"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Magnit rezonans tomografyň gurluşy

Hormatly Prezidentimiziň goldamagy bilen ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamy dünýäniň iň ösen enjamlary bilen üpjün edilen.  Şolaryň hatarynda hem keselleri anyklaýjy magnit rezonans tomografy giňden ulanylýar. Bu enjam baradady gysgajyk maglumaty size ýetirmegi makul bildik. Tomografyň düzümine magnit, radioýygylykly we gradiýent tegekleri, radioimpulslaryň generatory, sowadyjy ulgam, hasaplaýyş gurluşy we beýlekiler girýärler. Magnit rezonans tomografyň işleýiş prinsipi adamyň bedeniniň öýjükleriniň suwunyň molekulalarynyň düzümindäki wodorodyň ýadrolaryna kesgitlenen ýygylykly elektromagnit meýdanynyň täsirinden ybarat. Wodorodyň ýadrolaryna elektromagnit tolkun goýberilende ýadrolar energiýany siňdirip giňişlikde öwrülýärler we gysga wagtyň dowamynda energiýany elektromagnit tolkun görnüşde çykaryp başdaky ýagdaýlaryna gelýärler. Ýadrolardan goýberilen tolkunlary tomograf kabul edýär. Bedeniň öýjükleriniň suwunyň mukdaryna baglylykda enjamyň kabul edýän tolkunlary hem tapawutlanýarlar. Ekranda olar dürli reňklerde görünýärler.

Köp mak­sat­ly uç­ýan en­jam

  Teh­no­lo­gi­ýa­nyň bar­ha kä­mil­leş­ýän döw­rün­de döw­re­bap uçar­lar di­ňe ýo­lag­çy gat­nat­mak üçin däl, eý­sem, baş­ga-da dür­li mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ýar. Adaty uçar­lar adam ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ýan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan dür­li ulu­lyk­da­ky uç­ýan en­jam­lar hem az däl. O di­ýen uly bol­ma­dyk uç­ýan en­jam­la­ra dron di­ýil­ýär. Bu en­jam­lar, esa­san, gu­şu­çar be­lent­lik­den Ýer ýü­zü­niň su­ra­ty­ny al­mak, ýol he­re­ke­ti­ni ka­da­laş­dyr­mak, ki­çi göw­rüm­li ha­ryt­la­ry da­şa­mak, oba ho­ja­ly­gyn­da ekin ek­mek ýa-da der­man sep­mek ýa­ly iş­ler­de peý­da­la­nyl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa bu en­jam­lar gi­je­si­ne dür­li yşyk­ly şü­we­leň­le­ri gur­a­mak üçin hem ula­ny­lyp baş­lan­dy. Şeý­le dron­lar ýö­ri­te komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ry ar­ka­ly öza­ra «dü­şü­ni­şip», saz­la­şyk­ly iş­le­ýär­ler. Ma­ha­bat, tä­ze ha­ry­dyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy ýa-da bel­li se­ne­le­rde we baý­ram­çy­lyk­lar­da dür­li şü­we­leň­le­ri ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len hem ula­nyl­ýan bu en­jam­lar eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­syn­da iş­le­ýär. A

Ro­bot it iş­lenip düzül­di

Hy­taý­ly in­že­ner­ler bö­küp, yl­gap we duý­gu­la­ry­ny disp­leý ar­ka­ly be­ýan edip bil­ýän ro­bot gü­jük iş­läp düz­dü­ler. «Mi­ni Pup­per» at­ly ro­bot ki­çi­räk ýük­le­ri da­şa­ma­gy, GPS ul­ga­my ar­ka­ly ge­ze­lenç et­me­gi we ýol­da­ky päs­gel­çi­lik­ler­den geç­me­gi ba­şar­ýar. Bu ro­bot «Bos­ton Dy­na­mics» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ro­bot itin­den ar­zan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň uzyn­ly­gy 209 mil­li­metr, ini 109 mil­li­metr, be­ýik­li­gi 165 mil­li­metr, ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 560 gram­dyr. «Bos­ton Dy­na­mics»-iň ro­boty önümçilik kärhanalarynda işlemäge ukyp­ly bo­lup, ba­ha­sy 75 müň dol­lara barabar. Güýmenje maksatly çykarylan «Mi­ni Pup­per»-iň bahasy bol­sa 589 dol­lar. Ra­hym HAN­DÖW­LE­TOW,S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.

Ýaşyl tehnologiýalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalaryň hatary günsaýyn artýar. Şular bilen birlikde, şäheriň daş-töweregi ýaşyl tokaýlyga öwrüldi. Çagalar meýdançalary abadanlaşdyryldy, raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin seýilgähler döredildi. Bularyň özi bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bagtyýarlyk ýoluna düşen halkymyzyň her bir gününiň ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýändigini alamatlandyrýar. Dünýä ýüzünde daşky gurşawy arassa saklamak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygy ýaly gaýragoýulmasyz meselelere uly üns berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda gurlan we gurulýan ekologiýa taýdan arassa senagat we jemagat desgalary, täze-täze önümçilik toplumlarynyň binalary «ýaşyl» tehnologiýalaryň talaplarynda gurlup, ulanylmaga berilýär.

Ykjam telefonlary dogry ulanyň!

Ykjam telefonlar durmuşymyzda giňden ulanylýar. Olar gyssagly habarlary hiç ýere gitmezden çalt ýetirmäge ýakynda we uzakda ýaşaýan dogan-garyndaşlaryň, tanyşlaryň bilen yzygiderli habarlaşyp durmaga mümkinçilik berýär. Muňa garamazdan, el telefonlarynyň aşa köp we nädogry ulanylmagynyň saglyga zyýan ýetirip bilýändigi ylmy maglumatlar arkaly tassyklanandyr. Käbir düzgünler gyşarnyksyz berjaý edilende öýjükli telefonyň bedene zyýanly täsirini azaltmak mümkindir:

«Ford Motor» kompaniýasy 4 sany zawod gurar

«Ford Motor» awtoulag kompaniýasy ABŞ-da umumy bahasy ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna barabar bolan üç sany kuwwatlandyryjy öndürýän zawod gurmagy meýilleşdirýär. Zawodlaryň biri Tennesi ştatynda, beýleki ikisi bolsa Kentukki ştatynda bina ediler. Akkumulýatorlary öndürmekde «Ford Motor» kompaniýasynyň hyzmatdaşy bolup Koreýa Respublikasynyň batareýa öndüriji «SK Innovation» kompaniýasy çykyş eder. Ol goşmaça ABŞ-nyň 4,4 milliard dollary möçberinde maýa goýum goýar. Şeýlelikde, maýa goýumyň umumy möçberi ABŞ-nyň 11,4 milliard dollaryna barabar bolar. Zawodlaryň dördünjisi «F-Series» elektrik pikaplaryny öndürer. Bu zawodlary 2025-nji ýylda işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ýeri gelende aýtsak, elektrikleşdirmek meýilnamasynyň çäginde «Ford Motor» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli ABŞ-nyň 30 milliard dollaryny harçlar.

Ilon Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy

«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň ýolbaşçysy, amerikaly işewür Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň birinjiligini eýeledi. Bu barada geçen hepde «Forbes» žurnaly çap etdi. Neşiriň maglumatlaryna laýyklykda, Maskyň emlägi ABŞ-nyň 203,4 milliard dollaryna barabar boldy. Sanawyň ikinji basgançagynda ABŞ-nyň 197 milliard dollary bilen «Amazon» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos ornaşdy. Ilkinji üçlügi bolsa Fransiýanyň «Louis Vuitton Moet Hennessy» kompaniýalar toplumynyň direktory Bernar Arno jemledi. Onuň baýlygy «Forbes» neşiri tarapyndan ABŞ-nyň 174,9 milliard dollary möçberinde bahalanýar.

Syýahatçylaryň Äleme ikinji uçuşynyň wagty kesgitlendi

Amerikanyň «Blue Origin» hususy kompaniýasy «New Shepard» raketasynda dört syýahatçynyň täze suborbital uçuşyny yglan etdi. Uçuş şu ýylyň 12-nji oktýabrynda amala aşyrylar. Älem gämisinde dört adam uçar. Olaryň biri «Nasa»-nyň öňki inženeri we «Planet Labs»-yň esaslandyryjysy Kris Oşuaýzen, ikinjisi «Dassault Systemes» kompaniýasynda saglygy goraýyş departamentiniň başlygynyň orunbasary we «Medidata» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Glen de Wri bolar. Ekipažyň beýleki ikisiniň atlary uçuşyň öňýany yglan ediler. Maglumat üçin, öňki uçuş şu ýylyň 20-nji iýulynda amala aşyrylypdy, oňa dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Jeff Bezos hem gatnaşypdy.

Sanly ulgam — ösüşiň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek ugrunda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrmak durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär. Tehniki we tehnologik döwrebaplaşdyrma, özgertmeleriň, hususan-da, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetli ugrudyr. Muňa mysal hökmünde telematiki sanly

Robot balyk

Deňizde ýa­şa­ýan jan­dar­la­ry öw­ren­mek hä­zir­ki döw­rüň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na ga­ra­maz­dan, he­ni­zem kyn iş. Bu me­se­lä­ni ýe­ňil­leş­dir­mek is­le­ýän hünärmen­ler tä­ze tas­la­ma­la­ry iş­läp düz­ýär­ler. Mas­sa­çu­sets Teh­no­lo­gi­ýa Ins­ti­tu­ty­nyň (MIT) In­for­ma­ti­ka we eme­li in­tel­lekt la­bo­ra­to­ri­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri de­ňiz gur­şa­wy­ny has ýa­kyn­dan öw­ren­mek üçin si­li­kon kau­çuk­dan we uza­lyp gid­ýän plast­mas­sa­dan ýa­sa­lan ro­bot ba­ly­gy dö­ret­di. «So­Fi» at­ly ro­bot-ba­lyk Fi­ji ada­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky mer­jen ga­ýa­lyk­la­ryn­da ge­çi­ri­len sy­nag­da 40 mi­nut­lap 15 metr­den gow­rak çuň­luk­da aý­la­nyp, ýer­leş­di­ri­len ka­me­ra­sy bi­len ýo­ka­ry hil­li su­rat­la­ry we wi­deo­la­ry ýaz­ga ge­çir­di. Guý­ruk­ly ro­bot öňe ýü­züp, şeý­le hem aň­sat­lyk bi­len su­wa çü­müp we ýo­ka­ry çy­kyp bil­ýär. To­par suw ge­çir­me­ýän uzak­dan do­lan­dy­ryş­ly en­ja­my ula­nyp, onuň tiz­li­gi­ni we he­re­ke­ti­ni do­lan­dyr­ma­gy ba­şar­ýar. Dün­ýä­niň il­kin­ji ro­bot-ba­ly­gy mo­tor, ka­me­ra we li­tiý po­li­mer ba­ta­re­ýa­sy ýa­ly bö­lek­le

Uzakdan dolandyryjy enjamyň ösüşi

Häzirki wagt­da dündelik durmuşy te­le­wi­zor­syz göz öňü­ne ge­tir­mek kyn. Bel­ki-de, iň köp ula­nyl­ýan öý ho­ja­lyk en­ja­my te­le­wi­zor bol­sa ge­rek. Dür­li te­ma­lar­da mag­lu­mat ber­ýän te­le­ýaý­lym­la­ryň köp bol­ma­gy to­ma­şa­çy­la­ra ýy­gy-ýy­gy­dan baş­ga te­le­ýaý­ly­ma ge­çir­megine mümkinçilik dö­red­ýär. Mun­dan bir­nä­çe ýyl ozal adat­ça, öý­dä­ki iň ki­çi ça­ga buý­rul­ýan beý­le­ki te­le­ýaý­ly­ma ge­çir­mek işi­ni, in­di uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan ýö­ne­keý­je en­jam ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Köp adam bu en­ja­myň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy­nyň dö­red­ýän ra­hat­ly­gy­ny na­zar­da tu­tup, onuň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy­nyň te­le­wi­zo­ryň oý­la­nyp ta­py­ly­şy ýa­ly äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aýd­ýar. As­lyn­da, uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan il­kin­ji te­le­wi­zor­la­ryň ta­ry­hy ga­ty bir uzak hem däl. Mu­ňa ga­ra­maz­dan bu en­jam­lar, tak­my­nan, 60 ýy­lyň do­wa­myn­da en­çe­me öz­ge­riş­le­ri baş­dan ge­çir­di. Şeý­le-de bol­sa, haý­sy­dyr bir elekt­ron en­ja­my uzak­dan do­lan­dyr­ma­ga de­giş­li açyş­lar has ir edil­di. En­ja­my ka­bel­siz uzak­dan iş­let­me­giň il­kin­ji my­sa­ly­ny 1894

5G ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny ar­tar

Eme­li aň hem-de ro­bot en­jam­la­ry 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len has-da güýç­le­ner. Hä­zir­ki wagt­da inf­rast­ruk­tu­ra iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýan 5G ul­ga­my di­ňe kä­bir se­bit­ler­de iş­jeň ula­nyl­ýar. Ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýän bu teh­no­lo­gi­ýa gel­jek ýyl­lar­da öz or­nu­ny 6G ul­ga­my­na be­rer. Hä­zir­ki wagt­da 5G teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ösü­şi we onuň ber­jek ar­tyk­maç­lyk­la­ry teh­no­lo­gi­ýa dün­ýä­si­niň gün ter­ti­bin­de dur­ýar. In­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň 5-nji nes­li mag­lu­mat­la­ry örän gys­ga wagt­da ýük­läp al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 4-nji ne­sil teh­no­lo­gi­ýa­syn­da ýük­läp al­mak tiz­li­gi ýo­kary hem bol­sa, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­da bu has-da artar. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar luk­man­çy­lyk pu­da­gy­nyň ös­me­gi­ne go­şant go­şar. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, 2024-nji ýy­la çen­li dün­ýä­de, tak­my­nan 1,9 mil­liard 5G ula­ny­jy bo­lar.

Ösüşleriň nusgalyk ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda dowamat dowam bolýan asudalyk, abadanlyk, bagtyýarlyk durmuş hakykatynda şöhlelenýär. Garaşsyz Türkmenistanyň şanly 30 ýyly içinde ösüş ýolundaky ýetilen sepgitlere göz aýlap, ähli ugurlarda uly ýeňişleriň gazanylandygyna buýsanýarsyň. Halkymyz öz milli mirasyna, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine sarpa goýmak bilen, eziz Watanymyzy agzybirlikde çekilen zähmet bilen özgertmegi, gül-gülzarlyga beslemegi başarýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy has-da kuwwatlandyrmaga, mundan beýläk hem il-günümiziň bagtyýar durmuşyny kepillendirmek, raýat jemgyýetini kämilleşdirmek boýunça anyk maksatlary kesgitlemegi jemgyýete hereketiň, öňe gidişligiň, döredijilikli zähmetiň täze joşgunyny getirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy mähriban Watanymyzda raýatlaryň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň anyk netijeleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça görülýän çäreler, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasynda döredilen häzirki zaman kanunçylyk binýady, syýasy we makroykdysady

«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy iOS 15 tä­ze­len­me­si­ni çy­kar­dy

Geçen hepde «Apple» kompaniýasy her ýylky uly iOS 15 täzelenme programma üpjünçiligini işe goýberdi. Oňa windows, android ulanyjylaryna FaceTime arkaly jaň etmek mümkinçiligi, suratlardaky zatlary has gowy kesgitläp bilýän «emeli akyl» hem-de «fox» tehnologiýalary ýaly, birnäçe täze aýratynlyklar girizilipdir. Täzelenmäni amala aşyrmak üçin, ulanyjylar iPhone, iPad we Apple Watch enjamlarynyň gurnamak bölümine girip, degişli bölümçäni saýlamaly. Maglumat üçin, häzirki wagta çenli hereket edýän iOS 14 täzelenmesi 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda işe goýberilipdi.

«SpaceX» il­kin­ji ge­zek sy­ýa­hat­çy­la­ry Äle­me çy­kar­dy

Amerikaly işewür Ilon Maskyň «SpaceX» kompaniýasy taryhda ilkinji gezek diňe syýahatçylardan ybarat ekipažy «Crew Dragon» Älem gämisi arkaly Äleme çykardy. «Falcon 9» raketa-göterijisi Älem gämisi bilen Kanaweral burnunda ýerleşen kosmodromdan uçuryldy we 575 kilometr beýiklige çykaryldy. Gäminiň ekipažy dört adamdan — ýolbaşçysy we hemaýatkäri, milliarder Jared Isaakmandan, barlag geçiriji Sian Proktordan, lukman Heýli Arsenoksdan, şeýle-de uçarman Kristofer Sembroskiden ybarat. Uçuş wagtynda uçarmanlar agyrlyk güýjüniň ýok ýerlerinde ylmy-barlag işlerini geçirdiler.

«Hon­da Mo­tor» 2030-njy ýy­la çen­li 500 müň elekt­ro­kar sat­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär

«Honda Motor» korporasiýasy 2024-nji ýylda bazara çykarylmaly «Prologue» elektrokarynyň 70 müňüsini satmagy meýilleşdirýär. «Honda Motor» korporasiýasynyň degişli hünärmenleri mundan öňki çykyşlarynda «General Motors» kompaniýasynyň zawodlarynda ýygnalýan elektromobilleriniň her ýylda 40 — 150 müň aralygynda satmagy meýilleşdirýändigini aýdypdy. «Honda Motor» korporasiýasy 2030-njy ýyla çenli ABŞ-da elektrokarlarynyň satuwyny 500 müňe ýetirmekçi bolýar. Bu görkezijä 2024-nji ýylda bazara çykarylmaly «General Motors» kompaniýasynyň zawodlarynda öndüriljek ýokary mümkinçilikli «Acura SUV» modeli hem degişlidir.

«Alp­ha­bet» Man­het­ten şä­he­rin­de ofis sa­tyn al­ýar

«Alphabet» kompaniýasy Nýu-Ýork ştatynyň Manhetten şäherinden bahasy ABŞ-nyň 2,1 milliard dollaryna barabar ofis binasyny satyn almak üçin meýilnama düzendikleri barada mälim etdi. «Alphabet» kompaniýasy Manhetten şäherinde ýerleşýän «St.Jon Terminal» ofis binasynda abatlaýyş işlerini geçirip, 2023-nji ýylyň ortalaryna täzeden açmagy meýilleşdirýär. «Google» korporasiýasynyň hem-de «Alphabet» kompaniýasynyň maliýe direktory Rut Poratyň sözlerine görä, kompaniýa binanyň satyn almak hakyndaky şertnamasyny 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde tamamlar.

«Micro­soft» go­şa ek­ran­ly ep­len­ýän smart­fo­ny gör­kez­di

Programma üpjünçiligini öndürýän «Microsoft» kompaniýasy goşa ekranly «Surface Duo 2» smartfonyny görkezilişe çykardy. «90 Gs» ýygylykly iki displeýiň diagonaly 8,3 dýuýma barabardyr. Täze smartfon 5G goldawly «Snapdragon 888» prosessory, eplenen görnüşde duýduryş paneli, üç kamera we ekranlaryň arasyndaky boşlugy azaldýan täze birleşdiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. «Microsoft» kompaniýasynyň täze önümi 5-nji oktýabrda satlyga çykarylar hem-de başlangyç bahasy ABŞ-nyň 1499 dollaryna barabar bolar. 

Sanly ykdysadyýet oba hojalyk pudagynda

Hormatly Prezidentimiz: «Oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmek möhüm bolup durýar. Bu maksatlar üçin obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini herekete getirmekde täze, netijeli usullary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak zerurdyr» diýip belleýär. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndürýän kämil oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Sanly telematik ulgam boýunça işleýän oba hojalyk tehnikalaryna uly ähmiýet berilýär. Golaýda hem dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň kämil tehnikalary, tirkeg gurallary ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna, bu ugurdaky önümçilikler bilen meşgullanýan telekeçilere gelip gowuşdy. Bu pudaga kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ekiş döwründe «akylly» (smart) traktorlaryň GPS ulgamynyň üsti bilen bu işleri gije-gündiz diýmän ýerine ýetirmek mümkinçiligini döredýär. Ekiş döwründen soň, suw tutmak döwri başlanýar. Topragyň aşagynda ýerleşdirilýän «akylly» sensorlar gerek bolan suwy kesgitleýär we bu işi awtomatik görnüşde ý

Ýurdumyzyň rowaç gadamlary

Dünýäde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegi we Internet torunyň mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy netijesinde durmuşyň ähli gurşawlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek möhüm wezipä öwrüldi. Sanly ykdysadyýetiň häzirki zaman dünýäsinde durnukly ösüşiň baş şertine öwrülendigini soňky ýyllarda Ýer ýüzünde saglyk bilen baglanyşykly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar hem doly tassyklady. Pandemiýanyň dünýä derejesinde halk hojalyk gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir etmegi bilen, innowasiýalara esaslanýan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy ykdysady ösüşi gazanmagyň hereketlendiriji güýjüne öwürdi. Dünýäniň ösüşleri bilen deň gadam urýan Garaşsyz Türkmenistanda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça işler giň gerim bilen ýaýbaňlandyryldy. Sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak we onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin, ilkinji nobatda, olardan baş çykarýan hünärmenler zerur. Hut şonuň üçin-de, Türkmenistanda sanlylaşdyrma ilki bilen bilim ulgamynda başlandy. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Netijede, orta we ýok