"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Gowaçalara ösüş suwy tutulýar

Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 18 müň gektar ýerde gowaçanyň idegini kemsiz berjaý edýärler. Gün-günden kadaly boý alyp, atyzlara gelşik berýän gowaçalar goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, ösüş suwy tutulýar. Etrabyň gowaça meýdanlaryna ene ýaplardan gelýän, şeýle hem suw sorujylaryň kömegi bilen ösüş suwy tutulýar. Şunda «Köneürgençsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygyna degişli suw sorujylaryň 30-dan gowragy hereket edýär. Her bir suw soruja jogapkär hünärmenler, işçiler berkidilip, olaryň saz-gurat işlemegini gazanýarlar. Gowaça meýdanlaryna suw tutmak işlerine daýhan birleşikleriniň topar ýolbaşçylary, miraplary gözegçilik edýärler. Şonuň netijesinde, her gün 600 gektara golaý ýerde gowaça meýdanlaryna ösüş suwy tutulýar. Gowaçalara talabalaýyk ideg etmekde etrabyň «Akgala», «Täzegüýç», «Akderýa», «Galkynyş», «Bereket», «Pagtaçy» daýhan birleşikleri has-da tapawutlanýarlar.

Oba hojalyk pudagynyň netijeli ösdürilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýadydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň esasy maksady daýhanlaryň yhlasy bilen bol hasyl eçilýän türkmen topragynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden we pudagy has-da ösdürmekden ybaratdyr. Döredijilikli döwlet syýasaty ajaýyp zamananyň binýadyny goýdy. Onda pederlerimiziň wesýetleri, halkymyzyň milli däpleri häzirki zamanyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeler bugdaý ösdürip ýetişdirmekden başlap, ony gaýtadan işlemäge çenli ýurdumyzyň gallaçylarynyň ähli iş ugurlaryna öz oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ussat gallaçylary şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa habar berildi. Şeýle hem mejlisde birnäçe resminamalaryň taslam

Durmuş rowaçlygy

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy babatda kabul edilen çözgütler ildeşlerimiziň ruhuny göterip, hoşallyk duýgularyny döretdi. Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarymynda edilen işlere, gazanylan üstünliklere mynasyp baha berlip, öňde durýan işler kesgitlenildi. Berlen hasabatlar hem durmuş ugurly özgertmeleriň barha rowaçlanýandygyny görkezdi. Şonuň bilen bir hatarda mejlisde il-halkymyzy begendiren hoş habarlaryň aýdylmagy ruhumyzy göterip, durmuşa, ýaşaýşa söýgimizi has-da artdyrdy. Şeýle habarlaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekendigini, edermen daýhanlarymyzyň galla tabşyrmakda şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky habary eşitmegiň özi, gör, nähili ý

Galla — rysgal-berekediň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiz gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi baradaky hasabaty kabul etdi Belent maksatly beýik işler, mälim bolşy ýaly, diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halk bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Türkmen halkymyz hem gadymyýetden bäri merdanalyk, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik häsiýetleri bilen şöhratlanyp gelýär we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp zähmet ýeňişlerini dowamly gazanýar. Muňa ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy daýhanlarynyň, hasyl ussatlarynyň häzirki wagtda pagta, gök-bakja, miwe önümleri bilen birlikde, ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde gazanan ýokary netijesi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 12-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.

Altyn çäjiň hümmeti

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ak bugdaýyň barandygy hakdaky habar gulaklara buşluk bolup degende, ýandepderçämi täzeden açanymy duýman galdym. Göz öňüme barlan ýerler, tyllaýy don geýdirilene meňzeş bugdaýzarlyklar, «Arma!» aýdyşylan elleri gabarçakly daýhanlar, her hoşasy gysymyňy doldurjak ak ekinli atyzlarda bir gezek öwrüm edenden, bunkeri dolýan «CLAAS», «JOHN DEERE» kombaýnlary, galla kabul ediş bazasyna tarap hatar gurap barýan üsti däneli ýük ulaglary... geldi.

«Tolkun atan rysgal ummany, bugdaý!»

Ýurdumyzyň gallaçy daýhanlarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda boýun alan borçnamalaryna abraý bilen hötde gelendikleri baradaky hoş habar tutuş ilimize buşluk habary bolup ýaýrady. Watan harmanyna ýygnalan galla hasylynyň möçberi 1 million 400 müň tonnadan geçdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemlände, 2024-nji ýylyň alty aýynyň dowamynda pudaklar boýunça gazanylan ösüş depginlerini kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli berjaý edilýändiginiň subutnamasy hökmünde kanagatlanma bilen belledi. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan ýeňşiniň hem oba hojalygyny iň bir girdejili pudaga öwürmek babatdaky oýlanyşykly döwlet syýasatynyň miweleridigi nygtaldy.

Gowaçalar gülleýär

Ýerden iki gulak bolup çykan gowaçany ösdürip ýetişdiren daýhanyň bir-ä onuň ilkinji gülüne gözi düşende, birem ilkinji açylan ak hanany görende begenji gursagyna sygmaýar. Ine, şeýle şatlykly pursatlaryň birini eýýäm başyndan geçiren daýhanyň bu ýylyň hasylynyň bereketli boljakdygyna ynamy uly. Akly-gyzylly güllere beslenen gowaçanyň ýagdaýy onuň bol hasyl getirjekdigini buşlaýar. Muňa şu ýyl 974 gektar meýdana gowaçanyň «S-2606» sortuny eken Saýat etrabynyň «Çekiç» daýhan birleşiginiň gaýratly ekerançylary-da gowy düşünýärler. Ýeri uzak möhletleýin kärendesine alan daýhanlar bu ugurdan görelde bolmagy-da başarýarlar. Azat Ýaňybaýew, Humar Hangeldiýewa ýaly tejribeli kärendeçiler hemişe özara pikir alşyp durýarlar. Olar gowaçalaryň hatararalaryny bejerýän mehanizatorlar bilen düşünişip, kultiwatoryň kadaly çuňlukda ýeri ýumşatmagyny gazanýarlar. Onsoň, mehanizator bilen daýhanyň yhlasy birleşip, ýerden göwün diýen hasylyňa garaşmaga şert döreýär.

Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi baradaky hasabaty kabul etdi

Aşgabat, 12-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. “Oguz han” köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy. Dabarada milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan beýik özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler n

Daýhan mert — ýer jomart

Ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak babatda öňde goýlan maksatlara ýetmegi gaýragoýulmasyz wezipe hasaplaýan Mary welaýatynyň gallaçylary hem arzyly pellehana ýetdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň oba hojalykçylar üçin döredip berýän iş we durmuş şertlerinden ruhlanyp, bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekdiler. Welaýatyň edermen gallaçylary bereketli bugdaý hasylyny ýetişdirmek üçin ýylyň bütin dowamynda ýadawsyz zähmet çekdiler. Daýhançylykda toplanan baý iş tejribeleriniň ylymda gazanylan üstünlikler bilen utgaşdyrylyp alnyp barylmagy, howa, toprak şertlerimize uýgunlaşan, bol hasyl berýän bugdaý sortlarynyň ekilmegi, dökün, suw bilen bolelin üpjün edilmegi, dürli kesellere we haşal otlara garşy çäreleriň aýny wagtynda geçirilmegi welaýatyň daýhanlaryna arzyly pellehana ýetmäge hem-de döwlet tabşyrygyny doly berjaý etmäge mümkinçilik berdi. Taýýarlanan iş meýilnamasyna laýyklykda, welaýat häkimligi we «Marygallaönümleri» önümçilik birleşigi tarapyndan işler sazlaşykly guraldy. Galla oragynda iş öndürijiligi ýokary bolan kuwwatly däne orýan kombaýnlaryň 370-den gowragynyň iki iş çalşygynda öndürijilikli işledilmegi, ýygnalyp alnan hasyly kabul ediş nokatlaryna we ammarlara bökdençsiz daşamak üç

Nygmatlaryň seresi

Watanymyzyň galla harmany «Bugdaýly il — barly il» diýen pähimi ýatladýar. Şu günler demirgazyk welaýatyň etraplaryndaky döwrebap elewatorly galla kärhanalarynyň ýörite bölümlerinde, «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çörek kärhanasynda täze hasylyň ýokary görnüşli unundan çörek we çörek önümleri öndürilip başlandy. Ýokumy, tagamy bilen tapawutlanýan bu önümler berekediň nyşany bolup, göwünleri göterýär. Önümçilik kuwwaty has ýokary bolan welaýat merkezindäki çörek kärhanasy şäher ilatyny bu azyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün edýär. Düýpli abatlanylan, iş bölümleriniň ählisine häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologik enjamlar ornaşdyrylan kärhana azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýar. Bu ýerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen alty aýynda 5 million 289 müň manatlyk önüm öndürilip, göz öňünde tutulan meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Täze hasylyň ak unundan taýýarlanýan «Guşluk» hem «Daşoguz» batonlary, «Höwesli» bulkasy, «Demirgazyk» ak kökesi şäher ilaty tarapyndan uly isleg bilen kabul edildi. Häzirki wagtda kärhanada önümleriň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär.

Daýhan yhlasly — toprak bereketli

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň we ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Hususan-da, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleri döwlet Baştutanymyzyň oba zähmetkeşleri üçin döredýän amatly şertlerinden ruhlanan ýurdumyzyň günbatar hem-de demirgazyk sebitleriniň daýhanlarynyň Watan harmanyna bugdaýyň bereketli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habarlary aýtdylar, Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin sebitleriň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdiler. Hormatly Prezidentimi

Galla — halkyň baýlygy

Ata-babalarymyz: «Gallam bar — tyllam bar» diýipdirler. Çünki galla bolçulygy rysgal-berekediň, döwletliligiň nyşany hasaplanylýar. Şu jähetden, edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen şu ýylymyzda hem ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Türkmen halkynyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetini esaslandyryjylaryň biridigi bellärliklidir. Munuň şeýledigini köp sanly arheologik barlaglaryň netijeleri hem tassyklaýar. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda topragy özleşdirmegiň baý tejribesine esaslanyp, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiripdir. Çörege ähli döwürlerde-de mukaddeslik hökmünde garalyp, ol bolçulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanypdyr. Şu jähetden, şu ýyl ilkinjileriň hatarynda Balkan welaýatynyň zähmetkeşleriniň hem-de 270 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyrmak bilen, Daşoguz welaýatynyň gallaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri örän guwandyryjydyr. Şeýle hem Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň, 310 müň we 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri zähmet edermenligidir. Çünki at

Daýhan baýasa, ýurt galkynýar

«Ýeriňi güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür», «Ir eken utar» ýaly pähimlerden ugur alýan halkymyzyň edermen gallaçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla möwsümini üstünlikli jemlemek bilen, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň berkemegine mynasyp goşant goşdular. Daýhanlara döredilip berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanyp, hasylyň satyn alynýan bahasynyň ýokarlandyrylmagyndan ruhlanan hasyl ussatlarymyz pellehana abraý bilen ýetdiler. Tehniki enjamlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlardyr himiki serişdeler bilen üpjün edilip, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilip, daýhanyň halal zähmeti bilen baýamagyna ähli şertler döredilýär. Berilýän ýeňillikli karzlar daýhanlarymyzyň halal zähmet çekmäge höwesini artdyryp, ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň kömekdir goldawlary, döredýän şert-mümkinçilikleri esasynda Balkan, Daşoguz, Ahal, Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň zähmetkeşleri zähmet ýeňşiniň eýesi boldular. Olaryň gazanan üstünligine halkymyz guwanýar. Galla oragynda kerweniň başyny Balkan welaýatynyň edermen oba

Umumy üstünlige goşant

Ahal welaýatynyň gallaçylarynyň bugdaý taýýarlamakda gazanan zähmet üstünliginde Gökdepe etrabymyzyň gallaçylarynyň saldamly goşandygynyň bolmagy bizi diýseň begendirýär. Etrabymyzyň gallaçylary ak bugdaýyň 20 müň 100 tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrdylar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ajaýyp günlerinde etrabymyzyň gallaçylarynyň arzyly pellehana ilkinjileriň hatarynda gelmeginde «Yzgant», «Ýandaklyagyz», «Gökdepe», «Ahal» daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleriniň paýy uludyr. Bu hojalyklar oragyň ilkinji günlerinde tabşyryklaryny berjaý etdiler.

