"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Hindistanda hyýalym (hekaýa)

Magtymguly Hindistana gitmegi öňräkden bäri niýet edip ýördi. Okan kitaplarynda-da, eşiden gürrüňdir rowaýatlarynda-da Hindistanyň adynyň tutulmagy, onuň bu ýurdy görmäge bolan höwesini artdyrdy. Arada Etrek derýasyny ýakalap oturan obada Mele Serdaryň öýünde bolanynda küştüň hem şol ýerde dörändigi baradaky gürrüň ony öz erkine goýmandy. Magtymguly öňem bu oýny gowy görýärdi welin, şol gürrüňden soň küşt oýnamagyň gizlin syrlaryny has içgin öwrenip başlady. Kakasy-da oglunyň bu oýny öwrenmegine garşy bolmady. Gaýtam: — «Ýigide müň dürli hünärem az» diýipdirler, oglum, okanyň, öwreneniň özüňki. Öwrenen hünäriňi eliňden aljak adam bolmaz — diýip, oňa goltgy berdi.

«Pyragy, yşka ugraşdym» (hekaýa)

Magtymguly Meňlini wasp edip ýazan goşgusyny jemledi. Gyzyň näzik keşbi şygyrda janlandy. Meňli hanym golun dişläp,Bizden ki uýat eýleýir.Kä daranyp, uz ýörişläp,Bizden ki uýat eýleýir.

Ak pata (rowaýat-hekaýa)

Ine, Soňudagynyň gözel jülgesi. Onuň owadanlygyna bir serediň-ä! Jülgäniň biri-birine bakyp, biri beýlekisine daýanç bolup duran belent daglary türkmeniň iki sany gerçek ogullaryny ýadyňa salýar. Olar hemişe bir-birine mähir bilen garap otyrlar. Olar baharyň gujagynda maýsalap oturan elwan gülleri biri beýlekisine gezekleşip gowşuryp duran mysaly. Olary bir-birinden daşlaşdyrjak, hoşlaşdyrjak güýç bolmaz. Şu jülgäniň göwsünden ýylçyr-ýylçyr daşlary mähir bilen ýuwup, uly joşgun bilen aýdym aýdýan çeşmä näme diýersiň! Jülgäniň gözelligine görk goşýan bu bulagyň durnanyň gözi ýaly tämiz suwuna diňe söýgi bilen buýsanyp seredip oturmaly. Onuň jana şypaly sowuk suwundan gana-gana içen adam, şahyr bolmasa-da, ylhamy joşuberýär. Onsoň ol ýa goşgy goşar ýa-da dereleri ýaňlandyryp aýdyma zowladýar. Ine, daglaryň, jülgeleriň gözelliklerini her gün näçe gezek synlasa-da, onuň hoştap howasyndan sora-sora janyna şypa alsa-da, hiç ganmaýan ýaş Magtymguly bu ýerlerde mal bakardy. Ol her säherde bu ýere gelip, diňe bir mallaryny sonarlatmakdan ötri, tereň-tämiz howadan sora-sora teşne köňlüne aram tapmaga howlugardy. Bu gözel mekan ony şeýle bir joşdurýardy welin, ýaş şahyr ýeldirgän ýaly bolup uzakly gün owazly sesi bilen dereleri ýaňlandyryp, öz düzýän goşgula

Akyldaryň dünýä inmegi (hekaýa)

Men öz ýazgylarymdaky: «Beýik adamlaryň edebi hem-de taryhy portreti döredilende eserde şahsyýetiň belent ruhy bilen bir hatarda onuň ahlak we adamçylyk sypatlary hem açylyp görkezilmelidir» diýen jümleleri okap, öz ýanymdan oýa batdym hem-de şeýle ýazgylary ýazmaga başladym. Elbetde, bu ýazgylar beýik Magtymguly Pyragy barada ahwalat. ...Dogrusy, gözleriniň görýän zatlaryna Döwletmämmet mollanyň özüniň hem ynanasy gelmedi. Asyl ynanar ýaly hem däldi. Ynha, ol uly bolmadyk bir adanyň kenarynda durdy. Onuň gözüniň alnynda bolsa aňyrsyna göz ýetmeýän giň umman ýaýylyp ýatyrdy. Ýöne umman diýilse-de, bular ýaly düýbi görnüp duran göm-gök hem-de durnanyň gözi ýaly dus-dury suwy ol Zeminiň hiç bir künjünde ne-hä görüpdi, ne-de ol hakynda eşidipdi. Ummanyň goýnunda ýaşaýan köpsanly suw jandarlarydyr ösümlik dünýäsiniň gözelligi hem diýseň täsindi. Depesi ümmülmez asman. Zemin bolsa ýaýylyp ýatan umman bilen gurşalan. Asyl bütin dünýä suw bilen örtülen oguşýa. Onuň kellesine ilki gelen pikir şu boldy. Döwletmämmet daş-töweregini gözügidijilik bile synlady. Beýle owadan görnüşleri synlap, ondan doýup bilmedi. Şolbarmana onuň gözleri hol alysdan suw bilen özüne tarap nämedir bir zadyň akyp gelýänligini saýgardy. Özem şol akyp gelýän näbelli zadyň ýalkymy

Kerwendäki waka (hekaýa)

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly türkmen topragyna uly şatlyk-dabara bilen gadam goýupdy. Men beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň adyny buýsanç bilen göterýän Magtymguly etrabyna iş saparyna gelipdim. Men ýerli mirasgär tanşym bilen etraba giren ýeriňde şahyryň hormatyna bina edilen muzeýiň öňündäki heýkeliniň öňünde baş egip oňa tagzym etdim. Heýkeltaraşyň yhlasyndan dörän bu sungat eserini synlap durşuma beýik akyldaryň: Myhman geler alys ýerden,Garşylasaň söwüş bilen —

Halypalaryň hümmeti (hekaýa)

Sähra gülleriniň hoştap ysyny alyp gelýän baharyň mylaýym şemaly Nowruz baýramçylygyna ýygnanan adamlaryň ruhuny göterip, olaryň köňül köşgüni ýagtylandyrýardy. Ýaşyl begres geýen sährada gurlan ak öýler göýä diýersiň, baharyň gelin kömelekleri ýaly bolşup, Zeminiň zynatyna özboluşly bir bezeg berýärdi. Şol öýleriň ileri tarapynda ýaýlyk ýaýýan eneleriň güpüleriniň gübürdisi, çybygyny at edip, iki-bakan ylgaşýan çagalaryň şadyýan sesleri, gül-gülzarly maýsalaryň arasynda owlak-guzularyň bökjekläp oýun guramasy, ak öýleriň arasynda ýazylan düşeklerde ýerleşen bagşylaryň aýdyma gygyrandaky owazy, bularyň ählisi doganlyk halkyň tutumly baýramyň täsin bir öwüşginidi, dabarasydy. Toýa gelen türkmen, özbek, gazak halklarynyň wekilleri dostlarynyň ýürek joşgunyny deň paýlaşýardylar. Bu baýramçylyga ýedi ýaşdan, ýetmiş ýaşa çenli adamlar gatnaşyp, özleriniň göwün küýsegini kanagatlandyrýardylar. Gün naýza boýy ýokary galanda aýdym-saza başlan bagşylar ilki tirmeden aýdyp ugradylar. Olar Nowaýydan, Meşrepden, gazak halk aýdymlaryny aýdandan soňra, Magtymguludan, Kemineden, Günhojadan, Ajynyýazdan, Berdakdan namalar gaýtaryp, diňleýjileriniň göwün küýsegini awlaýardylar. Ak öýleriň täriminiň örtügini galdyran gelin-gyzlar hem-de ene-mam

Dag rowaýaty (hekaýa)

