Türkmen obasy galkynýar
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly kuwwatyny doly peýdalanmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin önümçilige täzeçil usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmagy ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň öňünde wezipe edip goýýar. Öňde goýlan belent wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa derejesini pugtalandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler yzygiderli geçirilýär. Geçirilýän agrar özgertmeleriň netijesinde Diýarymyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär, oba hojalyk önümleriniň belli bir bölegi daşary ýurtlara iberilýär. Ýurdumyzda oba özgertmeleri tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Onuň dowam edýän häzirki tapgyrynda obasenagat toplumyny ösdürmäge, oba hojalyk ugurly ulgamlary döretmäge aýratyn üns berilýär. Döwlet derejesinde berilýän uly ünsüň netijesinde däneçilik, pagtaçylyk, gök-bakjaçylyk, miweçilik, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryna telekeçilik, hususyýetçilik giňden ornaşdyrylýar. Şeýle-de, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, gaýtadan işleýiş we hyzmat ediş düz