Welaýatymyzyň gallaçylarynyň ajaýyp zähmet üstünligi

Galla — halkyň rysgaly, baýlygy. Her bir maşgala ojagynyň saçagynyň berekedi. Şoňa görä hem il-günümiz bugdaýy uly iliň soltany hasaplaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygynyň gallaçylyk pudagyna aýratyn üns berilýär. Edilýän aladalaryň netijesinde zähmetsöýer kärendeçiler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bereketli galla hasylyny kemala getirdiler. Welaýatymyzyň edermen gallaçy kärendeçileri yhlasly zähmeti bilen kesewiňi dürtseň gögerýän bereketli topragymyzdan 345 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýy ýygnap, şu ýyl üçin bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Agzybirligiň bar ýerinde ýetilmejek sepgidiň ýokdugyna oňat düşünýän welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleri yhlasly zähmet bilen ýetişdirilen gallany bir dänesini hem isrip etmän ýygnamak işinde tutanýerli zähmet çekýärler.

Mary welaýatynyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi

Mary welaýatynyň gallaçylary Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň gije-gündiz işledilmegi netijeli galla oragynyň ýokary depginde alnyp barylmagyna ýardam berdi. Bu zähmet ýeňşi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda edýän yzygiderli aladalarynyň, ekerançylaryň mynasyp zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, daýhanlar döwletimiz tarapyndan tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Tabşyrylan önüm üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bularyň ählisi oba hojalyk işlerinde ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär.

Yhlasa — myrat

Bereketli Ahal ýaýlasynyň edermen daýhanlary güýzlük däne ýetişdirilen 195 müň gektar meýdandan dokmaňyz ak bugdaýyň 400 müň tonnadan gowragyny ýetişdirip, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý etdiler. Gallaçylaryň gazanan ajaýyp zähmet üstünligi durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň oňyn netijesiniň özboluşly dabaralanmasy boldy. Dänäniň döwlet satyn alyş bahasynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlara has yhlasly zähmet çekip, ýokary hasyl ýetişdirmäge itergi berdi. Watan harmanyna ak bugdaýyň 20 müň 100 tonnadan gowragyny goşup, tabşyryga ilkinjileriň hatarynda hötde gelen Gökdepe etrabynyň gallaçylarynyň adyna öwgüli sözleri aýtmak bolar. Olar 10 müň 100 gektarda ýetişdirilen hasyly soňky dänesine çenli ýygnap, sürüm işlerine irki möhletde girişmegi başardylar.

Watan harmanyna mynasyp goşant

Türkmen hemişe-de desterhanynda mele-myssyk nanynyň bolmagyny döwletlilik hasaplan halk. Belent bagta, bedew batly galkynyşa beslenen döwrümizde desterhanlarymyz hemişe çörekli. Guşgursak bugdaýymyzdan ýetişdirilen hasyl saçaklarymyza-da, ojaklarymyza-da rysgal-bereket bolup dolýar. Şu günler ýurdumyzyň welaýatlaryndan yzly-yzyna gelip gowuşýan hoş habarlardan mälim bolşy ýaly, gündogar sebitde-de galla oragy üstünlikli geçirilip, lebaply daýhanlar 130 müň gektar ýerden guşgursak bugdaýyň 310 müň tonnadan gowragyny öndürdiler. Agzybirlik bilen gazanylan zähmet ýeňşi gallaçylaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna mynasyp sowgady boldy.

Daýhanyň daýhan gyzy

(Zarisowka) Öz döwründe päk zähmeti bilen adygan Meret brigadiri diňe bir «Gökdepe» daýhan birleşiginde däl, Baýramaly etrabynda-da tanamaýan az-az eken. Daýhan birleşikde oba hojalygy bilen bagly geçirilýän ýygnaklarda haýsy-da bolsa bir mesele ýüze çyksa, häli-häzirlerem: «Häk, Meret brigadir bolanlygynda, «çöp döwen ýaly» ederdi» diýilýändigi hem ýöne ýerden däl. Gahrymanymyz Nurgözel gelneje-de şol atly brigadir Meret Ataýewiň gyzy. Ömrüni daýhançylyga bagyş edip, daýhan birleşikde 30 ýyldan gowrak brigadir bolup işlän Meret aga öz kesbi-kärini gyzyna-da kemsiz öwredipdir.

Türkmenistan — ak bugdaýyň mekany

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan netijeli işler täze üstünlikler bilen ilerleýär. Ak bugdaýyň gadymy mekanynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhanlarymyzyň ekerançylyk medeniýetiniň häzirki zaman tejribeleri — sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp ýetişdiren bol galla hasyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbidir.