"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ekologiýa abadançylygy we durnukly ösüş

Dünýä, daşky gurşaw, howpsuzlyk, ösüş XXI asyryň başynda halkara jemgyýeti üçin ählumumy häsiýete eýe bolan düýpli gymmatlyklardyr we bu meseleler, halkara derejesinde bolşy ýaly milli derejede-de netijeli çözmegi talap edýär. Gymmatlyklaryň arasynda gönüden-göni köp meseleleriň çözülmegine täsir edýän we hemme zatdan hem ileri durnukly ösüşiň ýeten sepgitleriniň meselelerini öz içine alýan — Ýeriň tebigy serişdelerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine gorap saklamakdyr. 1972-nji ýyldaky adamyň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça Stokgolm Kararnamasynda bellenilişi ýaly, adam özüne berlen hukuklary we azatlygy bilen janly tebigatyň önümlerini we onuň gurşawyny gorap saklamaga we paýhasly dolandyrmaga jogapkärçilik çekýär. Türkmenistan tarapyndan tassyklanylan ekologik konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalary amal etmekde: ýaşaýşyň ähli jähtlerinde ekologik talaplaryň utgaşdyrylmagyny, edilýän işleriň ähli görnüşlerine ekologik taýdan baha berilmegini we döwlet ekologik ekspertizasynyň geçirilmegini, tebigaty goraýyş kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini, tebigaty goramak baradaky tagallalarda raýat jemgyýetiniň işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegini öz içine alýan ýörelgeler

Ekologiýa — ýaşaýşyň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, her ýylyň ýaz hem-de güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmegiň giňden ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde ýaşyl zolaklaryň çägi barha giňeýär, täze seýilgähler emele gelýär. Bag ekişine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy we ak pata bermegi bolsa halkymyzda ýokary ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak maksady bilen gol çeken Kararyna laýyklykda şu ýyl hem bag ekmek işleri uludan tutuldy. Şahyryň: «Her kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen setirleri bar. Bu jümle düşündirişe mätäç däl. Pederlerimiz bag ekmek, köpri gurmak, guýy gazmak işlerini sogap hasap edipdirler. Hut şonuň üçin hem gözel paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda her ýyl ýaş nahallaryň millionlarçasy ekilýär. Täze gurulýan binalaryň daş-töweregi gür baglyga, al-elwan öwüşginli gülzarlyga beslenýär. Köçeler giňeldilýär, ýollaryň gyralaryna saýaly baglar bezeg berýär. Paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde seýilgähler we tokaý zolaklary emele getirilýär. Tebigatyň ajaýyp owadan görnüşini emele getirýän gözellik her bir adamy ýagşy işlere, döredijilikl

Şypaly howa şertleri döredilýär

Döwletimiziň esasy baýlygy bolan adam saglygy üçin zerur bolan arassa daşky gurşawymyzy we ekologiýamyzy goramak her bir adamyň möhüm borjudyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak we ony rejeli peýdalanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde döwrebap derejede ösdürilýär. Häzirki wagtda bu babatda uly tagallalar edilýär. Adamlar bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşygy emele getirmek jana şypaly howa şertlerinde uzak ýaşamagy üpjün edýär. Bag nahalyny ekmek, suwa aýawly garamak ata-babalarymyzdan galan ýörelgedir.

Ekologik düşünjeleri kämilleşýär

Welaýat tokaý hojalygynda tokaý zolaklaryny, şeýle hem öri meýdanlaryny ýangyndan goramak bilen baglanyşykly amaly-okuw maslahaty geçirildi. Oňa tokaý hojalygynyň, welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň, tebigy goraghanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Tokaýlyklarymyzda ummasyz tebigy baýlyklaryň jemlenendigi hemmämize mälimdir. Amyderýanyň boýlarynda, Garagum sähralarynda, Köýtendag sebitlerinde baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bolmagy aýratyn guwandyrýar. Bu baýlyklara örän aýawly çemeleşmek üçin netijeli işleri durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzda täze ekologik şertleriň peýda bolmagy hem tebigatyň goraglylygynyň hiliniň ýokarlanmagyna amatly täsirini ýetirýär. Tebigy baýlyklarymyzy goramagyň düzgünleri barada yzygiderli amaly okuwlaryň geçirilmegi, wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylmagy netijesinde raýatlarymyzyň ekologik düşünjeleri hem kämilleşýär. Ynha, şu amaly-okuw maslahaty hem şeýle möhüm işleriň biri boldy. Oňa gatnaşyjylar welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn-tehniki merkezinde bolup, ýangyn söndüriji tehnikalara degişli maglumatlar bilen hem tanyşdylar.

«Ýaşyl» ykdysadyýet — ählumumy wezipe

Soňky ýyllarda halkara giňişlikde bolup geçýän wakalar dünýä jemgyýetçiliginiň öňde duran jogapkärli wezipeleri takyk kesgitläp, olar boýunça oýlanyşykly çözgütleri kabul etmegini şertlendirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny hem-de wezipelerini berkitmek, şol sanda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, daşky gurşawy goramak babatda dörän meseleler hem oňyn çözgütlerine garaşýar. Bu wajyp meseleler tagallalary birleşdirmegi, döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy gazanmagy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmagy talap edýär. Adamzadyň durnukly we howpsuz ösüşine wehim salýan meseleleriň ählisi Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerinde öz beýanyny tapdy. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň binýadyny düzýän bu maksatlary ilkinjileriň hatarynda kabul eden we milli derejede uýgunlaşdyran döwlet hökmünde durmuş-ykdysady syýasatyny daşky gurşawy goramak boýunça görülýän çäreler bilen utgaşykly amala aşyrýar.

Owadan keşbe girýär

Häzirki wagtda güneşli Diýarymyzy ekologiýa taýdan arassa, bagy-bossanly ýurda öwürmek maksady bilen Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda tutumly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Obadyr şäherlerde saýaly, pürli we miweli baglary, üzüm nahallaryny oturtmak, şeýle-de seýilgäh zolaklarynda gülleri we bezeg agaçlaryny ekmek işleri barha giň gerime eýe bolýar. Türkmen tebigatynyň gözelliklerini aýawly saklap, ony geljek nesillere ýetirmek maksady bilen ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak, gülçüligi ösdürmek, bezeg agaçlarynyň täze görnüşlerini köpeltmek, olar üçin howpsuz ekologik şertleri döretmek ýaly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmekde baglaryň ähmiýeti juda uludyr. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda bag nahallaryny oturtmak boýunça köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Soňky ýyllarda bag nahallaryny diňe bir suwarymly ýerlerde däl, eýsem, çöl şertlerinde, kölleriň, derýalaryň boýlarynda, dag eteklerinde ýetişdirmek boýunça-da uly işler durmuşa geçirilýär.

Ekologiýa abadançylygyna goşant

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň telekeçilerini, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere çekmek, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermek baradaky taýsyz tagallalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda has işjeň dowam etdirilýär. Bu pudagyň ähli ugurlarynda olaryň sany barha artýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýoldaş Geldimedow hem şolaryň biridir. Bu telekeçi bagbanyň ýerli baglarymyzdan başga-da, pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirmäge hem aýratyn üns berýändigi bellenilmäge mynasyp. Ol bu babatdaky iş-aladalary hakynda şeýle gürrüň berdi:

Dabaraly maslahat

Düýn — 6-njy aprelde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň  mejlisler zalynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Türkmen zenany — jemgyýetçilik we döwlet işinde göreldelik nusga» atly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň işjeň zenanlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Suw — ählumumy ösüşiň gönezligi

Daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Bu gün suwy tygşytlamak meselesi ählumumy meselä öwrüldi. Suw serişdeleri döwletleriň, sebitleriň we tutuş dünýäniň howpsuzlygyna, ykdysady we durmuş ulgamynyň ösüşine täsir edýär. Suw dünýäniň ähli halklaryna degişli bolan tutuş adamzadyň umumy mirasydyr. Şonuň üçin suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak Durnukly ösüş maksatlarynyň aýratyn ähmiýetli wezipeleriniň biridir. Türkmenistan umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda suw we suw-energetika meselelerine garalmagyny, olaryň oňyn çözülmegini öňe sürýär. Suw diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolup durýar. Gürrüň ekologiýa babatynda barýarka, ekologiýa çökgünliginiň daşky gurşawa täsirini azaltmak we şol täsirleri aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň diňe bir sebitiň däl, bütin Ýer ýüzüniň,tutuş adamzadyň abadançylygy babatynda nähili ähmiýete eýedigi düşnüklidir. Çünki daşky gurşawyň arassalygyny goramak her bir adamy

«BIR NAHAL EKSEŇ, ÝAŞYŇ BAKY»

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, täze taryhy eýýamda Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekişligine, öňden bar bolan baglara ideg etmek çäresine badalga berilýär. Şonuň netijesinde, her ýyl miweli, saýaly, pürli bag nahallarynyň millionlarçasy ekilip, tokaý zolaklary döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa diplomatiýasynyň, Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek syýasatynyň netijesinde, mähriban Diýarymyzyň tebigaty ýyl-ýyldan gözelleşýär. Köpçülikleýin bag ekmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýaramaz täsirlere garşy göreşmek boýunça bütindünýä çäresine işjeň goşulmakdyr. Çünki ekilýän baglar kömürturşy gazyny özüne siňdirip, ynsan saglygy üçin zerur bolan kislorody bölüp çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşyp, eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine goşant goşmak biziň her birimiz üçin, ylaýta-da, ýaşlar üçin uly bagtdyr.