Magtymguly atamyz keremli daglary ene ýeriň myhy, erenleriň, ärleriň, pirleriň mekany saýýar. Ol, dogrudanam, görenleriň akylyny haýran edýär. Hakyt: «Gudrat göreý diýseň, daglara bar!» diýleni-dä. Muňa tymsaly uzakdan agtarmaly däl. Gerkeziň Owaza gädiginden galsaň, guşuçar belentlikde bir çeşme bar. Bulak başynda gerkezli goja mirasgäre gulak asmak bagty maňa-da miýesser etdi. Onuň gürrüňi bizi alysdaky wakalara syýahata alyp gitdi. ...Tomus aýlary dag gözelliginden ruhy lezzet almak şahyr üçin adaty endik bolup galypdyr. Ol bu gezegem şol edähedine eýerip, bulak başyna barypdyr. Daş-töwerege garap, bu ýeriniň gözelliginden ganypdyr. Soňam ol Hakyň didaryny gören suwa tagzym edip, çeşmäniň şeker-şerbet suwundan teşneligini gandyrypdyr. Gan damary giňäp, nepesi, zehini durlanypdyr, kagyzdyr döwet-galamyny nähili ele alanyny duýman galypdyr. Beýik dagyň çür başyndaky üç agaja tiňkesini dikip, oýa batypdyr: «Tagan aýagam üç bolýar, bir-birine güýç bolýar, biri synsa puç bolýar. Pederlerimiz üçlügi mukaddes san saýýar. Şol üç agaç, megerem, agzybirligiň, jebisligiň, abadançylygyň çelgisi bolsa gerek» diýip, içini gepledipdir.

Gündogaryň akyldary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda medeni duşuşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy halkymyzyň buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy. Bu seýilgähde Pyragynyň heýkeli bilen birlikde dünýä edebiýatynda yz goýan şahyrlaryň, ýazyjylaryň heýkelleriniň oturdylmagy dost-doganlygyň nyşanydyr. Baýramçylyk mynasybetli akyldar şahyrymyz hakynda ençeme goşgular, hekaýalar, kitaplar çap edilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitap çapdan çykdy. Bu kitabyň türkmen, rus, iňlis dillerinde bolmagy aýratyn bir ähmiýete eýedir. Kitabyň üç dilde çap edilmegi akyldar şahyrymyzyň eserleriniň daşary ýurtlarda hem höwes bilen okalýandygyny görkezýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň hem şahyra bagyşlanan «Belent boýly ussadym» atly şygyr diwany halk köpçüligine gowuşdy.

«Şahyrym»

Türkmen kompozitorlary akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap birnäçe aýdym döretdiler. Belli bagşy Sahy Jepbarowyň döreden «Şahyrym» atly aýdymy-da halkyň kalbynda orun alan aýdymlaryň biri boldy. Men halypamyň ýanynda 11 ýyllap sazandalyk etdim. 1966-njy ýyldan başlap, tä ol aradan çykýança, ýagny 1977-nji ýyla çenli dürli konsertlerde, toý-baýramlarda Türkmenistanyň halk artisti, halypa gyjakçy Ata Ablyýew bilen bilelikde onuň ýanynda sazandalyk edipdik.

Sanlara siňen paýhas

Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okap, her bir adam öz durmuşynda ýüze çykýan, gyzyklanýan soraglaryna jogap tapyp bilýär. Çünki akyldar şahyryň goşgularynda durmuşyň dürli ugurlaryna degişli paýhasly pikirler ýöredilýär. Şahyryň döredijiliginde sanlar hem ençeme ýerde agzalyp geçilýär. Şahyr aýtjak bolýan pikirini belli-belli sanlaryň üsti bilen has çeper beýan edýär. Akyldar şahyr 1 sany jebisligiň, agzybirligiň simwoly hökmünde, agzybir bolup, bir ýere bil baglamak ýaly, «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar» diýip belläp geçýär. Bir suprada, bir saçakda agzybirlikde ýaşamak — agzybirligiň gözbaşy, ol ilki bilen öýden başlanýar, onsoň köpçülikde, soň milletde, şol sanda Watan derejesinde ýüze çykýar diýmek bilen, 1-lik san arkaly agzybirligi nygtap geçýär:

Öçmejek yzlar

Häzirki döwürde taryhymyzda öçmejek yzlary goýan şöhratly şahsyýetlerimiz goşgulary sarpalanyp, mertebesi belent tutulýar. Şol şahsyýetleriň biri hem türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragydyr. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy» diýip bellemek bilen, türkmeniň akyldar ogluna goýýan hormatynyň çäksizdigini aýan edýär. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň poeziýasy XIX asyryň ortalarynda Orta Aziýa, Russiýa, Ýewropa halklarynyň arasynda metbugatda görnüp başlaýar. Onuň eserleri köp alymlaryň, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekipdir. Görnükli polýak alymy we syýahatçysy A. Hodzko 1842‑nji ýylda şahyryň terjimehaly baradaky makala bilen birnäçe goşgusyny çap etdirýär. Alymlar A. Wamberi, W. W. Bartold, Ýe.  Bertels, A. N. Samoýlow

Şygyr dünýäsiniň ussady

Dünýä edebiýatynyň genji- hazynasyna özünüň ajaýyp goşgulary bilen giren Magtymguly Pyragynyň keşbi onuň her bir eserinde ör-boýuna galýar. Dogry, onuň ýaşan zamanasy galagoply döwür bolupdyr. Şahyr hyýanatçylygyň, ejize ganymlygyň garşysyna mäkäm durup göreşmeli bolupdyr. Ýöne welin ol göreşler hem şahyr ýeke bolansoň netijesiz tamamlanypdyr. Iliň şatlygyna şatlanyp, agysyna aglaýan şahyryň öz maşgala durmuşynda-da şowsuzlyklar az bolmandyr. Ejesi Orazgülüň aradan çykmagy maşgala üçin agyr urgy bolupdyr. 1958-nji ýylda Baba Nejebalyýewden ýazylyp alnan «Weýrana geldi» atly goşgusynda akyldar şahyryň ýakyn garyndaşlarynyň aradan çykandygy aýdylýar. Şeýdip iliň içinden Magtymgulynyň goşgularyny toplamak işi 1958-nji ýylda Lebap welaýatynyň obalarynda hem dowam edipdir. Kerki etrabynyň Astanababa obasynyň ýaşaýjysy, bagşy Bereket Allaberdi oglundan hem alymlar şahyra degişli goşgularynyň ondan gowragyny ýazyp alypdyrlar. Bilşimiz ýaly, Magtymguly ilkinji sowadyny kakasy Döwletmämmet Azadydan alansoň onuň maslahat bermegi bilen soňra Lebaba — Idris babanyň medresesine okuwa gidýär. Bu ýerde okap ýören wagty ol birnäçe ýerli talyplar bilen dostlaşyp, obalarynda bolýan toýlara we döwrelere gatnaşýar. Şahyr:

Halkyň aňynda ýaşaýan şahyr

Halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda ýazyjy-şahyrlaryň döredýän eserleriniň ähmiýetiniň örän uludygy bellidir. Mämmetweli Kemine hem ajaýyp eserleri bilen halkyň kalbynda orun almagy başaran şahyrlaryň biri hasaplanýar. Onuň döreden şygyrlary wagtyň synagyndan geçip, häzirki günler hem uly höwes bilen okalýar. Bu nusgawy şahyrymyz 1770-nji ýylda doglupdyr. Mämmetweli çagalygyndan şygyr ýazmaga başlapdyr. Halkyň içinde bolup, il-günüň durmuşyna, ýaşaýşyna belet bolansoň onuň durmuşy goşgulary halkyň göwnünden turupdyr.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň durmuşynyň her bir güni şatlykly wakalara beslenip, ildeşlerimiziň eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. 5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi şeýle wakalaryň biri boldy. Gyzyl kitap ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny goramaga, baýlaşdyrmaga, tebigy baýlyklary ylmy taýdan düýpli öwrenmäge hem-de ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir we ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsi baradaky gymmatly ylmy işdir.

Akyldar şahyryň keşbi

Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi ýaş suratkeşlerimiz üçin egsilmez ylham çeşmesidir. Onuň döredijiligi bilen baglanyşykly döredilen täze taslamalar nakgaşlaryň aňynyň milli düşünjeler bilen baýlaşmagyna, köpräk hyýaly pikirlenmeklerine, sungat ýolunyň ilkinji ädimlerinde özlerine bolan ynamlaryny güýçlendirmäge ýardam edýär. Elbetde, geçen asyryň ortalarynda (1947-nji ýylda) Magtymguly Pyragynyň keşbini döretmek boýunça geçirilen bäsleşikde Aýhan Hajyýewiň eseri ýeňiji bolupdy we bu portret kanoniki bolup galdy.

«Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly bäsleşige

Watanym Jylawyňda mydam erenler pirler,«Häh» diýseň ýetişer gaýduwsyz şirler,Muňa bagtyýarlyk mekany diýrler,Äleme meşhurdyr meniň Watanym!

Magtymguly — halkyň beýik danasy

Halkymyzyň hakydasynda paýhaslar mülküniň şasy bolup ýaşaýan dana şahyr Magtymguly Pyragynyň pähimlerini nesillerimiz aýratyn hormat goýup sarpalaýar. Şahyryň watançylyk, ahlak päkligi, söýgi, mertlik, gahrymançylyk, özbaşdak döwlet gurmak, agzybirlik, myhmanparazlyk, zenan mertebesi, zähmetsöýerlik, salyhatlylyk ýaly terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary biziň günlerimizde hem tämiz owaz bolup ýaňlanýar. Bu owaz häzirki döwürde müň dürli öwüşgin bilen şöhle saçyp, ýaşlarymyzy terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Türkmen halky dana şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyny aýdyma, dillerde dessana, ýüreklerde nagşa, köňüllerde keşdä öwürýär. Şahyryň şanyna ýazyjy-şahyrlarymyz ençeme kitaplary, goşgulary, ylmy işleri ýazsa, bagşylarymyz onuň goşgularyny aýdyma öwrüp aýdýarlar. Suratkeşlerimiz ençeme suratlardyr, portretleri, heýkeltaraşlarymyz dürli heýkelleri, halyçy gelin-gyzlarymyz ençeme köňül nagyşlary bilen nusgawy halylary döretdiler.

Watan hakyndaky müdimi owaz

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşyň ähli ugurlary şöhlelenýär, şahyr pikirimizdäki ähli zatlary şygra geçiripdir diýip aýdylmagy asyrlaryň dowamynda ykrar edilen hakykatdyr. Şahyryň döredijiliginde beýan edilýän gadymy Kesearkaç hem-de Kesearkajyň belli menzil-mekanlary, aýry-aýry şahsyýetler hakyndaky goşgy setirleri hem şony subut edýär. Magtymguly Pyragynyň: Magtymguly aýdar, bu ne hekaýat,Il bary alymdyr, tutmaz nesihat,Asmandan inipdir Zemine apat,Isa, Mäti, Mälik Aždar görünmez —

Söz manysy

Begeýik Begeýik, esasan, ýanly köýneklerde goýlupdyr. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde ol «Türkmen aýal geýimleriniň, köýneginiň, çabydynyň ýeňi bilen ýanynyň birigýän ýerine — goltugyň aşagyna tikilýän başga reňkdäki üçburç mata» diýlip düşündirilýär.

Türkmeniň gyrmyzy dony

Ene-mamalarymyzyň el işleriniň, döreden nepis önümleriniň her biriniň öz taryhy, olaryň döreýşi bilen baglanyşykly gyzykly rowaýaty bolup, olar nesilden-nesle, dilden-dile geçip gelipdir. Türkmeniň gyrmyzy donunyň döreýşi barada-da halkymyzyň arasynda gyzykly rowaýat aýdylýar.Onda beýan edilişine görä, gadym döwürde bir adamyň dört ogly we bir gyzy bar eken. Erkek doganlary uýasyny örän gowy görýän ekenler, sebäbi ol gaty terbiýeli, akylly, eli çeper gyz bolupdyr. Onuň ady Gyrmyzy eken. Dört erkek doganyň arasynda ýeke gyz bolansoň, Gyrmyzy diňe el işlerine güýmenmek bilen çäklenmän, eýsem, doganlarynyň yzyna eýerip, olaryň pişelerini — at münmek, gylyç oýnatmak, aw-şikär etmek ýaly başarnyklaryny hem öwrenipdir. Gyrmyzy bir gün goýy gyzyl reňkli çabytlyk mata dokap, ondan özüne çabyt tikinýär. Oňa «alma gül» nagşyny salýar. Soňra don tikinip, onuň gyrasyna jähek tutupdyr. Ejesi gyzynyň tikinen geýimleriniň biri-birine meňzeş däldiginiň sebäbini soranda ol: