"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Halypa ýoly

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde halypa mugallymlaryň ençemesi ýaş nesle bilim we terbiýe berýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýän halypa mugallymlaryň biri-de Döwletgeldi Durdyýewdir. Döwletgeldi sungata sarpa goýýan maşgalada dünýä inýär. Onuň kakasy Jumamuhammet Durdyýew Gökdepe etrabynyň 18-nji orta mekdebinde surat we çyzuw mugallymy bolup işläpdir. Kakasynyň oba durmuşyna bagyşlap çeken dürli eserleri onuň sungata bolan höwesini has-da artdyrýar. Şeýle-de ol ýakyn garyndaşlary, halypa nakgaş Mäti Orazberdiýewiň döreden eserlerinden täsirlenýär.

Dutar ussasy

Bir gezek kakam ojar oduna maňlaýyny derjiredip, gök çaý içip oturyşyna: — Daýym Töre gyjakçydan sowgat alan, Ahalda ýasalan dutarym könelişipdir, keýwany. Maňa ulurak, gümmürdäp owaz edýän täze dutar gerek boljak — diýipdir.

«Söý sen, Sähraýüzlim...»

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasow daýhançylyk käri, daýhanlaryň häsiýetleri, oba durmuşy barada ýazmakda meşhurlyk gazanan şahyrdyr. Onuň ýüregi oba adamlary bilen deň gopýar. Daýhançylyk käriniň ata-baba miras bolup galany üçinmi ýa «Topragy söýmek — Watany söýmek» diýen pikire uýanlygy üçinmi, ol ähli goşgularyny ýer, daýhan, suw, halal zähmet, hasyl ýygnamak bagty ýaly düşünjeler bilen baglapdyr. Şahyryň «Söýgi» goşgusynda liriki gahryman aşyk ýigit, magşugy bolsa ene toprak: Aýt, özüm bilerin bar galanyny,Ýakdyňmy kä depäň, kä dabanyňy.

Şygryýet

Gül ülkämiň tebigaty Yşk şäheri — Aşgabadym ýassanypdyr Köpetdagy,Baharystana eýlenen gül ülkämiň tebigaty.Ozal türkmeniň bagtyna Hak ýazypdyr Garagumy,Yhlasa, söýgä ýugrulan gül ülkämiň tebigaty.

Hünär (Hekaýa)

Her kimiň bir höwesi bolýandyr-da, kiçiligimden tikin-çatyn bilen ugrum bolubermedi. Ýogsam goňşy-golamlary gürletseň, enemem, ejemem, daýzalarymam, garaz, biziň öýümize degişli bolan gelin-gyzlaryň ählisiniň eli çeper bolaýmalymyşyn. Munuň özi obamyzda ykrar edilen zatmyşyn. Men welin... Birbada jigime bäs edip, elime iňňe-sapak alyp, enemiň ýanynda oturypjyk, bolşuna görä keşde edensiräbem ugradym. Ýöne aňryňda ýanyp duran yhlas bolmasa, aňrujy ýetäýjek pelläň samanhanadyr-da. Elime iňňe alanymdan, haýsydyr bir kitaby alanymy gowy gördüm. Ejemdir eneme bu bolşum ýarap barmasa-da, kakamyň: «Bizdenem mollumam çykmalydyr-a, degme okasyn» diýip arkamy almagy bilen, olaram soň hiç zat diýmediler. Aradan birküç ýyl geçdi. Çagalykdan saýlanyp ugranymyzdan jigimiň elindäki keşdeli ýakalara has ýygy-ýygydan seredip ugradym. Soň-soňlar-a onuň owadandan-owadan ýakalaryna gözüm düşende, deňindenem geçip bilmedim. Şolar ýaly gözelligi döretmegiň öz elimden gelmeýändigine kemsinip başladym. Birmahal jigim Selbi bilen bileje başlan bolsam, bu wagtlar ökde keşdeçi bolup gitjekdigim barada pikirlendim.

Halypa

Ömrüni dil bilimine bagyşlan, dilçi alym Haýdar Muhyýewiň ylmy döredijiligi bilen içgin gyzyklanýan kärdeşlerimiziň biriniň aýdanlary mende örän üýtgeşik täsir galdyrdy. Haýdar mugallymyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen «Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň sözlügi» atly kitabyny elimde gören kärdeşim bilen gürrüňimiz dilçi, edebiýatçy alymlar barada dowam etdi. Şonda ol Haýdar Muhyýewiň uzak ýyllaryň dowamynda metbugatda çap edilen makalalaryny, neşir edilen kitaplaryny okap çykandygyny, olaryň ählisinde Magtymguly Pyragynyň adynyň hökman getirilýändigini aýtdy. Men bu sözleriň täsiri bilen ýene-de Haýdar Muhyýewiň taýýarlan sözlüginiň sahypalaryny agdaryşdyryp ugradym. Şondan soň awtoryň Magtymguly Pyragynyň pederi Döwletmämmet Azada: «Halypanyň halypasy» diýip ýüzlenişi-de üýtgeşik göründi. Awtoryň okyjynyň öňüne düşüp, Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň dünýäsine ýolbeletlik edişi-de başgaça täsir etdi. Ussadyň eserleriniň diline düşünmekde özi gidensoňam kömek edip ýörjek kitaby bize ýadygärlik galdyryp gidendigi üçin halypa öz ýanymdan hoşallyk bildirip oturyşyma, Haýdar mugallymyň Aman Kekilow, Hydyr Derýaýew, Nurberdi Pomma, Ata Salyh, Berdi Kerbabaýew, Baýmuhammet Garryýew, Mäti Kösäýew ýaly dil-edebiýat äleminiň ägirtle

Sungat ojagynyň ýalkymy

1929 — 1972-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda saz sungatyndan ýörite bilim berýän ýeke-täk okuw mekdebi bardy. Ol hem häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebidi. 1972-nji ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň açylmagy bilen, bu sazçylyk mekdebi soňra şol Sungat instituty üçin hünärmenleri ýetişdirýän okuw mekdebi bolup hyzmat etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meşhur kompozitor Daňatar Öwezowyň adyny göterýän Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredilenine 95 ýyl dolýar. Ýakynda bu mekdebiň mugallymlary Merdangeldi Kerimow, Sähra Baýryýewa we Mähriban Jumaýewa dagynyň bu okuw mekdebi bilen baglanyşykly maglumatlary özünde jemleýän «Türkmen saz biliminiň binýady» atly kitaby «Ylym» neşirýatynda çapdan çykdy.

Körpelere okap beriň!

Mylaýymlyk Seredip bakýan,Degre-daşyma.Akja kepderiGondy başyma.

Gazak kalbynyň aýdymçysy

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bu gün paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu seýilgähde oturdylan dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda Gazagystanyň halk sazandasy, kompozitor, dombra oýunçysy, kýularyň (dombra üçin pýesalar) awtory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň hem heýkeli bar. 1823-nji ýylda dünýä inen Kurmangazy Sagyrbaýuly çagalygyndan dombrada saz çalmagy öwrenýär. Maşgala güzeranynyň pesligi zerarly alty ýaşyndan goýun bakyp ugran Kurmangazy gabat gelen ýerinde kýuçy aýdyjylary höwes bilen diňlär ekeni. Öz döwrüniň meşhur kýuçusy Uzak Kurmangazynyň zehinine göwni ýetip, oňa halypalyk edip ugraýar. On sekiz ýaşynda ol halypasy bilen halkyň öňünde çykyş edip başlaýar we kem-kem meşhur aýdyjylaryň birine öwrülýär. Soňlugy bilen onuň özi-de kýulary ýazyp başlaýar. Onuň «Sary-Arka», «Balbyrauyn», «Serper», «Adaý» ýaly kýularynyň içinden watansöýüjilik, özbaşdaklyk pikirleri eriş-argaç bolup geçýär. Ussat «Alatau», «Bulbuldyň kurgyry», «Kişkentaý», «Töremurat», «Adaý» ýaly kýularynda watansöýüji batyrlaryň keşbini döretse, «Kaýran şeşem», «Kyzyl kaýyn», «Ksen aşkan» ýaly eserlerinde kýuçularyň durmuşyny açyp görkezýär. Kurmangazynyň joşgunl

Syr (Tymsal)

Öňde-de bir ýaş ýigit ruhubelentligiň syry bilen baglanyşykly ylmy iş alyp, nirede üýtgeşik häsiýetli adam bar diýip eşitse, baryp, şonuň bilen gürrüňdeş bolupdyr. Ol her bir adamyň özboluşlylygyny, durmuşynyň aýratynlygyny hasaba almak bilen, özüçe netije çykarmak isläpdir. Günleriň bir güni ol nobatdaky alan salgysyna esaslanyp, dag etegindäki obalaryň birine barypdyr. Salgysy berlen öýde ony nurana ýüzli goja garşy alypdyr. Howlyny, içerini gözastyndan synlan myhman, gojanyň pukaraja gününiň bardygyna garamazdan, şeýle şähdaçyk, ruhubelent kişi hökmünde belli bolşuna öz ýanyndan haýran galypdyr. Içeri girip, gürrüň gyzyşandan soň, myhman özüniň näme üçin gelendigini mälim edipdir.

Şygryýet bossany

Şygry Magtymgulynyň Üç asyrdyr her bir türkmen öýünde,Ýaňlanyp dur şygry Magtymgulynyň.Bagşylaň dilinde türkmen toýunda,Ýaňlanyp dur şygry Magtymgulynyň. 

Edep — durmuşyň çyragy

Adamlarda edeplilik iki hili bolýar: göze görünýän edep, göze görünmeýän edep. Göze görünýän edep ynsanyň daşky hereketlerinde ýüze çykýar. Ol adamyň her günki durmuşynda ýerine ýetirýän işleri, aýdýan sözleri bilen baglanyşykly aýan bolýar. Göze görünmeýän edep ynsanyň içki dünýäsiniň beýany bolup, onda adamyň öz ömründe we gündelik durmuşynda öňde goýýan maksady, niýeti, başlangyçlary ýaýbaňlanýar.

«Barlygyň hem bakylygyň teswiri»

Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgähine zyýaratdan galan täsirler Sözbaşa çykarylan bu setir, elbetde, şygyr hakynda, ýöne hemme şygra, hemmäniň şygryna beýle baha berilmeýär. Göwnüňe jaý sözem, baha-da göwnemakul saýylýar. Üstümizdäki ýyla ady dakylan, doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä ýüzünde dabaraly bellenilýän umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň şygry babatda döwürdeş şahyrlarymyzyň biriniň bu setirini juda jaýdar göremsoň aldym. Hawa, biziň bu gün öwrenýän, syrly setirlerini teswirlemäge synanyşýan şahyrymyz bireýýäm tutuş dünýäni teswirläp geçipdir. Oňa düşünmek — dünýä düşünmek. Magtymgulyny ýeke okamaly däl, ýeke öwrenmeli däl, ol tutuş halk, millet, külli adamzat bolup öwrenilmeli akyldar şahyr.

«Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne...»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boldy.

Dünýä akyldary ― türkmen danasy

Türkmen topragy dünýä nusga bolan alymlaryň, ýazyjylaryň, beýik danalaryň kemala gelen mukaddes topragydyr. Halkyň bagtynyň erkinligine we bu mizemez hakykata aýdyňlygy bilen düşünen, nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri bolan Magtymguly Pyragy manyly ömrüni boýdan-başa türkmen halkynyň agzybirligi we erkinligi ugrundaky göreşe bagyşlapdyr. Akyldar şahyr özüniň jöwher paýhasyndan, ýiti şahyrana zehininden dörän, çuň many-mazmuna eýe bolan döredijiliginde harby-gahrymançylyk, watançylyk meselesini, halkyň durmuş ýagdaýyny has giň şöhlelendirýär. Halkyň aňynda müdimi orun alan söz ussadynyň beýikligi hakynda näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Kimler kinoda keşp janlandyryp, kimler bolsa täsin açyşlar edip, kimse bolsa Aýa uçup, halkyň hakydasynda ýaşamagy başarýar. Emma şygryýet äleminde özüniň öçmez-ýitmez şygyrlary bilen indi gaýtalanmajak çeper pikirleri miras goýmagy başaran söz ussadynyň mertebesi şulardan artyk bolmasa, kem däldir. Bu belentlikleri deňeşdirmegimiziň hem öz sebäbi bar. Muny delillendirjek bolsak, Kerim Gurbannepesowyň:

Nusgalyk terbiýäniň beýik mekdebi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň köptaraply döredijiligi dünýä derejesinde düýpli öwrenilýär. Çünki çeper söz ussadynyň goşgularynyň many-mazmuny ummanlaryň çuňlugyna barabar bolup, parasatly pikirleri biri-biri bilen zynjyr kimin sepleşip gidýär. Aýratynam, umumadamzada mahsus bolan kesp-kär, hünär öwrenmek meselesi şahyryň dürdäne setirleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Taryhy maglumatlara görä, Magtymguly Pyragynyň otuza golaý hünär barada söz açylýan «Totugül dilli dessan» atly eseri hem bolupdyr. Bu eserde ynsan oglunyň öz durmuş ýolunda belli bir kesp-kär edinmelidigi we hünäri bilen adygmalydygy barada söz açylýar. Akyldar şahyrymyz «Göze myhmandyr» diýen şygrynda:

Alajaly ahwalat

Hawa, birmahallar bolup geçen bu wakanyň häzirki günlerde-de ähmiýetini ýitirmändigi üçin ony şu çaklaňja ýazgymyzda hekaýat hökmünde teswirlemegi dürs hasapladyk. Kerem agalary bilen awa gitmäge hyýallanýardy. Ol Kertigiň soňky günler mazasynyň ýokdugyny bilse-de, awa höwesek bolşuny kän bir unap baranokdy. Ýöne Kertigem öz raýyndan gaýdarly däldi. Awa gitmäge döwtalap bolup, iki ýana ýelk ýasaýardy. Gülzynatam, tüweleme, sekiz agaly uýa! Göwni joşgunly, keýpiçag gözellerden. Goşa mary ýadyňa salyp duran tokmak ýaly saçlaryna hemme kişi aşyk nazary bilen garaýar. Gülzynatyň obanyň ilersindäki guýudan suw çekmäge gitmegi indi adata öwrülip gidenem bolsa, agasy Kerem soňky wagtlarda onuň guýynyň başyndan hoşhal ýagdaýda dolanýanyny birhili syrlyrak gördi. Yzyndan ogrynça esewan edibem gördi.

Tymsallar

Kuwwatly pyýada Pyýada küşt tagtasynyň ähli öýjüklerinden geçip, uly kynçylyk bilen soňky öýjüge baryp ýetdi. Munuň üçin özünden has güýçli atdan we pilden, ruhdan we perziden goranmaly, olaryň deminden sypmaly boldy. Ol soňky öýjükde durşuna, maňlaýyna inen derini süpürýärdi. Oňa asmandan:

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Beýik şahyryň syrly dünýäsi Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy, Gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň edebi döredijilik hazynasy, dünýäni görüş, oňa akyl ýetiriş we beýan ediş usuly örän giň we çylşyrymly. Şahyr öz döredijiliginde Arşyň, Kürsüň syrly dünýäsinden, zemin wakalaryndan, adamzadyň döreden ylmy, edebi, medeni gymmatlyklaryndan, ähli boljak-geljekden habar berýär. Şahyryň gahrymany, has takygy, soňky döwürlerde edebiýaty öwreniş ylmymyzda adalga öwrülen «liriki meni» döwür, wagt üçin, şeýle hem geografik taýdan çäksiz giňişliklerde hereket edýär. Beýik şahyryň şahyrana şahsyýeti älemiň, dünýäniň syrlaryna düşünmäge, akyl ýetirmäge çalşan bolsa, bu günki gün adamzat Magtymgulynyň döredijiligindäki gizlin syrlara akyl ýetirmäge, olary açyp görkezmäge çalyşýar.

Dünýä doldy, Pyragy!

Adyň dessan bolup, dürli dillerde,Köňle girip, arzylanyp illerde,Eserleriň çemen bolup ellerde,At-owazaň dünýä doldy, Pyragy! Peder pendi bilen kemsiz oýlanyp,Danalykda sap altyn dek saýlanyp,Nesihatyň bilen Zemin aýlanyp,At-owazaň dünýä doldy, Pyragy!