Tebigatyň gözelligini aýalyň!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy, tebigatyň köpdürlüligini saklamak Türkmenistanyň uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady bolup durýar. Diýarymyzda ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan paýtagtymyzda we onuň daş-töwereginde hem-de şäherlerdir etraplarda ekilen agaç nahallary bu günki gün boý alyp, uly daragtlara öwrüldi. Tebigatymyzyň bu ajaýyp gözelligini ýangyn howpundan gorap saklamak mukaddes borçdur.

Bagtyýarlygyň mekany

Baharyň gelmegi bilen ak şäherimiz Aşgabadyň keşbi gaýtalanmajak gözellige eýe bolýar. Paýtagtymyzyň ýazyň al-elwan güllerine beslenen owadan görki, tämiz seýilgähleri, nurana gündizleridir müň dürli öwüşgin atýan şuglazar gijeleri ynsan kalbyny päklige besleýär. Gözel görkli paýtagtymyz mermer binalary, lowurdap duran köşgi-eýwanlary, belent ymaratlary, giň we ýagty şaýollary, özboluşly şäher gurluşy bilen göreni haýrana goýýar. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan paýtagtymyzyň töwereginde döredilen tokaý zolaklary baş şäherimiziň ekologiýa we howa şertlerini gowulandyryp, aýratyn gözellik eçilýär. Ýaz pasly tebigatda dynç almagyň, gezelenç etmegiň döwrüdir. Nurana gündizlerde, aý-aýdyň agşamlarda Aşgabadyň söwda we dynç alyş merkezleri, seýilgähleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň söýgüli ýerlerine öwrülýär. Paýtagtymyzyň eteginde gür baglyga, ter ýaz güllerine bürenip oturan Saglyk ýoly, köpsanly seýilgähler tebigatda, arassa howada dynç almak isleýänleriň arzyly ýerleri. Bu ýerlerde gözel tebigatymyzyň, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp görnüşine syn etmek has gyzykly. Ýaz paslynyň jana şypaly howasynda tebigatda welosipedli gezelenç etmek hem özboluşly lezzet berýär. Dürli ýaz gülleri, ter ýaprakly baglar şäherimiziň gözel

Baglar - Zeminiň görki

Beýik ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda arassa ekologiýa gurşawyny üpjün etmek hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýakynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berilmegi netijesinde dürli görnüşli bag nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Bu sogaply işiň Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda bolmagy hem çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bahar baýramçylygy ata-babalarymyzdan galan asylly ýol-ýörelgelerimiziň, milli däp-dessurlarymyzyň ähmiýetini artdyrýar. Häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň, ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýän, Ýer ýüzüniň globallaşýan döwründe bag ekmek, ýaşyl tebigatyň giň meýdanlaryny döretmek döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Dem alýan howamyzyň hapalanmagynyň, atmosfera zäherli gazlaryň goýberilmeginiň tebigy şertleriň düýpgöter özgermegine getirip bilýändigini nazara alsak, baglar arassa ekologiýa gurşawy üçin zerurlyk bolup durýar. Ähli welaýatlarymyzda, Aşgabatda tokaý we seýilgäh zolaklarynyň yzygiderli döredilmegi dünýä derejesindäki şeýle möhüm wezipeleriň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýä

Ekologiki sazlaşyk — müdimi abadançylyk

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, Watanymyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler özüniň anyk netijelerini berýär. Döwlet syýasatynda ýurduň ekoulgamyny kadalaşdyrmakda sebit ähmiýetli wajyp meseleleriň ençemesi öz beýanyny tapýar. Ýagny, ýerleriň çölleşmegine, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ösümlikleriň hem haýwanlaryň belli bir görnüşleriniň ýitip ýok bolup gitmek howpuny aradan aýyrmak, ekerançylyk ýerleriniň şorlaşmagynyň we topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak, önümçilik desgalarynyň tebigata ýetirýän zyýanly täsirini azaltmak ýaly möhüm meseleler elmydama üns merkezinde saklanylýar. Biziň ýurdumyzda ýylyň-ýylyna miweli, saýaly, pürli agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylyp, Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde netijeli işler ýaýbaňlandyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatly ýerleriň tebigy gaz bilen üpjün edilmegi tokaý zolaklarynyň baýlaşmagyna, çöldür sähralarymyzyň, daglarymyzyň keşbiniň üýtgäp, has-da owadanlaşmagyna öz täsirini ýetirdi. Munuň özi howamyzyň arassa, tämiz, belli bir derejede çygly bolmagyny hem üpjün edýär. Diýarymyzda ägirt uly suw desgasy — «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daşky gurşawy özgertmekde ähmiýeti örän uludyr.

“Ýaş terjimeçiniň ussatlygy” atly bäsleşige

Hyýaly ýerler Hyýaly ýerleri diňe göz öňüne getirip bolmajak düýşlerde we wirtual oýunlarda däl, eýsem, hakyky durmuşda-da görmek bolýar. Olardan şu aşakdakylary okyjylara hödürlemegi makul bildik.

Tebigatyň durky, zeminiň görki

Ýurdumyzda arça, serwi, senuber, alma, erik, armyt, ülje, tut, çynar, kerkaw, dagdan, söwüt ýaly dürli miweli, pürli we bezeg agaçlaryny ekmäge, köpeltmäge uly üns berilýär. Çünki tebigatyň baýlyklarynyň arasynda baglar ýaşaýyş üçin iň möhüm zerurlyklary üpjün edýärler. Baglar — tebigatyň durky, zeminiň görki, gözelligiň, ýaşaýşyň, eşretli durmuşyň gözbaşy. Her ýylda ekilýän baglar, güller güneşli Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly görk berýärler. Şeýle gözellikleri döretmäge, ýurdumyzy gür baglyga öwürmäge ýardam berýän pürli agaçlaryň biri-de türkmen arçasydyr. Ol 700 ýyla çenli ýaşap bilýär. Dag eňňitleriniň yzgarlylygyny saklamaga ukyply bolan bu baglaryň gür ösýän ýerlerinde ýagan ýagynyň, ýere düşen garyň köpüsi top-raga siňýär. Şeýlelikde, türkmen arçasy dagdan sil gelmeginiň öňüni almaga ýardam edýär, topragy ýumrulmadan goraýar. Tutuş ýylyň dowamynda, ähli pasyllarda gök öwsüp oturan arçalaryň pürleri we miweleri dermanlyk häsiýete eýedirler. Örän berkligi bilen tapawutlanýan arçalaryň howany arassalamakda getirýän peýdasy hem uludyr.

Ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak Arkadagly Serdarymyzyň ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzda daş-töweregi goramak hereketleriniň milli meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän çäreleriň netijesinde daşky gurşawy gorap saklamak bilen bagly örän möhüm ekologiýa meseleleri çözülýär. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden bäri ýurdumyzyň tebigat dünýäsini, gözelliklerini, baýlyklaryny öwrenmek, gaýtadan dikeltmek hem-de geljekki nesiller üçin gorap saklamak meseleleri döwlet derejesindäki gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri hökmünde öňe sürülýär. Munuň özi düşnüklidir. Çünki daşky gurşawyň arassalygy adamlaryň saglygynyň girewidir.

Bag — durmuşyň bezegi

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Giň gerimli özgertmeleriň netijesinde Diýarymyzda ýaşyl zolaklaryň hatary barha artýar. Häzirki wagtda oba-şäherlerimizde oturdylýan bag nahallary diňe bir köçe-ýollarymyzyň ugurlaryna görk bermän, eýsem, edara-kärhanalaryň, okuw mekdepleriniň, guramalaryň howlularyny, meýdançalaryny bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle asylly ýörelgeleriň barha dabaralanmagy türkmen ýaşlarynyň döwletlilik ýörelgelerine laýyk terbiýelenmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçinem bag ekmek ýaly asylly hem sogaply işe, bu ugurda geçirilýän çärelere ýaşlar işjeň gatnaşyp, Arkadagly Serdarymyzyň göreldesi bilen netijeli işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bag nahallarynyň oturdylmagy, olara ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy halkymyzyň abadan durmuşy, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak baradaky aladanyň buýsançly beýanydyr.

Seýil-seýrandaky sazlaşyk

Gerekli serişdeleri saýlamak Dynç alşa gidenimizde tehnologiýalardan we uly şäheriň gündelik gaýtalanýan durmuşyndan dynç almagy meýilleşdirýänem bolsak, gezelenjimizi ýa-da syýahatymyzy mümkingadar ýeňilleşdirmek üçin bir gezeklik ulanylýan plastik gaplar, çygly süpürgiçler ýaly önümleri ýanymyzdan goýmaýarys. Syýahatçylaryň arasynda bir gezeklik ulanylýan serişdeleri dynç alan ýerlerinde galdyrmagy endik edinýänler hem ýok däl. Tebigata zyýan ýetirmezlik üçin syýahatda ulanjak serişdeleriň köp gezek ulanylýan bolmagy zerurdyr. Gezelençde ulanyljak gap-gaçlaryň metaldan ýasalanlary berkligi, ýeňilligi hem-de köp gezek ulanmaga niýetlenendigi sebäpli daşky gurşawyň abadançylygy üçin iň oňaýlysydyr.

Baglar — zeminiň bezegi

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, onuň hemişe arassa bolmagy ugrunda giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.