyn orun tutýar. Şahyr «Türkmeniň» atly goşgusynda:

Asyrlara güneş bolan Pyragy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler dünýä döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara derejesinde giňden bellenip geçilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly hormat goýup, şeýle ajaýyp çäreleriň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda hem yzygiderli geçirilmegi şahyryň beýikliginiň alamatydyr. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, aýratyn-da ata Watanymyzyň röwşen geljegi hasaplanýan ýaş nesillerimiziň bilim alýan ojaklarynda Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine bagyşlanan çäreleriň yzygiderli guralýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan wagyz-nesihat işleriň agramly bölegini hem beýik akyldaryň baý döredijilik dünýäsine bagyşlanan çäreler düzýär. Söz ussady Magtymguly Pyragy türkmeniň nusgawy edebiýatynyň kuwwatly sütünidir. Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan, edebi dili halkyň gepleşik dili bilen birleşdiren akyldaryň döredijiligi öz döwrüniň türkmen durmuşynyň ähli meselelerini öz içine gurşap alypdyr. Dana Pyragynyň garaşsyz, berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik baradaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Akyldar şahyryň many-mazmunly çuňňur pähim-

Pyragy

Bu gün ýurdum ýaş toýuňy belleýär, Danalar danasy, dana Pyragy!

Diňe ýürek hakynda

Ýürek gözden gowy görýär. Arap pähimi.

Uýgur nakyllary

Giýewiň ýaman bolsa gyzyňdan, gelniň ýaman bolsa ogluňdan gör. Köp ýagmyr ýeri bozar, köp sözlemek — äri.

Rowaýat

Pilli söweş “Derýa boýuny syryp äpet goşun gelýärmiş. Öňdäkiler torç edensoň yzdaky atlara ot ýetenokmyş. lň aýylganjy, dört sany alaň ýaly pil diýen söweşiji mahlugy hem barmyş. Baran ýeriniň galasyny gum-kesek, ilatyny gul edip sürýän duşmanda rehim-şepagat ýokmuş...”.

Arkadagyň ak ýoly

Dünýä mälim beýik işleri bilen,Bagta ýaran etdi halkyň ykbalyn.Her gün ýeňişlerden ýeňşe besleýär,Şamçyrag dek lowurdaýan ak ýolun. Pähimi, paýhasy umman ýalydyr,Merdanadyr, açyk göwün, ak ýürek.Bu babatda, eý, mähriban adamlar,Arkadagdan nusga almagmyz gerek.

Jaýrykly küýze

(Hekaýat) Bir döwürler Hindistanda suw daşaýjy bir adam bolupdyr. Onuň iki sany küýzesi bar eken. Ol boýnundan geçirilen agaç taýagynyň her ujuna bir küýzäni asypdyr. Küýzeleriň birinde jaýryk bar eken, beýleki küýze bolsa abat eken we onda doly, jaýrykly küýzede bolsa ýarty suw äkitmek mümkin bolupdyr.