"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Akyldardan nakyllar

Türkmeniň taryhyny, ahlak sypatlaryny, beýik häsiýetlerini döredijiliginde wasp edip, geljekki nesillere ýetirmekde, türkmeni türkmen hökmünde dünýä halklaryna tanatmakda ussatlyk görkezen şahyryň eserleri öwrenilmäge mynasyp. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde nakyllara aýratyn uly orun berilýär. Munuň özi şahyryň eserleriniň has-da «şireliligini» artdyryp, okyja ýakymly duýgulary bagyşlaýar, onuň ruhy älemine siňýär. Çünki atalar sözleridir nakyllar halkymyzyň durmuşyny, pähim-paýhasyny, pelsepesini, dünýägaraýşyny, synçylygyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nesilleri terbiýeleýji söz sungatydyr. Muňa şahyryň şygyrlaryndan birnäçe nakyllary mysal getirmek bolar: «Edebiň ýagşysy ulyny syla», «Bir ýaman söz ýürek bular, ýagşyny älem arzuwlar», «Owal akan ýerden akarmyş aryk», «Ten agyrsa, jan çykar», «Ýekäniň çaňy çykmaz», «Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr», «Dostuňy egleme nepden galmasyn, duşmanyň saklama, syryň bilmesin», «Men-menlik edeniň tanapy çüýrük», «Ýagmyr bilen ýer gögär», «Müň gaýgy bir iş bitirmez», «Gawunyň ýagşysyn şagal iýr diýrler» diýlen ýaly nakyllaryň köp sanlysyna duşmak bolýar.

«Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine»

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna 2008-nji ýylyň 16-njy maýynda

Köňlümiziň çyragy

Ajaýyp zamanamyzda asylly däbe görä, her bir ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende galdyryp, öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ugrukdyrýan ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň durmuşynda ajaýyp taryhy wakalara diýseň baý bolan, tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri, şu günki hem-de geljek nesilleriň abadan we ösüşlerden doly nurana geljegini üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalary bilen dabaralandy. Bilşimiz ýaly, Täze — 2024-nji ýylda halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan baýram eder. Akyldar şahyrymyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan döredijilik mirasy ähli halkymyz, aýratyn hem, ýaş nesiller üçin nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Ýaşlary belent watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, arassa ahlaklylyk ýaly halkymyzyň milli ruhuna siňen belent häsiýetleri kemala getirmekde möhüm orun eýeleýär.

Toý däpleri

Milli ýörelgelere sarpa Gelin alma toýy halkymyzda köp däpleri, dessurlary özünde jemleýär. Guda bolan iki maşgala toý sähedini belleýär. Sähet bellemek üçin hem ýaşululara sala salynýar. Sähetli gün barada il arasynda:

Ýagşydan at galar

OL EŞREPI ÝALY ADAMDY Ýaşan ömründe ýagşy işleri bitiren adamlar hemişe ýagşylykda ýatlanýar. Şeýle adamlaryň biri öz gysga, manyly ömrüni mugallymçylyk kärine bagyş edip, adamlaryň hakydasynda ýagşy ynsan hökmünde ýatlanyp ýörlen Berdimyrat Baýramowdyr. Il-halk üçin amal edilen işler hiç mahal undulmaýar. Halk paýhasynda aýdylyşy ýaly, «Ýagşylyk iňňäniň gözünden görner». Şeýle bolansoň, Berdimyrat mugallym diýlende, öňi bilen Mary etrabyndaky 22-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymy bolup işlän döwründe mekdepde halkymyzyň geçmiş taryhy bilen baglanyşykly muzeýi döretmäge goşan goşandy, öz gujur-gaýraty bilen Akybaý obasynyň adyny alyslyklarda tanadan, obadaşlarynyň bitiren işleri bilen baglanyşykly toplan maglumatlary hem-de huşy metda ýaşululardan ýazyp alan kişiniň geň-enaýy gürrüňleri hakydaňa dolýar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Ynsan kalbynyň ruhy lukmany Söhbetini etseň, saz bolup eşidilýän gürrüňleriň ýumagyny näçe çözleseň çözläbermeli. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy barada aýtdygyňça ol hakyndaky sözler bir-birine sepleşip, beýik dagy emele getirýär. Dana atamyzyň ylham çeşmesi umman ýaly giň, deňiz deýin çuň, derýa kimin akgynly. Onuň kenaryna baryp, akyl gämisini kürekläp, ylham dünýäňi näçe baýatsaň baýadybermeli. Pyragynyň ynsan kalbynyň ruhy lukmany bolan pähim-parasada ýugrulan edebi mirasy hiç haçan esgilmezdir. Şol edebi mirasy susup alyp, aňyňa guýanyňda kalbyň gözelleşip, sende täzeçe dünýägaraýyş kemala gelýär. Ol dünýägaraýyş bolsa sende ruhy güýç döredip, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, adalatlylyk, bir-birege hormat goýmak, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly beýik adamkärçilik sypatlaryny oýarýar. Şahyryň döredijilik dünýäsinde beýik güýç, ruhy päklik bar. Ol dünýä aralaşdygyňça dünýäňe gözellik çaýylýar. Gözellik bolsa bu barlyga, durmuşa baky söýgi döredýär.

Sungat äleminiň ýyldyzlary

AÝDYMLY DÜNÝÄNIŇ ÄGIRDI Dünýä ýüzünde her döwletiň paýtagty hakynda aýdymlaryň döredilendigi köplere mälimdir. Ýurdumyzyň göwher jygasy Aşgabat hakynda döredilen ajaýyp aýdymlar akgynlylygy, duýga baýlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Şeýle ajaýyp aýdymlaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň “Aşgabat” aýdymydyr.

Paryzdepe Änew medeniýetiniň döwründe

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak üçin Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan gazuw-agtaryş hem-de ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2016-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň günorta-gündogar çägini jähekläp oturan, Köpetdagyň etegindäki ýaýlada ýerleşýän Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärligine baryp görüpdi. Şonda Milli Liderimiz gadymy şäheriň galyndylaryny synlap, bu toprakda iri şäherleriň, belent binalaryň gurlandygyny nygtapdy. Ýurdumyzda Paryzdepe ýaly taryhy ýadygärlikleriň başga-da ençemesiniň bolup, olary düýpli öwrenmegiň hem-de giňden ýaýmagyň möhümdigine üns çekipdi. Şondan bäri hem bu ýerde gazuw-agtaryş işleri yzygiderli geçirilip, gymmatly tapyndylar ýüze çykarylýar.

Behişdi bedewlerimiz — dünýä gymmatlygy

Halkymyzyň behişdi bedewlerine söýgüsi aňyrdan. Iň bolmanda, hyýalda ata atlanmadygymyz ýokdur. Bu bolsa eýýäm sallançakdaka, balasyny şirin hüwdüleri bilen huwwalaýan enelerimiziň mähri bilen geçýän bolmaly. Ol hüwdüler gulaklarymyzda hemişelik ýaňlanyp durandyr: Meniň ballym atlanar,Atlary haýbatlanar.

Ke­rem-ke­ra­mat­lyk­lar

Garagumuň ak ýaýlalarynda, seleň sähralarynda ömür süren ata-babalarymyzyň geçen ýoly müňýyllyklaryň dowamynda özüniň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary bilen gojaman taryhyň sahypalarynda görnükli yz galdyrypdyr.  Beýik Biribar türkmen topragyna ähli naz-u-nygmaty sahylyk bilen eçilipdir. Bu toprakda önýän guşgursak bugdaýydyr «ak altyny» diýjekmiň ýa-da süýji ir-iýmişleridir gök-bakja önümlerini diýjekmiň, garaz, sanasaň, sanap oturmaly. Bugdaý, un, tamdyr, kendirik, çörek, saçak — bular bir kökene düzülen mukaddeslikler. Şonuň üçin hem pederlerimiziň paýhas ummany bolan halk döredijiliginde-de bu mukaddeslikler bilen baglanyşykly nakyllar, rowaýatlar, yrymlar näçe diýseň bar. Ýere urdum paltany,Agzy gyzyl haltany,Ýerden bir oglan çykdy,Uly iliň soltany.

Ýadygärlikler — syrlar hazynasy

Älem içre sarpalanýan bedewler

Watansöýüji şahyr

Halkymyzyň guwanjy, milli buýsanjy bolan Magtymguly Pyragy türkmen milletiniň ruhuna kybapdaş täze bir edebiýatyň düýbüni tutdy. XVIII asyrdan bäri bu beýik dana şahyr her bir türkmeniň kalbynda hem aňynda adamkärçiligiň, ynsaplylygyň, watansöýüjiligiň ölçegi  hökmünde ýaşap gelýär. Akyldar şahyryň her bir eseri mertlige, wepalylyga, gaýduwsyzlyga, agzybirlige ýugrulandyr. Taryhda türkmen halky döwlet gurmak, bir başa uýmak hakynda arzuw edipdir. Şu jähetden, Magtymguly Pyragy hem tire-taýpalary bir döwletlilige çagyryp, şygyrlar ýazypdyr. Şahyr «Türkmeniň» atly goşgusynda:

Türkmeniň tebigat pelsepesi

Tebigat! Ýer ýüzündäki ähli ýaşaýşyň gözbaşy şu sözde jemlenýär. Tebigatyň gözelligi, berekedi bolsa ene ýerden — toprakdan başlanýar. Gadymy çeşmelerde adamzadyň ýaşaýşynyň gözbaşynda iki enäniň — ene topragyň we How Enäniň durandygy nygtalýar. Toprak Gün şöhlesiniň ýere düşmek aýratynlygy we suwuň, ygalyň täsiri bilen geografik taýdan özboluşly tebigata eýe bolýar. Türkmen tebigaty ýerden önýän önümlerimiz bilen bir hatarda, şirin dilimiziň we onuň labzynyň, däp-dessurlarymyzyň, adatlarymyzyň, aýdym-sazymyzyň, halyçylyk, atçylyk sungatynyň, maldarçylygyň ähli görnüşiniň kemala gelmegine binýat bolup, durmuşymyza siňdi. Türkmen tebigatynyň dört pasly ýerbe-ýer bolup, ol halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna aýratynlyk berýär. Halkymyzyň tebigat we pasyllar baradaky garaýşyna ser salsak, ata-babalarymyz pasyllaryň häsiýetine görä, olary birnäçe möwsümlere bölüpdirler. Mysal üçin, halk senenamasynda gyşyň garagyş, uly çille, kiçi çille diýen ýaly möwsümlere bölünişi ýaly, bahar aýy hem bölünýär: alabahar, bahar, ýaz. Alabahar, il arasynda aýdylyşy ýaly, «togsan dolup, ýere ýyly gidende» başlanýar. Ol nowruza çenli dowam edip, nowruzdan soň bahar möwsümi başlanypdyr. Mysal hökmünde aýtsak, «Saýatly-Hemra» dessanynda Hemr

Milli mirasyň ýalkymy

Ýakynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen teklip edilen bu çözgüt 5-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edildi. Hoşallyk maslahatyna Halkara ahalteke atçylyk we türkmen alabaý itleri assosiasiýalarynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň jogapkär işgärleri, ýurdumyzyň halypa seýisleri, çapyksuwarlary, atşynaslary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr professor-mugallymlary, döredijilik işgärleridir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkara derejes

Asyrlardan aşan tagam

Merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen baý milli mirasy keremli topragymyzda medeniýetiň gadymy ojaklarynyň gülläp ösendigini görkezýär. Köpöwüşginli maddy we ruhy medeni mirasymyzda milli tagamlarymyzyň hem möhüm orny bar. Milli tagamlarymyzy müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle, asyrdan-asyra geçirmegiň hötdesinden gelen ene-mamalarymyzyň döredijilik ukyp-başarnygy biziň her birimiz üçin nusga alarlyk görelde mekdebidir. Golaýda jemi jemlenilen «Asyrlara ýörelge — nesillere görelde» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda talhan süýjüligini taýýarlamak boýunça ýeňiji bolan Güljemal Jumaýewanyň hem ene-mamalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy dowam etdirmekde we olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde aýratyn goşandy bar. Saýat etrabynyň Ärsarybaba geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň etrap bölüminiň işjeň agzasy Güljemal gelneje — gadymy milli tagamymyz bolan talhan süýjüligini taýýarlamagyň ussady. Biz hem ondan bu tagamyň taýýarlanyş usuly barada giňişleýin gürrüň bermegini haýyş etdik.

Sadalyk

Gowy adamlar uçdantutma diýen ýaly sada hem ynanjaň bolýarlar. (Atajan Tagan, “Kyrk ýylda ýazylan kitap”).

Ojaklaryň ýaraşygy, törleriň gelşigi

Zeminiň görki bolan zenanlaryň dünýäsinde diňe mähribanlyk bar. Muňa biz mährem enelerimiziň, eziz uýalarymyzyň edep-ekramynyň, yssy mähriniň, söýgüsiniň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Durmuş zenanlar bilen gözelleşýär. Zenanlaryň keýerjekläp duran dag jerenlerine, burk urýan al-elwan güllere, bagdaky al ýaňak almalara... deňelmegi olaryň gözelligiň nusgasydygyny subut edýär. Asylly terbiýesi bilen utgaşyp gidýän işjanlylygy, maşgala wepadarlygy zenanlarymyzy bezeýär. Türkmen zenany diýlende, asyllylyk, gözellik, zähmetsöýerlik, eli işlilik ýaly düşünjeler seriňe dolýar. Türkmen zenanynyň el hünäri oňa şan-şöhrat eçilýär. Has dogrusy, onuň mähri siňen, çeper ellerinden çykan halylardyr palaslar, näzik barmaklary bilen nagyşlanan kürtelerdir çabytlar, ýakalardyr beýleki el işleri dünýä ýüzünde türkmen zenanynyň mertebesini has-da beýgeldip gelýär. Türkmen milli halyçylyk we keşdeçilik sungatlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi we dünýäde dabaralanmagy muňa mysaldyr.

Türkmen halkynyň “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň sanawynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir şanly wakasy taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp medeni gymmatlyklaryndan biri bolan “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar kalbymyza buýsanç bolup doldy. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda bu waka mynasybetli hoşallyk maslahatynyň geçirilmegi kalbymyzy buýsançdan doldurdy. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde

Atçylyk— gadymy sungat

Şanly ýylymyz bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdan bu hoş habary 5-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edildi. Ata-babalarymyz türkmen bedewleriniň özüniň ruhy dünýäsinde tutýan ornuny dürli nakyllaryň, dessanlaryň, şadessanlaryň, şygyrlaryň üsti bilen beýan edipdir. Ahalteke bedewleriniň idedilişi, köpeldilişi, seýislenilişi barada döwletimiz tarapyndan uly alada edilýär. Seýisçiligiň ýörite mekdebi saklanyp gelinýär we bu ugurda ýokary bilim berilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen bedewiniň milli baýramy döredilip, bedewler bilen baglanyşykly köp sanly çözgütler kabul edildi. Olarda türkmen bedewleriniň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmek, at çapyşyklarda, türkmen milli toý-baýramçylyklarynda atlary giňden ulanmak, atçylyk sportuny ösdürmek, halkara atçylyk spor