"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

«App­le» sü­rü­jisiz aw­tou­lag ön­dü­rer

Ame­ri­ka­nyň «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy «Tes­la»-nyň sü­rü­ji­siz aw­tou­lag dö­ret­mek bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň öň­ki ýol­baş­çy­sy Kris­to­fer Mu­ry işe ka­bul et­di. Mur 2019-njy ýy­la çen­li «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­syn­da iş­län Stýuart Bauer­siň ýol­baş­çy­ly­gyn­da eme­li akyl teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ulan­mak ar­ka­ly aw­tou­la­gyň öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň üs­tün­de iş­lär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, kom­pa­ni­ýa 2024-nji ýyl­da öz sü­rü­ji­siz aw­tou­la­gy­ny ön­dü­rip baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Mag­lu­mat üçin, 1976-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy «iP­ho­ne» smart­fon­la­ry­, «iPad» plan­şet­le­ri­, «iMac» komp­ýu­ter­le­ri­, «MacBo­ok» nout­buk­la­ry, «iPod» aý­dym-saz ple­ýer­le­ri we beý­le­ki ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­la­ry ön­dür­ýär.

Döwrebap aragatnaşyk ulgamlary halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun tutýar

10-11-nji noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar. Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şu ýylda guralan ýöriteleşdirilen forum ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy Durnukly ösüş maksatlary jähetinden, döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ala alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler. Ýurdumyzyň öňden gelýän, hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň dürli görnüşleri, maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «NOKIA», «HUAWEI», «Thales», «Afg

Aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

10-11-nji noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan forum ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy Durnukly ösüş maksatlary jähetinden, döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler.

Abuna — 2022

2022-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin «Watan» gazetine elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny size habar berýäris. «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda, şeýle hem onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukjany saýlap, gazetimiziň elektron neşirine abuna ýazylyp bilersiňiz. Abuna ýazylmak bilen baglanyşykly sowallar ýüze çykan ýagdaýynda, redaksiýamyzyň 38-61-07 we 38-61-16 belgili telefonlaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Türkmenistanda döwrebap aragatnaşyk ulgamlary çalt depginlerde ornaşdyrylýar

Aşgabatda pudaklaýyn halkara onlaýn maslahat geçirilýär 10.11.2021. Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Intellektual eýeçilikde innowasion ösüş

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň milli ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Berkarar döwletimizde intellektual eýeçilik babatda ýöredilýän döwlet syýasaty innowasion ykdysadyýeti emele getirmegiň we ösdürmegiň wajyp binýady bolup hyzmat edýär. Innowasiýa işiniň has netijeli alnyp barylmagy, öz gezeginde, intellektual eýeçilige esaslanýar. Dünýäde bolup geçen we dowam edýän senagat özgerişleri intellektual eýeçiligiň döremegine getirýär hem-de onuň ösmegine güýçli täsir edýär.

Döwrebap ösüşleriň binýady

Akyl-paýhas, ylym-bilim — her bir ýurduň öňegidişliginiň we kuwwatynyň iň esasy çeşmesi. XXI asyr, sözüň hakyky manysynda, ylym asyry hökmünde badalga aldy. Ylym-bilim ulgamy jemgyýetçilik ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu gün ylym--bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk etdirilýär. Öň agyr hasaplanylýan hünärler bu gün düýpgöter ýeňilleşýär. Ykdysadyýet, tehnika, dolandyryş, umumy durmuş bilimi, ylmy gitdigiçe köp talap edýär. Öňki oba hojalyk ýurtlary senagatlaşýan döwletlere öwrülýärler, senagat taýdan ösen döwletler bolsa sanly ykdysadyýete geçýärler. Sanly ykdysadyýet — bu senagat önümçiligini we hojalygyň beýleki pudaklaryny programma üpjünçiligi arkaly dolandyrmakdyr. Bu önümçilikde we täjirçilikde, ylymda we gündelik durmuşda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmakdyr. Sanly tehnologiýalar ölçemegiň çakdanaşa takyk usullaryny ulanmak arkaly senagat önümçiligini çaltlandyrýarlar. Iňňän gysga möhletlerde ýokary hilli önümleri has köp öndürip, senagatçylar bu önümleri bütin dünýä ýaýratmaga mümkinçilik alýarlar, netijede, olaryň bäsdeşlige ukyplylygy artýar.

Elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibi: kompýuteriň üsti bilen ýazylmak has-da ýeňil

Döwrümiziň ösüşleri, özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli günleri hakyndaky habarlardyr makalalary, goşgudyr söhbetdeşlikleri indi biz örän ýeňilleşdirilen, dessine tanşyp bolýan internet sahypalarynyň üsti bilen okap bilýäris. Şunlukda sanly gurşawa eýe bolan, ýolda-yzda, myhmançylykda ýa-da işde — islendik wagt açyp, okap bolýan «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy hemişe siziň bilen. Elektron gazetlerini özünde jemleýän internet sahypasyna internet tory arkaly kompýutere ýa-da Türkmenmetbugat mobil goşundysyny el öýjükli smart telefonyna ýükläp, girip bolýar. Ýöne okamak üçin, ilkinji nobatda, elektron abunaçy bolmak zerurdyr. Hormatly okyjylar, biz bu gezekki sanymyzda kompýuteriň üsti bilen elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibini size ýetirmegi makul bildik. Ýazylyşyga başlamazdan ozal, «TMCell» el öýjükli telefonyňyzdaky hasabyňyz 60 manatdan gowrak bolmaly.Öň siz Türkmenmetbugat internet sahypasyna abunaçy bolup, indi 2022-nji ýylyň birinji ýarymy — ilkinji 6 aýyna elektron abuna ýazylmakçy bolsaňyz, onda şu aşakdaky yzygiderliligi amala aşyrmaly.

Elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibi: kompýuteriň üsti bilen ýazylmak has-da ýeňil

Döwrümiziň ösüşleri, özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli günleri hakyndaky habarlardyr makalalary, goşgudyr söhbetdeşlikleri indi biz örän ýeňilleşdirilen, dessine tanşyp bolýan internet sahypalarynyň üsti bilen okap bilýäris. Şunlukda sanly gurşawa eýe bolan, ýolda-yzda, myhmançylykda ýa-da işde — islendik wagt açyp, okap bolýan «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy hemişe siziň bilen. Elektron gazetlerini özünde jemleýän internet sahypasyna internet tory arkaly kompýutere ýa-da Türkmenmetbugat mobil goşundysyny el öýjükli smart telefonyna ýükläp, girip bolýar. Ýöne okamak üçin, ilkinji nobatda, elektron abunaçy bolmak zerurdyr. Hormatly okyjylar, biz bu gezekki sanymyzda kompýuteriň üsti bilen elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibini size ýetirmegi makul bildik. Ýazylyşyga başlamazdan ozal, «TMCell» el öýjükli telefonyňyzdaky hasabyňyz 60 manatdan gowrak bolmaly.

«Goog­le» bir­ža­lar­da iş­le­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär

«Alp­ha­bet» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Goog­le» in­ter­net ul­ga­my fýu­çers­ler bir­ža­sy­nyň ope­ra­to­ry «CME Group Inc.» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy söw­da ul­gam­la­ry­ny in­ter­net ul­ga­my­na ge­çir­mek ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­dy we şol mak­sat­ly ABŞ-nyň 1 mil­liard dol­lar­na deň ma­ýa ­go­ýum harç­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Yla­la­şy­gyň şer­ti bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň «Goog­le Clo­ud» bö­lü­mi her gün ABŞ-nyň tril­lion­lar­ça dol­la­ry­na ba­ra­bar söw­da­lar ama­la aşy­ryl­ýan ba­zar­lar­da iş­lär. Kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, 10 ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk «CME Group Inc.» üçin tä­ze ula­ny­jy­la­ry has çalt çek­mä­ge, amal­la­ry ter­tip­leş­dir­mä­ge we «Goog­le» kompaniýasynyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ar­ka­ly tä­ze gu­ral­la­ry iş­läp düz­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

«NA­SA»-nyň ast­ro­nawt­la­ry älem­de ajy burç ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler

«NA­SA»-nyň ast­ro­nawt­la­ry ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek Hal­ka­ra älem stan­si­ýa­syn­da çi­li bur­çu­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler. Ast­ro­nawt­lar tä­ze ýe­ti­şen ha­sy­ly ýyg­na­dy­lar we soň gy­zyl we ýa­şyl çi­li burç­la­ry­ny da­dyp gör­dü­ler. Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň ýok ýe­rin­de ösüm­lik­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça sy­nag iş­le­ri­niň çä­gin­de ge­çen to­mus stan­si­ýa­da ajy bur­çuň to­hum­la­ry ekil­di. Alym­lar sy­nag iş­le­ri­ni älem­de haý­sy ekin­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip bol­jak­dy­gy­ny anyk­la­mak üçin ama­la aşyr­dy­lar.

Lon­don­ «Tes­la»-nyň elekt­ro­kar­la­ry­na geçip baş­la­dy

ABŞ-nyň «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň elekt­rik aw­tou­lag­la­ry ge­çen hep­de Lon­do­nyň kö­çe­le­rin­de «Uber» on­laýn tak­si kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bel­gi­sin­de ila­ta hyz­mat edip baş­la­dy. Lon­don­da ýa­ňy-ýa­kyn­da ka­bul edi­len trans­por­tyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gör­nü­şi­ni ulan­mak me­ýil­na­masy­nyň çä­gin­de «Uber»-iň 4 müň­den gow­rak tak­si sü­rü­ji­le­ri birnä­çe aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň elekt­ro­kar­la­ry­ny, şol san­da «Nis­san»-yň we «Kia»-nyň býu­jet mo­del­le­ri­ne geç­diler. Me­ýil­na­ma­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, «Uber» Lon­don­da ýan­gyç bi­len iş­le­ýän ada­ty tak­si­ler­de sy­ýa­hat ed­ýän ýo­lag­çy­lar­dan goş­ma­ça tö­leg alyp baş­la­dy.

«Twit­ter» gir­de­ji­si­ni art­dyr­dy

Ge­çen hep­de in­ter­net ul­ga­myn­da iş­le­ýän «Twit­ter» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­niň je­mi­ni jem­le­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry 14%, gir­de­ji­si bol­sa 37% artdy we ABŞ-nyň 1,28 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra la­ýyk­lyk­da, «Twit­ter»-iň iş­jeň ula­ny­jy­la­ry 13% ar­typ, 211 mil­lio­na ýet­di. Bel­le­me­li zat, «Twit­ter» in­ter­net ul­ga­my­nyň iş­jeň ula­ny­jy­la­ry ABŞ-nyň çä­gin­den da­şyn­da ýer­leş­ýär (174 mil­lion), ýö­ne gir­de­ji­niň 58%-ini hut ABŞ-nyň ula­ny­jy­la­ry eýeleýär. Şeý­le-de ge­çen çär­ýek­de kom­pa­ni­ýa­nyň hal­ka­ra gir­de­ji­si 29%-e ba­ra­bar bol­dy.

Äle­me sy­ýa­hat şar­lar­da ama­la aşy­ry­lar

Ýa­kyn wagt­da baý ja­han­keş­de­ler üçin stra­tos­fe­ra şar­la­ry äle­me sy­ýa­hat et­mek üçin tö­leg­li usul­la­ryň ýe­ne bi­ri bo­lar. Şol mak­sat­ly ABŞ-nyň «World View» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze tas­la­ma­ny iş­läp düz­di. Bu se­kiz ýo­lag­çy­ny gö­te­rip bil­jek fu­tu­ris­tik kap­su­la­dyr. Ony stra­tos­fe­ra (pe­sin­den 30 müň metr) uly şar çy­ka­rar. Bel­le­nen be­ýik­lik äle­miň res­mi ser­he­din­den has pes­de­dir (100 km be­lent­lik), ýö­ne bu sy­ýa­hat­çy­la­ra bi­ziň pla­ne­ta­my­zy we onuň ­beý­le­ki ta­ra­pyn­da­ky tüm-ga­raň­ky­ly­gy syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. As­ma­na sy­ýa­hat al­ty-se­kiz sa­gat do­wam eder. Kom­pa­ni­ýa il­kin­ji şar­la­ry 2024-nji ýyl­da uçur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Sy­ýa­hat­çy üçin sy­ýa­ha­tyň ba­ha­sy ABŞ-nyň 50 müň dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lar. Bu äle­me sy­ýa­ha­ty ama­la aşyr­ýan «Blue Ori­gin» we «Vir­gin Ga­lactic» kom­pa­ni­ýa­la­ryň ba­ha­la­ryn­dan ep-es­li ar­zan­dyr.

2022-nji ýyl­da «Ocean» elekt­rik kros­so­we­ri­ni ba­za­ra goý­be­rer

Ge­çen hep­dä­niň söw­da­la­ryn­da «Fis­ker» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 50%-den hem ýo­kar­la­nyp, kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar ma­ýa do­la­ny­şy­gynyň iki es­se ösmegine ýardam berdi. Bi­ler­men­ler «Fis­ker»-iň paý­na­ma­sy­na «aram sa­tyn al­mak» tek­lip­na­ma­ny ber­di­ler. Şeý­le-de bi­ler­men­ler kom­pa­ni­ýa­nyň öz elekt­ro­mo­bi­li bol­ma­sa-da, elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­de iş­le­ýän aw­tou­lag­lar ba­za­ryn­da gel­je­gi­niň bar­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. «Fis­ker» kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da bir zar­ýad­ka­da 400 ki­lo­metr geç­mä­ge ukyp­ly bolan «Ocean» elekt­rik kros­so­we­ri­ni iş­läp düz­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, kom­pa­ni­ýa il­kin­ji aw­tou­lag­la­ry­ny 2022-nji ýy­lyň ahy­ry­na ba­za­ra goý­ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

«Netf­lix» tä­ze oýun­la­ry hö­dür­le­ýär

Film­le­ri we oýun­la­ry ön­dür­ýän «Netf­lix» kom­pa­ni­ýa­sy ula­ny­jy­la­ra «Stran­ger Things: 1984», «Stran­ger Things 3: The Ga­me», «Shoo­ting Hoops; Card Blast» we «Tee­ter Up» ýa­ly mo­bil wi­deooýun­la­ry­ny sa­tyn al­mak müm­kin­çi­li­gi­ni dö­red­ýär. Oýun­lar hä­zir­lik­çe di­ňe «And­roid» smart­fon­lar üçin el­ýe­ter­liidir. In­ter­net oýun­la­ry «Netf­lix»-iň abu­na hyz­mat­la­ry­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýär, şeý­le-de on­dan ma­ha­ba­ty we goş­ma­ça sa­tyn al­ma­la­ry aýyr­dy­lar. Kom­pa­ni­ýa beý­le­ki ky­bap­daş hyz­mat­lar bi­len bäs­le­şip bil­jek şow­hun hyz­mat­la­ry­ny ber­ýän aý­ra­tyn in­ter­net bö­lüm­çe­si­ni dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ge­çen hep­dä­niň birža söw­da­la­ryn­da «Netf­lix»-iň paý­na­ma­la­ry 0,51% gymmatlady.

Tehnologiýalar dünýäsinde

Dünýä tejribesine ser salnanda, häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyny görmek bolýar. Geliň, olaryň käbiriniň aýratynlyklary bilen tanşalyň! 1. Litiý metal batareýalary

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Arkadag Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, umumy bilim berýän orta mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň ýylyň-ýylyna täze, döwrebap binalarynyň ençemesi gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň ählisi häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki serişdeleri, interaktiw, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda: «Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny, ýokary hilli elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrýarys. Sanly bilim ulgamyny ösdürýäris» diýip belledi. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi bilen ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmegiň esasy maksady, wezipeleri we ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, bilim ulgamynda maglumatlar goruny döretmek, sanly elektron göterijilerdäki saklanylýan maglumatlary daşky täsirden goramak meselesi hem ýüze çykdy. Maglumat iň möhüm gymmatlyklaryň biri bolup, onuň zerur ýagdaýda gizlin saklanylmagy we goralmagy derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Sanly ykdysadyýetiň özi ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçili

De­giş­li şa­ha­dat­na­ma­ny al­dy

Ýa­po­ni­ýa­nyň «SkyD­rive» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ön­dü­ren, dik­li­gi­ne uçup hem go­nup bil­ýän ula­gy la­ýyk­lyk ser­ti­fi­ka­ty­ny al­dy. Kom­pa­ni­ýa uç­ýan tak­si­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ýar we olar bi­len sy­nag uçuş­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de uç­ýan ulag­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi bar. Em­ma ola­ryň ýol he­re­ke­ti­ne go­şul­ma­gy­na hä­zir­lik­çe rug­sat be­ril­me­ýär. Mu­nuň üçin ka­da­laş­dy­ry­jy düz­gün­le­riň ka­nun­çy­ly­ga gi­ri­zil­me­gi­ne ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Mun­dan ozal «SkyD­rive» kom­pa­ni­ýa­sy 2025-nji ýyl­da Osa­ka­da ge­çi­ril­jek Bü­tin­dün­ýä EKS­PO ser­gi­sin­de uç­ýan ulag­la­ry­ny hyz­ma­ta hö­dür­le­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň iş­läp taý­ýar­lan «SkyD­rive SD-03» at­ly ula­gy­na ýur­duň gu­ry­ýer, inf­rast­ruk­tu­ra, gat­naw we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan ber­len res­mi­na­ma onuň di­zaý­ny­nyň, gur­lu­şy­nyň we kuw­wa­ty­nyň uç­ýan se­riş­de üçin ge­rek­li howp­suz­lyk we daş­ky gur­şaw ze­rur­lyk­la­ry­ny üp­jün ed­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Ýurt­da şeý­le res­mi­na­ma il­kin­ji ge

Zamanabap ösüşiň ýoly

Jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandygyça onda maglumat giňişliginiň ähmiýeti artýar. Sanly aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegi maglumatlaryň alyş-çalşygyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde şolar ýaly maglumat alyş-çalşygyna döwlet edara-kärhanalary, jemgyýetçilik guramalary, hususy telekeçiler hem-de ilat tarapyndan isleg barha ýokarlanýar. Maglumatlary işlemegiň we geçirmegiň sanly tehnologiýalara daýanýan häzirki zaman usullarynyň peýdalanylmagy milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakda, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem raýat jemgyýetini sazlaşykly ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmekde täsirli gural hökmünde barha uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmeginde, hususan-da, elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» orny uludyr. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, şol sanda elektron resminama dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek,