"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Kosmos sy­ýa­hat­çylygy ösdüriler

Ro­bot tak­si­si­ni ulan­ma­ga be­rer

Ko­re­ýa­ Respublikasynyň öň­de­ba­ry­jy aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si «Hy­un­dai» kom­pa­ni­ýa­sy «Ioniq 5» ulag mo­de­li­ni ro­bot tak­si­si­ne öw­rüp, ony ulan­ma­ga ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ugur­da­ky il­kin­ji ula­gy­ny 2023-nji ýyl­da müş­de­ri­le­re hö­dür­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da aw­to­nom ulag teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ös­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny ep-es­li art­dy. Ýo­lag­çy­la­ra do­ly öz­baş­dak hyz­mat ed­ýän ro­bot tak­si­le­ri kä­bir ýurt­lar­da, esa­san hem Hy­taý­da hyz­mat edip baş­la­dy.

Tehnologik ösüş — bäsdeşlige ukyplylygyň şerti

Häzirki döwürde ýurdumyz örän uly tehnologik ösüşi başdan geçirýär. Munuň özi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonda öňdebaryjy düzüm böleklere ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda, ýerlerdäki işleriň kompýuterleşdirilmeginde iň oňat dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan we üstünlikli durmuşa geçirýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzyň tehnologik taýdan durnukly ösüşiniň möhüm guralydyr. Şeýlelikde, ýerli serişdeler we önümçilik kuwwatlyklary esasynda ykdysady ösüş yzygiderli ilerledilýär. Ähli pudaklara häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň

Sanly ykdysadyýet:

çyzykly şertli belginiň mümkinçilikleri Sanly tehnologiýalar bize birnäçe sagatlyk işi gysga wagtda, ýokary hil derejede amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy görkezijileri bolan döwrebap tehnologiýalar her bir ädimde gabat gelýär.

«Xiaomi» kompaniýasy elektrokarlaryň önümçiligine badalga berdi

Hytaýyň smartfon öndürýän «Xiaomi» kompaniýasy elektrik hereketlendirijide işleýän awtoulaglar kärhanasynyň resminama işlerini tamamlady. Kompaniýanyň kärhanadaky wekili wezipesine «Xiaomi»-niň direktorlar geňeşiniň başlygy Lei Jun bellenildi. Täze kärhananyň ygtyýarly maýasy, takmynan, ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryna deň boldy. Öňümizdäki on ýylda bolsa bu görkezijiniň ABŞ-nyň 10 milliard dollary möçberinde bolmagyna garaşylýar. Maglumat üçin, ýakyn geljekde «Xiaomi» kompaniýasy awtoulaglara niýetlenilen öz-özüni dolandyrmak tehnologiýalaryny işläp düzýän ýörite bölümçesini işe goýberer.

«Google» kompýuterler üçin prosessor öndürer

«Google» noutbuklary, planşetleri üçin öz prosessorlarynyň önümçiligini ýola goýar. ABŞ-nyň internet ägirdi «Chrome OS» operasiýalar ulgamynda işleýän prosessorlaryny 2023-nji ýyldan başlap öndürmegi meýilleşdirýär. Bilermenler «Google»-yň öz prosessorlaryny işläp düzmeklige berýän ünsüni, bäsdeşleriniň bu ulgamda uly işleri durmuşa geçirmäge başlandyklary bilen baglaýarlar. Hususan-da, «Amazon», «Facebook», «Microsoft», «Tesla», «Baidu», «Alibaba Group Holding» ýaly ägirt kompaniýalar internet hyzmatlaryny we elektron önümlerini goldamak üçin öz prosessorlaryny işläp düzdüler we olaryň önümçiligini ýola goýdular.

«Windows 11» operasion ulgamy tölegsiz bolar

«Microsoft» korporasiýasy oktýabr aýynyň 5-inden başlap müşderilerine öý kompýuterleri üçin, operasion ulgamynyň täze «Windows 11» görnüşini tölegsiz hödürläp başlar. Ýöne muňa garamazdan, 1985-nji ýylda ilkinji gezek ulanylyşa goýberilen «Windows» operasion ulgamy «Microsoft» korporasiýasynyň esasy girdeji bölegi bolmagynda galar. Ýeri gelende, şu ýylyň ikinji çärýeginde «Windows» operasion ulgamynyň ABŞ-nyň 6,6 milliard dollary möçberinde girdeji getirendigini bellemelidiris. Bu görkeziji korporasiýanyň umumy girdejisiniň 14%-ine deňdir. Korporasiýanyň degişli hünärmenleriniň aýtmagyna görä, «Windows 11»-iň üstünlikli işe goýberilmegi «Microsoft»-yň «Azure» hem-de «Office» ýaly beýleki bölümçeleriniň ösmegine uly goldaw bolar.

«Amazon» 55 müňe golaý adamy işe kabul eder

Ýakyn wagtda «Amazon» kompaniýasy dünýädäki korporatiw we tehnologiýa wezipelerine 55 000 adamy işe alar. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Endi Jessi mälim etdi. Jessiniň aýtmagyna görä, «Amazon» kompaniýasy häzirki wagtda bölek satuw, mahabat we beýleki pudaklarda müşderileriniň islegini kanagatlandyrmak üçin, degişli hünärmenlere mätäçlik çekýär. Şeýle-de giň zolakly internete girişi giňeltmek üçin, hemralary Älem giňişligine ornaşdyrmak meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin täze işgärleriň zerurdygyny aýtdy. Geçen hepdäniň çarşenbe güni «Amazon» kompaniýasynyň paýnamalary 0,24% gymmatlap, ABŞ-nyň 3,479 dollaryndan satyldy. Bazarlarda bolsa kompaniýanyň paýnamalary 0,29% ýokarlandy.

«Tesla»-nyň «Roadster»-i ýene bir ýyldan öndürilip başlanar

«Tesla» kompaniýasynyň direktory Ilon Mask geçen hepdäniň çarşenbe güni «Roadster» sport awtoulagynyň global üpjünçilik zynjyryndaky ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, önümçiliginiň ýene bir ýyl yza süýşürilendigini aýtdy. Amerikaly işewür ýanwar aýynda «Roadster»-iň 2022-nji ýylyň tomus aýlarynda satuwa çykaryljakdygy barada habar beripdi. Ýeri gelende aýtsak, soňky döwürde ýüze çykan çip ýetmezçiligi «Ford Motor», «Honda Motor», «General Motors», «Volkswagen» ýaly dünýäniň iň öňdebaryjy awtoulag öndürijileriniň önümçilik kuwwatlyklaryna hem öz täsirini ýetirdi.

Täze ösüşlere tarap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatlary esasynda, gazanylýan üstünlikler ýaşlar syýasatynda hem öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz döwletiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlar barada öňdengörüjilikli döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Bu syýasat ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri üçin zerur bolan şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimizi dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda hem-de bu ugurlar boýunça kämil hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlara döwrebap hünär bilimini bermekde uly işler amala aşyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde belent sepgitlere eýe bolan pudaklaryň biri-de himiýa senagaty we himiýa ylmy bolup, bu ugurda ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirilmäge uly üns gönükdirilýär. Watanymyz dürli tebigy baýlyklara: organiki we organiki däl maddalara, minerallara, uglewodorod serişdelerine baý ülkedir. Bu baýlyklaryň esasyny düzýän maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemek, alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly ö

Sanly ulgam — Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmeginiň möhüm şerti

Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şertidir. Bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin konsepsiýa durmuşa geçirilýär. Bu konsepsiýa kabul edilen döwlet maksatnamalary hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen utgaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek maksady bilen degişli Pudagara topar döredildi.

Ýa­po­ni­ýa­nyň meş­hur ro­bot­la­ry

Ýa­po­ni­ýa se­na­gat, yk­dy­sa­dy­ýet we teh­no­lo­gi­ýa taý­dan ösen ýurt­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýurt­da dür­li ugur­la­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ro­bot­la­ryň en­çe­me­si­ne duş gel­mek müm­kin. Şeý­le ro­bot­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­ýä­ris: Hos­pi. Bu ro­bot «Pa­na­so­nic» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2004-nji ýyl­da ön­dü­ril­di. Ol öň ta­ra­pyn­da ýer­leş­di­ri­len kar­ta­laş­dy­ryş mag­lu­mat­la­ry ar­ka­ly öz­baş­dak he­re­ket et­mä­ge ukyp­ly­dyr. Has­sa­ha­na­lar­da be­jer­gi al­ýan has­sa­la­ra ýar­dam ber­ýän, ola­ry bar­ma­ly ýe­ri­ne äkid­ýän, baş­ga-da bir­nä­çe hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­ýan bu ro­bo­tyň tä­ze nus­ga­sy 2013-nji ýyl­da köp­çü­li­ge ýe­ti­ril­di we uly meş­hur­lyk ga­zan­dy.

In­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny artýar

Ýer ýü­zün­de 4,8 mil­liard iş­jeň in­ter­net ula­ny­jy­sy­nyň bar­dy­gy mä­lim edil­di. Bu gör­ke­zi­ji dün­ýä ila­ty­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ula­ny­jy­la­ryň 92 gö­te­ri­mi in­ter­ne­te mo­bil en­jam­lar ar­ka­ly bi­rig­ýär­ler. Ula­ny­jy­la­ryň sa­ny soň­ky bir ýyl­da 257 mil­li­on kö­pe­lip­dir. Hä­zir­ki wagt­da in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny her ýyl­da 5,7 gö­te­rim art­ýar. De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ara­gat­na­şy­gyň ösen gör­nü­şi ila­tyň 96 gö­te­ri­mi üçin el­ýe­ter­li bo­lup, bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ilat sa­ny­na gö­rä in­ter­ne­tiň el­ýe­ter­li­li­gi­nde Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Da­ni­ýa we Şwe­si­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. In­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň umu­my sa­ny göz öňün­de tu­tu­lan­da Azi­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bu yk­lym­da 2,5 mil­liard adam in­ter­net­den iş­jeň peý­da­lan­ýar. Ikin­ji ýer­de Ýew­ro­pa yk­ly­my bo­lup, se­bit­dä­ki ula­ny­jy­la­ryň sa­ny bol­sa 728 mil­lio­na ýet­ýär.

Aw­tou­lag ön­dü­rer

Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry dür­li mak­sat­lar bi­len aw­tou­lag ön­dür­ýär. Şeý­le kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan «Xiao­mi» aw­tou­lag ön­dür­mek üçin «Xiao­mi Au­to­mo­bi­le Co. Ltd.» at­ly kom­pa­ni­ýa dö­ret­di. Bu kom­pa­ni­ýa­da 300 adam zäh­met çe­ker. «Xiao­mi» tä­ze kom­pa­ni­ýa­nyň res­mi ýag­daý­da esas­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny, söw­da mak­sat­ly we se­na­gat üçin ha­sa­ba al­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Tä­ze kom­pa­ni­ýa üçin 10 mil­liard ýu­an (155 mil­li­on dol­lar) bö­lü­nip be­ril­di. Kom­pa­ni­ýa do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ula­gyň önüm­çi­li­gi­ni gys­ga wagt­da ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bi­ler­men­ler bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk edip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, hy­taý bren­di di­ňe mo­bil en­jam­la­ry däl, eý­sem, dür­li elekt­ron en­jam­la­ry, sa­mo­kat, we­lo­si­ped ýa­ly ýe­ňil ulag­la­ry hem ön­dür­ýär.

Sanly tehnologiýa — medeniýet ulgamynda

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň geljekki ösüşini kesgitleýji durmuş-ykdysady maksatnamalar yzygiderli kabul edilýär. Şolaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasydyr». Bu Konsepsiýa laýyklykda häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlara sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda özgertmeler durmuşa geçirilýär. Konsepsiýa ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksadyny, wezipesini we esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, olary üç tapgyrda durmuşa geçirmeklik meýilleşdirildi. Häzirki wagtda bu Konsepsiýanyň ikinji tapgyry amala aşyrylýar. Bu tapgyr 2020—2023-nji ýyllary öz içine almak bilen, degişli döwürde ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär.

Elektron resminama dolanyşygy we döwrebap ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli ugurdyr pudaklaryny mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdürmek, halkara gatnaşyklary hil taýdan täze, has ýokary derejä çykarmak, olary barha ilerletmegiň berk kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we dünýä ülňülerine doly laýyk getirmek, durmuş taýdan ösen kämil jemgyýeti gurmak boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Islendik döwletiň esasy alada-tagallalarynyň biri milli ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Çünki ykdysadyýetiň ösmegi ýurduň içerki we daşarky meseleleriniň köpüsini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki zaman dünýäsinde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň hem baý tejribesi toplandy. Dünýä döwletlerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda hem ykdysadyýeti ösdürmekde sanly usullara daýanylmagy özüniň oňyn netijesini berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Karara gol çekip, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady.

«Ford» kompaniýasy pikaplaryň önümçiligini ýokarlandyrýar

«Ford Motor» kompaniýasy soňky wagtda müşderilerden gelýän talaplaryň artýandygyny nazarda tutup, 2022-nji ýylda önümçilige goýberilmeli elektrik hereketlendirijide işleýän ýük göterýän ýeňil awtoulagynyň (pikabynyň) önümçiligini iki esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Has dogrusy, «Ford Motor» kompaniýasy 2024-nji ýylda 80 müňden gowrak awtoulag öndürmegi maksat edinýär. Kompaniýanyň degişli hünärmenleriniň aýtmagyna görä, bu maksat üçin «Ford Motor» goşmaça ABŞ-nyň 850 million dollary möçberinde pul serişdesini sarp eder.

San-Fransiskoda sürüjisiz taksiler öz işine başlady

Sürüjisiz ulaglary öndürýän «Waymo» kompaniýasy San-Fransiskoda täze sürüjisiz taksi taslamasyny ýola goýdy. Indi şäheriň ýaşaýjylary elektrik hereketlendirijide işleýän «Jaguar I-PACE» ýeňil awtoulagynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Häzirlikçe synag tertibinde hereket edýän meýilnamadan şäheriň ýaşaýjylary «Waymo One» programmasyny internete bagly bolan enjamlaryna ýükläp, peýdalanyp bilerler. Ýolagçy bu programma arkaly öz salgysyny ýazyp, taksi çagyryp biler. Awtoulagyň içinde ýolda bolup geçýän wakalary görkezýän ýörite ekran hem-de taksini islän ýeriňde saklamak üçin düwme ornaşdyrylypdyr.

«Samsung» täze meýilnamasy üçin ABŞ-nyň 205 milliard dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär

«Samsung» kompaniýasy geljek üç ýylda önümçiligini, şol sanda 40 000 adam işe almak bilen bilelikde, ABŞ-nyň 205 milliard dollary möçberine çenli maýa goýum goýmak meýilnamasyny işläp düzdi. Bu meýilnama maýa goýum babatda kompaniýanyň öň yglan eden 2030-njy ýyla çenli ýarymgeçirijileri öndürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýa ABŞ-nyň 151 milliard dollary möçberinde maýa goýmak maksatnamasyny hem öz içine alýar. Maýa goýumlar telekommunikasiýa, robot önümçiliginde ylmy-barlag we işläp-taýýarlama işlerine, şeýle hem zerur enjamlary satyn almaga gönükdirilendir.

Tim Kuk «Apple» korporasiýasynyň 5 million paýnamasyny satyn aldy

«Amerikanyň «Apple» korporasiýasynyň başlygy Tim Kuk geçen hepdäniň penşenbe güni «Apple» tarapyndan çap edilen «SEC» resminamasyna görä, ABŞ-nyň 750 million dollaryna kompaniýanyň 5 million paýnamasyny satyn aldy. «CNBC»-niň habaryna görä, munuň özi, paýdarlar jemgyýetiniň üstünlikli işlemegi üçin, onuň alyp biljek iň soňky baýragydyr. Tim Kuk 2011-nji ýylda baş direktorlyk wezipesine girişeni bäri «Apple» korporasiýasynyň paýnamalary 1200%-den gowrak artdy. Ýeri gelende bellesek, geçen hepdäniň penşenbe günündäki birža söwdalarynda korporasiýanyň paýnamalary 0,55% arzanlap, ABŞ-nyň 147,54 dollaryndan satyldy.